Rumyniýanyň DIM-inde täze bellenen daşary işler ministri Sebastian-Danut Nekulesku bilen Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi Annamämmet Annaýew hem gatnaşdy. Duşuşykda Rumyniýanyň Daşary işler ministri ähli diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady we köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan konstruktiw hem-de dostlukly gatnaşyklary üçin olara minnetdarlygyny bildirdi. Şeýle hem, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Rumyniýanyň daşary işler ministri bilen bolan gysga söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi A.Annaýew Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň adyndan onuň täze wezipä bellenmegi bilen iberen gutlag hatyny gowşurdy. Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň täze bellenen daşary işler ministri bilen duşuşdy Şeýle hem, ilçi A.Annaýew Sebastian-Danut Nekulaeskuny wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, oňa jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi we türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada gysgaça beýan etmek bilen, onuň yzygiderli ösmegine umyt bildirýändigini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→