Dinde aýdylýan zatlaryň biri; Allah hemme zady entek bolmanka öňünden bilýär, adamzada erk (irade) beripdir we synag edýär. Synagyň netijesini bilýär, ýöne adamzat öz ýalňyşyny görsün diýip bu dünýädäki ýaşaýşy berýär.
Allah adamy ýaratmanka, hatda şeýtany hem ýaratmanka şeýtanyň adama sejde etmejegini, adamyň şeýtanyň gepine gidip jennetden kowuljagyny we synag hökmünde bu dünýä ýaşaýyşyna iberiljegini öňünden bilýärdi.
Ýeri mundaky logika?
Mysal üçin, bir ussa oturyp pikirlenýär we “häzir bir stol ýasajak, bir aýagyny kelte etjek, üstüne goýan zatlam gaçar we menem muňa gahar edip ony odun edip ýakaryn” diýse?!
Biz indi bu ussa name diýmeli?
Eger stol; “meni şeýdip ýasan sen we meni şeýle bolanym üçin ýakjagyňy bilseňem name üçin ýasadyň?’ diýip baş galdyryjy sorag beräýse?! (jezasy hasam agyrlaşar 😁)
Ussa ol stola erk (irade) hem berdi. Stol öz erkini ulanyp deň agramlygy saklamagy saýlamaly ýä-da öwrenmelidi.
Ýeri indi nähili düşünmeli?!
Diýeli, ussa bir aýagy kelte edip ýasan stolunyň deň agramlygyny saklap bilmejegini bilip ýaratdy, ýöne stol öz erkine deň agramlygyny saklamany başaraýsa (dinde erkin irade bilen karar berip biler diýilşi ýaly)?!
“Indi näme bolar?”
… diýýäris welin dine ynanýandan şol legendarnyý jogap gelýär; “Allah ahli bolup biljek alternatiw netijeleri bilýär”.
Ýöne edil onçasyny bizem bilýäsä 😏 …
Azajyk logika ýöredeliň
-
Jeksparro
4 years ago
- Suratdaky näme kellesi gurçuklan kel ateistmi!? :-D
-
Umman
4 years ago
- @soho ))
-
makgush
4 years ago
- Gün geler, we sen “meni şeýdip ýaradan sen we meni şeýle bolanym üçin ýakjagyňy bilseňem name üçin ýaratdyň?’ diýip baş galdyryjy sorag berip bilersiñ?!
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Saýta agza bolup bilmeýän @Atash_Zergär-den:
- Mugallym óz okadan okuwcylaryny gowy tanaya,kim tupoy,kim bilimli ..... yone shondada tupoyam bilimlinãm deñ derejede egzamena dykya ☝
-
Panturkist
4 years ago
- @Atash_Zergär, mugallym we okuwçy mysaly bu ýerde ýerliksiz bolýar. Okuwçyň zehinsiz dogulmagynda mugallymyň günasi ýok. Eger-de okuwçylaryň iki görnüşinem mugallym ýaradan bolsa we ýaradan mahaly ýa-da ýaratmanka "birini ökde, birinem tupoý edip ýaratjak, biri 5-likçi bolar we men ony öwerin we beýleki ikilikçi bolar we men oňa sögerin" diýip öňünden bilip döretse tupoýyň günäsi barmy şu ýerde?! Ony tupoý edip ýaradan mugallym we tupoýlygy üçinem jeza berýän mugallym, nä dereje manyly?
-
Jeksparro
4 years ago
- @Panturkist, şeydip kelläñe agram berip ýanbaş büzmügiñe zor salyp çygylyp wägirip ýörüşiñe, öz hasap edýän ynançsyzlygyña heý bir adamyny yzyña tirkäp öz dünýäñe çekip bildiñmaý, ýa şular yaly saytlarda özüñe şärik bir gazanyp bildiñmi!?
Meñ pikirimçe yok, bu beyle däl. Talyplar.comda señ yoluña eyerip hemme ynançlardan gutuldym diyyän, ýa gutulypdyr diyip aydyp beryän agza gabat gelemogow dogrymy
aydayyn. :-D.
Beydip yörenden ile peydaly bir tema döretseñ has yerlikli boljak. Bular yaly mugt maslahatlary Hatap galasyna azaşyp düşen alyja hem yetdiryän däldir. ''Malodes Atabaý'' :-D
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Jeksparro, Atabaý senmi?
-
Panturkist
4 years ago
- @Jeksparro, seniň teswirleriň jogap bereniňe degenok, ýöne şonda-da aýdaýyn;
1) Bu seniň IQ uroweniňde mowzuk däl. Bu tema sowatly we inteligent kişileriň biri-birini kemsitmän orta goýulan pikiri diskussiýa etmek üçin açyldy.
2) Men hiçkimi ynanjyndan dändirjek bolamok, pikirlenmek we soraglamak üçin mowzuk açýan.
-
messibet
4 years ago
- @Panturkist! Ýaradan bar, ýöne logiçeski käbir zatlar gabat gelenok diýýäňmi, ýa ýok zada ynanýaňyz diýýäňmi?
-
messibet
4 years ago
- Ynançly kişilerem bolar, ynançsyzlaram. Ýa-da her hili dindäki adamlar bardyr. Herkimem özüniňkini wagyz edýä. Ýazgylaňdan soň käbirleriniň ýüregine şübhede girmegi mümkin. Ýöne men nähili logika ýöretseňizem ynanjyma şübhe döremez, döremezlikdenem Allah gorasyn. Sebäbi men özümiňkä 100 % dogry diýip ynanýan. Seň soragyňa ylymly kişiler jogabam berer. Öňem men mümkin jogaplarynam okandyrynam, ýöne ugrum bolmansoň jogap berip bilmerin. Seň bir kişini dogry ýoldan aýranyň bilen Allaha hiç hili ýamanlyk edip bileňok. Musulmanlaram hemme ynsanyýeti musulman edeni bilen Allahda artýan zat ýok. Biz bir synag üçin, erk-ygtyýar bilen ýaradylan. Saýlamak özümize galýa.
-
Jeksparro
4 years ago
- Pikirlenmek we soraglamak diyyäñmi? Soraglar yaly sen näme sülçümaý!?
-
Panturkist
4 years ago
- @messibet, "Sebäbi men özümiňkä 100 % dogry diýip ynanýan" diýipsiñ...
4000 ýyl mundan ozal Müsürlilerem öz taňrylarynyň hakykydygyna ynanýardylar, 3000 ýyl mundan ozal Greklerem Olympos hudaýlarynyň hakykydygyna ynanýardylar.
-
Yzganttm
4 years ago
- @panturkist sen vara shular yalak teswirleri yazyan welin musulmanlar name etyanini bilyanmi?
ine olar onkusindenem haaasam beter beyik ALLAHA(a.s) musulman bolanyna SHUKUR edyaler, ynanchlary onkusindenem beter ynanchlary guychlenyar.
ynanyanmy sen yazan zatlaryny okayan welin ateist bolman musulman bolupdyryn men diyip allaha shukur edyan diyip gaytalap duryanymam bilman galyanda.
-
yashalym
4 years ago
- Adama erk berilipdir
-
yashalym
4 years ago
- Adama erk berilipdir
-
Panturkist
4 years ago
- @Yzganttm, aý bir zat edip peýda etse bolýar mowzugym, sagbolsun hökman däl :)
-
Jeksparro
4 years ago
- @Panturkist, sen peyda getirjek bolañokda türkmenleri yoldan azdyryp yewropalaşdyrjak bolyañ, logika diydiñ, Iq pesler diydiñ.
Sen türkmenleri evolyusiyadan geçirip yevropa medeniyetine mahsus edim gylymly, yagny geyparat, lezbiyan, ateist sypat etjek bolyañ!
Türkmenler eger siz şu kellesi çüyrän @Panturkist agzanyñ yazanlaryny okayan bolsañyz meñ yazanlarymam okañda netije çykaryberiñ!!!
soho 4 years ago- edil sen her gezek, onunden bilsenem, shular yaly zatlar yazyp, ozune sowdurshin yalymy?