24-nji aprelde açylan Pekin halkara awtosalonynda (Auto China 2026) Toyota kompaniýasy GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ýörite Hytaý bazary üçin taýýarlanan Camry 2026 modelini tanyşdyrdy. Biznes-sedanyň rahatlygyny we ýangyç tygşytlylygyny özünde jemleýän 2.0 HEV wersiýasy esasy täzelik boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil özüne mahsus bolan stili saklap galdy, ýöne tor görnüşli radiator gözenegi, gara spoýler we 18 dýuýmlyk tigir diskleri bilen has dinamiki keşbe eýe boldy. Täze Camry-nyň salony sanly enjam paneli, howanyň intellektual aromatizasiýa ulgamy, emeli aň kömekçilerini goldaýan multimedia ulgamy we 64 öwüşginli atmosfera yşygy bilen düýpli özgerdildi. Premium üpjünçilikde panorama görnüşi we sanly açar, şeýle-de awtoduralga ýerleşmekde kömekçi ulgam aýratyn tapawutlanýar. 2.0 HEV wersiýasynyň üpjünçiligi e-CVT transmissiýasy bilen işleýän, umumy kuwwaty 197 at güýjüne (145 kWt) deň bolan gibrid güýç enjamyndan ybarat. Tehniki maglumatlara görä, WLTC boýunça ýangyç sarp edilişi 100 km üçin 4,5 litre deňdir. Bu bolsa 2.0 HEV wersiýasynyň öňki nesilleriň arassa benzinli wersiýalaryndan 30%-den gowrak tygşytlydygyny aňladýar. Täze önümiň Hytaýda ýakyn wagtda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Pekindäki halkara awtoulag sergisi 3-nji maýa çenli dowam eder.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir