Sözüm bar saňa
Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa;
Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!
Şikeste men, zülpleriňe baglama,
Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
Myhmanyň men işigiňden kowlama,
Gerek dälmi namys bilen ar saňa?
Dal gerdenden tylla heýkel dakmasaň,
Humaý gözüň süzüp, gaşyň kakmasaň,
Ýüz-müň suhan diýsem, bäri bakmasaň,
Neneň edip ýaranaýyn ýar saňa!
Kemine diýr, senden istedim wepa,
Wepa istäp geldim, sen berdiň jepa,
Yşkyňda hastaýam, sen bergil şypa,
Şypa istäp geldim, men bimar saňa!
Mämmetweli Kemine
Sözler içinde
Dostlar, bir gözeliň waspyn söýlär men,
Meşhur bolsun sözi sözler içinde;
Okar men, ýazar men, dessan eýlär men,
Bina bolsun ak kagyzlar içinde.
Seniň dek ter gunça baglarda bitmez,
Uzatsam almaga, gollarym ýetmez,
Uklasam, oýansam, ýadymdan gitmez,
Meger, mesgen tutmuş gözler içinde.
Şiriniň hemrasy, Leýliniň taýy,
Şöhläňden gizlener asmanyň aýy,
Her gije, her gündiz gördügim saýy,
Ýüzüň aýa meňzär ýüzler içinde.
Laçyn deý dalmynyp her ýan bakaňda,
Perizat sen zülpüň ýere dökeňde,
Seýr eýleýip, beýewana çykaňda,
Göýä ak jeren sen düzler içinde.
Kast edip bakar sen, periler hany,
Kirpikleriň saldy sansyz ýarany,
Akyp, eda boldy bagrymyň gany,
Dowamat jigerim duzlar içinde.
Kemine diýr, wysal içre gezmäge,
Ylym gerek seniň waspyň düzmäge,
Yşk odundan galam titrär ýazmaga,
Dilim sözde, köňlüm közler içinde.
Kemine