(1667–1745ý.)
Jonatan Swift 1667-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Irlandiýanyň Dublin şäherinde eneden dogulýar. Swiftiň kakasy ýaş aradan çykypdyr. Şoňa görä-de Swiftiň maşgalasyna onuň daýysy Godwin Swift kömek edipdir. Jonatan Swift ilki başlangyç mekdebi, soňra koleji gutarypdyr. Okuwyny tamamlan Swift lord Wilýam Templiň kitaphanasyndaky kitaplary köp okaýar.
Şol döwürde J. Swift özüniň «Kitaplaryň urşy» (1687 ý.) atly ilkinji tankydy häsiýetli kitapçasyny ýazypdyr.
Bu kitapça, esasan, fransuz ýazyjysy Şarl Perronyň antik edebiýatyna häzirki zaman edebiýatyny garşy goýup ýazan makalasyna jogap hökmünde ýazylypdyr. Eserde Swift antik edebiýatynyň ähmiýetiniň uludygyny, täze we gadymy edebiýatyň gerekdigi barada öz pikirlerini beýan edipdir.
Swiftiň edebiýatçy hökmünde tanalmagyna onuň «Çelek barada erteki» (1704 ý.) atly pamfletiniň1 çap edilmegi sebäp bolýar. Bu pamfletiň manysyny Swiftiň özi şeýle düşündirýär: «...gadym döwürlerde kit awlaýjy deňizçiler deňizde kitiň ünsüni gämiden sowmak üçin suwa boş çelek taşlaýan ekenler. Ine, şu rowaýatdan ugur alsaň, bu eserde gämi döwletiň nyşany bolsa, çelek dini, kit bolsa halky aňladýar. Swiftiň ýazmagyna görä, hristian dinindäki dürli akymlaryň özara göreşi halkyň wajyp meselelerden ünsüni sowýar. Pamflet-de hristian dininiň kotolik, lýuterançylyk, kalwinizm ýaly ugurlara bölünişi, Pýotr, Martin, Jek atly üç sany doganlaryň keşpleriniň üsti bilen görkezilýär. Bu eserde dini temadan başga-da iňlis halkynyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredilip geçilýär.
Jonatan Swiftiň tankydy hasiýeti pamfletlerden başga ýazan iri eserleriniň iň meşhury «Gulliweriň syýahatlary» (1726ý.) atly romandyr.
1726-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda beýik iňlis ýazyjysy Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahatlary» romany neşir edilende, kitap okamagy gowy görýän ähli adamlar, çagalar bu romany höwes bilen okapdyrlar. Sebäbi ondan öňem syýahatlar barada birnäçe romanlar ýazylanam bolsa, bu kitapdaky kapitan, gämi lukmany Gulliweriň baran täsin ýurtlary, onuň gören‑eşiden zatlary şondan öň hiç bir eserde beýan edilmändir. Gulliweriň aýagyna dyrmaşyp çykýan kiçijik adamlar, oýnawaç ýaly kiçijik goýunlar, sygyrlar, uçup gezýän ada, gepleýän atlar, maýmyna meňzeş adamlar her bir okyjyny özüne çekipdir, şeýle zatlaryň bolup biläýjegi barada berk ynam döredipdir. Sebäbi ussat ýazyjy romanda ähli wakalary, adamlary, olary gurşaýan zatlary örän ynandyryjylykly çintgäp beýan edýär. Onuň üstesine-de Gulliwer örän batyr we adamkärçilikli, rehimdar adam. Ol hiç kimi öldürjek bolmaýar, hiç kimiň göwnüne degmeýär. Tersine, ol her bir baran ýurdundaky adamlaryň dilini öwrenjek bolýar. Sebäbi onuň bar maksady dünýäniň täsin hadysalaryny we ajaýyplyklaryny öwrenmek bolup durýar. Gulliwer syýahat etmegi gowy görýär. Şonuň üçin ol heniz mekdepde okaýan wagtlary kakasynyň iberýän pullarynyň hemmesini diýen ýaly deňiz kartalaryny we çet ýurtlar hakyndaky kitaplary almaga harç edipdir. Ol geografiýany hem matematikany jan edip öwrenipdir, çünki bu ylymlar deňizçiler üçin örän zerur bolupdyr.
Käri boýunça lukman, soňra birnäçe gämileriň kapitany bolan Gulliwer dört gezek dürli ýurtlara syýahat edýär. «Gulliweriň syýahatlary» atly roman Defonyň «Robinzon Kruzonyň başdan geçirenleri» (1719ý.) atly romanyndan tapawutlydyr. Çünki Defonyň täze jemgyýete bolan ynamy güýçli bolupdyr. Ol «Robinzon Kruzo» romanynda iňlis jemgyýetiniň gurluşyny, kemçiliklerini tankyt etmeýär. Ynsan ruhunyň belentligini wasp edýär. Emma Jonatan Swiftiň romanynda jemgyýetiň gurluşy, adamlaryň ýaramaz gylyk-häsiýetleri tankyt edilýär.
Swiftiň bu romanynda wakalar dört sany täsin alys ýurtlarda bolup geçýär. Şonuň üçin roman dört bölekden durýar. Gulliwer ilki liliputlaryň, ýagny kiçijik adamlaryň, soň äpet adamlaryň, üçünji kitapda Laputu, Balnibarbi, Laggdnegg we Ýaponiýa, dördünji kitabynda guignmleriň2 ýurduna barýar.
Gulliwer liliputlaryň (kiçi adamlaryň) ýurduna baranda ol ýerdäki patyşanyň düzgünini Angliýanyň durmuşy bilen deňeşdirýär we urşy, toparlara bölünmekligi tankyt edýär. Ilki bilen Gulliweri liliputlaryň imperatorynyň golland, latyn, grek, fransuz, ispan, italýan, türk dillerini bilmeýändigine geň galýar. Bu ýurduň alymlary dünýäde başga ýurtlaryň bardygyndan bihabar ýaşaýarlar. Olar hemme ýerde liliputlar ýaşaýandyr öýdýärler. Onuň üstesine-de ýumurtgany haýsy tarapyndan döwüp iýmelidigi baradaky jedellerden soň ilatyň Liliputiýa we Blefusku atly iki ýurda bölünip, otuz alty ýyllap gazaply uruş alyp barýandyklary Gulliweri geň galdyrýar.
Swift bu romanda özüniň magaryfçylyk ideýalaryny yzygiderli Gulliweriň dili bilen gürrüň berýär. Aýratynam çagalary we ýaş nesli terbiýelemek meselesi bu romanda Gulliwer liliputlaryň ýurduna baranda-da, äpetleriň ýurdunda bolanda-da jikme-jik beýan edilýär. Gulliwer bu ýurtda çagalaryň mekdeplerde iň tejribeli mugallymlar tarapyndan ar-namysly, adalatly, kiçigöwünli, watançylyk ruhun-da hem‑de dini, Hudaýy sylamak ruhunda terbiýelenýändiklerini, olaryň sport bilen meşgullanýandyklaryny gürrüň berýär. Bu çagalar mekdepde ýaşaýarlar we terbiýelenýärler, hyzmatkärler bilen gürrüňleşmeýärler. Olaryň ene-atalary çagalaryny ýylda iki gezek görüp bilýärler. Şeýlelikde, çagalar ýaşlygyndan azgynçylykdan, ýaramaz endiklerden goralýar diýip, Gulliwer belleýär.
Gulliwer liliputlaryň ýurdundan öýüne gaýdyp barandan soň iki aý geçip-geçmänkä ýene-de «Adwençer» gämisinde lukman bolup syýahata gidýär. Bir ada golaý gelende süýji suw agtaryp kenara çykan matroslar bilen giden Gulliwer kenarda ýeke taşlanyp gidilýär, sebäbi ýoldaşlary äpet adamy görüp, howlukmaç gaýyklaryna münüp gaçýarlar.
Bu ýurtda-da Gulliwer örän täsin zatlary görýär. Aýratynam ol bu ýurduň ylymly-bilimli, medeniýetli we parasatly korolyna uly hormat goýýar. Äpet adamlaryň patyşasy ylma‑bilime sarpa goýýan adam. Onuň ýanyna ilki Gulliweri getirenlerinde‑de, ol ýurtda tanymal alymlardan üçüsini çagyrmagy we Gulliweriň nähili jandardygyny anyklamagy buýurýar. «Alymlar ulaldýan aýna bilen Gulliwere uzak seredişdirdiler, ahyrsoňy ol haýwan däl diýen karara geldiler, çünki ol aýagynyň üstünde ýöräp, pert-pert gepleýär. Guş diýseň onuň ganaty ýok, mälim bolşy ýaly, uçup hem bilenok. Balyk diýseň onuň ne guýrugy bar, ne-de ýüzgüji. Ol mör-möjek hem däl bolara çemeli, çün-ki hiç bir ylmy kitapda şonuň ýaly adama meňzeş mör-möjejik hakda hiç hili maglumat ýok» diýip, alymlar Gulliweriň adamdygyny kesgitleýärler.
