Generatiw emeli aň diňe bir tekstleri, suratdyr wideolary däl, eýsem himiýa senagatynda-da täze materiallary döretmekde öz mümkinçiliklerini giňden görkezip başlady. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Bu tehnologiýalar öňünden kesgitlenen aýratynlyklary bolan önümleri almak üçin zerur komponentleri saýlap we utgaşdyryp bilýär. Ozal diňe hünärmenleriň tejribelerine esaslanyp, şeýle netijeleri almak mümkin däldi ýa-da köp barlaglary talap edýärdi. Mysal üçin, PPG öndürijisi awtomobiller üçin niýetlenen Deltron Premium Glamour Speed Clearcoat lagyny döretmekde emeli aňdan peýdalandy. Ulgam bary-ýogy birnäçe minutyň dowamynda komponentleriň iň laýyk utgaşmasyny hödürledi, netijede lak örtüginiň 140 °C temperaturada gurama wagty 30 minutdan 5 minuta çenli azaldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, otag temperaturasynda bu material bir sagatda guraýar, bu bolsa meňzeş önümlerden iki esse çaltdyr. Bu işläp taýýarlama önümler baradaky maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagy we Karnegi — Mellon uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk arkaly mümkin boldy. Beýleki iri korporasiýalar hem şuňa meňzeş çözgütleri ornaşdyrýar. Procter & Gamble emeli aňy hojalyk himiýa serişdeleriniň yslaryny döretmek üçin ulanýar, Mars kompaniýasy bolsa her ýyl 246 tonna plastigi tygşytlaýan gaplamany döretdi. 3M kompaniýasynyň wekilleri algoritmleri tozan aýyrmak ukyby kämilleşdirilen ýokary öndürijilikli ýylmaýjy diskleri taslamak üçin ulandy. TerraSafe startapy sanly modelleriň kömegi bilen suwda ereýän ýaprak görnüşli kir ýuwujy serişdesini döretdi. Emeli aňyň ulanylmagy bir wagtyň özünde birnäçe ölçeg boýunça tehniki parametrleri kesgitlemäge we çylşyrymly himiki birleşmeleri modelirlemek prosesini ep-esli çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir