Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy. Embodied Tien Kung roboty ýerüsti aragatnaşyk torlaryny ulanmazdan, durnukly işläp bilýändigini subut etdi. Synag wagtynda ol GalaxySpace kompaniýasynyň ganat şekilli antenna gözenegi bilen üpjün edilen internet hemrasyna gönüden-göni birigip, wideo-maglumatlary hakyky wagt tertibinde (onlaýn) ugratdy. Işläp düzüjiler munuň Hytaýyň fazalaýyn antenna gözenekli, täze pes orbitaly platformasyna esaslanýan köp terminally we köp kanally aragatnaşygyň ilkinji mysalydygyny aýtdylar. Bu ulgam doly özbaşdak ýagdaýda işledi. Görkezme wagtynda robota amaly ýumuş tabşyryldy: ol döwlet hyzmatlary merkezinden "Raketa alleýasyna" çenli özbaşdak gelen sürüjisiz awtoulagdan taslamanyň tamamlanandygy baradaky simwoliki şahadatnamany almaly boldy. Hemra bilen aragatnaşyk ýola goýlandan soň, robot resminamany alyp, ony goňşy bina eltdi. Çäräniň ahyrynda Embodied Tien Kung taslama ýolbaşçysyna — Ezhou Star Arrow kompaniýasynyň wekiline "Taslamanyň tamamlanandygy baradaky bilelikdäki kabul ediş namasyny" gowşurdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir