Gyz öldürdimikä (hakyky bolan waka)
Hawa bu waka hakykatdan hem bolup geçdi. 1997-nji ýyl gyz 11-nji synpdaka (2015-nji ýgaladyylda) kakasyny we oglan doganyny öldürýär we ejesini agyr ýaralaýar (şu wagt ejesi ýaşap ýör). Hawa bu maşgala obaň içinde sylanylýan maşlady, bu henizem şeýle ýöne şol maşgaladan diňe bir ejeleri galdy. Bularyň bir ogly we bir gyzy bardy. Gyzlary ýeke gyz diýilip lälik saklanan gyzdy. Görk görmegi ýerinde göräýmäge gowy gyzdy, ýöne näme bolanam bolsa soň boldy....
Ine bir gün ol gyzyň söýgülisi bardygyny maşgalasy bilipdir, onsaň muny kakasy we dogany bile urýalar sökýärler. Soň bu gyzam 8-nji mart puluna gidip aptekden uky dermanyny alýar. Soňra näme bolan bolsa 9-njy mart gijesi bolýar. Ol gyz ejesine kakasyna, doanyna derman içirýär. Soňra diňe öz etdimi bilinenok welin, doganyny we kakasyny paltalap öldürýar. ejesini hem paltalaýar, ýöne ejesini öldürmegi başaranok. Soňra ertesi hiç zat bolmadyk ýaly ilki palça barýar. Palçy ony ýanyndan kowýar: gyz seniň üstüňden ganyň ysy gelýär. Çyk çalt buýerden" diýip ony kowýar. Soň ýene öýe gelip zatlaryny alyşdyrp. Gitýar ýöne nirä gidendigi belli däl. Soň bularyň goňşulary bular näme görünenokla diýip öýlerine barýar. Ond-da gygyrýa hiç ses-seda ýok. Öýe girip görýär welin, goňşy aýal çaşyp galýar. Soň 20 minutdan soň özüne gelip, goňşy golama habar berýär... Olaram ylgaşyp gelýärler. Öýe girer ýaly däldi. Hemme ýer gara gan bolup ýatyrdy. Bu wakany eşiden oba adamlarynyň ýüregi, kellesi doňup galdy nädip beýle gyz bu zatlary ýeke özi etdimi... Nädip beýle doň ýürek. Olar onuň öz maşgalasy ahyryn... Ine şeýdip öýlenmedik ýaş ýigidiň we gül ýaly erkek adam kakalary şeýip bir gyzyň gurbany boldular. Bu gaty aýlygan waka boldy. Gyzyň özüni soň başga ýerde tapypdyrlar. Häzir ol gyz Daşaguz welaýatynyň tussaghanasynda ýatyr 15 ýyllyk tussag edildi. Bu waka hakykatdan hem bolup geçdi bilen bilýän aslynda...
Gyz öldürdimikä (hakyky bolan waka)
-
Yowuz
3 years ago
- Dasoguzda realno goysana bolanmy su
-
muratik
3 years ago
- Dasoguzda boldy diyenok dasoguzda ayallar turmesi bar
-
Yowuz
3 years ago
- Durmusda herhili zat bolyareii
-
Lagly
3 years ago
- 100% hakyky waka, şol gyzyň adyny familiýasynam bilýän ýöne aýtmak bolanok
-
Yowuz
3 years ago
- 6yyl bolupdyrda turmede bolanyna. Yone bara seyle soygi diyp kop gynancly wakalar bolya men pikirim soygusine garsy bolmaly dalmika diyyan ata enesi eger realno soyyan bolsalar
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Toba etdim,şeýle gyzlardan huda saklasyn,näme it ýaryp guduz açanmy ol gyz,😈😈😈Manýak
-
LadaKalina.
3 years ago
- menem esitdim, bayramalydan gerek
-
Yowuz
3 years ago
- Yo yolotende bir gyz ozuni oldirdi sona esitdim marydan bayramalydana esidemok
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Ýöne Perhadyň mowzugy bn ikisi baglanyşykly eken
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Umuman aýdanda şeýle gyzlar hakyky akmak
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Köp oglanlarda şeýle
Hakyky bolan waka
Geçen ýyl etrap merkezinden bir 11nji synp oglan agşam söýgülüsiniň öýüne barýar,we oňa sms ýazýa men geldim daşa çyk diýýär soň gyz ýazýa ýok indi sen bn bile bolup bilmeýän bar git.Garaz bu oglan gaty söýýän ekenmi gaharyna gelýäde öz öýüniň öňünde özüni asýar
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Doslar men taryhyny doly bilemok ýöne meň aýtjagym köp samsyklar bir söýgi diýip ýa öz ene atasyndan geçýär,ýada öz janyna kast edýär,umuman aýdanda hemmeside ýalan söýgä duçar bolan akmaklaň hemmeside şu işi edýär,çünki akyl huşy jaýynda bolan adam beýle edenok
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Ýalňyşmasam, şol gyz Daşoguzyň aýallar kolonýasynda ýatan bolmaly!
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Ýöne 15ýyl az oň ýalylar üçin
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Şeýle gyz perzentli bolanyňdan bir ömür perzentsiz ýaşanyň gowy.
-
Nol
3 years ago
- Ejesi ýaşap ýör, sag aman aýak üstüne galdy. Waka başgaçarak boldy ýöne. 11-nji klas gyz halaşýan oglanyna gaçyp gidýär. Munam bilip kakasy bilen oglan dogany yzyna öýüne getirýärler. Gyzy urýalar erbet. Kellä gatyrak urgy degen bolaýmasa, nerw damaryň bir ýerine gatyrak degen öýdýän, kelle üýtgeýär. Gyz zyýanlanan ýaly bolýar. Uky derman berenni bermänni bilemok, ol soňky gürrüňdir. Ýarygije däliräp eden zady. Ilki beýleki otagda ýatan oglan doganyny paltalaýar. Soňam ene-atasynyň jaýyna girip kakasyna topulýar. "Edýäniň näme gyzym?" diýip, alasarmyk oýanan, entek bolýan zatlara oňly düşünip ýetişmedik ejesinem "sen bir gapyl!" diýärde, oňa diňe pyçakly topulýar. Etjegini edibem haç zat bolmadyk ýaly, ertesi irden palça gidýär. Onuň niýeti palça pal atdyryp, "men şol oglana barýanmy ýa baramokmy" diýip, netijesini bilmek eken. Biderek bolgusyz zatlarda umuman. Palçyň "üstüňden ganyň ysy gelýär" diýdirilmesem soňky gürrüňlerdir. Soňra palçynam organ işgärleri şol gün ýygnap alyp gitdiler. Men şol gün palçylaň öýüniň deňinden geçip gitdim, öýüniň deňinde birgiden polisiýa işgärleri bardy, geň galdym. Soň oba şeýle-şeýle habarlar ýaýrap ugrady, şonda bilip galdyk. Soň palçydan çykyp ol gyz mamalaryna gelýär. "Öýler oňatçylykmy?" diýilse "ha-hawa" berýär diňe. Oturybam ynjalygy bolmaýar, ýene öýlerine gidýär. Öýüne gelse eýýäm uly il gün üýşüpdir howla. Gyzy gelen dessine polisiýa işgärleri maşyna basyp äkidýärler.
Şol gün goňşulary sadaka berýän ekeni. Oglan bilen kakasy agşamlyk goňşularyna giçlige çenli kömekleşibem gidipdirler. "Ir bilen geleris goňşy" diýip, dynç almaga gidişleri eken. Ertesi gün dogýar, gün al asmana galýar, emma goňşulardan habar-hatyr ýok. "Beh, bular ir bilen geleris diýdiler welin, bularda yns-jyns ses ýokla" diýip, goňşusy çagalaň birini olara ugradýar. Çaga näçe gygyrsada jogap bolmansoň, oknodan garap görýär. Bolan işleri görüp, gorkup yzyna ylgap geşýär. Sadaka gelen adamlara habar berýär. Şeýdibem bilinýär. Ýöne, girenleň köpüsi çaşyp ýykylany bar içinde, bu aýylgançlygy görüp. Oglan görgüli süýrenip işigede ýetipdir, şo taýda hem jan beripdir neresse. Şonda gyza ejesiniň ölmän, entek diridigini aýdanlarynda ol gaty sesli aýylganç gülüpdir, "entegem ol ölmedimi" diýip. Kelle gowy üýtgän bolmalyda.
Ejesi bar, ýagdaýy oňat indi, ýaşap ýör. Hojalygynda ýeke özi galansoň, durmuş guran iki ýaş çatynjany öýüne getirdi ýaşamaga. "Ölünçäm seretseňiz bolýar, maňa indi bu durmuşda başga artyk zat gerek däl" diýip. Şeýleräk boldy. Şoň üçin, nämede bolsa mylakatly bolmaly. Düşündirmeli, hökman urmaly diýlen zat ýoga, urup adama hiç haçanam akyl berip bolmaýar. Onda gorky hem ýigrenç duýgusy döreýär. Sylasada kiçi dilden bäri sylaýar, gabady gelende eňňide iteräýmekden welin çekinmez.
-
Pegas
3 years ago
- Psihologiýasy bozulandyr. Kaka bilen aganyň bileleşip bir gyz maşgalany urmasy hem dogry hereket däl. Wakada gyzy doly günälemekden saklanýan men-.
-
Pegas
3 years ago
- *men-ä
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Gyzy urmak hem günä,Diýmek 2tarapyňda günäsi bar eken
-
Black Wolf
3 years ago
- Mena gorkyberdimay gyzlardan bu wakany esdip
-
Mister X
3 years ago
- Ay urdular diyip paltalabermelimay. Öñ ozi är diyip esrap gacmaly dal ekenda.
Yowuz 3 years ago- Wayyyyy nirde bolan