Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi. Täze maglumat merkezi takmynan 1,3 million kwadrat metr meýdany tutýar we ol uly göwrümli emeli aň modellerine öwretmek, olary öň görlüip-eşidilmedik derejede öndürmek, şeýle-de olara niýetlenen programmalary işläp taýýarlamak maksady bilen dizaýnlaşdyryldy. Desganyň gurluşyk ölçegleri örän täsirli. Onuň üçin 74 kilometrden gowrak binýat sütüni, 13 000 tonna polat, takmynan 200 kilometr tok kabel sarp edildi. Adaty bulut maglumat merkezlerinden tapawutlylykda, «Fairwater» ýeke-täk äpet superkompýuter hökmündäki funksiýany ýerine ýetirýär. Ol ýüz müňlerçe iň täze Nvidia Blackwell grafiki prosessorlaryny (GPU) birleşdirýän bitewi ulgamdan peýdalanýar. Bu arhitektura oňa häzirki döwrüň iň çalt superkompýuterinden hem 10 esse ýokary güýç berýär. Öndürijiligiň takyk görkezijileri we ulanylýan GPU-laryň anyk sany resmi taýdan aýdylmasa-da, ýüz müňlerçe Blackwell tizlendirijileriniň utgaşmasynyň maglumatlary öwretmek we seljermek meselelerine düýbünden täze, ýokary derejede çemeleşmäge şert döretjekdigi bellidir. «Fairwater» emeli aňyň geljekki nesil goşundylaryny we ulgamlaryny işe girizmekde dünýäniň esasy strategik merkezi bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir