Salam dostlar.
Ýer togolak däl ol tekiz. Subutnamalara geçmezden ozal bize näme üçin beýle ýalanyň öwredilýändigine ser salaly. Bu işiň arkasynda Masonlar atly jemgyýet dur.
Olar barada gysgaça:
Masonlar Ýewreýlige baryp direýän we olaryñ maksady ruhy we milli mukaddeslikleri ýok etmäge ýa-da bozmaga niýetlenen, ideallary gaty gizlin bolan açykdan-açyk hereket eden guramadyr.
Gadymy Müsürden alynan käbir nyşanlar bilen bir hatarda ýewreý taryhy we dini bilen hem baglanyşygy bolan gurama. 1877-nji ýylda Mason Lo£alary Umumy ýygnagynda agzalaryñ dini kitaplardan ant içmeleri däl-de namyslaryndan and içmeleri kararda aýdylypdyr.
1900-nji ýyllardaky bir ýygnakdaky karara görä bolsa bu 102-nji sahypasyndaky ýygnagyñ ýazgy depderinde şeýle diýilýär: ''Dindarlara we ybadathanalardan üstün gelmek mümkin däldir, asyl maksadymyz dinleri ýok etmekdir''. Olaryñ şu idealary kommunist bolup, kapitalistik ýurtlarda kapitalist bolup işläpdirler.
Masonlar Yslamyýeti mason lo£alarynyñ isleglerine görä özlerine uýgun edip düşündirişli dini kitaplary, Kurany kerim teswirlerini, Ylmyhallary ýazdyryşlary, bu ýazan kişileri ''uly yslam alymy, mujdehid, mujeddid'' ýaly atlardan peýdalanyp musulmanlary hakyky yslamyýetden uzaklaşdyrmaga çalyşýarlar. Meselem Müsürde J. Efgani, Les Franco-Maçons kitabynda bulary öwmek bilen 127-nji sahypasynda (Müsürde gurlan Mason lo£alarynyñ başynda J. Efgani we ondan soñra M. Abdullah getirildi diýilýär. Bu üç mason bilen peşkalar, mezhepleri ýykmak üçin wajyp işleri edendikleri bellenilýär. F. Bilgiler kitabynda (Hindistandaky din reformaçylardan, iñlis içalysy Mewdudi Şwesiýa masonydyr) aýdylyp geçilýär (Türkmençe şol adamyñ dini kitaplary hem bar, gaty seresap bolmak gerekdir. Ýatda saklañ: Awtory Mewdudi)
Osmanly Taryhynda hem Musa Kasym we Ürgüpli Mustapa Haýry ýaly masonlary Şeýhulyslam (ýurduñ müftüsi - dini lideri) edip bularyñ üsti bilen dinde reforma etmäge çalyşanlardyr. Bular: ''Diş plombasy gusuly bozanok'' diýenlerdir.
Masonlygyñ gizlin prinsipleri gysgaça şulardan ybarat:
Masonlyk özüni her ýerde aýan edip, hemme zada eýe bolmakdan ybarat.
Iñ tanymal massonlyk kluplary ýa-da lo£alary, Rotary we Lionsdyr. Baý-gurply, döwlet adamlart, ylymly-bilimli adamlary ýaly şöhratly we abraýly adamlary massonlyk özüne agza kabul edip alýar.
Zenan-erkek deñ hukuklygy dünýä ýüzünde kabul edilip başlanan wagtyndan bäri olar olar hergiz haýsydyr bir zenany massonlyga kabul edip almandyrlar. Ýöne soñky wagtlarda özlerini gizlin saklamak üçin gelin-gyzlary hem işe almaga başlapdyrlar.
Bu zenanlar ýöne, guramanyñ içindäki bolýan gizlin ýygnaklardan habarlary ýokdur.
Olaryñ statusynda: ''Hemmämiz bütin güýjümiz bilen azatlyga bolan ynamy dünýä ýüzüne ýaýmakdan we lo£alarymyzyñ kararlaryny döwletlere aýan etmekden ybarat. Din doganlygyny ýok edip, munuñ ýerine mason doganlygyny getirmelidiris. Dinleri ýok etmekden ybarat bolan bu mukaddes maksadymyza, şu ýagdaýda gowşup bileris''.
Masonlar gizlin maksatlaryny gizlemek üçin ''Biz Allaha ynanýarys'' diýýändirler. Aslynda olar Barlygy döreden Tebigat diýip düşünýärler. - Tebigat bolsa Älemiñ uly arhitektory - diýýärler. [Dr. Selami Işındağ. 30. D. Ritüelinin Tetkiki, Gün Matbaası. 1966. s.41-54].
Häzir bolsa ösen ýurtlardan başlap yza galak döwletlere çenli ýeke täk ýörgünli ylymly ýörelge Ç. Darwiniñ ýoludyr, emma serkew (ybadathana) ýok bolmady, başga dinler hem ýörgünli bolup galdy. Entägem Adam ata bilen How ene rowaýaty öwredilýär [Mimar Sinan £urnaly. 1980. sah-38. s.18].
Görnüşi ýaly dinler entegem ýok edilmedi. ''Men musulman'' diýen adam, masonlary hergiz öwýän däldirler. Olara dindar diýmez.
Bu ýazgylar Jeksparro agzaň mowzugyndan alyndy.
Masonlaryň simwoly Lineýka we Sirkul ortasynda G harpy bar.
Nasa, Roskosmos, Hytaý kosmos agentligi, Ýaponiýa kosmos agentligi we dürli kosmos agentlikleriň simwolynda he maonlaryň sirkul simwolyny görmek mümkin. Bu guramalar Masonlara hyzmat edýär we olaryň buýrugyny ýerine ýetirýär we ylym adyna ýalan sözleýärler.
Ýeriň togolakdygyny ilkinji aýdanlaryň biri Pifagor hem masondyr. Angliýanyň “Grand Masonic Lodge” -syny esaslandyryjy, protestant ruhanysy Dr. Jeýms Anderson (1679/1739) 1738-nji ýylda ýazylan “Masonlaryň goragy” atly kitabynda Masonlugyň Pifagordan başlandygyny aýtdy. Mason William Hutchinson, “Masonlaryň ruhy” atly kitabynda Masonlaryň prinsipleri Pifagor ýörelgeleridigini aýtdy.
Şol sanda Pifagor, Kopernik, Nýuton, Gallileo, Kepler, Bruno ýalylaram mason olaryň suratlarynda mason simwollary bar. Bular barada ýörite mowzuk açmak niýetim bar.
Dowam eder nesip bolsa...
Ýeriň tekizdigini bizden näme üçin gizleýärler we olaryň arkasynda kim bar?
-
hickim77
4 years ago
- Biziň bilýänlerimiz şular, bilmeýänlerimiz nähilikä🤔🤔😰
-
Khanture
4 years ago
- Koprnigiň suratyna üns ber, ol günparazçylyk dinine ynanýa, onuň Geliosentrizm baradaky kitabynda üç gezek ,,Gün görünýän Hudaýdyr" diýýär. Guni alem merkezinde goyyar.
-
Mr_arsen.
4 years ago
- Men pikirimce bu zatlar yalan yer tekiz bolsa onuñ sony nirede? Sony bamy
-
Ýolagçy.
4 years ago
- Birleşen arap emirligindenem bir kosmonawt ýetişip çykyp kosmosa orbita uçdy ýaponlar bilen birlikde. Seniň pikiriňçe şu arap hem ýer togalak diýip Yslama garşy gürleýärmi?
-
Ýolagçy.
4 years ago
- 22:45
-
Ýolagçy.
4 years ago
- 24,12,2020 22:45
-
Zulfikarow
4 years ago
- Ýeriň formasy barada mende şu wagyda çenli şübhe bar, ýöne bir zatda mende hiç hili şübhe ýok. Bizden kontinentlaryň sanyny gizleýärler. Zeminde 6 sany materik bar diýýärler, ýöne meň pikirimçe materiklaryň sany 6-dan kän. Demirgazykda bir ýerde ýene bir iki sany uly matirik bar. Günortada bir ýerlerde Awstralýa bilen antarktidany öz içine alýan äpet materik bar. Şol materiklaryň ýaşaýjylary näme üçindir biziň gözümize görünesleri gelenok. Belaň bar körügi hem, şol materiklarda ýaşaýan adamlardan gaýdýar.
-
Mr_arsen.
4 years ago
- Eger solar yaly basgada materik bar bolsa gel indi alymlara mason diydim jurnalistlar baryp gorerdi
-
LadaKalina.
4 years ago
- 23.17
-
™Serdar™
4 years ago
- Youtubede chykdy oytyan yene 1 materik tapyldy diyip
-
AkmyradoffSoft
4 years ago
- Ýalan maglumatlar, bu zatlara adamlaryň kellesini garjamak gerekdäl! Biz adam ahyran, Geografiýa sapagyny gowy okamansyzyň öýtýän, göz ýetim barada okamagy awtora maslahat berýän!
Masonlar barada aýtýanyňyz bolsa, olar bir wagtky bolan, ýönekeý jenaýy topar. Häzirki wagt bu toparyň agzalary ýok edilen. Ýöne ýere adamlaryň, kellesini garjap, möhüm wagtyny, biderek mowzuklara, bloglara ünüs bermeklige ündemek gowy iş däl! Ýeriň teziligi ýa-da togalaklygy barada aýtsak, muny häzirlikçä görmedim weli, bize ýetirilýän çeşmeler hakykatlygyna ynanýan...
Diýmekçi adamlaň wagtyny, boş temalar bilen almaň!
-
AkmyradoffSoft
4 years ago
- ikinji tarapdan, açýan mowzuklaryňyz, gyzykly, adamy özüne çekýär, mlds. Ýöne käbirlerini pozmak gerekmikä diýýän
-
hickim77
4 years ago
- @AkmyradoffSoft bulara ýalan diýme!!! @Hanture Kurandan delilleri getirdi. Muňa näme diýjek?
-
Real.123.
4 years ago
- Yer tekiz bolsa, gije bn gunduzin calsygy nahili bolyar??
-
hickim77
4 years ago
- @Real.123. Ýer duran ýerinde dur (gymyldanok). Gün we Aý Ýeriň daşyndan aýlanýar.
-
Real.123.
4 years ago
- Name un adamlar her bir zatdan, yada bir sekilden basga basga many gozleyarler??
-
Real.123.
4 years ago
- Eger yer duran yerinde duran bolsa, gun yerin dasyndan aylanyan bolsa, pasyllar nadip çalysyarka??
-
hickim77
4 years ago
- @Real.123. Onuň üçin ýörite mowzuk bar, howlukmaýan bolsaň @Hanture agza gelse, haýyş ederis goýup berer!
-
Real.123.
4 years ago
- @hickim77 yok sagbol, dunya an yetirmek heniz adam ogluna basardanok, sizem biderek wagtynyzy yitirman,
-
hickim77
4 years ago
- @Real.123. maslahatyňyz 3in sagbol, galanynam özüm bilern.!
-
Zulfikarow
4 years ago
- Islendik adam täze ylym üçin açyk bolmaly, mekdepde alan ylymyň bilen, soň öňüňden çykýan ylym deň gelmese balagyňy çykaryp oturmaly däl. Mysal üçin Amerikaň birleşen ştatlarynyň birinde mekdep programmada henize çenli Afrika meterigi ýok diýýärler. Onsoň şol mekdebi tamamlan okuwça Afrika meterigi bar diýseň näme diýer öýdýäňiz? —Eger şeýle materik dogrydanam bolan bolsa ol ýerik žurnalistlar hökman baryp görerdi diýer.
Hiç hili subutnama soraman ynanmak örän gowy häsýet, Allahyň halaýan häsýeti. Sebäbi Allahyň ýere ugradan 125 sany Pygamberniň iň esasy duşmanlary, subutnamasyz hiç zada ynanmaýan adamlar bolupdyr. Pygamberleriň her biri, entek adamzada tanyş bolmadyk ylmy we täze düşünjäni getiripdirler. Şonuň üçin öz ýüregiňde hemme zada ynanmak duýgusyny terbiýeläniň gowy. Bolmasa seň hem kapyrdan gowy ýeriň ýok, kapyr sözüň düýp manysy Pygamberlerden subutnama sorap bilen adamlar. Çaga dünýä inende ejesinden kakasyndan bir zat soranda subutnamasy bilen soranoga? Her bir adam ömrüniň soňyna çenli çaga ýaly bolmaly, bar zada ynanmaly.
-
Реалист01
4 years ago
- Zulfikarow dogry
-
Mr_arsen.
4 years ago
- Zulfikarow dogry suwagda mekdepdede idili bilim berenoklar sol onki zatlary owredyarler taze zat yok
-
hickim77
4 years ago
- Zulfikarow näme diýjek bolýan bolsaň, gönüläp aýtsana
-
hickim77
4 years ago
- Onsoňam 125 sany pygamber däl 124000 pygamber ötüp geçdi
hickim77 4 years ago- Dowamyna garaşýaş!! Hökman!!!