Google kompaniýasy "Google Assistant" ses kömekçisiniň gizlinlik düzgünlerini bozandygy barada ABŞ-da gozgalan kollektiwleýin talap arzasyny çözmek üçin 68 million dollar tölemäge razy boldy. Bu barada The Hill neşiri habar berýär. Bu ylalaşyk Google Assistant arkaly işleýän enjamlaryň ulanyjylaryň şahsy gepleşiklerini, olaryň razylygy bolmazdan ýazga alandygy baradaky kazyýet işinden öňki çözgütdir. Arzanyň materiallaryna görä, ses ýazgylary hatda ulanyjylar kömekçini işjeňleşdirýän "Hi, Google" ýa-da "Ok, Google" ýaly açar sözleri aýtmasalar-da amala aşyrylypdyr. Şikaýatçylar bu hereketleriň kompaniýanyň gizlinlik syýasatyna we wadalaryna düýbünden garşy gelýändigini öňe sürdüler. Gazanylan ylalaşyk Google-a öz günäsini boýun almazdan kazyýet işini ýapmaga we mundan beýläkki kazyýet çykdajylaryndan gutulmaga mümkinçilik berýär. Ozal şuňa meňzeş ýagdaý Apple kompaniýasy bilen hem bolup geçipdi. Şonda kompaniýa "Siri" ses kömekçisiniň ulanyjylaryň gizlinligini bozmagy bilen baglanyşykly kollektiwleýin dawany ýapmak üçin 95 million dollar tölemäge razy bolupdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir