(1749–1832 ý.)
Gýotäniň ýaşan döwrüniň käbir aýratynlyklary. Beýik nemes şahyry Gýote XVIII asyryň soňunda XIX asyryň başynda ýaşap geçen şahyrdyr. Onuň ýaşan döwründe Ýewropanyň, Germaniýanyň durmuşyna täsir eden birnäçe syýasy wakalar bolup geçipdir. Angliýada XVII asyrda bolup geçen buržuaz rewolýusiýasy ýurtda deňagramly, patyşa we parlament dolandyryş düzgünini girizýär. Adamlaryň hukuklary giňeýär. Köşge degişli däl gatlagyň, ýagny işewür buržuaz wekilleri döwletiň syýasy dolandyryş işine gatnaşmaga hukuk alýarlar. XVIII asyrda şeýle demokratik meýiller has hem güýçlenýär. Fransiýada hem XVIII asyrda feodal jemgyýetiniň adalatsyz, çüýrük kanunlaryna we düşünjelerine garşy göreş ýaýbaňlanýar. Öňdebaryjy filosoflar, ýazyjylar we şahyrlar öz eserlerinde täze demokratik, ynsanperwer pikirleri öňe sürýärler, köne feodal jemgyýetiň yzagalak, nadan ýörelgeleriniň nädogrudygyny görkezýärler. Iňlisler bu herekete «Enlightenment» (ýagny «aň-bilim bermek») diýip, XVIII asyra hem «Age of Englightenment», ýagny «Magaryfçylyk döwri» diýip at beripdirler. Şol döwürde ýaşan ýazyjylara we şahyrlara «magaryfçylar» ýa-da aň‑bilim ýaýradyjylar diýip at beripdirler. Sebäbi olar adamlaryň aňyny geçmişiň köne düşünjelerinden saplamak üçin örän köp iş edip-dirler. Iogann Wolfgang Gýote hem şeýle ýazyjylaryň biri bolupdyr.
Ýazyjynyň ömri we döredijiligi
Iogann Wolfgang Gýote baý býurger1 maşgalasynda Maýn derýasynyň boýunda ýerleşen Frankfurt şäherinde eneden dogulýar. Onuň kakasy Iogann Kasper Gýote köşk maslahatçysy bolupdyr. Ol örän bilimli adam bolup, onuň hukuk ylymlarynyň doktory diýen derejesi bar eken. Gýotäniň kakasy köp syýahat edipdir. Sungat bilen gyzyklanypdyr hem-de ogluna gowy bilim we terbiýe bermäge uly üns beripdir. Oňa ýörite öý mugallymlaryny tutup okadypdyr. Ýaş Gýote esasy sapaklary bilen bir hatarda surat çekmekligi, saz çalmagy hem-de daşary ýurt dillerini öwrenipdir. Ol at münmek, gylyçlaşmak ýaly sport görnüşleri bilen hem meşgullanypdyr. Gýote örän ýatkeş, zähmetsöýer we tutanýerli adam bolupdyr. Ol ýaşlygynda belentlige çykmaga gorkýanlygy üçin şol gorkyny ýeňmek maksady bilen öýlerine golaý buthananyň diňine çykyp durýan eken.
Gýote on alty ýaşynda 1765-nji ýylda Leýpsig şäherindäki uniwersitetde okaýar. Ýöne 1769-njy ýylda keselläp, uniwersiteti gutarman öýlerine gaýtmaly bolýar. 1770-nji ýylda keselden açylyp, Gýote Strasburg uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde hukuk hünärini öwrenýär. Ol şeýle-de lukmançylyk, filosofiýa we edebiýat bilen içgin gyzyklanýar.
Strasburg uniwersitetinde okan ýyllary Gýote goşgy düzüp başlaýar. Diniň taryhy bilen gyzyklanyp, Isa we Muhammet pygamber barada ýazylan kitaplary öwrenýär. Hatda Muhammet pygamber barada bir drama ýazyp başlaýar, ýöne ol dramanyň käbir bölekleri saklanyp galypdyr.
Şol döwürde Gýote nemes, fransuz, iňlis ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserlerini ürç edip okaýar.
