Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň ylmy-barlaghanasynda hünärmenler, mugallymlardyr talyplar tarapyndan arheologik tapyndylary dikeldiş hem-de bejeriş işleri geçirilýär. «Altyn asyr» elektron gazetinde berilýän habara görä, Aşgabat şäheriniň demirgazyk-günbatar böleginde Parfiýa şalygynyň döwrüne degişli tötänleýin tapylan keramiki gaplar institutyň barlaghanasyna gowşurylýar. Ylmy-barlaghanada zähmet çekýän hünärmenleriň we talyplaryň geçiren dikeldiş işleriniň netijesinde, asyrlarboýy zaýalanan bu Parfiýa döwrüniň keramiki gaplary gaýtadan dikeldilýär. Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler institutyň talyplaryna hünär ussatlygyny öwrenmäge, tejribe toplamaga we ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilik döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→