GYZ-ZENANLARYÑ ATYR SEPINIP DAŞARY ÇYKMAGYNYÑ YSLAM DININDÄKI HÖKÜMI
Dinleriñ iñ kämili we iñ soñkusy dini bolan Yslam maşgala ahlaklylygynda mydama mährem zenanyñ öz ýoldaşynyñ ýanyna özüne serenjam berip, bezenip, müşk sepinip barmalydygyny ündäp gelipdir.
Ýöne her bir gyz-zenanlar döwürlere görä öz isleýişiçe gezmäge, atyr sepinmäge,bezenip-beslenip çykmaga hak-hukuklary bardyr. Yslam dini gyz-zenana zorluk bilen atyr sepinmekligi gadagan edenok-da zenanlaryñ özlerine ýagşylygy ündäp, azgyn erkeklerden geljek zyýanlara, zorluklara mydama ätiýaçly garamaklygy ündeýär.
Zeýneb es-Sehafiýýeden (r.a.) eşidilen rowaýatlaryñ birinde Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýýär: Zenanlardan biri ýassy namaza (başga bir rowaýatda mesjide) gidende atyr (müşk) sepinmesin'' (Muslim)
Ebu Hüreýreden (r.a.) gelen hadysda, Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam ''üst başyna atyr (müşk) sepinen zenan, ýassy namazyna gelmesin'' diýýär (Muslim).
Ebu Musa el-Eşariniñ (r.a.) rowaýat eden hadysynda bolsa, zenanlaryñ atyr sepinip daşaryk çykmazlygy barada anyk höküm çykarýar. Pygamberimiz Muhammet (s.a.w.) şeýle diýýär: ''Eger bir zenan atyr sepinip soñra ynsanlaryñ ýanyndan geçse, ol kişiler onuñ ysyny alsalar, ol zenan zaniýadyr (zynaçydyr)''. [Sahyh hadys. Ahmed. Musned 4/414. Ebu Dawud No:4173. Tirmizi No:2786)
Bu hadyslar zenanlaryñ atyr (müşk) sepinip daşary çykmagynyñ haramlygyna delildir. Çünki zenanlaryñ gowy ysly atyrlar sepinip daşaryk çykmagy erkegiñ şöhwetini oýaryp, olary zenanlara meýil etdirýän zatdyr...
Bu hadysyñ şerhinde (düşündirişinde) Allame Mubarekfuri (rahimehulla) şeýle diýýär: ''Hadysda (ol aýal zynaçydyr diýmeginiñ manysy) Zenan sepinen gowy ysly atyry zerarly erkekleriñ şöhwetlerini oýaryp, olaryñ özüne seretmeklerine sebäp bolýandyr. Keseki zenana sereden kişi bolsa, göz zynasyny etdigi bolar, gowy atyrlar sepinen zenan bolsa, bu göz zynasynyñ sebäpkäridir we şonuñ üçin günäkärdir.
Zenana seretmegiñ özi hakyky zynanyñ başlangyjydyr. Musulman zenana parz bolan zerur bolmasa öýünden çykmazlygydyr. Eger çykmaly bolaýan ýagdaýynda-da Allatagalanyñ buýruşy ýaly edebe laýyk hijap we doly örtýän giñ lybaslar geýmelidir we atyr sepinmeli däldir. Öýüniñ içinde bolsa, eger keseki ýok bolsa (myhman ýok bolsa) onda islän atyryny sepinip biler.
Ar-namysly zenan musulman diñe öz äri üçin bezenmeli we oña görünmelidir.
Emma ar-namysdan, edep-haýadan daş zenanlar bolsa, kesekilere görünjek bolarlar. Musulman zenan diñe öýüniñ içinde ýoldaşy üçin bezenip, atyr sepinmelidir.
Çeşme:
www.ertir.com
Gyz-zenanlaryñ atyr sepinip daşary çykmagynyñ Yslam dinindäki hökümi
-
Jeksparro
4 years ago
- Okanyñ üçin senem sag bol @aynura,!:)
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Awtora goşulýan, iň ýigrenýän zatlarymyň biri "atyr"
-
Nowcha90
4 years ago
- Atyr Partum, duhy bolýarmy hazirki zamanda
Wah öňrak aýdaýmala 2 mil Partum aljak dala
-
Nol
4 years ago
- Biderek zatlar.
-
Jeksparro
4 years ago
- @Nowcha, sepmeyan bolsañ gowy diyyä temada...
-
Jeksparro
4 years ago
- @Nol, yörüte şu movzugy oka diyip çagyran yalyda men seni teswir yazyşyñ!
-
wagt
4 years ago
- Iliñ gyz-gelniniñ sepinip çykan atyryna wozbuždat edýäniñ ahlaksyzlygy ü.n atyr sepinip çykan zenanlar günäkär däl.
-
wagt
4 years ago
- Ilkinji nobatda atyryñ ysyna humarlaýan açgözler psihologik añ ýagdaýyna bejergi alsynlar...
-
wagt
4 years ago
- Erkekler näme atyr sepinenokmy? Bezenmek, beslenmek, atyr sepinmek... diniñ sünneti. (Elbetde, men bezenip beslenjek, atyr sepinjek... diyip, muña ugurdaş gözdençykgynç hereketleri edyänler barada aydamok)..
-
Jeksparro
4 years ago
- @wagt, yslam dininde yazylan hadyslarda şeyle ündelyär. Atyr sepinyän erkekleriñ atyr ysyna gyz-zenanlaryñ vozbujdat edyäni yokdurla...
-
Panturkist
4 years ago
- Bu şertler orta asyrda (hat-da ondanam ir) çölde ýaşap ýören haýsydyr bir gabanjaň we özüne ynamy bolmadyk arap çarwasynyň düşünjelerine gabat gelip biler, ýöne häzirki döwürde Türkmen aýallaryna bezenmek we müşki anbar saçmak gelişýär.
-
Jeksparro
4 years ago
- @Panturkist, gyz-zenan bolmadygyña şükür et, bolmasa erkeklere wozbu£dat etdirer yörersiñ sepinen duhyñ ysyndan. Ajyrak birine gabat dagy geläyseñ hapa zat edip giderdiler...
-
Panturkist
4 years ago
- Jeksparroň aýaldoganyny edişleri ýaly diýýäňmi ))
-
Nol
4 years ago
- @Jeksparro, nireden bilýäň teswiriňi tankytlap ýazanymy, belki goldap ýazan bolaýmaýyn?! Şol wagt howlukmaçdym, gyssagly ýazypdym "Biderek zatlar" diýip. Soň saýta şu gün girdim. Dogrusy, günä özümden. Haýsy tarapa çekseň çekäýmeli ekeni.
Atyr, duhi hakynda şu wagtky öndürýän firmalaram, şu işler hakynda iş alyp barýan adamlaram atyryň artykmaç sepilmegini hiç kimede maslahat bermeýär. Duhiler her hili ysly bolup, artykmaç sepip köpçülige çykanyňda, oňa ýaraýany bar, ýaramaýany bar. Asla, duhiň ysyna bolmaýan ynsanlaram kän. Özüňe ýarasada, olar üçin awy ýaly täsir edýär. Ýüregi bulanýar, dawleniýa çalt galýar ýada pese düşýär. Düşekde ýatyrybam bilýär. Bir gezek takside barýarkak atyr sepinen biri mündi, ysy maşyny tutdy. Gapdalymda oturan gelneje näçe çydajak bolsada bolmady, durzup, düşüp ýolgyrada gaýtardy. Aýnany açaýyn diýseňem gyş wagtydy. Şonda ol maşyna münmedi, başga maşyna münüp gitdi. Atyryň ysyna bolanok eken. Kim günäkär? Elbetde, ýaňky artykmaç sepinen günäkär. Şonuň üçinem, sepineňde diňe özüňe bildirer ýaly sepinmek maslahat berilýär. Serhoş ediji ysdygy elbetde köre mälim. Muhammet Aleýhissalamyň özi hem müşk sepinmegi halaýar eken, ýöne, gereginden artyk ündemez eken. Indi düşündiňmi, ýokarky teswirimde näme diýjek bolanyma. Ysa bolmaýan adamlar kän.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Nol, Ine biri men ysa bolmaýan adamlaryň. Sebäbi, hem alergiýa!
-
Jeksparro
4 years ago
- @Panturkist, sen yaly maloletkalar bilen agzymy deñemegem kiçilik bilyarin...
-
Jeksparro
4 years ago
- @Nol, düşündim!
aynura 4 years ago- Ýetireniňiz üçin sag boluň!