Intel kompaniýasynyň paýnamalary söwda hepdesini rekord derejede 30% -e golaý ösüş bilen tamamlady we dotkom döwrüniň iň ýokary derejelerinden geçdi. Maýadarlar emeli aňyň integrasiýasynyň we täze baş direktor Lip-Bu Tanyň uly meýilnamalarynyň fonunda kompaniýanyň mümkinçiliklerine täzeden baha berýärler. Bazar ýapylanda we şu dynç günlerinde (26-njy aprel) Intel-iň paýnamalary kompaniýanyň taryhyndaky iň täsirli netijeleriň birini görkezýär. 24-nji aprelde, anna güni NASDAQ biržasynda paýnamalary 27,4% ýokarlanyp, 85,1 dollara ýetdi. Käbir oýunçylar girdeji alsalar-da, paýnama öz ornuny saklap, ähli wagtlaryň iň ýokary derejesine golaý ýapyldy. 2026-njy ýylyň başyndan bäri Intel-iň bazar kapitallaşmasy iki esseden gowrak ýokarlandy. Esasy hereketlendiriji diňe birinji çärýegiň hasabaty bolman, eýsem seljerijileriň konserwatiw tamalaryny hakykatdanam "puja çykaran" agressiw girdeji çaklamasy hem boldy. Esasy görkezijiler we çaklamalar Birinji çärýegiň netijeleri: Düşewünt: 12,4 milliard dollaryň (çaklama) ornuna 13,6 milliard dollar (hakykatda). Arassa girdeji: 0,01 dollaryň ornuna (çaklama) 0,29 dollar (hakykatda) . Galkynma faktorlary: "Lip-Bu Tan täsiri" we Tesla bilen hyzmatdaşlyk Bazar Intel-iň özgerişini 2025-nji ýylyň martynda wezipesine girişen täze baş direktor Lip-Bu Tanyň hereketleri bilen baglanyşdyrýar. Bir ýylyň içinde ol kompaniýany emeli aň infrastrukturasynyň zerurlyklaryna täzeden gönükdirmegi başardy. Serwer segmentindäki öňegidişlik: Maglumat merkezleriniň zerurlyklary sebäpli flagman Xeon prosessorlaryna bolan isleg eksponensial artýar. Ýeke-täk bökdeýän faktor önümçilik kuwwaty bolup galýar, ol häzirki wagtda sargytlara ýetişip bilenok. Ilon Mask bilen ylalaşyk: Tesla Intel-iň tehnologiýasyny öz çip önümçilik binýadyny gurmakda ulanjakdygy baradaky meýilnamasyny tassyklanyndan soň, paýnamalar goşmaça ösüşe eýe boldy. Maliýe dolandyryşy: Maliýe direktory Deýw Zinsner Apollo Global Management kompaniýasynyň Irlandiýa zawodyndaky paýyny 14,2 milliard dollara satyn almak meýilnamasyny tassyklady. Şu maksat bilen kompaniýa geçen anna güni maýadarlar bilen birnäçe gezek jaňlaşyp söhbetdeşlik geçirdi we uly möçberde obligasiýa çykarmaga (takmynan 6,5 milliard dollarlyk) taýýarlanýar. "Garaşylýandan has ýokary girdeji alyp bolar, ýöne olary ýer bilen ýegsan hem edip bolar - Intel hut şeýle etdi" - diýip, AJ Bell kompaniýasynyň maýa goýum boýunça baş direktory Rass Mould nygtaýar. Häzirki baş aýlaýjy üstünlige garamazdan, Bloomberg-iň seljerijileri Intel kompaniýasynyň henizem beýlekileriň yzyndan ýetdim-ýetdim ýagdaýdadygyny belleýärler. Onuň 2025-nji ýyldaky düşewündi (53 milliard dollar) 2021-nji ýylyň rekordyndan esli pes. Kompaniýanyň esasy bäsdeşi Nvidia bolup galýar, ol emeli aň tizlendiriji segmentinde öňdeligi eýeleýär. Intel Nvidia-nyň flagman çipleriniň gönüden-göni analogyny hödürleýänçä, maglumat merkezi bazary ugrundaky göreş ägirt uly maýa goýumlaryny talap eder.