ADAM ATA WE HOW ENE HAKYNDA ROWAÝAT
"Ýüz ýigrimi garyn perzent göteren,
Adam bilen Howa serbe-ser geçdi."
Magtymguly.
Aslyýetinde şeýtan üç ýüz altmyş perişdäniň mugallymy, ylymly-sowatly ymam eken. Ol Gökde-Asmanda ýerleşen Metjidi-Aglada perişdeleri okadyp, olara ders berip ýörenmiş. Şeýtanyň hakyky ady Azazyl magsym bolupdyr.
Allatagala Adamdan öň perişdeleri ýaradypdyr. Günlerde bir gün Gudraty güýçli Adamy ýaratmagy niýetine düwüpdir. Ol perişdeleri öz nurundan ýaradanam bolsa, Azazyl magsymy otdan ýaradypdyr. Sebäbi onuň asly jyn taýpasyndan. Jynlar hem otdan ýaradylanmyş. Haktagala Adamy welin toprakdan ýaratmaly diýip, ýere perişdeleri ýeke-ýekeden iberip ugrapdyr. Jebraýylam, Mykaýylam, Esrafylam ýeriň öz teninden–topragyndan alynmagyna çydaman çekýän ahy-nalasy na, dady-perýadyna dözmän boş gelipdirler. Soňra Allatagala ýere Ezraýyly iberipdir. Ol topragyň haýyna-waýyna seretmän, her ýerinden-her ýerinden alyp, Hudaýyň huzuryna getiripdir. Şonda Haktagala oňa seniň ýüregiň berk eken diýen hem-de Adamzadyň janyny almaklygy hem ýüregi berk bolansoň Ezraýyla tabşyranmyş.
Şeýlelik bilen Hudaý Adamatany palçykdan özünim käbir sypatlaryndan ülüş berip ýaradyp, oňa jan girizipdir.
– Siz perişdeler Adamata sežde etmeli, sebäbi men onuň mertebesini belent. Etjek – diýip, buýrupdyr. Oýda şeýtan aýdypdyr:
– Ýa Alla, Sen meni otdan ýaratdyň, Adamy bolsa, toprakdan ýaratdyň. Men özümiň belent mertebämi kiçeldip, sežde edip biljek däl. Men näme üçin Adama sežde etmeli?
Muňa Allatagala birneme gazaplanypdyr. Sebäbi öň Onuň aýdanyndan hiç kim närazy bolmaýan eken. Şonuň üçinem ol gatyrganypdyr-da şeýle diýenmiş:
– Adamyň akyl-huşy siziňkiden zyýada. Onsoňam meň buýruk etdim. Ony siz ýerine ýetirmeli. Kimde-kim meniň aýdanymy etmejek bolsa, ýagny ýüregi bilen maňa ynanmasa, onuň üçin towkynälet döredip, Metjidi-Aglanyň işiginden asyp goýjak. Towkynälet ikilik edeniň boýnundan ilip ýüzügara eder ýaly.
Şeýtan durup bilmän ýene-de Hudaýa ýüz tutanmyş:
– Gudraty güýçli, Size şöhrat-şan bolsun. Siz bir zat diýseňiz, biziň üçin kanundyr. Ýöne towkynälet nämä gerek. Kim göwnüňize ýaramasa, maňa aýdaýyň, meniň özüm çäresini göreýin.
Onda Allatagala:
– Zyýany ýok, kimiň kimdigini soň bilibereris– diýipdir. Sebäbi Gudraty güýçlä elbetde, öňünden mälimdir-dä.
Toprakdan ýasalan Adamatanyň öňüne perişdeler ýygnanýarlar. Iň öňünde-de olaryň ymamy Azazyl magsym. Perişdeleriň ählisi «Allahu-ekber» diýip maňlaýyny goýýarlar. Olaryň içinde diňe Şeýtanýagny Azazyl magsym eňilen ýaly edip, maňlaýyny goýmanmyş. Gaýtam towkynälet kimiň boýnundan inerkä diýip içini güldürip durka, beýleki perişdeler kellelerini ýokaryk göterýärler. Görseler eýýäm öňdäki ymamyň boýnundan towkynälet inip, ýüzi gap-gara bolanmyş. (Ýüzügara boldum diýen söz şondan galanmyş) Hudaýa şükür–biziň boýnumyzdan ilmändir diýşip, perişdeler munuň şüküranasyna ikinji gezek sežde etmäge başlaberipdirler. Ýogsam bolmasa bir gezek sežde etselerem ýeterlik boljak eken. Şeýdibem namazda iki gezek sejdä inmek şondan galypdyr. Towkynälet boýnundan ilensoň şeýtan gyssanjyna buşugypdyr. Onuň buşugan ýerindenem tirek, meň, çilim ýaly haram zatlar ýasalýan göknar, temmäki, kendir gögerenmiş.
Ýüzügara, biabraý bolan şeýtany urmak, kowmak hakda görkezme bolansoň, ony kowalap uranmyşlar. Ol hem gaçyp ahyry özüni bir batgalyk köle oklanmyş. Şol kölde şeýtan 100 ýyl ýatanmyş. Kim bilýär, belki has köpdür.
Soňra şeýtan kölden çykyp ýene Allatagalanyň ýanyna baryp, ýalbaryp ugraýar:
– Günä kyldym, hata kyldym, ýalňyşdym, indi gaýtalamaryn. Günämi öt, öňki emelimem gaýtaryp ber diýip.
Allatagala oňa:
– Indi seniň günäň geçilmeýär. Sen dowzahy bolduň – diýenmiş.
Şeýtan aglap ýalbaryp ugrapdyr. «Men ýeke. Oduň içinde ýeke bolmak agyr düşýär – diýip. Şonda Hudaý oňa:
– Azdyryp alanyň özüňki, Azdyranyňy özüňe hemra edip alyber– diýip, rugsat berenmiş.
Şeýtan ýene ýalbaryp ugrapdyr: maňa aýal bermenem köpelip-käneleýin diýip.
Gudraty güýçli onuň bu haýyşyny-da bitirmändir. Ýöneşeýtan ýalbaryp, onuň eýlesine, beýlesine geçip halys goýmandyr. Şondan soň şeýtana seniň bir aýagyň erkek, bir aýagyň aýal bolsun diýip rugsat edipdir. Şonuň üçinem kimde-kim aýagyny çilşirip otursa, şonda şeýtan guzlarmyş.
Şeýtan, bir-ä, şol aýak çilşirip oturylanda köpelermiş. Birem, ol öz azdyranyny ýanyna alyberermiş.
Mundan başga-da Gudraty güýçli bilen şeýtanyň arasynda şeýleräk gürrüň bolanmyş:
– Ýa Alla, sen meniň haýyşlarymy doly bitirme diň. Indi bir zat haýyş etjek, şony welin bitirgil. Ýagny maňa adamzadyň ýüreginiň agzyndan ýer bergil.
– Munam edip biljek däl. Bu haýyşyňy bitiräýsem sen adamzat ählini azdyryp ýanyňa alarsyň. Ýöne seniň-munça ýalbaryşyňa men döz gelip bilemok. Seniň nalyşyňa-haýyşyňa çydamak mümkin däl. Men saňa adamzadyň çep goltugynyň aşagyndan et bilen deriniň arasyndan ýer bereýin. Şondan täsir edip azdyryp alanyň özüňki.
Şondan bäri şeýtan adamzadyň çep goltugynyň aşagynda et bilen deriniň arasynda oturmak bilen elmydama dürtüp duranmyş. Ýagny sen ol işi etme, bu işi et diýip ters işi salgy berip, ýalan sözlemegi ündäpharam işlere baş goşmagyny isläp, seni şona itekläp, maksadyna ýetjek bolup durarmyş. Eden işleriňe at dakarmyş: sen gynanyp, horlanyp ýörme, haram gazanç tapjak bol, şol bähbitli diýermiş. Umumanşeýtanyň işi azdyrmak. Allatagalanyň aýdyşy ýaly «azdyranam özüniňki». Dowzahda şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.
Şol günden bäri şeýtan adamzady synamak üçin serişde bolup galyberipdir.
Şeýlelik bilen Adamata Behiştde geziberipdir ýeke özi. Iýip-içip ybadat edip aýlanyp ýörenmiş.
Günlerde bir gün ol oýaly-ukuly halda ýatyrka onuň bir gapyrgasyny Hezreti Jebraýyl perişdäniň kömegi bilen alyp, Allatagala How enäni ýaradanmyş. Adamata hemra, höwür bolsun diýip. Bolmasa ýeke özüniň içiniň gysjakdygy Gudraty güýçlä mälim ahyryn. Ýekelik diňe Hudaýa ýagşy diýlen gürrüňem bardyr.
How ene-de şeýle bir owadan gyz bolanmyş. Ýöne seredip sygyryp oturmaly. Waspyny dil bilen aýdyp diýer ýaly dälmiş. Allatagalanyň ýanynda işiň müşgili barmy. Ýa-da onuň eden işinde hiç hili köst bolmajagy belli ahyryn.
