YouTube-daky "I Build Stuff" kanalynyň awtory, inžener Jon Sze ýagyş ýaganda adamyň yzyna özbaşdak eýermäge ukyply awtonom uçýan saýawan oýlap tapdy. Enjam dron tehnologiýalaryna esaslanyp bolup, adamyň depesinde pasyrdaýar we saýawany elde saklap durmak zerurlygyny aýyrýar. Taslamanyň 2024-nji ýylda görkezilen ilkinji nusgalary pult arkaly elde dolandyrylýardy. Munuň oňaýsyzdygy sebäpli, inžener internetdäki abunaçylarynyň haýyşy boýunça ulgamy kämilleşdirdi. Täzelenenden soň saýawan adamy awtomatiki usulda yzarlaýar we onuň depesinden birnäçe metr beýiklikde hereket edýär. Munuň üçin kameralar, LiDAR sensorlary we Raspberry Pi mini-kompýuteri ulanylýar. Bu tehnologiýalar drona nyşany tanamaga we ony gözden ýitirmezlige mümkinçilik berýär. "Eger bu taslama kämil boldy diýsem, ýalan sözledigim bolar, ýöne ol bize şatlyk getirmedi diýmek hem dogry däl" diýip, Jon Sze belleýär. Inženeriň aýtmagyna görä, taslama heniz köpçülikleýin önümçilige taýýar däl we ony has-da kämilleşdirmek gerek. Jon Sze mundan ozal hem birnäçe täsin enjamlary döredipdi. Ol öz işleri barada YouTube kanalynda yzygiderli maglumat paýlaşýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir