Ýadawlykdan egbarlan ene, bazardan satyn alan zatlaryny aşhana eltipdi. Edil şol halatam sekiz ýaşly ogly jigisiniň eden etmişini şugullamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. - Eje! Men daşarda oýnap ýörkäm, kakam telefonda gürleşip otyrka, jigim reňkli galamlary alyp diwary çyzypdyr. Onda-da täze oboýly myhman jaýymyza. Ejesi gahardan ýaňa ýüzüni kürşerdip: - Hany, jigiň? Derrew çagyr- diýip, gygyrdy. Ejesi elindäki zatlaryň ählisini ýerleşdireninden soň, kiçi oglunyň hemişe gizlenýän şkafyny barlamaga gitdi. Ol gahary gelen wagty ogullarynyň adyny hem-de atasynyň adyny bilelikde tutup çagyrardy. Çagajyk ejesiniň sesini eşidip gorkudan ýaňa tisginip gitdi. Ol häzir ejesiniň gelip mazalyja temmi berjegini bilýärdi. Ejesi kiçi ogluna ýarym sagat ýaly, diwara ýelmenen kagyzlaryň gymmatyny we şony almak üçin çeken azaplaryny sanady. Emma gahary ýatyşyberenokdy. Ol ogluna şol käýýäp ýörşine, wakaň bolan ýerine bardy. Otaga gireninde onuň gözleriniň owasy ýaşdan doldy. Diwara çekilen ullakan ýüregiň ortasynda “Eje, jan. Men seni dünýädäki hemme zatdan eý görýärin” diýip ýazylgydy.
Diwardaky hat
-
sawyer
12 years ago
- Bäh, täsin, oýlandyryjy hekaýa eken.
-
handsome1
12 years ago
- virmenaard gowy mowzuklary achyanay dos, tuweleme, kop bolsun yzy :-)
-
virmenaard
12 years ago
- sagja bol krasavchik1
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol awtor. Manyly tema eken. Şunuň ýaly temalary paýlaşyp dur.
-
akylym1989
12 years ago
- gowja yazylypdyr.
-
idealman92
12 years ago
- çaga çaga bolýa-da:)
-
Makestm
12 years ago
- Gowy mowzuk sagbol dost yende yetirip dur
-
Yegen
12 years ago
- Nasha Rashada bara, Sobçagyn million dollarlyk kartinkasyna "nasaynika gomno, gomno" diyip yazyalara
Awtor sag bol, manyly mowzuk eken
virmenaard 12 years ago- indi cykdy