Ine, onsoň Adamata bilen How ene Behiştde iýip içip, döwran sürüp, gülşüp-guçuşyp geziberipdirler. Gaýgy ýok–gam ýok, jebir ýok–sütem ýok, iş ýok–alada ýok, yssy ýok–sowuk ýok. Näme iýseň içseň bar. Ählije zatdan iýibermeli, içibermeli. Ýöne bir agajyň miwesinden datmaly däl. Şu agajyň miwesinden datsaňyz bolmaz diýlip, olara ardylan eken. Ol agajyň ady bugdaý bolupdyr. Elbetde, bugdaýyň dänesiniň ol wagtlar ep-esli (gawunçarak) bolan bolmagy mümkin.
Şeýtan özüniň Dowzaha düşmeginde Adamatany günäkär hasaplap, How ene ikisine bir ýamanlyk egmek üçin, Behişde aralaşmagyň ýollaryny gözläp başlapdyr. Köp gözlänem ahyr tapýar. Üstesine şeýtanyň hat-sowadam, tilsimem ýeterlik. Ýöne Behişdiň goralyşam gowşak dälmiş.
Her gezek şeýtan gelip, Behişde girip bilmän yzyna gaýdýar. Ol ahyr Behişdiň garawullaryna ýalbaryp ugrapdyr. Onuň ýalbaryşy janyňy alyp barýarmyş. Ýöne garawullar biziň goýberenimizi görerler diýip bahana edip goýbermän durmuşlar.
Ahyr bir gowşagrak garawul gabat gelendir-dä. Biri goýbererdim welin, biri göräýmese diýip, daş-töweregine garanjaklap ýöwselläp ugrapdyr. Şeýtan oňa süýn-de ýatyber. Men hiç kime görünmän agzyňdan girerin-de syrtyňdan çykar gidibererin diýip, ahyr soňunda ony yrypdyr.
Behişdiň iki garawulunyň bir-ä hiç zady görmedik bolup aşak garap duruberipdir. Şeýtanyň yran garawulam onuň aýdyşy ýaly süýnüp ýatyberipdir. Şeýtanda näme tilsim gytmy, ähli okuwyň, tilsimiň aňyrsyna çykyp goýan ol. Dessine süýnüp ýatan garawuluň agzyndan girip syrtyndan çykyp, Behişdiňiçine aralaşypdyr.
Şol barşyna Adamata duşup, bugdaý agajyndan iýdirjek bolup, bugdaý agajyny öwüp başlapdyr. Adamatanyň sözi kesgitli bolupdyr: maňa şundan iýmeli däl diýip aýtdylarmenem iýjek däl, sözüm bir sözdür, sen biderek azara galyp, meni yrjak bolup durma diýipdir. Soňra şeýtan ol bir ýana gidende, How enäni yryp ugrapdyr. Sen şu bugdaýyň miwesinden bir dadyp gör, bu örän şirin, süýji zat. Azajyk iýeninde näme boljak, al bir iýip gör diýip. Garaz, ýalbarmaga-yrmaga gezek gelse, şeýtana taý barmy. How ene-de iýjek däl diýip köp aýdypdyr. Ýöne aýal adam-da, göwni toka bolýar-da. Ahyr How enäni azajyk iýip görmäge yrmak şeýtana başardypdyr. Sebäbi şeýtan How enä:
Eger şu miweden iýseň, senem Hudaý ýaly bolarsyň, ýagşy-ýamany seljerersiň, Alla size ýörite ýagşy-ýamany bilmezligiňiz üçin iýmäň diýip aýtdy» diýipdir.
Behişdiň içinde ýöne islän zadyňy iýip-içip oýnaşyp-gülşüp, gujaklaşyp-guçuşyp ýörmelimiş. Başga ol ýerde edere iş barmy ýa-da kolhoz işiň galýarmy näme?Iýip-içen zatlaryň hem endamyňdan-iniňden der görnüşinde çykyp gidýärmiş. Garaz, Behişt diýseň Behişt-dä. Mundan artyk düşündirmegem mümkin däl. Iýip-içip, Metjidi-Aglada namaz okap, Allatagala hamd aýdyp gezip ýörmedi ýer-dä. Şeýtan bugdaýyň miwesinden bir dilim alyp How enä hödür edip, ahyr azajyk iýdiripdir. How ene özi azajyk iýip, galanynyAdamata goýupdyr. Adamata gelse, eýýäm How ene ýakky iýmeli däl diýlen miweden inipdir diýýär. Ol näme etjegini bilmändir. How ene-de: «Senem iýäý, juda süýji eken» diýip, ýalbaryp oturanmyş. Adamata-da ýaňky dilimiň galanyny iýenmiş.
