BÄŞ BENT GOŞGY
(Hekaýa)
Işden aryp gelip, çaý-naharymy iýemsoň, biraz dynç almak üçin telewizoryň öňünde gyşardym. Ýassygy tirsekläp, «mawy ekrandan» goýberilýän gyzykly tomaşalara syn salyp oturyşyma birden körpe gyzyma gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa, onuň öňküligi ýokdy. Ýüzüni sortduryp otyrdy.
—Aýperi, näme keýpsiz otyrsyň, gyzym? Ýaraňokmy?—diýip, men oňa gep goşdum.
—Şeýle öýdýän...—diýip, gyzym başyny aşak salyp, düşegi dyrmalap oturyşyna pessaýja jogap berdi.
—Be, walla, güýzüň howa çalşygynda dümewläýdiňmikäň ýa?! —Men dessine ýerimden galyp, gyzymyň ýanyna bardym-da, onuň maňlaýyna elimi degrip gördüm. —Gyzgynyň-a ýok. Näme bolýaka saňa, gyzym?
—Bilmedim-dä... Birhili, ýaramajak ýaly bolup durun öz-ä...
—Agyryp-ynjaýan ýeriň barmy?—diýip, men alada galdym.
—Agyrýan ýerim-ä ýok, ýöne şonda-da, birhili, öňküligim ýok-da...
—Süýjülije çaý edip beräýeýin bolmasa...
—Aý, ýok. Içesim gelenok...
—Onda ýeriňe geçdejik ýataý, gyzym. Birki sagat ir ýatdygyň bolar-da...
—Wah, näler ýatasym gelýä-le... Ýöne öý işimem galyp barýa-da...
—Öý işi? Haýsy dersden?
—Edebiýatdan-la... Goşgy ýat tutmaly...
—Be, walla...—diýip, başymy ýaýkadym. Sebäbi şunuň ýaly çatak ýagdaýlar ýüze çykanda, matematika ýa-da beýleki derslerden çagalaryň öý işlerine özüm ýardam edip, ýüklerini ýeňledip berýärdim. Ýöne bu wagt öý işi goşgyny ýat tutmalydy. Goşgyny özüm ýat tutanym bilen mesele çözüljek däldi.
—Bolmasa, öňküler ýaly, goşgyny bile gaýtalaşyp okap göräýeli. Şeýtsek, sen çalt ýat tutýaň-a—diýip, men gyzyma teklip etdim.
Aýperi ysgynsyzja jogap berdi:
—Bolýa.
Edebiýat kitabyny elime aldym. Ilki özüm bäş bent goşgyny tutuşlygyna labyzly okadym. Soňundanam birinji bendini okadym. Yzyndanam gyzyma birinji bendi okatdym. Şundan soň kitabyň gatyny ýapyp, Aýperä goşgynyň birinji bendini ýatdan aýtmagy tabşyrdym. Gyzym goşgynyň birinji bendiniň birinji setirini zordan ýatdan gaýtalady. Soň welin sakynyp başlady. Nusgawy şahyrymyzyň bu goşgusyny onsuzam ýatdan bilemsoň, kitabyň gatynam açman, onuň birinji bendini aýtdym. Soň gyzyma gaýtalamagy tabşyrdym. Aýperiniň welin şol bolşudy. Ol goşgynyň ilkinji bendiniň birinji setirini ýatdan aýtdy-da, soň ýene bulaşdy. Şeýle ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Emma, näme üçindir, gyzym goşgynyň hatda bir bendini hem doly ýatdan aýtmagy başaranokdy. Aňyrda welin ýene tutuş dört bent ýatyrdy.
—Mundan öň-ä sen goşgy ýat tutmagy maňa ýetireňokdyň—diýip, gyzyma gatyrgandym. —Bu gün nä ugruň ýok?
—Aýdýan-a men, şu gün özümi gowy duýamok diýip.
