Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy. 2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi. Umumy alnanda bolsa, şu aýda Microsoft kompaniýasynyň gymmatly kagyzlary tas 14% arzanlady. Maýadarlaryň aladalanmagyna infrastruktura we Nvidia prosessorlaryna gönükdirilen düýpli çykdajylaryň 70% artyp, 40 milliard dollara ýetmegi sebäp boldy. Bazar ulgamynda korporasiýanyň OpenAI kompaniýasyna bolan garaşlylygy we EA tehnologiýalaryna goýlan ägirt uly maýa goýumlarynyň öwezini doluş tizligi bilen bagly töwekgelçilikler hem durnuksyz ýagdaýy emele getirdi. Emma, muňa garamazdan, kompaniýanyň resminamalary arassa peýdanyň 38,5 milliard dollara çenli artandygyny we bulut hyzmatlaryndan gelýän girdejiniň 50 milliard dollardan geçendigini tassyklaýar. «Azure» bölümi 39% ösüş görkezdi, ýöne bu netije seljerijileriň garaşyşyndan pes boldy. «Xbox» bölümi bolsa, bulut we şahsy kompýuter oýunlarynyň (PC-gaming) rekord derejede ulanylmagyna seretmezden, «Call of Duty» oýnunyň görkezijileriniň peselmegi sebäpli 9% azaldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir