Düýn Türkmenistanda ýerleşýän «Lu Ban ussahanasy» ilkinji gezek türkmen we hytaý nebitgaz ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Informatika boýunça halkara açyk internet olimpiadasynyň geçirilýän meýdançasy boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we HHR-iň Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Olimpiadanyň dabaraly açylyş dabarasy türkmen nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri we talyplar gatnaşdylar. Iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 120 talyp halkara olimpiadasyna işjeň gatnaşdy. Olimpiadanyň netijeleri türkmen uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenip taýýarlanan milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde jemlendi. Iň ýokary bal toplan gatnaşyjylar we toparlar ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandy. Ikitaraplaýyn çäre türkmen ýokary okuw mekdebi bilen Hytaýyň üç nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň esasynda guraldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda ilkinji «Lu Ban ussahanasy» şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda açyldy. Ol ýurduň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşmagy maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→