Volkswagen Tiguan L Pro 2025 arzanladyş we ömürlik kepillik bilen satuwa çykdy
SAIC Volkswagen bilelikdäki kärhanasy 2025-nji model ýylynyň täzelenen Volkswagen Tiguan L Pro krossoweriniň satuwynyň başlandygyny habar berdi. Model güýçli hereketlendiriji, opsiýalaryň giň toplumy we ömürlik kepillik bilen elýeterlidir.
Hytaýda bu model 236,8 - 266,8 müň ýuan (takmynan 32,7 - 36,9 müň dollar) aralygyndaky bahadan hödürlen...
Audi A6 e-hybrid hödürlendi: has uly batareýa, 362 at güýji we benzinsiz 111 km ýol geçýär
Audi täze «A6 sedan» we «A6 Avant» ulaglarynyň tokdan zarýad alýan gibrid görnüşlerini tanyşdyrdy. Öňki modellere garanyňda, täze wersiýalaryň batareýasy 45% ulalyp, 20,7 kWt⋅s sygyma ýetirilipdir. Bu bolsa WLTP standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen sedanda 111 km, uniwersalda bolsa 106 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «ITHom...
Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi.
Amerikan kompaniýasy Hytaýdaky esasy müşderilerine eýýäm iýul aýynda üýtgedilen...
Apple 2024-nji ýylda diňe ABŞ-da App Store-yň üsti bilen $10 mlrd gazandy
2024-nji ýylda Apple-iň diňe ABŞ-da App Store-dan gazanan girdejisi 10,1 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada Appfigures analitiki kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär. Bu kompaniýanyň programmalar dükanynyň töleg ulgamy arkaly amala aşyrylan her bir amaldan alan mukdarydyr.
ABŞ-da AppStore-yň umumy girdejisi 33,68 mlrd dollar...
Apple emeli aň üçin Google bilen hyzmatdaşlygyny bes edip biler
Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi...
Huawei kompýuterler üçin HarmonyOS operasion ulgamyny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy HarmonyOS 5 (HarmonyOS NEXT) operasion ulgamyny hödürledi. Bu ulgam häzirki zaman emeli aň mümkinçiliklerine eýe bolup, esasan-da Hytaýyň kompýuter bazaryna gönükdirilendir. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.
Resmi maglumatlara görä, stol kompýuterleri üçin niýetlenen HarmonyOS 5 ulgamy Huawei-niň smartfonlary, planş...
Sem Altman ChatGPT-niň ýolbaşçylygyndan çekilip, barlag işleri bilen meşgullanar
OpenAI kompaniýasy Instacart amerikan eltip berme hyzmatynyň häzirki baş direktory we Facebook App-yň öňki ýolbaşçysy Fiji Simonyň programma üpjünçiliginiň ösüş ugruna ýolbaşçy hökmünde bellenendigini habar berdi. OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial torundaky sahypasynda bu çäräniň oňa barlaglara, hasaplaýyş mümkinçiliklerine we emeli aňyň how...
Maskyň superkompýuteri 300 000 öýe ýeterlik tok sarp edýär
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Colossus superkompýuteri Memphis Supercluster taslamasynyň çäklerinde doly güýjüne işläp başlady. Onuň energiýany sarp edişi şeýle bir ýokary welin, ol 300 000 ýaşaýyş jaýynyň sarp etjek toguna barabar diýip, Tom’s Hardware habar berýär.
Häzir Tennessi ştatynyň Memfis şäherinde ýerle...
Jesko Absolut giperkary ýarym mil aralykda Venom F5-iň tizlik rekordyny täzeledi
Koenigsegg Jesko Absolut giperkary ýarym mil – takmynan, 800 metr aralykda tizlik rekordyny goýdy. Ulag tizligini 359,83 km/sag çenli artdyryp, Hennessey Venom F5-iň öňki netijesinden geçdi. Bu ulag tizligini 357,11 km/sag çenli artdyrypdy.
Sürüş garaşsyz synçylar gatnaşmazdan geçirildi, şonuň üçin ulagyň netijesi heniz resmi taýdan ykrar ed...
ABŞ-daky täze kanun taslamasy Apple-a daşarky programma dükanlaryna rugsat bermäge mejbur edýär
ABŞ-da iri sanly platformalaryň, şol sanda Apple bilen Google-yň iş düzgünlerini üýtgedip biljek täze kanun taslamasy hödürlenildi. Bu taslama görä, uly programma dükanlarynyň operatorlary ulanyjylara daşarky programma dükanlaryny enjamlaryna gurnamaga we olary esasy dükana öwürmäge rugsat bermeli bolar diýip, «The Verge» habar berýär.
Kanun...
SpaceX ýylda 25 gezek Starship raketasyny uçurmaga rugsat aldy
ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) Starship uçuşlarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine degişli jemleýji ekologiki bahalandyrmasyny çap etdi.
FAA-nyň hasabatyna görä, Ilon Maskyň kosmos kompaniýasy aşakdaky çäreler üçin resmi taýdan rugsat aldy:
Tehasdaky «Ýyldyz bazasynda» ikinji uçuş meýdançasyny gurmak;
Ýylda 25...
Mitsubishi 2026-njy ýylyň tomsunda täze elektrokrossower hödürlär
Mitsubishi kompaniýasy 2026-njy ýylyň tomsunda Demirgazyk Amerikada elektromobil bazaryna gaýdyp geler. Täze model ABŞ-da we Kanadada elýeterli bolar. Bu 2017-nji ýylda i-MiEV modeliniň satuwy bes edileni bäri brendiň ilkinji elektromobilidir.
Mitsubishi Motors North America-nyň prezidenti Mark Çaffiniň aýtmagyna görä, elektrokrossower “için...
Windows XP iş stolundaky meşhur baýyr tanalmaz derejede üýtgedi
Internet ulanyjylaryny Windows XP iş stolundaky meşhur ýaşyl baýryň häzirki görnüşi haýran galdyrdy. Bu ýeriň üýtgändigini görkezýän suratlar bilen @insidehistory lakamly ulanyjy paýlaşdy.
Fotosuratçy Çarlz O’Rier tarapyndan Napa jülgesinde (Kaliforniýa) düşürilen meşhur suratda ýiti gök asman bilen zümerret ýaşyl baýyrlar şekillendirilipdi....
NASA-nyň howa şary 17 günde dünýäniň daşyndan aýlandy
Täze Zelandiýanyň Wanaka şäherinden asmana uçurylan NASA-nyň futbol meýdançasy ýaly ululykdaky howa şary 17 gün 13 sagat 47 minudyň dowamynda, dünýäniň daşyndan doly aýlanyp, ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Bu hadysa NASA-nyň Günorta ýarymşaryň orta giňişliklerinde geçiren synag maksatnamasynyň möhüm bölegi boldy.
Uçuş 4-nji maýda ABŞ-...
Business Insider: Google filmler we teleseriallar boýunça täze bölüm döretdi
Google kompaniýasy film we teleserial önümçiligi boýunça «100 Zeros» atly başlangyjy işe girizdi. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär. Täze taslama Range Media Partners prodýuserlik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.
Bu bölüm Google tarapyndan maliýeleşdirilip bilinjek taslamalary gözlär. Neşiriň berýän magluma...
Xiaomi we Huawei ätiýaçdan Google Play-siz HyperOS 3-i işläp düzýärler
Xiaomi, BBK Group (Oppo, Vivo we OnePlus brendleriniň eýesi) we Huawei bilelikde Google Play hyzmatlary bolmazdan hem işläp biljek HyperOS 3 operasion ulgamyny işläp düzýärler. Bu ädim ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň mümkinçiligi bilen baglanyşykly bolup, şol sanksiýalar eýýäm Huawei kompaniýasyna güýçli täsir etdi. Bu barada Xiaomi-niň ösüşlerine göz...
Xiaomi «SU7 Ultra-nyň» kuwwat çäklendirmelerini aýyrdy: indi ol ozalky 900-e derek 1548 at güýjüni berýär
Howpsuzlyk sebäpli Xiaomi öz «SU7 Ultra» elektromobiliniň kuwwatyny başlangyç tapgyrda programma arkaly çäklendiripdi. Emma müşderileriň şikaýatlaryndan soň, kompaniýa bu karary täzeden gözden geçirip, çäklendirmeleri aýyrmaga karar berdi.
«CarNewsChina» neşiriniň habaryna görä, zawoddan çykýan «SU7 Ultra» modeli diňe 900 at güýjüni öndürýär...
IPhone 17 Air zarýad berýän daşlyk bilen çykarylar
Täze iPhone 17 Air-iň juda inçejik dizaýny, ähtimal, batareýanyň işleýiş wagtynyň gysgalmagyna sebäp bolar. «The Information» neşiriniň çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, bu smartfony bir günläp zarýadsyz ulanmak kyn düşer. Şonuň üçin Apple bu model üçin içine goşmaça batareýa ýerleşdirilen ýörite daşlyk çykarmagy meýilleşdirýär.
Mu...
Google kompaniýasy Android ulgamy üçin düýpli täzelenme taýýarlaýar. Näme zat üýtgeýär?
Google-yň resmi blogunda Android ulgamynyň täze dizaýn konsepsiýasy barada ýazgy peýda boldy. Bu ýazgyda täze ulgamyň nähili boljakdygy görkezilýärdi. Ekran şekillerine görä, täze Android has düşnükli, ýagty, reňkli we aňsat bolar. Bu ýazgy blogdan tiz wagtda pozuldy, emma internetde ýaýrap ýetişdi diýip, «TechCrunch» habar berýär.
Android o...
Ford akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli, F-150 Lightning pikaplaryny yzyna çagyrýar
Ford kompaniýasy 2022-nji ýylyň noýabryndan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda öndürilen elektrikli «F-150 Lightning» pikaplaryny akkumulýatoryň ot almak howpy sebäpli yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Mesele akkumulýator blogyndaky şinalaryň üstünde ýerleşýän boltlaryň gowşak berkidilmegi bilen baglanyşykly bolup, bu ýagdaý elektrik dugasynyň dö...