Ylmy çe$melerde iblis sözüniñ b-l-s kökünden gelip çykandygy hakynda aýdylýar. Bu söz köki if'al babynda eblese nämälim formasynda bolsa iblas görnü$inde bolýar. iblas - bu durkuñ bilen umytsyz hala dü$mek, susla$mak diýmekdir. kyýamat-mag$ar güni günäliler umytsyz dymarlar ("rum" süresiniñ 12-nji aýaty). özlerine ýatladylanlary (allahyñ hakykatlaryny) unudansoñlar, olara ähli zadyñ gapylaryny açyberdik, özlerine berlenler üçin begeni$ip (sermeni$ip), garaba$yna wagtlaryda, olary duýdansyz tutdyk, $ondan soñ bütin umytlaryny ýitirdiler ("en'am" süresiniñ 44-nji aýaty) iblis, ozal ba$da, otdan ýaradylan bolup, özi-de jynlardandy. sen adam ataga sejde etmeli! diýlip, emr edilendigi üçin, meleklerdendigi aýdylan hem bolsa kuranda onuñ jynlardandygy bellenilip geçilýär. ("kexf" süresiniñ 50-nji aýaty)
Iblis näme?
-
Karat
12 years ago
- sagja bol. dowamynada garashyas jigim.
-
Yzganttm
12 years ago
- Elmalynyñ (turkiýeli alym-mufessir) bellemegine görä, umuman ynsan duýgularyndan gizligin bar bolan ähli ruhy barlyklara jyn diýilýär we $unuñ bilen birlikde, $eýtanlaryñ we melekleriñ-de jynlara degi$lidigi aýdylýar. Zamah$ary-da kuranda agzalýan melek adynyñ jynlary-da öz içine alýandygyny öñe sürýär. $eýle hem, iblis baradaky hekaýatlar onuñ, hamala, adamdan ozal ýer ýüzünde ýa$ap, fesat we bozgaklyk eden jynlara gar$y, bir topar meleklere ba$ ädilip iberilendigi we ol wagtlar azazil adyny götermek bilen, jynlary daglara kü$gürendigi, ýer ýüzünde jynlar kibi ýa$ap, el-hakem ady bilen jynlara hakem (sudýa, kazy) bellenendigi, ondan soñra bu wezipesine göterinip bilmän, men-menlige, ulumsylyga uçrap, çykalga gözläp, göge göterilendigi, adam ata ýaradylýança, allahyñ sadyk bir guly bolup galandygy, hatda allaha iñ ýakyn melekleriñ biri bolup, ýer ýüzündäki we gögüñ iñ a$aky gatyndaky jynlaryñ üstünden höküm sürendigi ýaly, bir topar, ynanylmasy kyn bolan rowaýatlar tefsir kitaplaryna çenli girendir.
Bu rowaýatlaryñ içinde iñ ynamdar, iñ göwnejaý dü$ündiri$ merhum elmalynyñ ýorgudy bolsa gerek. Onuñ aýtmagyna görä allatagallah adam ata sejde etmek hakyndaky emrine çenli, iblisiñ häsiýetine täsir etjek hiç hili synag etmändir. Ynha, o wagta deñiç ysýan etmän, onuñ melekleriñ arasynda bolmagy-da $ol sebäplidi. Beýle ýagdaýlarda tagat-ybadatyñ allahamy, ýogsa-da, nebseligi, belli bolmaz, çünki, arada heniz tagat-ybadatyñ kime degi$lidigini kesgitläp biljek synag ýokdyr. Emma iblis allahyñ adam ata sejde etmelidigi hakyndaky emrini ret etdi. Diýmek, iblisiñ hem erk-yradasy bardyr.
-
Yzganttm
12 years ago
sagja bol. dowamynada
garashyas jigim.
karat |
in$allah biraz gara$ agam!
-
Yzganttm
12 years ago
- .!
-
Yzganttm
12 years ago
- Wah bu indi diñe gara hatda ýazyljak bolýa öýtýän, hany arañyzda aýyryp bilýän ýokmaý?...
-
Yzganttm
12 years ago
- Haaa indi boldy
-
Yzganttm
12 years ago
- iblisiñ adam ata sejde etmekligi inkär etmesinde dykgatymyzy çeken iki mesele bardyr: olaryñ birinjisi, barlygyñ da$ ke$bine seredip, onuñ özenini görüp bilmeýänligidir. Ýagny, ol "adam atanyñ" toprakdan, özüniñ bolsa, otdan ýaradylandygyny, oduñ-da toprakdan has üstindigini öñe sürip, emma özündäki hakykaty görüp bilmeýän, añmaýan, jahyllyga we ynsandaky ylmyñ hakyky gözba$ynyñ ruhdugyna dykgat eden däldir.
Her bir küpür we $irk ýoluny tutanlar, baha bermekde diñe gurlu$a, $ekile, baýlyga, da$ky ke$p we syrat ýaly, bir topar aýratynlyklara üns berenler bilen-de "iblisiñ" arasynda hiç hili tapawut ýok bolsa gerek.
barlyklaryñ esasy - özeni bolan ruhuñ ýüzüne gara perde çekip, özlerini diñe da$ky sypatlardan ybarat hasaplanýar, öz özinden gelýänleri, ýagny, ba$arýanlary $ol bolansoñ, da$ky görnü$lere üns berýänler-de, içki mazmunlarynyñ, ruhlarynyñ bardygyny bolsa, akyl ýetirip bilmeýändikleri üçin, inkär edýärler. Soñra bolsa munuñ, hamala, hakyky bilim, erkinlik, öñdebaryjylykdygy, ösü$digi hakda çüýruk, bo$ pelsepe satýarlar.
iblisiñ özini alyp bar$ynda ünsümizi çeken ikinji mesele bolsa, allahyñ anyk hökümine gar$y çykyp, oña deñe$dirmek bilen jogap bermäge synany$jak bolmagydyr. Çünki, allahyñ anyk hökümi barka, (haýsy zadyñ gowy ýa gowy däldigini, üsün ýa kemterdigini saýlamakda) gula saýlama hukugy berilmez, guluñ diñe tagat etmegi, amal etmegi isleniler. $onuñ üçin-de, merhum alym seýýid kutubyñ (xx asyryñ ba$larynda ýa$ap geçen, "kurany kerime" mefsir ýazan "müsürli" alym) belläp geçi$i ýaly, allahyñ hökümlerini kabul etmedikler ýaly, ony üýtgedenleriñ we ýerlerine ba$ga høküm goýanlaryñ hem iblisden üýtge$ikligi ýokdyr.
-
Parahatchylyk
12 years ago
- Yzgant aga gowja dushundiripsin sagjabol
-
Yzganttm
12 years ago
- Ynha, iblis allahyñ gar$ysyna gidip, özüni kejip, gedem alyp baransoñ, kyýamata çenli näletlenilmäge mynasyp kylandyr we allahyñ rehmetinden tutu$lygyna mahrum edilendir. iblise "iblis" diýilmeginiñ sebäbi-de budur diýlip aýdylýar.
Ynsan haýyr i$leri-de, $er i$leri-de edip biljek bir barlyk bolanlygy üçin, özünde hem meleklik, hem-de iblislik aýratynlyklary (häsiýetleri) göterýändir. Ynha, iblis nebsindäki öz ýaman häsiýetlerini, bet pygyllaryny durmu$a geçirmek üçin, allahdan idin alandyr we $u a$akdakylary diýip, ynsanyñ ýa$aýy$daky tabyn edilen synagynyñ bir bölegini emele getirendir:
"maña kyýamata çenli möhlet ber!
--- ýeri bolýar, sen möhlet berlenlerdensiñ.
--- meni lagnatyña sezewar edenligiñe jogap edip, men hem olary (adamlary) ýoldan çykarmak üçin, seniñ dogry ýolyñ üstinde oturjak. Soñra olaryñ öñlerinden, arkanlaryndan, sagyndan, solundan, baryp, aralaryna sokulamsoñ, olaryñ köpüsini $ükür edenlerdendigini görmersiñ". ("a'raf" süresiniñ 14-17-nji aýatlary).
"Meni (lagnatlap) azdyranlygyñ üçin, men hem olary bezedikçe bezejek we olaryñ hemmesini azdyrjak" ("hije" süresiniñ 39-njy aýaty).
-
Yzganttm
12 years ago
yzgant aga gowja
dushundiripsin sagjabol
parahatchylyk |
hawa ilmyrat aga okasañyz bolýa!
-
Jemka91
12 years ago
- "Egme boýnuñ Allah barka $eýtan b_n nebsiñe..." Minnetdar,gowy dü$ündirlipdir
-
Jemka91
12 years ago
- Bir wagyzda e$dipdim: $eýtan 7 sany ýumurtga guzlaýar, olaryn hersiniñ ayratyn atlary, wezipeler bolmaly. Gabat gelsem yazaryn
-
Yzganttm
12 years ago
- Gör$üñiz ýaly, iblis belli bir wesipesi bar bolan barlykdyr. Ynsana erk-ygtyýar berilmegi we oña ýer ýüzünde halypa bolmak kibi, hakykatdan-da, kyn we abraýly jogapkärçiligiñ berilmegi, onuñ (ynsanyñ) synagdan geçmek $ertini we zerurlygyny döredýärdi. Bu dunýä, tutu$lygy bilen, ebede gidýän ýoluñ üstünde ahyrýet durmu$yny gazanmak üçin pany, wagtlaýyn bir durmu$ synagyndan we berzahdan ybaratdyr. Ynha, $eýdip hem ynsanyñ ýer ýüzünde tabyn edilen synagyñ $er ganatyny iblis emele getirýär. Ynsandaky gara nebis - diñe $er we haýwany häsiýetleriñ üstünde i$ alyp barsa, ruh-da diñe haýyr ganatyna wekilçilik edýär we meleklerden kömek alyp bilýärdi. iblisiñ ýokarda aýdylyp geçilen aýatlarda beýan edilen wezipesini añladýan søzlerinden soñra, allatallah $eýle diýdi:
"git, olardan haýsysy saña uýsa, (onuñ) jezasy jähennemdir. Ine, size uly jeza! Olaryñ içinde güýjiñ ýetenini ýerinden sesiñ bilen gymyldat, atlylaryñ we pyýadalaryñ bilen olaryñ üstlerinden gopgun turuz. Özleriniñ mallaryna we çagalaryna ortak bol, olara (bo$ ýalan) wada üstüne wada ber..." ("isra" süresiniñ 64-64-nji aýatlary).
-
Yzganttm
12 years ago
bir wagyzda e$dipdim: $eýtan 7
sany ýumurtga guzlaýar, olaryn
hersiniñ ayratyn atlary, wezipeler
bolmaly. gabat gelsem yazaryn
jemka91 |
gaýrat ediñ dogan!
-
Yzganttm
12 years ago
("isra" süresiniñ 64-64-nji
aýatlary).
yzganttm |
63-64 bolmaly! Harp ýalñy$lyklary gitse bag$larsyñyzda!
-
Yzganttm
12 years ago
- "kuranda" iblis bilen allatagallahyñ arasyndaky bu gürrüñde$likden soñra, birdenkä, $eýtan bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. adam ata ilki ýaradylanda, oña sejde etmeýän, $ol sebäpli allahyñ rehmetinden kowlan we ynsanlary azdyrjakdygyny aýdan hem iblisdir. Emma, ynha, mundan soñra, ýagdaý birden üýtgeýär we bu üýtgän ýagdaý iki meseläni aýdyñla$dyrýar.
Ilki bilen-ä, munuñ täsin tarapy, iblis ynsanyñ köpeljekdigini we ýer ýüzünde belli bir möhlete çenli ýa$ajakdygyny (ähtimal) bilýändir. $eýle hem, iblis ynsanyñ ýoldan çykmaga meýilli bir barlykdygyny-da bilýändir. iblis ynsanyñ ejiz tarapyndan tutup, bätin azgynlygy bilen onuñ nebsini orta atjakdygyny, $eýlelik bilen, ýalñy$yp, meleklerden hem üstün bolan mertebesinden da$la$yp bir hala geçip biljekdigini we iñ soñunda-da ba$da ýa$ap ýören jennet durmu$yndan gaýdyp, kynçylyklardan doly dünýä durmu$yna geçjekdigini-de ("kuranda" muña "hubut", ýagny "dü$ü$" diýlip atlandyrylýar) bilýändir. Muña çenli aýdylanlara gørä, iblis-ä $eýtanlaryñ atasy hökmünde adam ata bolsa ynsanlaryñ atasy hökmünde synagdan geçirilendir. Mundan beýläk bolsa, ýagny, ýer ýüzündäki ýa$aý$yñ - synagyñ ba$lamagy bilen, iblis-ä $eýtan bolup adam ata-da ynsan høkmünde ýa$amaga ba$laýar.
-
Yzganttm
12 years ago
- "$eýtan" sözüniñ düýp manysy we gelip çyky$y barasynda birtopar garaýy$lar öñe sürlendir. "kamusyñ terjimesinde" (uly sözlik kitaby) "ulumsy, tekepbir we asy bolan jyn we ynsan" $ekilinde dü$ündirilýän "$eýtan" sözüniñ "habis" manysy bilenä "ibrany" kökli, "ynsandan üstün bir barlyk" manysy bilen-de yslamdan öñki döwürdäki arap kökli sözdendigi öñe sürlendir. Käbirleri bu sözüñ "uzakla$mak, da$la$mak" manysyny berýän "$e-ta-ne" i$liginiñ kökünden gelýändigini aýtsa, käbirleri-de "di$ gyjyrdatmak, ýakmak, harsy bilen ýanmak" manysynda "$a-ta-$e-ýe-ta" i$liginden gelip çykandygyny öñe sürýärler. allahdan uzak bolandygy we allaha gar$y çykandygy üçin, "uzakla$mak, gar$y çykmak" manysyndaky "$e-ta-ne"-den gelip çykandygyny öñe sürýänler, onuñ "rajym - da$lanan" bolmasynyñ hem öz garaýy$laryna delip bolup biljekdigini aýtýarlar. $eýtanyñ otdan ýaradylan bolmagy-da, ikinji garaý$y makullajak görnü$dedir.
-
Yzganttm
12 years ago
- Ýokarda belläp geçi$imiz ýaly, ynsan üçin synag ba$lanan soñ, oña aç-açan du$mançylyk eden, ony ýoldan çykarmaga, azdyrmaga çal$an, indi iblis däl-de $eýtandyr. $eýtan jennet durmu$ynda ýa$aýan adam ata ýakynla$yp, ony rahat, jennet durmu$yndan da$la$dyryp, azaply we güzaply durmu$a alyp barjak günä i$ etmeklige iterendir. allah adama ozaldan duýduryp, $eýtana gar$y:
"eý adam, bu seniñ we aýalyñ du$manydyr. Ägä boluñ, sizi jennetden çykaraýmasyn, soñra bagtsyz hala dü$ersiñiz" diýipdi ("taha" süresiniñ 117-nji aýaty).
emma ba$da-da belläp geçi$imiz ýaly, ynsanyñ aslynda bar bolan "hyrs", "tama", "kanagatsyzlyk" we "bakylyk islegi" ýaly bir topar meýiller, ony hemi$e allaha ysýan etdirip biljek häsiýetlerdir. Ynha, $eýtan ynsana onuñ bu ejiz tarapyndan ýakynla$yp, özüni "ebedilik agajyna we ýok bolmajak bir mülke - hökümdarlyga" alyp gitjekdigine ýalan wada berdi. Soñra-da "men siziñ diñe gowulygyñyzy isleýän" diýip ant içdi.
-
Yzganttm
12 years ago
- $eýlelik bilen, adam ata $eýtanyñ ilkinji $arpygyna duçar boldy we özüni jennetden çykarjak derejedäki günä i$i etdi. $eýlelik bilen, onuñ özüni meleklerden-de üstün eden aýratynlygynyñ üsti örtildi. ... $o barmana, özüniñ utanjak uýat ýerleriniñ ä$gär bolandygyny gördi we kynçylyklardan doly bu dünýä durmu$yna zyñyldy.
adam ata bilen $eýtanyñ bu ilkinji gabatla$masynyñ (du$u$ugynyñ) ýüze çykaran anyk bir hakykaty bardyr. Ol hem ynsana dünýä durmu$ynyñ kynçylyklaryny, külpetlerini datdyran günäleridir. Ýagny, onuñ gamgyn hala dü$megi-hä günä etmegi we allaha ysýan etmegi sebäpli, bagtly ýa$amagy bolsa, $eýtana uýmazlygy sebäpli hasyl bolýandyr. adam ata gadagan edilen miweden iýmek bilen, özüne berlen ylym-bilmiñ gözba$y, isimleriñ nury... Bolan ruhunyñ garalanandygyny we nefsi emmaresiniñ (ynsany erbetlige itekleýän nebis) bütin azgynlygy bilen orta çykandygyny görendir. Diýmek, her bir günä ruhuñ $öhlelerinden bir ülü$ini öçürýändir. Günäñ içine dur$una çümenlerin bolsa, ruhlary garalyp, kalplary kömre, da$a öwrülýändir.
