Boýuňa döneýin

Sähra degresinde duran gül kamar,
Ýaşyl geýen al boýuňa döneýin!
Söz sözläňde katra-katra bal damar,
Ak ýüzüňde hal, boýuňa döneýin.

Meniň işim keçdir, şowuna düşmez,
Özge bilen hergiz sulhum alyşmaz,
Mal bereýin diýsem, küştüm ýetişmez.
Mende ýokdur mal, boýuňa döneýin.

Gyzyl meňzim sargarypdyr ar bilen,
Täleýim ýok, ykbalym ýok ýar bilen,
Ak göwsüň meňzetdim dagda gar bilen,
Mende tylla ýok, boýuňa döneýin.

Keminäniň göwni senden üzülmez,
Ýar zalymdyr, bize bagry ezilmez,
Çyn aşygyň eden hdi bozulmaz,
Bir kararda dur, boýuňa döneýin.


Barsam ynanmaz

Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen,
«Ýarym» diýip, ýanyna barsam ynanmaz;
Süýekden syzdyryp ygtybar bilen,
Oda düşsem, bişsem, ýansam, ynanmaz.

Leýli—Mejnun kimin çöllere çyksam
Arzy—Ganbar deýin derýada aksam,
Perhat—Şirin deýin daglary ýyksam
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.

Gör, ne işler etdi Wamyku–Uzra,
Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra,
Depderde ýazylan Ýusup—Züleýha,
Olaryň hemrasy bolsam, ynanmaz.

Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam,
Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,
Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam,
Yzynda sargaryp-solsam, ynanmaz.

Men söwer ýarymy alabilmedim,
Şum rakyp tagn etdi, gülebilmedim,
Näzli ýaryň ugrun bilebilmedim,
Aglasam, aldanmaz, gülsem, ynanmaz

Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem,
Köňlümdäki syrym tile getirsem,
Iýmesem, içmesem, gözläp otursam,
Ajygsam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.

Maňa garşy

Söwer ýaryň tarypyny aýdaly,
Gitme, ak maralym, gel maňa garşy;
Altyn-kümüş zümerretden şaýlaly,
Ak goluň boýnuma sal, maňa garşy.

Men arzymy söwer ýara ýetirsem,
Tutsam ak mämeden, oýnap otursam,
Göwnümde bar maksat–işim bitirsem,
Emsem lebleriňden bal, maňa garşy.

Meniň arzym söwer ýaryň goýnunda.
Agzym ýaňagynda, elim boýnunda,
Assa-seýkin basyp, oýnan oýnunda,
Her jaýy-her jaýy, gel maňa garşy.

Kemine diýr, sen-sen wepaly ýarym,
Al-ýaşyl geýipdir towfyk nigarym,
Gözeller içinde sen intizarym,
Sen — Leýli, men — Mejnun, çöl maňa garşy

Mämmetweli Kemine

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir