Şu günler Stambul şäherinde «Gorkut ata» atly VI halkara kinofestiwal geçirilýär. Oňa türkmen kino sungatynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu barada uza.uz saýty ýazýar. Taryhy «Atlas-1948» kinoteatrynda geçirilen dabaraly açylyş çäresinde beýik gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň durmuşyna bagyşlanan film görkezildi. Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlyk etmegine geçirilýän festiwal dürli ýurtlardan gelen režissýorlary, aktýorlary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi. Türkmenistanly kin ussatlarynyň şeýle iri halkara festiwala gatnaşmagy milli kinematografiýanyň halkara derejede has-da tanatmak, türkmen kino sungatynyň gazananlaryny tanyşdyrmak hem-de türki halklaryň arasyndaky medeni aragatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek babatda uly ähmiýete eýedir. Baý medeni maksatnamadan dürli duşuşyklardan we söhbetdeşliklerden başga-da, «Gorkut Ata» I halkara kino simpoziumy, «Bozdag» kinostudiýasyna gezelenç we beýleki köpsanly çäreler orun alypdyr. Festiwal 7-nji noýabrda dabaraly gala-konsert we baýrak gowşuryş dabarasy bilen tamamlanar.