Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň jogaplarynyň çäkli medeni düşünjeleriň esasynda emele gelýändigini belleýärler. Hakykatdan hem geçirilen barlaglar modelleri okatmak üçin ulanylýan maglumatlaryň ep-esli böleginiň WEIRD toparyna degişlidigini görkezýär. Bu ylmy termin Günbatar, bilimli, senagat taýdan ösen, baý we demokratik jemgyýetleri aňladýar. Ýer ýüzüniň ilatynyň az bölegini düzýän hem bolsa, köp wagtlap hut şu ýurtlaryň garaýyşlary «umumy standart» hasaplanyp gelindi. ​WEIRD termini 2010-njy ýylda antropologlar Jozef Henrih, Stiwen Haýne we Aran Norenzaýan tarapyndan girizildi. Onuň manysy: • ​W – Western (günbatarly); • ​E – Educated (bilimli); • ​I – Industrialized (ösen senagtly ýerden): • ​R – Rich ( baý); • ​D – Democratic (demokratlar). ​Häzirki wagtda emeli aň modellerini okatmak üçin ulanylýan maglumatlaryň 80–90 göterimi iňlis dilindäki çeşmelerden gelýär. Ýöne bu dilde gepleýänler dünýä ilatynyň 16 göteriminden hem azdyr. Netijede, ulgamlar iňlis dilli ýurtlaryň medeniýetine has gowy düşünýärler, beýleki sebitleriň aýratynlyklaryny bolsa pes derejede özleşdirýärler. ​Emeli aň şahsy üstünlik, feminizm ýa-da söz azatlygy ýaly mowzuklara has werziş. Emma köp medeniýetler üçin möhüm bolan kollektiwizm, iýerarhiýa, ýaşululara hormat goýmak ýa-da çylşyrymly maşgala gatnaşyklary barada bolsa ygtybarsyz maglumat berýär. ​Bilermenler muny tehniki näsazlyk däl-de, siwilizasiýa kodlarynyň çaknyşygy diýip hasaplaýarlar. ​Meselem, emeli aňdan sygyr ýa-da doňuz etinden nahar reseptini sorasaňyz, ol dessine jogap berýär. Emma at, düýe ýa-da it etinden nahar sorasaňyz (käbir medeniýetlerde bu däp-dessur bolsa-da), ol: «Sorag etikanyň düzgünlerine ters gelýär. Bu haýwanlara garşy rehimsizlikdir» diýip, şablon jogap berýär. Şol bir wagtyň özünde, neýroulgam musulman ýurtlarynda doňuz etiniň gadagandygy ýa-da induizmde sygryň mukaddes hasaplanýandygy ýaly medeni tapawutlara köp halatda düşünmeýär. ​Hünärmenler bu «medeni birtaraplylygy» azaltmak üçin, dürli ýurtlaryň medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan köptaraply maglumatlaryň we täze modelleriň zerurdygyny nygtaýarlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir