Türkmenistanda howanyň gündizlerine +28 gradusa çenli salkynlamagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda howanyň temperaturasy +37 gradusa çenli yssy bolar, dynç günlerine ýakyn bolsa dowamly peselmegine garaşylýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Aşgabatda açyk bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +30... +35 gradusdan +35... +37 gradusa çenli, gijelerine bolsa +17......
Tokioda golaýlaşyp gelýän «Duszýuan» deňiz tupany sebäpli 450 uçuş ýatyryldy
Ýaponiýanyň paýtagtynyň Haneda we Narita howa menzillerinde golaýlap gelýän güýçli «Duszýuan» deňiz tupany sebäpli uçuşlaryň 461-si ýatyryldy. Bu barada TASS habarlar agentligine salgylanýan «khowar.tj» habar berdi.
Deňiz tupanynyň merkezi Hosnýu adasynyň ýuwaş umman kenarýakalarynyň merkezinden günortada ýerleşýär. Ol 25km/sag tizlik bilen...
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergi açyldy
Sergini muzeýiň medeni-magaryf bölüminiň müdiri Döwletmyrat Rejepow açdy. Çykyş edenleriň arasynda Türkmenista...
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Lahor Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan kabul edişlikde çykyş etdi
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabat şäherindäki «Serena» myhmanhanasynda Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Pakistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň Ilçileri üçin gurnalan «Ambassadors’ Dinner 2026» çäresine baş myhman hökmünde gatnaşdy. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň ilçi...
Hytaýdaky dokma kärhanasynda ýangynda sekiz adam gurban boldy
Hytaýyň günortasyndaky Guandun ülkesiniň Foşan şäherindäki dokma fabriginde dörän ýangynda azyndan sekiz adam pida boldy, bir adam ýaralandy. Bu barada «Belta.by» habar berdi.
Ýangyn ýekşenbede gündiz döredi. Wakanyň beýleki jikme-jiklikleri habar berilmeýär.
Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyynyň 35 ýyllyk baýramyna, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar
Aşgabat we Arkadag şäherleriniň giň köçeleri, gözel şaýollary we kaşaň binalary...
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan ýakyn wagtda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul edişlikde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy gepleşikleri dowam etdirmek we amaly hy...
Ermenistan bilen Türkmenistanyň haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň 7 aýynda 35 million dollardan geçdi – ilçi
Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 35,95 million amerikan dollaryna ýetip, 2025-nji ýylyň jemi görkezijisi bolan 36,5 million dollara golaýlady. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan kabul...
Ermenistan Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandyna ýokary baha berýär – ilçi
Ermenistan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandyna ýokary baha berýär — diýip, Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Arsen Awagýan aýtdy.
«Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Ermen...
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga çagyrdy
Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan ermeni we türkmen halklaryny baglanyşdyrýan umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga çagyrdy.
«Ermeni we türkmen halklarynyň taryhyny baglanyşdyrýan taryhy-medeni miras ýadygärlikleri hem aýratyn ähmiýete eýedir. Olaryň arasynda Argawand obasyndaky XV asyra degişli türkmen emirleri Garagoý...
Agajanow: Türkmenistan bilen Ermenistanyň hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalanýar
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy, muňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça dowam edýän özara saparlar, duşuşyklar we maslahatlaşmalar şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow belledi.
«Türkmen halkyny...
Russiýanyň MST-i Döwlet Dumasyna saýlawlaryň jemleriniň gutarnykly yglan ediljek senesini habar berdi
Russiýanyň Merkezi saýlaw topary saýlawlaryň gutarnykly jemlerini 25-nji sentýabrda yglan eder. Bu barada MST-niň başlygy Ella Pamfilowa habar berdi diýip, TASS ýazýar.
20-nji sentýabrda Russiýada Döwlet Dumasynyň IX çagyrylyşynyň deputatlarynyň, gubernatorlaryň we sebit parlamentleriniň saýlawlary tamamlandy. Ol üç gün dowam etdi.
Se...
Bangladeşde gazly ballonlar partlap ýedi adam heläk boldy
Bangladeşiň Dakka şäheriniň eteginde birnäçe ýük ulaglarynda gazly ballonlaryň partlamasy netijesinde dörän güýçli ýangynda azyndan ýedi adam pida boldy, 13 adam ejir çekdi diýip, «Sinhua» agentligi habar berdi.
Şäheriň etegindäki Aşuliýa etrabynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Tarikul Yslam ýapyk furgonla...
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana, ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlary...
Halk Maslahatynyň Başlygy durky täzelenen Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli döwrebaplaşdyrylan we täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp, ondaky desgalar we atlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýer togalagynyň we onuň üstünde ýerleşdirilen taýçanag...
Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän desgalary gözden geçirdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Saparynyň dowamynda ol bu ýerdäki ýollaryň we çäkleriň abadanlaşdyrylyşyny gözden geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
...
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen wekiller, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Çäre Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini...
Tokioda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň sebit seminaryna gatnaşdy
16-17-nji sentýabrda Tokioda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy üpjün etmek, strategik kommunikasiýalar we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan sebit seminary geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.
Seminaryň işine Merkezi Aziýa...
GAR-da mpox ýokanjynyň ýaýraýandygyny habar berdiler
Günorta Afrika Respublikasynda (GAR) soňky 5 hepdede mpox ýokanjynyň (maýmyn mamasynyň) 13 adama ýokuşandygy hasaba alyndy. Bu barada «Anadolu» agentligine salgylanýan «news.by» habar berdi.
Ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi 17-nji sentýabrdan bäri bu keseliň 18 adamda tassyk bolandygyny we ýene bir adamda çak edilýändigini habar berdi. Kes...
BMG dünýäde ilkinji bolup Türkmenistanda G-PESTLE usulyýetini synagdan geçirmäge girişdi
BMG-niň Türkmenistandaky ýurt topary dünýäde ilkinji bolup «BMG-Zenan» düzümi tarapyndan işlenip taýýarlanan strategik çaklama üçin täze gural bolan — G-PESTLE usulyýetini synagdan geçirmäge girişdi. Bu barada un.mission.gov.tm saýty habar berýär.
G-PESTLE — geljekde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleri we täze mümkinçilikleri öňünden kesgit...