Bangladeşiň tikin fabriklerindäki gapma-garşylyk çykyşlary Ýewropanyň dükanlarynda egin-eşikleriň gytlygyna sebäp bolup biler, bu barada «Financial Express» neşiri bilen söhbetdeşlikde halkara lomaý satyn alyş kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysy duýdurdy diýip, «ria.ru» habar berdi. Onuň sözlerine görä, eger fabrikler bellenen möhletde eşikleri getirmeseler, brendler sargytlardan ýüz öwrüp bilerler. Kompaniýanyň ýolbaşçysy şeýle hem noýabr-dekabryň bölek torlar üçin satuwlaryň iň gyzgalaňly döwrüdigini ýatlatdy. Netijede, satyn alyjylaryň bir bölegi sargytlary Hindistana we Wýetnama, şeýle hem Müsüre we Indoneziýa geçirip bilerler. Tikin fabriklerinde gapma-garşylyk çykyşlary Bangladeşiň Hökümeti aýlyklara täzeden garamak boýunça ýörite topar döretmekçidigini geçen ýekşenbede yglan edeninden soňra başlandy. Işçiler iň az aýlyk hakyny 30 müň taka (takmynan 240 dollar) çenli ýokarlandyrmagy talap edýärler. «Daily Star» gazetiniň ýazyşy ýaly, hut şol gün ýurtda azyndan 529 fabrik iş taşlaýyş yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→