Test☺

https://funtriviaquiz.com/tr/d20/quiz/83515252
Barlap göriñ ☺

Dowamy »

766 5
Sorag-jogap, 2 years ago


"Bir gün"

Aý astynda duşuşmamyz ýok biziň,
Ýok sowgatlar,
şirin-şirin wadalar.
Böwrümi diñledip ýanyp ýörün men,
Gysga hem çuň garaýyşlaň oduna.
Gözleriñden jogabymy gözleýän,
Duçar bolup "Söýgi" atly kesele.

Ýok, gelenok.
Gelýär diñe her gün agşam ýatmankam,
"Gijän rahat bolsun" diýen SM...

Dowamy »

691 0
Edebiýat, 2 years ago


"Sen hakda soňky gezek..."

Sensiñ meni şahyr eden bu anyk,
Bu ukyby guýduñ ýeňil kelläme.
Kän ýazypdym seniñ yşkyñda ýanyp,
Ýangynsyz ýazmadym,
Peýdasy näme?!

Ýazjakdym sen hakda poema, roman,
Ýazdym.
Tragedýa öwrüldi bary.
"Seni söýýän" diýip eserde ýazman,
"Söýüpdim" diýlenniň peýdasy barmy?!

Dowamy »

686 0
Edebiýat, 2 years ago


"Sensiz"

Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Köçämizden aglap geçse şemalam.
Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Känbir gussa çekmeýärin şumalam.

Sensiz ähli zada öwrenişýärin,
Öňküsi deý Aýly, ýyldyzly asman.
Ýyllar şemal bolup geçende aglap,
Köne ýaralaryň bitmegi ahmal.

Ýogsam bir zadymy ýitir...

Dowamy »

752 0
Edebiýat, 2 years ago


"Uzaga hat"

Ýyllarmy, ýollarmy, aýralyklarmy,
Aýra edip taşlan, agladyp taşlan,
Ýa-da ýeňilmedik ýeňişlermika,
Ýaňy duşamyzda ýadyrgap başlan.

Bary ykbal bolup siňýär täleýe,
Takdyrlar sürüsin galňadyp gelýäs.
Ýene keç ykbala ýadyrgap aglan,
Bendäni özümiz diňdirjek bolýas.

Tenhalyk kalbyň...

Dowamy »

674 0
Edebiýat, 2 years ago


"Sen hemişe gara meniň ýoluma!"

Men kän ýerde ýüregiňi duýaryn,
Men bar zatda düşünerin halyňa.
Ömrümi yşkyna girew goýanym,
Duýgularym alyp barar ýanyňa,
Sen hemişe gara meniň ýoluma!

Asman tüme dönse, ýyldyzlar öçüp,
Baglara gyş gonsa, guşlary uçup,
Ynan, geler diýip, bar zatdan geçip,
Şol ynamyň alyp barar ýanyňa,...

Dowamy »

710 0
Edebiýat, 2 years ago


"Meni saýlagyn"

Gelsene ümsümje edeli söhbet,
Ýyldyzlardan doly Aýly gijede.
Sensiň diýip maňlaýyma sylardym,
Ellerimiň sag aýasy gijände.

Gelsene çöşläli hyýal ýumagyn,
Saňa atygsap dur köňlümiň köşgi.
Unudyp ham-hyýallary diňle sen,
Gözlerimi süzüp okamda goşgy.

Gelsene gijäniň tümlügin böws...

Dowamy »

673 3
Edebiýat, 2 years ago


"Ölsem"

"Ölsem jynazamy bilbil okasyn"
(Özbek şahyry)

Ölsem jynazamy bilbil okasyn,
Aýtmadyk sözlerim aýtsyn sizlere.
Ölsem, güller gözyaş döksün yzymdan,
Siz aglamañ, syr bildirmäñ illere.

Ölsem mazaryma agyr daş goýmañ,
Hem oýup ýazmañ siz oña adymy,
Ýüregimiñ oýuklaram ýeterlik,

Dowamy »

828 3
Edebiýat, 3 years ago


"Gije"

Geçdigiçe aramyzda menziller,
Seni söýen günlem düýş bolup barýar.
çylşyrymly, añsatlaşan derdimden,
Gam-gussalar maña noş bolup barýar.

Aýly agşamlaryñ astynda gizläp,
On gezek gülerdim, bäş gezek sözläp,
Eliñdäki altyn sagada gözläp,
Bagtly ýylgyrardyñ:Giç bolup barýar

Duşuşy...

Dowamy »

690 2
Edebiýat, 3 years ago


Uzak ýaşa PerhatSabirovv 🎂

Salam talyplar.com saytynynyñ agzalary bu gün saytymyzyñ aktiw hemde sylanýan agzasy Perhadyñ doglan güni. Özi gullukda bolsada ýatlaman geçmegi bir hili gördim, Perhat uzak ýaşaň watan borjuňy sagaman dynyp öýüňe gaydyp gelmek nesip etsin. Bagtdan tagtyň bolsun, uly daglar yaly abraýyň, depesindäki ýaly ak garlar ýaly dost-ýarlaryňam ýüregi şolar...

Dowamy »

719 10
Täzelikler, 3 years ago


Yyldyz.

"Ýolumy ýitirsem ýolumy görkezjek ýekeje ynsan bar, ýerdäki melegim, asmandaky Ýyldyzym" diýýädim

Dowamy »

736 1
Sorag-jogap, 3 years ago


Pegas

Sapa Hommat gmailiñize seredip jogap yazayyñda!

Dowamy »

661 0
Sorag-jogap, 3 years ago


Düzme

Sapa mugallym maña siziň kömegiñiz gerekdi
1. Hydyr Deryayewiň "Ykbal" romanynda ayal-gyzlaryň keşbi.
2. Berdi Kerbabayewiň "Aygytly ädim" romanynyň temasy we ideyasy.
3. Beki Seytäkowyň "Doganlar" romanynda dost-doganlyk.
4. Miras milletiň genji-känidir.

Şu temalañ haysam bolsa birine meyilnama gerekdi....

Dowamy »

936 4
Sorag-jogap, 3 years ago


BeZZaT. Uzak ýaşa doglan güniň bilen 🎂

Salam Talyplar.com'yň agzalary inede bu gün saýtdaky agzamyz BeZZadyň doglan güni. Öňem bir näçe mowzuklaryň açylanyna garamazdan menem aýratyn mowzuk edip açaýyn diýdim, sebäp geçen günleriň birinde men doglan günüňi unutmaryn menem ýatlaryn diyipdim sözimem tutdym. Dogrymy aytsam Begenç saytda menden başagsy seň doglan günüňi yatlaram öytmedim 🙂....

Dowamy »

698 11
Täzelikler, 3 years ago


"Gynandym ýoklugyna senli ertämiň..."

Gitdigice ýitip barýañ gözümden,
Ýat boldy soraşmak aman-eseni.
Ýene menden habarñy al ahyr,
Täzelikler bilen güýmäýin seni.

Diñlejekmi aýdaýynmy täzelik?!
O gün ýanymyzda hut saña meñzeş,
bir mährem ýigide sataşan pilläm,
senin eziz adyñ bilen ýüzlenip,
Onuñ sen dälligñe ynanyp bilmän...

Dowamy »

843 5
Edebiýat, 3 years ago


"Men saňa şeýlebir köp garaşdym"

Geldiň ikimizi duşurdy günler.
Şol öňki ýapraklar, şol öňki güller,
Bizi garşylady bagta ýar bolup,
Ikimizdenem has bagtyýar bolup.

A men saňa şeýlebir köp garaşdym,
Dogdy, söndi ýene dogdy ýyldyzlar.
Sen güneş deý maňa elýetmez daşdyň.
Gözýetimden keşbiň gözlände gözlem.

Dowamy »

792 4
Edebiýat, 3 years ago


"Seni men dek biri söýdümi näme?!"

,,Söýgümi näme?!".


Ine, bir gün ähli gaýgym gutarar,
Şonda diýrsiň, "Bulaň gaýgymy näme?!"
"Seni söýýän " diýsem,
"Söýgümiň ýanda"
- diýersiň "Seň söýgiň, söýgümi näme?!"

Ýa al meni ýa-da bir gün öldür sen,
Ýa aglatjak ýa-da çyndan güldir sen,
Duýgularma aşa erkim aldyr...

Dowamy »

724 1
Edebiýat, 3 years ago


"Ýitirdiñ"

Bagş etsemde saňa juwan döwrümi
Maňa tarap dönmedi ýol öwrümi
Özge ýara berip sen öz göwnüňi
Saňa bolan çyn söýgümi ýitirdiň.

Köňül içre muhabbetim puç boldy
Dönme yza dönaýseňem giç boldy
Eden sylag hormatlarym hiç boldy
Saňa bolan hormatymy ýitirdiň.

Men bolup galsamda sensiz...

Dowamy »

841 5
Edebiýat, 3 years ago


"Ölsem"

Ölsem, äkitjegim ýokdur dünýaden,
Bir suratyn atyň onuň ýanyma.
Ahyrky menzilme deň ädim äden.
Garylmak mümkin ruhum janyma


Ölsem, küküregime äpet daş goýuň.
Çişip ýatan dertlerimi peseltsin,
Mazarymy az hem çukurrak oýuň.
Kalbymyň aýylganç sesin eseltsin.


Ölsem...

Dowamy »

716 0
Edebiýat, 3 years ago


"Söýgi haty"

Öň kän synanyşdym aýtmaga saňa,
Söýgümi diňlänem ýazgy depderim.
Şu gün depderim däl, özüň okarsyň,
Sen hakda ýazylan söýgi hatlarym.

Hawa,söýdi ýürek,bu meň öz hatam,
Ýüregime emir edip bilmedim.
Ýogsam,ilki "Söýýän " diýmejek bolup
Bu duýgymy özümdenem gizledim.

Bilýän,seniň...

Dowamy »

758 0
Edebiýat, 3 years ago


"Şu döwürde puluň bolsa dert ýok..."

,,Şu döwürde puluñ bolsa dert ýok...",
Derdi kändir emir gelse Alladan,
Iñ bärkisi ynananlañ aldasa,
Haýry barmy, üýşip ýatan tyllañdan.

,,Şu döwürde puluñ bolsa şert köp",
Elbetde köp şerti ýalan dünýäniñ,
O dünýäni oýla köpräk sogap et,
Agaja ata müner Mersi münýänem.

,,Şu dö...

Dowamy »

803 1
Edebiýat, 3 years ago


"Menem seniň ýaly aldasym gelýär"

Ataş içre ýangynlarym sönşenok,
Näme üçindir durmuş bilen alşamok,
Wah erkege aglamagam gelşenok,
Emma gözim ýaşlap aglasym gelýär,


Göwünlik berýäñiz heriñ bir ýandan,
Derde em etýäñiz ondan hem mundan,
Ynanyñ ýalan däl möññürip çyndan,
Hemmeden gizlenip aglasym gelýär.

...

Dowamy »

751 0
Edebiýat, 3 years ago


"Senligiň bildim..."

Men hemişe şol bir zada ynanýan,
Sebäp kemligimde, kimligim bildim.
Gezdim hergiz yrga şaha söýenmän,
Hemmäñ özüm bilen deñligin bildim.

Dileg etsem Alladan diläp bagtym,
Boş zatlara sarp etmedim, boş wagtym,
Terk etseler menem diýdim ,,hoş wagtyñ...",
Pelegiñ oýnunyñ geñligin bildim.
...

Dowamy »

715 1
Edebiýat, 3 years ago


"Soňky jaň dabarasy"(degişme) Dostluk.ru

Bu waka bolanmy ýa bolmadyk,düýşdemi ýa huşda belli däl... Biziň synpyň okuwçylary we mugallymlary ýagny, Dostluk saýtynyñ agzalary soňky jaň dabarasyny hem-de Ak şäherimiz Aşgabadyň 140ýyllyk ýubileýini belleýärler. Hemişeki ýaly ir bilen mekdebimiziň müdiri Chary kaka hemmelerden öň gelipdir. ol okuwçylara we mugallymlara garaşýardy. Birden beýle...

Dowamy »

1057 10
Edebiýat, 3 years ago


"Özüme"

Söýsün diýip gül bermedim gyzlara,
Diýdim: "Güller ýaly owadan boluň!"
Guýa meňzeş ýürekli bir oglanyň
Ýürek suwun aljak gowadan boluň!

Sekmesin diýip saklamadym saraýym,
Sadalygmy bilip samyrdana men.
Söýenime ýürek açyp baraýyn,
Söýgümi siňdirip damar-gana men.

Külterlän ýoll...

Dowamy »

731 1
Edebiýat, 3 years ago