Bugdaýyň bir gapdalynda şol alnan bir dilimiň yzy häzirem bildirip durandyr diýýär. Şeýlelikde adamzadyň esasy iýmiti bugdaý unundan edilýän nan, çörek hem-de beýleki zatlar bolup galypdyr diýýär. Munuň ornuny hiç hili önüm tutup bilmeýärmiş.
Adamata How enäniň raýyny ýykmajak bolup, bugdaý agajynyň miwesinden iýse-de iýipdir welin, bela-da galypdyr.
Aýalyň aýdanyndan çykyp bilmeseň bolaýjagyň-da şol. Aýalyň aýdanyny etmeli däl ýa-da tersine etmeli diýen gürrüň şondan galypdyr diýýärler.
Ine, birhaýukdan Adamata bilen How enäniň içleri güpürdäp başlapdyr. Hajathana gözleşip ugrapdyrlar. Hajathana barmy Behiştde saňa? Bugdaý agajynyň miwesinden iýeniňden soň hajathana bolmasa-da günüň kyn. Adamata bilen How ene Behişdiň içinde iki ýana elewreşip, ylgaşyp ugrapdyrlar. Ahyram bolmandyr. Olar hajathanalyk hapalaryny gizlejek bolup, gasyklaryna, goltuklarynyň aşaklaryna çalyberipdirler. Şol hapa çalnan ýerlerdenem haram tüýler çykyp ugrapdyr. Şolary syryp aýyrmaly diýen gürrüňem şondan galypdyr diýýär.
Şol ýerde bugdaýyň miwesinden iýenlerinden soý Adamata bilen How ene özleriniň ýalaňaçdyklaryna düşünipdirler. Eşik geýmeklik hem adamzada şondan galan bolmaly.
Gasygyňa, goltugyňa hapalary çalanyň bileneşik geýeniň bilen ysy näme etjek. Bularyňhapasynyň ysy Behişdiň içini alyp göterip barýarmyş. Öň dürli gülleriň, müşki-anbaryň ysy bark urup duran ýer bolansoň, birdenem nejasadyň ysy gelip ugrandyr-da, elbetde. Perişdeler ysdan ýaňa aljyraňňylyga düşüpdirler. Garaz dessine Adamata bilen How enäniň günäsi Gudraty güýçlä aýan bolupdyr. Allatagalanyň muňa ýaman gahary gelipdir diýýär. Sebäbi Behişdi ýaramaz ys alyp göterip barýarmyş.
Haktagala gyssagly Adamatanam, How enänem Ýere eltip taşlamagy perişdelere höküm edipdir. Etme diýlen işi etseň bolaýjagyň-da. Allatagala Ýerde ilaty köpeltjek bolup ýörite edipdir diýen gürrüňem bar. Elbetde, aýdylýan bolsa, düýbünde bir zatlar bar bolmagam mümkin. Onsoňam Adamata bilen How enäniň günäkär boljagy bardyr-da.
Şeýtany hem-de Behişdiň iki garawulynam Behiştden çykaryp kowupdyrlar. Şeýtana agzyndan girip, syrtyndan çykmaga rugsat beren perişdäni-hä elini- aýagyny ýolup alyp, ýylana öwrüp Ýere zyňypdyrlar. Özüni hemneberelerini hem hemişe ýerde süýrenip bagry bilen süýşüp gum iýip ýörmeli edipdirler. Ýylan şol günäkär perişdedir diýýär. Beýleki aşak bakyp, görmedik bolan garawulam tawus guşa öwrüpdirler. Sebäbi ol ikinji günäkärdir diýýär. Tawus guşuň aýagy garadyr diýýär. Onuň diňe aýagyny garaldypdyrlar. Başga ýerine degmändirler. Şonuň üçinem tawus guşy hemişe aýagyna garap saýrap, gamgyn bolup gynanyp gezip ýörenmiş. Iki gözem köplenç aýagynyň garasyndadyr diýýär.
Ine, Adamata bilen How enäni Ýere getirip taşlapdyrlar. Hersinem bir ýere diýýär. Bir birlerini gözläp horlansynlar, Allanyň etmeli däl diýen işini etseň nähili jebire duçar boljaklaryny bir bilsinler diýip. Rowaýatçylaryň aýdyşlaryna görä How ene Gyzyl deňziň kenaryna ýagny, Mekgeden uzak bolmadyk Jitda diýen ýere, Jitda dagam bolmagy mümkin, gelip düşenmiş. Häzirki wagtda Jitda porty Sagut Arabystanynda ýerleşýär.
Adamata bolsa Hindistan etraplaryna Şri-Lanka adasyna ýagny Seýlona gelip düşenmiş. Şol wagt Ýeriň ýüzem garaňkylyk-gijelik eken. Has dogrusy bular gelip düşen wagtlary Ýerde gijelikdir. Öň bular beýle garaňkylygy görmändirler. Tüm garaňkymyş. Behiştde näme gije bolmansoň, bular gije diýlen zat bardyram öýtmändirler. Iki ýanaylgaşlap bir-birlerini gözläp ugrapdyrlar. Ýer giňişlik, ara uzak, etjek alajyň ýok. Ikisem soňra oturyp öz düşen ýerlerinde aglaşyp-eňreşip, gynanyşyp, ýaman hapa bolupdyrlar. Adamzat hemme zada öwrenişýär. Ölümden başga zadyň bir hasaby bolar diýen gürrüň bar ahyryn.
Ine birhaýukdan gündogar ýagtylyp daň atyp ugrapdyr. Munuň şüküranasyna Adamata iki rekat namaz okapdyr, ertirki namazy iki rekat okamakparzy Adamatadan galandyr diýýär.
Bularbir-birlerini gözläp, Allatagala bizi duşur diýip ýalbaryp, Ýeriň ýüzünde geziberipdirler. Bir-birlerine golaýam gelýärmişler, ýöne bir-birinden bihabar bolansoňlar duşuşyp bilmeýärmişler. Wagtal-wagtal bularyň alnyndan şeýtan çykýarmyş. Adamatada Howene-de şeýtandan soraýarmyşlar, sen Adamatany görmediňmi, How enäňi görmediňmi diýip, her gezegem şeýtan ters ugry salgy berýärmiş. Ýagny Adamata duşanda-ha How enäni gördüm, ine ol pylan ýerde diýip, ters tarapyny salgy berýärmiş.
How enä duşanda-da Adamatany gördüm, ol pylan ýer de eken diýip, muňa-da ters tarapy salgy berýär diý ýär.
Bu görgüliler şeýtandan soraýarmyşlar. Meselem, Adamata soraýarmyş: How enäni gören bolsaň, ol meni soramadymy diýip. Şeýtan aýdýarmyş:ýok, ol sen-ä soramady diýip jogap berýärmiş. How enä-de şeýdip ters jogap berýärmiş. Adamata seni soramady, sen onuň ýadyna-oýuna-da düşeňok diýip ters jogap berip, bu ikisini bir-birinden sowatjak bolýarmyş. Ýogsam bolmasa, ol görgüliler aglap soraýarmyşlar.
Şeýtan şeýtan bolýar-da. Onuň tilsimi köp. Göz açyp ýumasy salymyň içinde Ýeriň daşyna aýlanyp bilýär. Nirä haçan baraýyn diýsebaryp bilýär. Göreýin diýen zadyny dessine. görüp bilýär. Ýöne onuň öz bähbidi bar: Adamatadan-a aryny alyp ýerine saljak, How enänem özüne yrjak. Şeýdibem şeýtan zürýatlaryny köpeltjek.
Ol her gezek How enä duşanda syrly-syrly ýylgyryp, gözüni güldürip, gaşyny kakyp bolmajysy bolýar diýýär. Känbir süňňüni saklap bilenok diýýär. How ene her gezek aglap Adamatany soranda, özi bilen bir gezek bile bolup aýdanyny berjaý etse, Adamatany tapyp bereýin diýip söz berýärmiş. Her gezegem How ene şeýtanyň aýdanyna razy bolman, aglap öz ýoluna gidýär diýýär.
Gün-aý geçip durmuş. Şeýtanam günde-günaşa bulara duşup azaşdyryp ýörmüş. Şol barmana aradan iki ýüz ýyl geçipdir. Adamata-da, How ene-de halys bolupdyrlar diýýär bir-birlerini gözläp. Bir-birlerine duşjaklaryna umytlary bolupdyr. Ýöne, How ene az- owlak ejizläp ugrapdyr diýýär. Aýal maşgala-da.
Günlerde bir gün How ene-şeýtana: sen Adamatany maňa bir uzakdan görkez, soň seniň diýeniňi edeýin diýenmiş. Şeýtanyň ýanynda-da Adamatany tapmak kyn iş däl. Ol derrew How enäni Adamatanyň How enäni gözläp aglap ýören ýeriniň golaýyna eltip, oňa Adamatany görkezenmiş. Görse Adamata dagyň üstünde How ene sen nirede diýip, ses edip gygyryp gidip barýar diýýär. Şol dagyň ady Arafat dagy bolmaly. Ol dag Arafat jülgesinde, ýagny Mekgäniň golaýynda ýerleşýär.