1770-nji ýylda Strasburgda Gýote Iogann Gotfrid Gerder (1744–1803ý.) bilen tanyşýar. Gerder örän bilimli akyldar, ýazyjy we şahyr bolupdyr. Gerder Gýotä nemes diliniň baýlygyny, nemes edebiýatynyň kökleriniň halk döredijiliginden iýmitlenýändigini öwredipdir. Şeýlelik bilen Gýote we Gerder ýaş şahyrlaryň toparyny döredýärler. Ol topar «Sturm und Drang» («Tupan we zarba») diýip atlandyrylypdyr. 1770–1780-nji ýyllarda bu topara köp nemes ýazyjylary gatnaşypdyrlar. Ol ýazyjylar we şahyrlar feodal jemgyýetiniň nadanlygyny, ynsan mertebesini depeleýän kanunlary we zulumy tankyt edipdirler. Dagynyk 365 sany ownuk döwletlere bölünýän Germaniýanyň bitewi bir milli döwlete öwrülmegini isläpdirler we milli sungaty, edebiýaty ösdürmek ugrunda göreşipdirler.
Şol döwürde ýaş Gýote halk aýdymlary we nemes halkynyň medeni ýadygärlikleri bilen içgin gyzyklanýar. Halk döredijiligi, halk aýdymlary Gýotäniň şygyrlaryny baýlaşdyrýar we onuň eserlerini nemes halkynyň ruhuna ýugurýar. Gýotäniň şol döwürde ýazan «Maý aýdymy» (1771ý.) atly goşgusynda bahar paslynyň ajaýyp göwnüňi göteriji görnüşleri suratlandyrylýar:
Ähli zat şatlanýar,
Mukam ýaňlanýar,
Jülgeler gül öwsüp,
Şugladan ganýar.
Şahyryň «Ejeme» (1767 ý.) diýen goşgusynda durmuş deňiz ýaly her näçe tolkun atsa-da, öz ejesini ýatdan çykarmaýandygyny beýan etse, «Tokaý şasy» (1782 ý.) hem-de «Saýrady bir bilbil» diýip başlanýan goşgusynda filosofik oýlanmalar we pikirler beýan edilýär.
«Tokaý şasy» atly goşgusynyň ýazylmagyna Gerderiň 1782-nji ýylda neşir etdiren «Tokaý şasy» atly balladasy2 täsir edipdir. Halk aýdymynda tokaý şasynyň gyzy şol goşgynyň gahrymany bolan adama gije duş gelip, ony erbet kesele uçradýar. Halk aýdymynda orta asyrlarda adamlaryň tebigatyň syrlaryny bilmän, ondan gorkýandygy beýan edilýär.
Türkmenlerde-de geçmişde gije mazarystanlygyň, harabaçylygyň ýa-da jeňňeliň, ýeke duran tuduň ýanyndan geçseň, gözüňe arwah, jyn dürli gornüşe girip görünermiş diýen yrymlar bolupdyr we adamlary gorkuzypdyr.
Gýote şol balladanyň äheňlerini ulanyp, dartgynly drama häsiýetli, ýagny sorag-jogaply özboluşly bir eser döredýär. Gýotäniň «Tokaý şasy» atly goşgusynda bir gijigen ýolagçy ýaş ogluny atynyň syrtyna mündürip, garaňky tokaýdan barýar. Ýöne onuň ogly wagtal‑wagtal kakasyna gysmyljyrap gorkýandygyny aýdýar. Ol kakasyna gysylyp we gorkup gözüne tokaý şasynyň görünýändigini aýdanda, kakasy ony gözüňe görünýän dumandyr diýip köşeşdiryär. Ýene-de oglanjyk tokaý şasynyň özüne köp gyzyl, gowy zatlar, şatlyk berjekdigini we oglanyň öz gyzlary bilen oýnajakdygyny aýdanda, oglanyň kakasy ýene-de ogluny köşeşdirýär. Bu zatlar şemalyň ýapraklary yraýan sesidir diýýär. Birsalymdan oglanjyk ýene-de özüni tokaý şasynyň kowalap gelýändigini aýdanda oglanyň kakasy gorkup, atyny çalt çapdyryp öýüne ýetýär. Ogluny atdan düşürjek bolup eline alanda, oglunyň jansyz göwresi eline gelýär…
Bu meşhur balladanyň iki hili ýorgudy bolup biler. Birinji ýorgut, goşguda beýan edilişi ýaly, garaňkyda tokaýda gözüne dürli gorkunç zatlar görünip, oglanjyk öýüne barýança ýüregi ýarylyp ölýär.
Emma goşgynyň göçme manysy has çuňrak. Tümlük tokaý bu adamyň durmuşy, sebäbi durmuşda hiç zadyň taýýar çözgüdi ýok. Ähli soraglara adamyň özi jogap tapmaly. «Tokaý şasynyň» ogluna berjek bolýan gyzyl, baýlyk, keýpi‑sapa ýaly zatlary adamy durmuşda ymsyndyrýan, özüne çekýän zatlar. Şol sebäpli kakasy oglanjygy näçe köşeşdirjek bolup, olaryň göze görünýän dumandygyny, aldawçy şemal ýa-da agaçlaryň kölegesi ýaly salgymdygyny aýtsa-da, ogluny köşeşdirip bilmeýär. Ýagny ynsan durmuşy duman, kölege ýaly geldi‑geçer, gyzyl-baýlyk, lezzete kowalaşmak ýaly zatlara ymsynyp geçip gidýändigi nygtalýar.
«Saýrady bir bilbil…» diýip başlanýan goşguda ynsan ruhunyň gözelligi wasp edilýär:
Saýrady bir bilbil şirin owazy
Benduwan eýledi hökmürowany
Şirin heňe joşup Allanyň kalby,
Ol bilbili alyp kapasa saldy.
Ol gara kapasa – biziň göwrämiz,
Gama batsak ýa-da gelse göhümiz
Göwrede şol bilbil pelesaň urýar
Kalbymyz –
Bilbilden bolan ruhumyz.
Gýotäniň goşgularynda ynsan durmuşynyň dürli meseleleri öz beýanyny tapypdyr. Adamyň söýgüsi, şatlygy, onuň hesretleri, gala-goply durmuşy baradaky oýlanmalary, ynsan durmuşynyň manysy baradaky pikirler giň gerim alypdyr. Gýote öz goşgularynda her bir adamyň öz ynsanperwerlik borjuny ödäp ýaşamalydygyny nygtaýar:
Biljek bolma: nädip, nirden
Bu jahana geleniňi
Goh etme-de, ýaşa är deý,
Ýaşa munda gezegiňi.
Akyldar kim, danasy kim,
Kim han-begi – sal terezä.
Kemal tapyp kämilligiň,
Ýetersiň belent derejä.
Gorap durmuş kadasyny,
Öde ynsanperwer borjuň.
Gorap ynsan adatyňy,
Ulus-ile derkar borsuň.
Şahyryň «Her kime hem hemmä» diýen goşgusynda adamyň gama, pikire batyp ýörmeli däldigi, onuň başyny dik tutup, ruhubelent bolmalydygy nygtalýar:
Adam ahyry sen hem!
Oturma gama batyp.
Kem dälsiň sen hiç kimden,
Dälsiň hiç kimden artyk.
Çekip görensiň gam-da,
Bagtam görensiň, dostum
Bes, ýüzüň aşak salma!
Ýitirjek zadyň ýokdur!
Gýotäniň liriki goşgularynda durmuşa söýgi, ruhubelentlik, ynsanyň we tebigatyň gözelligi wasp edilýär. Adamyň pynhan duýgulary we tebigatyň bark urup, dürli reňklerde öwşün atyşy adama rahatlyk, lezzet berşi Gýotäniň ençeme goşgularynda beýan edilýär. Şahyryň her bir goşgusy durmuş bilen berk baglanyşykly we köplenç hakyky bolup geçen bir waka, hadysa esaslanýar. Meselem, Gýotäniň «Züleýhanyň kitaby» atly goşgular ýygyndysy Gýotäniň Marianna fon3 Willemer atly zenana bolan söýgüsi bilen baglanyşykly ýazylypdyr. Bu ýygyndy-da Gýote özüni «Hatem» diýip atlandyrýar. Züleýhanyň adyndan ýazylan goşgulary, dogrudanam, Mariannanyň özi ýazypdyr. Ol zenan şahyr eken. Gýote onuň goşgularyny ýöne timarlapdyr.
Tutuş Gýotäniň döredijiligini alanyňda, şahyr 1600 töweregi goşgy ýazypdyr. Ol goşgularyň köpüsi halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir.
Gýotäniň döredijiliginde «Gets fon Berlihingen» (1771 ý.), «Torkwato Tasso» (1789 ý.), «Egmont» (1787ý.) ýaly drama eserleri-de möhüm orny tutýar. Gýote kyssa, proza eserlerini, ýagny «Ýaş Werteriň hesretleri» (1774ý.), «Wilgelm Meýsteriň okuw ýyllary» we «Wilgelm Meýsteriň syýahat eden ýyllary» atly ajaýyp romanlaryň hem awtorydyr. Ol romanlar XVIII asyrda täze pikirleri öňe süren eserlerdir.
Gýotäniň аdynа meşhurlyk getiren ilkinji eseri оnuň 1771‑nji ýyldа ýazаn «Gets fоn Berlihingen» аtly drаmаsydyr. Gýote Şekspiriň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan döwründe onuň taryhy hronikalarynyň täsiri bilen bu taryhy dramany ýazýar. Dramanyň wakalary XVI asyrda bolup geçýär. Bu eserde Gets fоn Berlihingeni adalat üçin göreşýän rоmаntiki gаhrymаn hökmünde surаtlаndyrýar.
Gýote ilkinji gezek аdаlаty dikeltmek üçin gоzgаlаň turzаn rytsаryň оbrаzyny görkezýär. «Demir elli» diýip аt аlаn bаtyr Gets fоn Berlihingen tä sоňky demine çenli аdаlаtyň tаrаpyndа göreşýär. Gýotäniň bu eseri nemes edebiýatyndа ilkinji ýazylаn rоmаntik häsiýetli eserdir.
Gýotäniň «Ýaş Werteriň hesretleri» (1774ý.) аtly eseri hem rоmаntik häsiýetde salam hаtlаry görnüşinde ýazylаn epistolýar rоmаndyr.
Ýaş ýigit Werter Şаrlоttа аtly bir gyzy söýýär. Emmа Şаrlоttа bаşgа bir аdаmа durmuşа çykýar. Şаrlоttаnyň durmuşа çykаn ýigidi Аlbert – işjeň, peýdаkeş аdаm, оl Werteriň öz öýlerine gelip gitmegini hаlаmаýar, şоňа görä-de öz nägileligini Şаrlоttа bildirýär. Werter bu ýagdаýdаn çykаlgа tаpmаn özüni öldürýär…
Werter öz söýgüsiniň mаnysyzdygynа düşünýär, çünki Şаrlоttа Werteri hаlаsа-dа, оl öz аsudа mаşgаlа durmuşyny bоzmаk islemeýär. Werter hem öz gezeginde söýýän gyzynyň bаgtsyz bоlmаgyny islemeýär. Ýöne bаşgа tаrаpdаn Gýote XVIII аsyrdа Germаniýanyň jemgyýetinde söýginiň аzаt däldigini görkezýär.
Gýote ömrüniň soňky ýyllarynda Gündogar medeniýeti bilen içgin gyzyklanyp başlaýar, sebäbi ol Günbatar we Gündogar medeniýetiniň arasynda berk arabaglanyşygyň bardygyny görýär.
1819-njy ýylda Gýote «Günbatar-Gündogar diwany» atly täze eserler ýygyndysyny ýazýar. Bu kitabyny ýazanda Gýote türkmen edebiýaty bilen hem gyzyklanýar. Ol nemes gündogarşynasy Fridrih fon Ditsiň 1811-nji ýylda «Gorkut ata» eposyndan eden terjimelerini okaýar.
Şoňa görä-de Gýotäniň «Günbatar-Gündogar diwanynyda» Muhammet pygamber, Mekge, Medine, Ýusup we Züleýha, Leýli we Mejnun baradaky şygyrlar bilen bir hatarda şahyryň alym fon Ditse bagyşlap ýazan setirleri hem bar.
Gýote tä ömrüniň soňuna çenli özüniň iň meşhur eseri bolan «Faust» tragediýasyny ýazmagyny dowam etdiripdir. Gýote 1832-nji ýyldа 83 ýaşyndа аrаdаn çykýar.
1 Býurger – şäher ýaşaýjysy.
2 Ballada – bir wakany gürrüň berýän poema ýaly goşgy.
3 Fon – gelip çykyşy boýunça.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. I kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015 ýyl.
Berdi T 5 years ago- Gaty gowy Nemes şahyry Gýote dünýä edebiýatyna uly yz goýupdyr.. sag bol awtor paýlaşannyza