Äpetleriň patyşasynyň baý kitaphanasy bar, ol sazy gowy görýär. Äpet adamlaryň ýurdunda Gulliwer Angliýa döwletiniň birtopar uruşlary alyp barýandygyny gürrüň berende, äpet adamlaryň patyşasy bu zatlary eşidip haýran galýar. Ol Gulliweriň gürrüňlerini diňläp: «Angliýanyň soňky ýüz ýyldaky taryhy bu birtopar dildüwşükleriň, pitneleriň, bulagaýçylygyň, öldürülişikleriň, rewolýusiýalaryň taryhy bolmak bilen, olar ikiýüzlüligiň, haýynlygyň, rehimsizligiň, göripligiň, akylsyzlygyň, lezzete kowalaşmaklygyň netijesidigini»aýdýar. Gulliwer äpet adamlaryň ýurdunda korola Angliýanyň döwlet gurluşy, parlamenti, saýlaw düzgünleri, lordlar, maliýe ulgamy we ş. m. zatlar barada gürrüň berende, köp meseleler boýunça korol düşünip bilmän soraglar berýär, ýöne ol soraglar örän düşnükli, ritoroki soraglar bolup ýaňlanýar, sebäbi ýazyjy korolyň soraglarynyň üsti bilen iňlis jemgyýetiniň feodalizm döwründen galan däplerini, kanunlaryny tankyt edýär.
Äpet adamlaryň ýurdunda Gulliweriň durmuşy çalt we gowy geçýär. Bu ýeriň ilaty-da görmegeý hasaplanýar. Bu ýurtda Gulliwer diňe siňeklerden goranmakdan, pişikden gaçmakdan, bir käse suwa gark bolmakdan bizar bolup, öz Watanyna gaýdasy gelýär.
Äpet adamlaryň korolynyň keşbiniň üsti bilen Swift arzuw edilip gelnen adyl patyşanyň keşbini görkezýär.
Ylym durmuşdan üzňe bolanda adamlara peýda bermeýändigini Swift Gulliweriň Laputu atly ýurda baryp gören zatlarynyň üsti bilen suratlandyrýar. Ol ýerde bir alym sekiz ýyllap hyýardan günüň şöhlesini almagyň üstünde işleýär. Ol ony tomus salkyn bolanda ulanjak bolýar. Başga bir alym doňuz bilen ýer sürjek bolýar...Kitabyň dördünji bölüminde Gulliwer gepleýän atlaryň ýurduna barýar. Ol ýerde adamzat nesilleri azyp, maýmyn kimin wagşyýana ýaşaýarlar. Olar ýalta, işsöýmezek, hapysa we adam häsiýetleriniň iň erbet gylyklaryny özünde jemleýärler. Olary «ýehu» diýip atlandyrýarlar.
Jonatan Swiftiň romanynda XVIII asyryň birinji ýarymynda Angliýada buržuaz jemgyýetiniň ösüşinde bar bolan kemçilikler açylyp görkezilýär. Gepleýän atlaryň keşpleriniň üsti bilen Swift ýönekeý, sada durmuşa gaýdyp gelmeklige çagyrýar. Şeýle äheňler romanyň üçünji bölüminde-de duş gelýär. «Täzeçilik» bilen ýaşaýan adamlaryň salan jaýlary gyşyk, ekin eken meýdanlary gowy hasyl bermeýär. Emma öňki düzgün bilen ýaşaýan bir mülkdar gowy ýaşaýar. Onuň ekinleri, öýi, jaýy tertipli, gowy...
Başgaça aýdylanda, Swift adamzat jemgyýetini ýönekey, tebigy kanunlar bilen ýaşamaklyga çagyrýar. Onuň tebigata golaý ýaşamak ideýasy soňra fransuz ýazyjysy we akyldary Žan Žak Russonyň eser-lerinde jemgyýetçilik ideýalarynyň esasyny düzýär. Jonatan Swiftiň «Gulliweriň syýahatlary» atly romany magaryfçylyk edebiýatynyň tankydy häsiýetli bölegidir. Ol ýazylyş görnüşi boýunça beýleki syýahatlar baradaky romanlara meňzeýär. Emma onuň mazmuny buržuaz jemgyýetiniň kemçilikleriniň üstünden gülýär. Bu eser roman žanrynyň irki magaryfçylyk döwrüniň ösüp kemala gelmeginde örän möhüm rol oýnapdyr.
1 Pamphlet – ýiti tankydy häsiýetli eser.
2 Guignmler – ýazyjy gepleýän atlary şeýle atlandyrýar.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. I kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015 ýyl.