Zakaspi Oblastynyñ döredilmegi, Türkmenleriñ täze düzgündäki hal-ýagdaýy 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanvarynda Gökdepe galasy basylyp alnandan 5 aý soñra şol ýlyñ 18-nji maýynda Türkmen toparagynyñ Orsýete emperýasyýana birikdirilmegi barasyndaky rus patyşasynyñ permany jar ediýär: «Biziñ goşunymyz tarapyndan basylyp alnan Türkmen topragynyñ emperiýa birikdirilmegini köp peýdaly hasaplaýaryn, ol Zakaspi kenarynyñ asudalygy üçin ähmiýetli. Şoña görä höküme edýärin: Kapsy ýakasynda «Zakaspi» diýen täze oblast döredip, ony Kavkaz harby komandyrlygy astynda dolandyrmaly. Täze oblastyñ ähli işleri, Kavkazdaky harby komandyryly tarapyndan ýöredilmeli, täze oblastyñ goşuny, Kavkazyñ harby birliginiñ astynda hereket etmeli. Kavkaz, täze oblastyñ hökümet düzümini-de kesgiýlär...» Şeýlelik bilen geljekgi Türkmen döwletiniñ, Türkmenistanyñ düýbi tutulýar we oña «Zakaspi» (Kaspiniñ añyrsynda» diýen at berilýär. Türkmenistanyñ görnükli taryhçysy merhum prof. Ata Rejepovyñ ýazmagyna görä 1874-nji ýylda Ýomutlar Orsýete birikdirlenden soñ Şagadam/Krasnovodsk we Mañgyşlak sebitlerinden ybarat Zakaspi harby bilimi döredilýär, ol iki sany häkimlikden– Mañgyşlak we Krasnovodskdan ybarat bolup, Kavkaz goşunynyñ baş kamandyýuşisine tabyn edildipdir. 1882-nji ýylyñ 10-nynjy iýunynda patyşa tarapyndan tassyklanan düzgünnama laýyklykda Ahal-Teke sebti-de Zakaspa girizilýär we oblastyñ merkezi Aşgabat diýlip yglan edilýär. 1890-njy ýylda patyşa tarapyndan tassyklanan «wagtlaýyn düzgünnama» esasynda Zakaspi oblasty Kavkaz okrugynyñ garamagyndan bölünip aýrylýar. Orsýetiñ beýleki oblastlaryndan tapawutlanyp, Zakaspi oblasty we Türküstan ülkesi umumydolandyryş tertibinde gös-göni Harby ministerleriñ garamagyna berilýär. Oblast täze administrativ gurluşa eýe bolýar. Ol bäş ilden: Mañgyşlak, Krasnovodsk, Aşgabat, Tejen we Mary ybaratdy. Patyşanyñ senaty 1897-nji ýylyñ 26-njy dekabryndaky permany boýunça Zakaspi oblasty administrativ taýdan Türküstan general-gubernatorlygynyñ hataryna birikdirildi. Harby taýdan bolsa Türküstan harby okrugyna tabyýn edildi. Şonlukda Türkmenleriñ ýene-de üç ülkede ýagny Zakaspi oblastynda, Hywa hanlygynda we Buhara emirliginde bölünip galamagy dowam etdi. Patyşanyñ 1890-nynjy ýylda çykaran «Wagtlaýyn düzgünnama» laýyklykda Zakaspy oblastyny dolandyrmak oblastyñ naçalnigine berilýär. Şol ýerde ýerleşýän goşun oña tabyýn edilýär. Naçalnik hemme babatda oblasty bir özi dolandyrýardy, ol grajdan we harby häkimiýeti öz elinde jemläp, iýlatyñ üstünde ägirt uly hukuga eýedi diýip, Ata Rejepov ýazýar. Zakaspiniñ dürli ýerlerinde Volostnoýlar we Pristavlar halka höküm sürýärdiler. Britan sYýahatçysy Henri Moseriñ ýazmagyna görä Türkmen topragyny baslyp alynandan soñra şeýle-de demirýolyñ gelip ýetmegi bilen, Ruslar öz pozisýalaryny berkitmäge çalyşýarlar. Zakaspiniñ täze hökümetini öz islediklerine görä dolandyrýarlar. Türkmenleri, orsýetiñ haryýt mallaryna dañyp goýmak üçin, topar-topar haryýt mallar getirilýär. Orsýet bilen söwdanyñ ösmegi üçin täze düzülýäñ kanunlary-da bu ugra gönükdirýärler. Esasy mesele bu ýerde täze gelýän ruslaryñ howpsuzlygyny üpjin etmek bolup durýar. Ýöne muña garamazdan Britan syýahatçylarynyñ-da tassyýklmalaryna görä, gelmişekler elmydama Türkmenleriñ baş götermeginden howatyýr edipdirler. Ruslar Zakaspide asudalygy diñe öz goşunlary bilen däl-de eýsem, goşunyñ hataryna alnan Türkmen jigitleri bilen üpjin edip başlaýarlar. Şol esasda Türkmenlerden ybarat «ýörite atly topary/Teke polky» döredilýär. Gatnawlaryñ asudalygy rus söwdügärleri üçin gaty ähmiýetlidi. Ýene bir esasy mesele, Türkmenleri täze düzgünde ýaşamagy gazanmak we ruslaryñ däp-dessurlaryna boýun bolmak bolýar. Şol