Armanym ýok
…Armanym ýok söýüp bilsem barlygy EJEMIŇ AGLAN GÜNI SAWÇY WEZIPE WE «DOSTLAR» (1667–1745ý.) (1749–1832 ý.) (1564–1616 ý.) (1547–1616 ý.) KLASDAŞ KÖL ÝAKASYNDAKY OBA Ýolbars Boýuňa döneýin ASUDA GÜN ATDAŞLAR Sözüm bar saňa Diliň derdinden ENELER Meýdan ýoluksa BU DERDI Biwepalardan
Hem söýülip bilsem söýşüme görä!
…Gazansam özüme ýeten abraýy
Özgelere hormat goýşuma görä!
…Armanym ýok aýamasam barymy
Ilime-günüme gerek mahalym
…Duýup bilsem özge ýürek zaryny
Eksem şol ýürekde umyt nahalyn!
…Bilinmese ýüregimden syzdyryp
EJEMIŇ AGLAN GÜNI hekaýa awtory Kakamyrat Ataýew
Hekaýa
Kakamyň ejemden başga-da aýaly bar ekeni. Obada. Baýak bir gün adaty bolşy ýaly, galmagal edenlerinde
ejem kakama ýüzlenip:
– Bolman seň ol sygyr ýaly symyşlap ýatan heleýiňden zat artýarmy? – diýdi.
Men surat çekip ýatan ýerimden assyrynlyk bilen kakama seretdim. Ol a...
SAWÇY hekaýa
Hekaýa
Öwez aýaly bilen ýüzüni garaňka tutup, ýat oba sawçylyga gitdi.
– Gyýw, baraňsoň mysapyrsyrap oturmagyn, bolrak geplegin, bolrak – diýip, aýaly Aýnabat ýolda öwüt berdi. – Bu zamanyň adamsy eli ýukaň ýüzüne seretmez, nämeligiňi bildirme-de, aş gatyklaber agzyňda. Senden hasabat soraj...
WEZIPE WE «DOSTLAR»
Işjeňdi ol, gujur bardy bedende,
Tegelände ýaňy kyrkyň onuny,
Wezipä bellejek diýdiler ony—
Täzeledi penjegini donuny.
Tanamdadyksyrap ýörenler ozal,
Gelip başladylar oňa «salama».
«Ol ulaljak» diýip myş-myş ýarýandan,
Olar ony gutlap ýazdylar nama.
<...
Jonatan Swift barada
Jonatan Swift 1667-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Irlandiýanyň Dublin şäherinde eneden dogulýar. Swiftiň kakasy ýaş aradan çykypdyr. Şoňa görä-de Swiftiň maşgalasyna onuň daýysy Godwin Swift kömek edipdir. Jonatan Swift ilki başlangyç mekdebi, soňra koleji gutarypdyr. Okuwyny tamamlan Swift lord Wilýam Templiň kitaphanasyn...
Iogann Wolfgang Gýote barada
Gýotäniň ýaşan döwrüniň käbir aýratynlyklary. Beýik nemes şahyry Gýote XVIII asyryň soňunda XIX asyryň başynda ýaşap geçen şahyrdyr. Onuň ýaşan döwründe Ýewropanyň, Germaniýanyň durmuşyna täsir eden birnäçe syýasy wakalar bolup geçipdir. Angliýada XVII asyrda bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy ýurtda deňagramly, patyşa...
Wilýam Şekspir barada
Wilýam Şekspiriň eserlerinde Täzeden Döreýiş döwrüniň iň wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr.
Wilýam Şekspiriň geçen durmuş ýoly örän gyzykly we entegem ol syrlaryň köpüsiniň üsti açylman gelýär. Sebäbi Şekspiriň durmuşy baradaky resminamalaryň, maglumatlaryň wagtyň geçmegi bilen ýitip azalmagy onuň döredijil...
Migel de Serwantes Saawedra barada
Ispan edebiýatynda roman žanrynyň güýçli ösmegi Serwantesiň döredijiligine duýarlykly täsir edýär. Serwantes Täzeden Döreýiş döwrüniň iň bir görnükli wekilidir. Ol Madridiň golaýynda ýerleşen Alkala de Enares diýen uly bolmadyk şäherde dworýan, ýagny idalgo1 toparyna degişli maşgalada eneden dogulýar. Onuň kakasy garyp...
KLASDAŞ
On bäşimde oýun etdim ot bilen—
SÖÝGI atly ýalyn bilen, klasdaş,
Geçen günler bu gün bize ýat bolan,
Ýatlamalar ýalan bolan, klasdaş.
Garaňy görmesem, teý durup bilmän,
Ýüregiň ahyny goýduryp bilmän,
Bu ahwaly, saňa duýduryp bilmän,
Diýip bilmän dilim bilen, klasdaş
KÖL ÝAKASYNDAKY OBA hekaýa
Aleksandr Bragine
Biz tirkeşdip on-on bäş öýli kiçijik obajyga gelip giren wagtymyz gün ýaňy ilerik agyp ugrapdy. Sowujak şemal
öwsüp ýaňy boýugyp ugran otlaryň ýüzüni daraklap geçýärdi. Moskwada häzir agaçlar ýaprak ýazmaga ýetişen hem bolsa ondan ýüzlerçe menzil demirgazykda ýerleşen...
Ýolbars hekaýa
(Hekaýa)
Tomsuň yssysy heniz beýle bir ýakyp baranokdy. Gaýta öz ýylysy bilen jana
ýakymly ýalydy. Atamyrat aga tutudyň kölegesine keçe atyndy. Öýden
agtyjaklaryndan biri çyksa, ýassygam aldyrjakdy. Emma olardan hiçisi görnenoky.
Özi alyp çyksa-da boljakdy welin, bir oturansoň turasy gelmedi. „Hany çyka...
Boýuňa döneýin
Sähra degresinde duran gül kamar,
Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!
Söz sözläňde katra-katra bal damar,
Ak ýüzüňde hal, boýuňa döneýin.
Meniň işim keçdir, şowuna düşmez,
Özge bilen hergiz sulhum alyşmaz,
Mal bereýin diýsem, küştüm ýetişmez.
Mende ýokdur mal, boýuňa...
Asuda gün hekaýa
(Hekaýa)
Bu günki howaň ýüzi göwnaçyk, mylaýym adamyň ýüzüne meňzeýärdi. Ol günüň
gününe beýle bolup durmaýardy. Yssy tomusdan soň güýz bilen gelen salkynlyk,
mylaýym ösýän şemal özüne bendi edip barýar. Gyzgylt sary öwüsýän ýapraklar
ýumşak şemala şahalardan peýwagtyna, parahat, hersi öz nobatynda ga...
Atdaşlar hekaýa
(Hekaýa)
Myratly oglanka aýlawa kän gelerdi. Şeýle bir aty, aýlawy gowy görerdi, esli wagt
çapyksuwar bolmagyň arzuwynda-da gezdi. Athana-da baryp gördi. Emma
çapyksuwar bolardan boýy uzyn geldi. Soň mekdebi tamamlap, daşary ýurda
okuwa gitdi. Şol ýerlerde-de, bir gezek, baran ýurdunyň...
Sözüm bar saňa
Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!
Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar s...
Diliň derdinden
Aşygam, saklana bilmen
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen
Gyrmyzy gülüň derdinden.
Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.
Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýol...
Eneler (hekaýa)
(Hekaýa)
„Eneler jomartdyr, giňdir eneler...”
Gurbannazar Ezizow.
Bu waka 1950-nji ýyllaryň wakasy. Ony maňa Daňatar agaň özi gürrüň berdi...
Tuwak ejäň gelni Amansoltanyň ýene aýagy agyrdy. Ilki ilkijesi, soň ikinjisem
durmansoň üçünji bäbejigiň dünýä injek güni ýakynlaşdygyça içerd...
Meýdan ýoluksa
Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa;
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.
Ýigit bardyr, sözün tapmaz süýrüder,
Ýigit bardyr, demi daşlar erider,
Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar,
Goç ýigidiň aty ça...
Bu derdi
Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.
Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar eräp, çeke bil...
Biwepalardan
Gözläp köňül berme biwepalarga,
Bak, kim wepa görmüş biwepalardan!
Goýma özüň ýersiz bet jepalarga,
Kim bähre tapypdyr bu jepalardan!
Yşkyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan,
Serişdäň kem bolsa yşkyň işinden,
Bar, habar al gören mübtela...