Deep Robotics kompaniýasy LYNX M20 robot-itini Hytaýyň demirgazygyndaky örän sowuk gyş şertlerinde synagdan geçirdi. RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, synaglar Içki Mongoliýanyň Hulun-Buir şäher sebtinde bolup geçdi. Barlagyň geçýän wagtynda howanyň temperaturasy takmynan minus 30 gradusa çenli düşüp, garyň galyňlygy bolsa dört metre ýetdi. Taslamany işläp düzüjiler robot şeýle şertlerde iş ukybyny saklamagy we öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegi başarandygyny aýdýarlar. Enjam hatda doňak suwa gaçmak howpy dörände-de bozulmandyr. LYNX M20 — bu çylşyrymly we howply gurşawda işlemek üçin niýetlenen dört aýakly robotdyr. Öndüriji ony adaty ýöreýiş we tigirli hereketiň elementlerini özünde jemleýän gibrid gurnama hökmünde häsiýetlendirýär. Şeýle gurluş, enjamy daglyk ýerlerde, batgalyklarda we weýrançylyk bolan zolaklarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan ozal Deep Robotics kompaniýasynyň inženerleri bu roboty 4600 metr töweregi belentlikdäki daglyk sebitlerde synagdan geçiripdiler. Şol synaglaryň dowamynda robot ýükleri, şol sanda kislorod ballonlaryny daşamak işi bilen meşgullanypdy. Şeýle-de, geçen ýylyň başynda Hytaýyň halas ediş gulluklary kompaniýanyň başga bir önümini — X30 robotyny peýdalanyp başladylar. Ol model ýangyn söndürijiler tarapyndan okuw-taktiki türgenleşikleri we beýik binalardaky hakyky amallaryň dowamynda ulanylýar.