esasda 1894-nji ýylyñ ýanvarynda Türkmen han-begleriniñ gatnaşmagynda indi ruslaryñ täze merkezine aýlanan Aşgabatda maslahat geçirilýär. Bu tagalalaryñ ählisi, Türkmen topragyny rus kloniýallary üçin amatly meýdana öwürmek, orsýetiñ fabrik, zavodlaryna çiýg mal öndürmek üçindi. Şol ýyllar topar-topar ruslar Türkmen topragyna göçürlip getirilýär we täze-täze kloniýalar döredilýär. Täze düzgün-nyzamda ýene-de Türkmenlere orun berilmeýärdi, hemme işleri Ruslar we göçürlip getirilen başga milletleriñ wekilleri dolandyrýardy, Türkmenler bolsa işçi hökmünde olaryñ gullugyndady. Britan ofiseri pod polkovnik Ýeitiñ 1894-nji ýylda: «Ruslar, Türkmenleriñ añ-düşünjelerini ösdürmäge geregiñ ýokdugyna ynanýarlar» diýýär. Ol Hindistanda, Britan kloniýalizmi, ýerli Hindi halkynyñ dürli kolej we ýokary mekdeplerde okmaga mümkinçilik berip, ruslaryñ bu baradaky syýasatyny İnglis basybaljylary bilen deñeşdirýär. Gümrük, potça, demirýol, telegrafhana we beýleki edaralaryñ ählisini Ruslar dolandyrýardylar, Türkmenlere ol ýerlerde işlemäge asla ýol bermeýärdiler diýip, ak patyşanyñ KADET harby mekdebi tamamlan, Türkmenleriñ görnükli intellegentsiýa wekil Han Ýomut/Ýomudski-de ýörite belleýär. Täze ýola goýulýan mekdeplerde esasy mesele, rus medeniýetiniñ, däp-dessurynyñ bir söz bilen aýdylanda «beýik halkdygyny» görkezmek we olary, ýaş Türkmenleriñ añyna guýmakdy. Aýry tarapdan beýik döwlet şaunizimini ýöretmek üçin, Türkmenlere öz däp-dessurlaryny unutdyrmakdy. 20-nji asryñ başynda Türkmen topragy avtonom häkimiýeti esasynda dolandyrylýardy. Orsýet patyşysanyñ kontrolunda bolan bu administratsiniñ merkezi Aşgabat bolup, Ahal, Etek, Tejen, Murgap ýaly oazislary öz içine aýlardy. Şol döwüre çenli Çarjewdäki we Kerkidäki Ärsarylary Buhara emirliginiñ, Daşoguz, Ýylanly we onuñ töweregi, Hywa hanlygynyñ golastynda ýaşaýardylar. Mary, Aşgabat, Tejen, Şagadam we Müñgyşlak bolsa başda Zakaspiniñ hataryna girizildi. 1890-nynjy ýylda Zakaspi oblasty, Kavkazyñ harby komdyrlygyndan alnyp, gönünden-göni Orsýetiñ harby ministerliginiñ garamagyna berilýär, 1897-nji ýylyñ 26-njy dekabrynda bolsa «Türküstan oblastlaryñ» düzümüne girizilen Z.Kaspi, Daşkendäki rus harby komandiriligi tarapyndan dolandyrlyp başlanýar 1880-nji ýylda başlanyp, 1898-nji ýylda gurulşygy tamamlanan Zakaspi demirýolyñ gyrasyndaky Şagadam, Gyzylarabat, Aşgabat, Kaka, Duşak, Tejen, Mary, Baramaly, Ýolöten, Tagtabazar, Çärjew şäherçelere öwrüldiler, ol ýerde uly söwda merkezleri we bazarlar rowaçlandy. 1905-nji ýylda Zakaspiniñ demirýolunda bäş müñden gowrak işçi işleýärdi. Demirýolçylaryñ uly merkezi Gyzylarbatdady, soñraky döwürde bu ýerde Orsýet patyşasyna garşy güýçli gozgalañlar, ilkinji revelutsiýon hereketler başlandy. Zakaspida dura-bara pagtany gaýtadan işleýiş, ýag, gämiçilik we çaphana ýaly kiçi gerimli senagat merkezleri açylyp ugrady. Bu ýagdaý Türkmenleriñ ykdysady we sosýal durmuşyny täsir edip, göçüp, gonup ýören çarwalaryñ aglabasynyñ otrumly bolmagyna alyp geldi. Ýer-su, ýaýlym üstündäki tire-taýpa dawalaryñ azalmagyna sebäp boldy. Ekerançylyk, maldarçylyk, dokma-egirme pudaklary dura-bara ösýärdi. Elbetde bularyñ ösmegine sebäp boýlan mesele ýangy rus kloniýalizmine gerek boýlan çiýg mal fktoryny-da unutmaly däldiris. Mysal üçin Orsýet patyşasy Alksander YY-njynyñ 1887-njy ýylyñ augustindäki permanyna laýyklykda, ýörite pagta öndürmek maksady bilen Murgapda «Patyşa emlägi» diýen ýer-mülk döredilýär. Bu ýerleriñ kontroly bolsa, Gökdepede gyrgynçylygyna gatnaşan pod polkovnik N.A.Lutensa berilýär. Z.Kaspiniñ ilkinji gubernatory bolsa Marynyñ boýun egdirilmeginde esasy rol oýnan Kamarov bolupdy... ...

Köneler, turkmenntug tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir