Ýöre, durma, gowşama, bolmanda hool çüňke ýet, öwrül şondan sagyňa, a biraz soň çepe git... Ýöre, durma, gymylda, kyn bolsa gitmek eňip, emma dönme yzyňa, ýadan bolsaň al demiň. Ýöre, durma, ýaýdanma, gidiberseň ýolugra görersiň köp adamy, käte ýadadar gowry, galmagaly illeriň. Ýöne gidiber durman, berk guşa-da billeriň. Ýoldur, çilim çeken bor, ýa-da bolar nas atan; Kä duşar serhoş, saňsar, tirýek, heroin satan... Ýöre, durma, gidiber, görersiň her haýsysyn, iki-ýeke il gaýgyr, köp eder öz gaýgysyn. Biri bolar beýleräk, biri bolar eýleräk, gidiberseň gygyrlar yzyňdan bolup heläk. Emma durma, eglenme, bol sen özüňe görä; Bu bir uzak ýol örän, ýeňersiň diňe ýöräp...
ÝÖRE, DURMA...
-
Abadan
14 years ago
- emma durma, eglenme,
bol sen özüňe görä;
bu bir uzak ýol örän,
ýeňersiň diňe ýöräp...
dogry aydylan dine yörap,hereket edip yenersin.
-
sahett
14 years ago
- dogry manyly gosgy
-
Tourist
14 years ago
biri bolar beýleräk,
biri bolar eýleräk,
gidiberseň gygyrlar
yzyňdan bolup heläk.
emma durma, eglenme,
bol sen özüňe görä;
bu bir uzak ýol örän,
ýeňersiň diňe ýöräp...
gaty gowy setirler sagja bol dost paýla$anyña!
-
Kuraldyshy
14 years ago
- s-a-g-j-a b.o.l r/u/h/a/b/a/t------>
-
enesh91
14 years ago
- bolya durman yoraris
-
Ayyuzli
14 years ago
- Tanryyalkasyn Ruhabat!
-
littil
14 years ago
- ruhabat gaty manyly gowy goşgy. sposiba saňa.
-
littil
14 years ago
- ruhabat gaty manyly gowy goşgy. sposiba saňa.
-
vesna87
14 years ago
- gaty gowy goshgy.
-
turkmenntug
14 years ago
- gaty govy goshgy.hic galyba dykylmadyk,manyly,agramly goshgy!sagja bol Ruhabat dost!
yha 14 years ago- dogry aydyan !bu yolda durmaly dal .dine one! Gowuja sozler manyly.nireden aldyn?