Şeýtanam: ine indi gördüňmi diýip, How enä ýapyşyberjek bolupdyr. Onda How ene aýdanmyş: sen biraz sabyr et, men bir aýak ýoluna baryp geleýin. Sen şu ýerde garaş-da duruber diýipdir. Şeýtanam garaşyp durmuş. Hiç How ene aýak ýolundan gelenok diýýär. Bu nä gelmedi diýip, şeýtan How enäniň giden tarapyna ugrapdyr. How ene-de bir daşa eşigini geýdirip, gaçyp giden ekeni diýýär. Şeýtanam şol gyzyp barşyna şol daşy gujaklap, nebsini goýberipdir. Soň aldananyny bilipdirem welin, giç-dä.
Şonuň üçinem aýal maşgala hakynda gürrüňedilende käbir ýaşulular bu aýal şeýtana sapak berendir diýip aýdýarlar. Şeýtana sapak beren diýen gürrüň şondan galypdyr diýýär. Şondan öňem, soňam şeýtanyň aldanan ýeri ýokmuş.
Şeýtanyň gujaklap öz işini bitiren daşyndan soňra eşek doglandyr diýen gürrüň bar. Şonuň üçinem eşek hakynda gürrüň edilende oňa:
– Eşek aýdar aslym daş
Hyzmat bilen bagrym baş – diýdirýändirler.
Başga bir rowaýatda How ene aýak ýoluna gidende eşigini bir daşdan edilen hum küýzä büräp gidipdirem diýilýär. Şeýtan gelip şu hum küýzä galtaşansoň eşek doglandyr. Eşegiň syrtynyň, ýokary ýanyna ursaň, «töňk-töňk» edip küýzä uran ýaly ses edýändir.
Munuň haýsy dogry, haýsy ýalňyş – Alla bilsin. Men günäsine galmaýyn.
Şeýtan birneme sowaşansoň seretse, bu iş bitireni How ene dälmiş. How ene eýýäm hol dagyň depesinde Adamatanyň ýanynda diýýär. Şeýdip şeýtan alaçsyz galyberipdir bularyň zürýatlary bilen haklaşaryn-da diýip.
Iki ýüz ýylyň aýralygyndan soň Adamata-da How enä duşan dessine şol dagyň üstünde hyjuwyny saklap bilmändir diýýär. Elbetde, munça aýralykdan soň Adamata bilen How enä-de düşünmek mümkin. Şol wagt dagyň üsti gar eken. Şonuň üçinem şondan bäri erkek adamlaryň-a dyzy, aýal maşgalalaryňam sagrysy – syrt tarapy sowukdyr diýýär. Dagyň üstündäki gara degip, köpräk agram düşen ýerleridir-de, elbetde.
Şondan bäri şeýtan adamzadyň ýanyndadyr, arasyndadyr diýýär. Öňem aýdylyşy ýaly, onuň esasy işi azdyrmak. Azgyn haramzada, arakhor, tireki, ganhor, süýthor, bidin we şulara meňzeşleriň sanyny köpeldip, öz ýaranlaryny artdyrmak. Adam zürýatlarynyň gözüni-başyny aýlap biri-biri bilen sögüşdirip, uruşdyryp, gyrlyşdyryp, çep edip, şer işe çagyryp, garaz başyny ýok-ýok gowgalara salyp ýörendir diýýär.
Her işe girişeniňde «bissimilla» diýip başlama saň, şeýtanam seniň bilen bile başlaberermiş. Şonuň üçin bir başlanan iş başa barmasa, «bissimillasyz» başlaýdyk öýdýän ýa bolmasa «bissimillasyz başlanan iş» diýen ýaly gürrüňlerem bar. Elbetde, il içinde aýdylýan bolsa, dogry bolmagy juda mümkin. Sebäbi bibaş, bisyrat, bitertip çagalara, bimessep kişilere «bissimillasyz» dünýä inen diýýändirler.
Bu dünýäde bihasap zat ýokdur. Her bir zadyň, her bir edilen işiň öz hasaby, jogap bermeli wagty pursaty bardyr. Hiç kim ondan gaçyp gutulyp bilmez. Bu meselede baý-garyp, şa-geda, akylly-akmak–hemme deňdir. «Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda».
Ýöne, şeýle bolsa-da, käbir biparh adamlar günüm – şu günüm diýip ýaşaýandyrlar. Köp haram işlere baş goşýandyrlar, mömün kişilere azar-ýamanyny berýändirler. Elbetde, şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.
Adamata bilen How ene-de Ýeriň ýüzüne gelip düşensoňlar sekiz ýüz ýyl gowrak ömür sürüpdirler diýýär. Bularyň zürýatlary ekiz-ekizden boluberenmiş. Özem ekizler bir ogul, bir gyz bolýarmyş. Onsoň ýetişenjelerini, bir garynda bile bolanlaryny däl-de – ekiziň beýleki jübütlerini almaşdyryp beriberipdirler, öýlendiriberipdirler. Dagy näme etjek, başga alaç bolmasa.
Günlerde bir gün bularyň Abyl diýip at beren ogullary: öz ekiz taýymy aljak diýip, Adamata bilen How enäniň aýdanyna razy bolman, yrsarap başlapdyr. Dogrudanam, onuň taýy juda owadan gyzmyş. Şonuň üçinem men ony hiç kime berjek däl, özüm aljak diýýärmiş. Garaz, oňuşmandyr-da. Onda-da Adamata bilen How ene onuň taýyny Kabyl diýen ogullaryna beripdirler. Abylam şu Kabylyň ahmal wagtyny peýläp, aryny ýerine salmagyň kül-külüne düşüpdir. Ahyr bir çolarak ýerde duşup Kabyly daş bilen urup başlapdyr. Birden bolmasy iş bolupdyr. Kabyla bir daş bijaýrak degip, ölüp ýatyberipdir.
Şonuň üçin bir taýak bagt, bir taýak bibagt diýen gürrüň galanmyş.
Ine, Abyl baryp Kabyly yralap görse, dem-üýn ýokmuş. Bu-da nätjegini bilmän, doganyny göterip aýlanyberipdir. Birinji gezek adam zürýadynyň ölüşi diýýär. Entek hiç kim ölini näme etmelidiginem bilenokmyş. Sebäbi öň hiç kim ölmedik bolsa nätjek. Ýeriň ýüzem häzirkisi ýaly däldir-de. Birneme tekizräkdir. Kabylyň jesedini nirede goýsa, güberip görnüp dur diýýär. Abyl eden işine puşman edip, doganynyň jesedini göterip, näme etjegini bilmän, aglap-eňräp aýlanyp ýörmüş. Soňky puşmandan ne peýda.
Abyl doganynyň jesedini ýanynda goýup bir agajyň kölegesinde dynç alyp otyr eken. Ýadandyr-da, elbetde. Öliniň agramam ýaman agyr bolýar ahyry. Şol wagt iki sany guş uçup gelipdir-de, agaja gonupdyr. Iki sem ur-tut bir-birini çokalap urşup başlapdyrlar. Şol barmana guşlaryň biri ýere pat edip gaçyp, ölüp ýatyberipdir diýýär. Beýleki diri galan guş ýeri penjesi bilen köweläp gazyp, ölen guşy şol gazan çukuryna gömüpdir-de, uçup gidiberipdir. Şondan soň Abylam hä beýle etmeli eken-ow diýip, ýeri gazyp doganyny jaýlapdyr.
Adamy gabyr gazyp, ýerde jaýlamak şondan galanmyş.
Elbetde, ol gelip agaja gonan guşlar guş däl-de perişdeler bolmagy mümkin. Haktagalanyň emri bilen olar adam zürýatlaryna adamy nähili jaýlamalydygyny görkezip, soň uçup gidendirler.
Adamata bilen How enäniň zürýatlary has köpelip gidipdir. Olaryň ekiz-ekizden çagalary juda köp bolupdyr. Umuman, How ene ýüz ýigrimi gezek çaga dogrupdyr. Özlerem Ýeriň ýüzünde sekiz ýüz ýyl gowrak ýaşansoňlar, günlerde bir Güň How ene Adamata:indi seniň hyzmatyňa ýarap biljek däl, diýenmiş.
Özem Allatagala ýalbarypdyr, nalyş edipdir diýýär: ine, men şunça gezek çagalamaly boldum, özüm garradym, indi bi Adamatanyň hyzmatyny etmegem maňa ýaman agyr düşýär diýip.
Hudaýyň ýanynda kyn iş barmy näme. Iberipdir Adamatanyň ýanyna bir hüýr gyzyhyzmatyny et diýip.
Bir gün How ene görse, Adamatanyň töwereginde bir hüýr gyz aýlanyp ýörmüş diýýär. How ene ondan soranmyş: sen näme işläp ýörsüň bärde diýip, Hüýr gyzam jogap berenmiş: Adamatanyň hyzmatyny etmäge iberildim. Şonuň hyzmatynda men. How ene-de garranmyş diýdiler diýip. Onda How ene bar-bar, git, şu ýerden garaňy saýla, göteril. Entek men Adamatanyň hyzmatyny özüm edip biljek diýip, ol hüýr gyzy kowupgoýberip, ýene-de Adamatanyň hyzmatyny bialaç özi etmäge başlapdyr diýýär. Nätjek-dä, ýakan däldir-dä, elbetde.
Adamata Käbäniň ilkinji ymaratyny özi gurupdyr. Häzirki Käbedäki gara daş hem Adamata Hudaý tarapyndan Jennetden ýörite iberilenmiş. Başda ol daş gara däl-de ak eken. Ýöne soňra Adam perzentleriniň günä işleri köp etmekleri netijesinde ol daş garalypdyr diýen gürrüňler bar. Adamata köp dilde gürläpdir. Jennetde welin, diňe arap dilinde geplänmiş. Ol aradan çykandan soň Mekgede jaýlanypdyr. Ol Ýerdäki ilkinji pygamber saýylýar. How ene hem aradan çykandan soň Adamatanyň ýanynda jaýlananmyş. Adamatanyň mazary dünýäniň merkezi hasaplanypdyr. Nuhuň tupanyndan soň Ýerdäki ilkinji pygamberiň mazary Ierusalime geçirilipdir.
Adamata bilen How enäniň zürýatlary şondan bäri köpelip-känelip, ýeriň ýüzüne ýaýrap gidipdir diýýär. Olar ekin ekmegem, tikin tikmegem, her hili zatlar ýasamagam kem-kemden öwrenipdirler. Şäherler turupdyrlar. Ýurtlar emele gelipdir. Ýöne olar henize şu güne çenli bir zady başarmaýarmyşlar: olam şeýtandan gutulmak. Şonuň üçinem her bir işde, her hili ýagdaýda, umuman, başyňa iş düşende-de edeniň ugruna bolup, alnyňdan adam çykmaga milt etmän ýören wagtynda-da sabyrly bolmalydyr, başarsaň bar zady gowulyga oňatlyga ýormalydyr. Şol sebäpli-de «sabyr rahmandan, äwmäk şeýtandan» diýlendir. Her hili ýagdaýda-da küpür bolmaly däl-de şükür etmeli. Her bir zadyň şüküranasyny bilmelidir. Şonda Alla saňa ýar bolarmyş.
_________________________________________
Rowaýatlary toplaýjy olary çugdamlanda «Töwratdan», «Yslam ensiklopedik sözlüginden», «Kuranyň rowaýatlary», «Pygamberler, dört çaryýarlar, perişdeler» atly kitaplardan, täjigistanly ýaşuly bagşy Ýazmyrat Jumatowyň hem-de beýleki ýaşulularyň beren gürrüňlerinden peýdalandy.
Rowaýatlary il içinden ýazyp alyp çugdamlan: Sapargeldi HANOW.
Çeşme: kitapcy.com
Bellik: Köp ýeri meň diňlän wagzym bilen deň gelenok, Abyl Kabyly öz ekiz taýyny almanka öldürýä ýagny Abyl bilen ekiz taýy bile bolupdyrlar, muň üsdünede Kabyl barypdyr, munam Adam ata aýtjak diýse Abyl Kabylyň üsdüne topulupdyr şeýdip şol ýerde Kabyl ölüpdir. Aslynda Abyl öz ekiz taýyny Kabyla bermäge razy eken welin ara Şeýtan girip bularyň nebislerini oýandyrypdyr, birinji bilenem Abylyň ekiz taýy öz taýyna meýil bildiripdir. Kabyl ölenden soň erbet ýer titiräpdir, Adam ata yzyndan erbet zat bolanyny aňypdyr, soňra Kabyl ölenden soň Adam ata ölen gününe 3-gün, 7-gün, 1 aý, 40-gün diýilende mal öldürip sadaka edipdir, adam ölenden soň 3-i, 7-si, aýy, 40-y edilmegem şondan galypdyr. Abyl Kabyly 40 günläp arkasynda göterip gezipdir.
Adam ata bilen How ene hakynda rowaýat
-
Arzuwum
3 years ago
- loveee_@, okap bolduňmy eýýäm?!
-
loveee_@
3 years ago
- ýok häzir men muny zametkama belläp goýjak soň okaýarn
-
Korolewa
3 years ago
- Yetirenin ucin minnetdar
-
Khanture
3 years ago
- sag bol....
-
Tiko
3 years ago
- Minnetdar
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++gou goryanda shun yali temany saol kop yetirenine )
-
BeZZaT.
3 years ago
- Mnm gowy goryan+++++++++
-
LadaKalina.
3 years ago
- Hmmmm, sagbol+
loveee_@ 3 years ago- KÖP KÖP sagboluň paýlashanyňyz üçin, öňem shu temany tapman ýördüm minnetdar!!!!