(1564–1616 ý.)
Wilýam Şekspiriň eserlerinde Täzeden Döreýiş döwrüniň iň wajyp meseleleri öz beýanyny tapypdyr.
Wilýam Şekspiriň geçen durmuş ýoly örän gyzykly we entegem ol syrlaryň köpüsiniň üsti açylman gelýär. Sebäbi Şekspiriň durmuşy baradaky resminamalaryň, maglumatlaryň wagtyň geçmegi bilen ýitip azalmagy onuň döredijiligi barada dürli pikirleriň döremegine getiripdir.
Bar bolan takyk maglumatlara görä, Şekspir 1564-nji ýylyň 23‑nji aprelinde Eýwon derýasynyň boýundaky Stretford şäherinde Jon Şekspir atly fermeriň maşgalasynda eneden doglupdyr. Tokaýlara bürenip oturan Stretford şäherjiginde gadymdan bäri erkin ýaşan fermerler diňe bir daýhançylyk bilen meşgullanman, eýsem olar batyr esgerler hökmünde-de özlerini tanadypdyrlar. Megerem, şoňa görä «Şekspir» ady «naýzasyny bulaýlaýan, çeneýän» diýmegi aňladýandyr.
Wilýam Şekspiriň kakasy Jon Şekspir hünärmentçilik we söwda bilen meşgullanypdyr. Ol deriden ellik tikip satypdyr. Umuman, deri söwdasy bilen meşgullanypdyr. Şäher ýaşaýjylarynyň arasynda onuň abraýy uly bolup, ol belli bir döwürlerde şäher häkimliginiň agzasy, hatda häkim wezipesine-de saýlanypdyr.
Wilýam Şekspir uly maşgalada önüp ösüpdir. Ol öz doganlarynyň içinde iň ulusy bolup, okuwdan boş wagtlary kakasyna kömekleşipdir. Wilýam Stretford şäheriniň grammatik mekdebinde okapdyr. Grammatik mekdepde köp dersler latyn dilinde bolup, çagalar gadymy grek we rim ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň eserlerini öwrenipdirler.
Wilýam Şekspir aw awlamagy gowy görýän eken. Ine, şol döwürde Tomas Lýusi diýen bir adamyň tokaýynda bir suguny atanlygy üçin oňa örän gazaply jeza berýärler, ony gamçylap urýarlar. Soňra şeýle baý we täsirli adam bilen jetleşen Wilýam Stretford şäherini taşlap, Londona gidýär. Londonda Şekspir öz obadaşy agaç ussasy Berbej tarapyndan gurlan teatra işe girýär. Şekspir ilkibada oýun görmäge gelen jentlmenleriň1 atlaryna serediji bolupdyr. Ýöne soňra Şekspiriň köp kitaplary okandygyny bilýän aktýorlar käbir oýunlara düzediş bermek işini oňa tabşyrypdyrlar. Şeýdip Şekspir döredijilik işi bilen ýakyndan tanyşýar we tejribe toplaýar.
1590-njy ýyllarda Şekspiriň maddy üpjünçilik ýagdaýy gowulaşýar, ady meşhur bolup başlaýar. Ol Londondan käte öz dogduk mekanyna dolanyp barýar. Gowy öý satyn alýar. Aýaly, çagalary Stretfortda ýaşaýar. Şeýlelik bilen Şekspir teatr durmuşy bilen berk ysnyşýar. Ol adatça patyşalaryň rollaryny oýnapdyr. Şol döwürde aktýor özüne ynanylan roly gowy oýnap bilmese, ökde bolmasa oňa patyşanyň roluny ynanmaýan ekenler.
Bir gezek korolewa Ýelizaweta oýun gidip durka bilgeşleýin sahna elligini gaçyrýar. Ol oýnuň gidişini üýtgetmek üçin şeýdipdir. Patyşanyň elligini ýerden götermezlik jenaýat hasaplanýar eken. Sahnada patyşanyň roluny oýnap duran Şekspir özüniň ýanyndaky «köşk adamlarynyň» birine:
«Bar, meniň uýamyň elligini göter» diýipdir. Teatryň şertli oýnuna düşünýän korolewa Ýelizaweta Şekspiriň özüne «uýam» diýenini birjigem gaty görmändir.
1599-njy ýylda täze «Globus» atly teatr açylýar. Şol döwürde ol Londonda iň uly teatr bolup, oňa 2 müň tomaşaçy ýerleşýän eken. Şekspir ol teatryň paýdary we direktory bolupdyr. Teatryň iň gowy tragik keşplerini meşhur aktýor Riçard Berbej oýnapdyr. Şol teatrda gözkezilýän oýunlaryň, ýagny komediýalaryň we tragediýalaryň köpüsini Wilýam Şekspir ýazypdyr.
Şekspiriň döredijiligini, esasan, onuň sonetleri, taryhy mazmunly hronikalary, komediýalary we tragediýalary düzýär.
Şekspiriň döredijiligini şertli halda üç döwre bölmek mümkin. Onuň döredijiliginiň şeýle bölünmegine Angliýanyň durmuşynda bolup geçen dürli taryhy wakalar täsir edipdir.