(dowamy bar "ertir"
-
lukmantm
12 years ago
- Gaytalap gaytalap okadym
kop sagbol yzgant aga !
"sen palin azypdyr, yogsa pali azana dushmazdyn" (bir kitapdara okapdym)
azgyncylykdan ozin goraweri ey RESULALLA !!!!!
Sheýtandan dashlashmak ucin biz näme etmeli ?
-
Yzganttm
12 years ago
- dowamy...
ondan soñra ynsan nesliniñ ýer ýer ýüzündäki synagy we mu$akgatly durmu$y ba$lanýar. $eýtan bolsa, hiç wagt onuñ yzyndan galmaýar. Emma $eýtan ynsany nähili aldaýar? ynsanyñ sagyndan, solundan, öñünden we ýeñsesinden nädip gelýär? Bu soraglara kän bir jikme-jik giri$mezden kuran aýatlarynyñ esasynda gysgajyk göz aýlalyñ.
$eýtan py$yrdar, adamyñ içine dowamly wehim, dowul salar, bo$ hyýallar, $übheler eker. Ony hiç sypdyrmaz we her bir haýyrly i$den alyp galmaga, her bir $erli i$e-de iteklemäge çal$ar. $eýtanyñ py$yrdamasy - bu $eýtanyñ wahýydyr.
$eýtan, baý bolup, zekat bermeli, haýyr-sogap etmeli adamlara: "bermäñ, garyp dü$ersiñiz" diýer, üstesine-de mallaryny üý$ürdip: "bir gün döwri geler" diýip, zat toplap, gizläp ýörmegi ýa-da sowsa-da, haram, ýaman zatlara, bet i$lere sowmagyny, netijede, haýyr-sogaplardan galyp, gaýta günälere, derdi belalara... Dü$megini... Ündär, öwüt berer. ("bakara" süresiniñ 268-nji aýaty).
-
Yzganttm
12 years ago
- $eýtanyñ bu öwüdine aldananlar:
"allahyñ haladygy takdyrda doýurjak kimselerine biz iýdirmelimi?" diýerler we mallaryndan allah ýolunda bir teññe-de sarp etmek islemezler. ("ýäsiýn" süresiniñ 47-nji aýaty).
$eýtan ynsanlara her dürli ahlaksyzlygy emr eder. ("bakara" süresiniñ 268-nji aýaty). olary içgä, humara, pal atmaga, allah ryzasyndan da$gary i$leri etmäge, allahdan ba$ga bir zatlardan (meselem, alaja, gözmonjykdan, öwülýäden, guburdan, ýüzärlikden, (käbir øýlere barañda kalo$, dagdan agaç diýdi bolar bolgusuz) ... Red.) medet, pena dilemäge, haraý islemäge (hatda firaun kibi bethalary döretmäge...) we $eýlelikde, ba$ga zatlaryñ öñünde ba$ egmäge çagyrar. Älemdäki we ynsan durmu$yndaky hadyslary, hamala, öz-özünden bolaýan birtopar tebigy hadyslara, "gara$syz" kanunlara "gara$syz" sebäplere baglar we ynsanlary oña ynandyrar. ("maide" süresiniñ 90-njy aýaty).
-
Yzganttm
12 years ago
- $eýlelik bilen, olara allahy unutdyrar, humar bilen, içgi bilen, lotereýa we sprintler bilen ynsanlary halal, döredijilikli zähmet çekmekden alyp galmak bilen birlikde, olaryñ aralaryna du$mançylyk we göriplik tohumlaryny seper. ("maide" süresiniñ 91-nji aýaty).
munuñ netijesinde, ynsanlar bir-birlerini oldürip, bir-biriniñ ganlaryna galarlar, ojaklar ýykylar, diñmejek kine we du$mançylyklar dörär.
$eýtan ynsanlary nähek i$leri etmäge iterer. Olara ba$ga ki$ileriñ haklaryna göz dikdirer. Munuñ netijesinde, zorly we hilegärler ba$ga ki$ileriñ haklaryna el urarlar. $oñra, bu hereketlerini dogry görkezmek üçin, kada getirerler... $eýdip, ýer ýüzünde allahyñ dininden gaýry din, hak jezalandyrmasyndan gaýry jezalandyrma, hak tagtyndan gaýry tagt, hak go$unlaryndan ba$ga go$un emele geler... Bu hem kuranyñ beýan edi$ine görä, many-mazmuny ýer ýüzüni zeleýän bozgaklyklar we pitnelerdir. $eýtanyñ emrlerini ýerine ýetirenlere allah "$eýtanyñ ýaranlary" diýer. Olar ýer ýüzünde allahyñ dälde, $eýtanyñ hökümlerini ýörederler. $unlukda, $eýtan ýaranlarynyñ dinlerine tabyn bolmak mejburynda galanlara gorky sanjar, olary allah gorkusyndan uzakla$dyrar we ýaranlaryndan gorkmagy allah gorkusynyñ ýerine goýar ("a'li imran" süresiniñ 175-nji aýaty).
-
Yzganttm
12 years ago
- Munuñ netijesinde, $eýtanyñ ýaranlary bilen söwe$mek emr edilse-de, ynsanlar olar bilen söwe$mezler ("nisa" süresiniñ 76-njy aýaty).
$eýtan ynsanlara allahy ýat etmegi we onuñ iberen kitabynyñ yzyndan gitmegi unutdyrar. ("ýusuf" süresiniñ 42-nji aýaty).
ynsanlara galp, soñy bo$, dogrysy, hesretli wadalar berer, emma ol wadalar aldamakdan ba$ga bir zat däldir.
Aslynda $eýtanyñ ynsanlara kän bir hökümi ýokdyr, onuñ hilesi ejizdir ("nisa" süresiniñ 76-njy aýaty).
ahyrýetde hasap soralan wagty, $eýtan aldadan ki$ilerinden gaçar we: "hökmany, allah size hak wadasyny etdi, me hem size wada etdim, emma men wadamdan dändim. (çünki) meniñ güýjüm ýokdy, diñe sizi çagyrdym, siz-de çakylygyma eñdiñiz. $onuñ üçinde, meni ýañsa almañ-da, öz-özüñizi ýañsa alyñ! Ne-hä men sizi halas ederin, ne-de siz meni! Eýsem, men ozoldan özümi (allaha) $ärik hasaplañ diýmändim. Dogrysy, azgynlar, zalymlar üçin ajy bir azap bardyr" diýjekdir ("ibrahim" süresiniñ 22-nji aýaty).
-
Yzganttm
12 years ago
- Gör$üñiz ýaly, $eýtan ynsandan has ejizdir we ynsana höküm etmäge kän güýji ýokdyr. Ýöne haýu-höweslerine, bedeni isleglerine gul bolan ynsanlaryñ özleri añsatlyk bilen $eýtanyñ beren wadasynyñ yzyna dü$üp giderler. Hiç pikir etmezden, jylawlaryny $eýtanyñ eline berip, onuñ wada eden, hezil, $agalañly dünýälerini kellesiniñ gyzgynyna, hakykatdan-da, gowy zatlar kibi we hakyky hemi$e ýa$aljak ýerler kibi diýip, çümüp giderler. Aslynda, $eýtanyñ ýerleri çöp-çalamlyklar we hapalyklardyr, humarhanalar, hu$uñy alyjy öýler, allahyñ haram eden merkezleri we her hili azgynlyklarydyr. $ol sebäpden, iýjek zatlarynyñ allah ryzasyndan da$gary zatlar boljakdygy, iýýän etleriniñ butlar üçin ýa $uña meñze$ meýillerde kesilen mallaryñ etleridigi, $uña meñze$ zatlara sarp edilen mallardygy, içjek zatlaryñ $erap, güýmenjesiniñ gadan edilen oýunlar we sazlardygy, meslekde$leriniñ bolsa, serho$lardygy aýdylandyr.
-
akylym1989
12 years ago
- sag boluñ yzgant agza ýene-de paýlashyp duryñ.
-
Yzganttm
12 years ago
- En$allah
-
Tourist
12 years ago
- Minnetdar , allah razy bolsun
-
globus
12 years ago
- Düzedish"azgyncylykdan goraveri ey biribar"
Yzganttm 12 years ago- Dowamy bar telefondan açmaly bolansoñ bölek bölek ýazmaly bolýar!:-)