3-4-nji noýabrda Türkmenbaşy Halkara deňiz portundaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Çäräniň dowamynda pakistanly gümrük işgärlerine Hazarýaka sebitinde iri logistika toplumy bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleridir harytlar babatda gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Şeýle hem türkmen we pakistanly gümrükçiler Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (WCO) Ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň (IREN) çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Taraplar duşuşygyň dowamynda geljekde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny hem maslahatlaşdylar.