Şekspiriň döredijiliginiň birinji döwri, 1590-njy ýyllardan tä 1600-njy ýyllary öz içine alýar. Bu döwürde Şekspir, esasan, şadyýan mazmunly komediýalar ýazypdyr. Ýöne şol bir wagtda «Riçard III» (1592 ý.), «Riçard II» (1595ý.), «Genrih IV» (1597ý.), «Genrih V» (1599ý.) ýaly taryhy hronikalarda patyşalaryň taryhyny yzarlap, ýurduň gülläp ösmegi üçin patyşanyň nähili bolmalydygyny görkezýär. Taryhy geçmişi görkezmek bilen Şekspir öz döwrüniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini gözleýär.
1590–1600-njy ýyllarda ýazylan komediýalarynda Şekspir Täzeden Döreýiş döwrüniň ruhubelent ideýalaryny beýan edýär. Angliýanyň gazanýan ýeňişleri, özara feodal dawalarynyň ýatyrylmagy, ýurduň çalt ykdysady ösüşi «Nadaranyň nogtalanyşy» (1593 ý.), «Yşkyň nähak azaplary» (1594 ý.), «Tomus gijesindäki uky» (1595 ý.), «Wenesiýaly söwdagär» (1596 ý.), «Hiç zat ýok ýerinde goh turuzmak» (1598 ý.), «Bu size nähili ýaraýar» (1599 ý.), «On ikinji gije» (1600 ý.) ýaly ajaýyp komediýalaryň döremegine sebäp bolupdyr. Bu komediýalaryň mazmuny ynsan durmuşynyň dürli meselelerini görkezýär. Adamyň tebigatyna mahsus bolan duýgular beýan edilip, söýginiň üstün güýji görkezilýär. Şu döwre degişli «Romeo we Julýetta» (1695 ý.) atly tragediýasy-da özüniň tragiki mazmunly bolmagyna garamazdan, söýginiň köne feodal maşgala gatnaşyklaryndan rüstem gelşini görkezýär.
Şekspiriň döredijiliginiň ikinji döwründe, ýagny 1601 –1608‑nji ýyllarda Täzeden Döreýiş döwrüniň kölegeli taraplary has aýdyň ýüze çykyp başlaýar. Haryt-pul, söwda-satyk, buržuaz jemgyýetine ynamly aýak basan Angliýada dokma, ýüň önümleriniň güýçli depginde öndürilmegi, şäherlerde fabrikleriň köpelip, obalaryň ekin meýdanlarynyň goýun bakylýan öri meýdanlaryna öwrülmegi, daýhanlaryň tozmagyna, garyplaşmagyna getirýär. Ikinji tarapdan, köşkde bolup geçýän gazaply göreş, ýowuz wakalar Täzeden Döreýiş döwrüniň ruhubelentligine uly zarba urýar. Feodalizmiň köne, çüýrük kanunlarynyň, düzgünleriniň, kökleriniň entek örän çuňdugyna, onuň öz köklerini nadanlykdan iýmitlendirýändigine göz ýetiren Wilýam Şekspir özüniň meşhur tragediýalaryny ýazýar.
Şu döwürde ol özüniň örän kämil, ajaýyp we pelsepewi pikirlere ýugrulan «Gamlet» (1601 ý.), «Otello» (1604 ý.), «Korol Lir» (1605 ý.), «Makbet» (1606 ý.) ýaly tragediýalaryny döredýär.
Bu tragediýalar Şekspirden öň döredilen rowaýatlaryň, sýužetleriň esasynda ýazylanam bolsa, Şekspir ol sýužetleri has baýlaşdyrýar we olaryň ynsanperwerlik ideýalaryny öňküden çuňlaşdyryp, olara Täzeden Döreýiş döwrüniň öňdebaryjy pikirlerini we ruhuny siňdirýär. Adamlara jemgyýetiň iň wawwaly meseleleri, ýagşylygyň we ýamanlygyň özara göreşi göýä okuw kitabyndaky ýaly görkezilýär. Sebäbi bu döwürde Şekspir adamlaryň aňyny, olaryň ruhuny täzelemek üçin jemgyýetiň agyryly tragik nokatlaryny, düwünlerini öz eserlerinde açyp görkezýär.
Şekspiriň döredijiliginiň üçünji döwri 1609–1613-nji ýyllary öz içine alýar. Bu ýyllarda döredilen eserlerde Şekspiriň eserleriniň pelsepewi mazmuny çuňlaşýar. Onuň «Simbelin» (1610 ý.), «Gyş ertekisi» (1611 ý.), «Tupan» (1612 ý.) ýaly eserleri sapak beriji ertekä çalym edýär. Olarda romantizme mahsus häsiýetler peýda bolýar. Olar XIX asyrda iňlis edebiýatynda romantizm akymynyň döremegine-de belli bir derejede öz täsirini ýetirýär.
XVII asyryň başynda bolup geçen syýasy wakalar, patyşa Ýelizawetanyň aradan çykmagy we «Globus» teatrynyň howandarsyz galmagy, Londonda teatrlaryň ýapylyp başlanmagy hem-de Şekspiriň kakasynyň, oglunyň we kiçi doganynyň aradan çykmagy, 1612‑nji ýylda Şekspiri öz dogduk mekany Stretford şäherine hemişelik gaýdyp barmaga mejbur edýär.
Şol ýerde-de Şekspir öz doglan güni 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinde 52 ýaşynda aradan çykýar.
1 Jentlmen – ýokary gatlaga degişli, mülkli adam.
Romanguly Mustakow. Dünýä edebiýatynyň taryhy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. I kitap – Aşgabat.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015 ýyl.
Wilýam Şekspir barada
-
Berdi T
5 years ago
- Gaty gowy
Umman 5 years ago- Sagbol Gurban ýetireniň üçin!