Gyzymyň jogabyndan soň oňa gatyrgananyma ökündim. Sebäbi şu günki güne çenli goşgy ýat tutmakda hiç wagt beýle ýagdaý ýüze çykanokdy.
—Sen, dogrudanam, ýaraňok öýdýän, gyzym. Bolmasa, ertir okuwdan galaýsana.
—Galsamam-a bordy welin... Ýöne synp ýolbaşçyma duýdurmaly-da ony... —Şeý diýende gyzymyň gözi ýitelip giden ýaly boldy. —Sen oňa jaň edip bilermikäň?
Gyzymyň mugallymlarynyň ählisini diýen ýaly tanaýardym. Sebäbi olaryň aglabasy bir döwür menem okadypdy.
—Adyny aýt synp ýolbaşçyň, häzir jaň edip, ýagdaýy düşündiräýerin—diýip, men gyzymyň başyny sypadym.
—Ejem...
Aýperiniň jogaby birbada gülkimi tutdursa-da, gaharymam getirdi. Dört ýyllyk başlangyç okuwyny tamamlap, bäşinji synpa geçen okuwçylary indi her dersden aýratyn mugallym okadýardy. Başlangyç synplardaky ýaly birnäçe dersden bir umumy mugallym okadanokdy. Aýperi hem şu ýyl bäşinji synpa geçipdi. Ony edebiýat dersinden ejesiniň okadýandygy diňe şu wagt ýadyma düşdi.
—Synp ýolbaşçyň ejeň bolsa, onda edebiýatdanam ejeň okadýa dälmi näme eýsem?—diýip, gyzymdan soradym.
—Hawa, edebiýatdan ejem okadýa meni—diýip, Aýperi mydyrdady.
—Bolupdyr-da, edebiýatdan ejeň okadýan bolsa, seňkiden hezili ýok eken, bar, arkaýyn ýatyber. —Şeý diýip, häliden bäri elimde saklap oturan edebiýat kitabyny bir çetde goýdum.
—Ýog-ow, kaka, ejem goşgyny ýat tutup barmasaň, bahamy kemýä—diýip, gyzym naýynjar gürledi.
—Kimiň bahasyny kemse-de, seňkini kemmez, arkaýyn bol—diýip, men ozal peseldip goýan telewizorymyň sesini birneme açdym-da, «mawy ekrandaky» tomaşany görmäni dowam etdirmekçi boldum.
—Kemýä, kemýä—diýip, gyzym jedir-jedir etdi-de, maňa gündeligini getirip görkezdi. —Seret, ynha, geçen sapakda öý işimi gowy ýerine ýetirmänim üçin ejem maňa üçlük goýdy.
Elmydama sapaklaryndan sap bäşlik alyp gelýän gyzymyň gündeligindäki üçlüge gözüm düşende ýerimden syçrap galanymy hem duýmadym.
—Şu üçlügi ejeň goýdumy?—diýip, gyzymdan tekrarlap soradym.
—Hawa. Ejem goýdy. Synpdaşym Melike bolsa meň üçlük alanyma hezil etdi. Tutuş mekdebe buşlap çykdy. Awtobusda gaýdyp barýakak, goňşy mekdebiň okuwçylaryna-da aýtdy.
Gyzymyň bu sözlerine juda gaharym geldi. Goňşy otaga kürsäp girdim. Aýperi hem yzymdan galmady. Aýalym stoluň başynda okuwçylarynyň depderlerini barlap otyrdy. Men oňa ýarym oýun, ýarym çyn äheňde haýbat atan bolup gürledim:
—Sen näme meň gyzyma üçlük goýan bolupsyň?
—Seň gyzyň, näme, beýleki okuwçylardan artyk ýeri barmyşmy?—diýip, aýalym barlap oturan depderlerinden ünsüni sowman jogap gaýtardy.
—Onda-da edil üçlük goýaýmalam däl ekeniň-dä. Bolmanda, üçlüge aýdan hem bolsa, dörtlüjek goýaýmaly ekeniň-dä...
Meniň bu sözlerime aýalym barlap oturan depderlerini bir çete süýşürdi-de, Aýperä ýüzlendi:
—Näme, kakaňa meni ýamanlan bolduňmy? Şeýdeniň bilen bahaňy artdyraryn öýdýäňmi? Pikirem etmegin. Sen diňe şu öýde meň gyzymsyň, mekdebe baraňsoň, beýleki okuwçylardan hiç hili artykmaç ýeriň ýokdur. Bek bellegin şuny!
—Oglun-a hiç haçanam üçlük goýanok. Hatda dörtlügem goýanok. Diňe bäşlik goýýa—diýip, gyzym ejesiniň nazaryndan çekinip, maňa delmurup bakdy.
Häliden bäri biziň gürrüňlerimizi sesini çykarman diňläp oturan sekizinji synpda okaýan oglum Adyl ýanymyza kürsäp geldi:
—Bäşlikleri ejem maňa diňe ogly bolanym üçin goýýandyr öýdýäňmi?—diýip, ol Aýperiniň alkymyna dykylyp bardy.
—Dagy näme!—diýip, Aýperi hem ýeň bermedi. —Ol seni menden has gowy görýär-ä. «Oguljygym, noguljygym» diýen bolup...
—Oň ýaly bolgusyz gürrüňiňi goý, gyzym, ejeň ikiňizem deň gowy görýändir—diýip, Aýperä gatyrgandym. —Ene üçin çagalarynyň hemmesem deňdir.
—Onda näme üçin ol Adyla diňe bäşlik goýýa, maňa bolsa hatda dörtlügem goýmady?
—Sebäbi men köpüň öňünde ejemiň dilini gysga etmejek bolup, iki esse artyk okaýan-da—diýip, Adyl Aýperä jogap berdi. —Beýleki derslere taýýarlanyşym bir başga, ejemiň dersine taýýarlanyşym bir başga. Eger men sapaga gowşak taýýarlanyp barsam, ejem synpymdaky okuwçylardan nädip onsoň berk talap edip bilsin? Synpdaşlarymyň ählisiniň gözi meniň sapaga nähili jogap berşimde ahyry.
Şunça ýyllaryň dowamynda çagalarym her gün mekdebe gidip-gelip ýören-de bolsalar, şeýle ýagdaýa birinji gezek sataşýardym. Dogrusy, oglumyň Aýperä beren jogaby maňa juda täsir etdi. Şu pursatda gyzymyň arkasyny alyp, telek iş edendigime düşündim.
—Aýperi jan, senem agaň ýaly, ejeň dersine has berk taýynlyk göräýmeli ekeniň-dä.
—Taýynlyk gördüm-dä, ýöne bu gün meň ugrum ýok...
—«Ugrum ýok» bahanaň bilen goşgy ýat tutmajak bolup, kakaňy aldasaňam, meni ynandyraryn öýtmegin. Mekdepden geleňsoň, uzakly gün multfilm görüp, soňam daşarda pişigiň bilen oýnap, wagtyňy bisarpa geçirmedik bolsaň, goşgyňy bir mahal ýat tutardyň sen—diýip, aýalym Aýperä käýedi. —Özem, goşgyny ýat tutup bilmeseň, ertir ikilik goýjagym anykdyr. Ejem maňa geçirimlik eder diýip hiç haçan arkaýyn bolmagyn. Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolaýsyn! Hana, agaňdan al göreldäni. Meň ýüzümi ýere salmajak bolup jan edýä. Öwren şondan.
—Hany, ýör onda, goşgyny ýat tutaly—diýip, men gyzymy ejesiniň işläp oturan otagyndan alyp çykdym.
—Ejeme sen diýeniňi etdirip bilýäň-ä, kaka, ertir menden soramanda-da bolýar-a şol goşgyny. Aýdaý-da, hä. Men ýataýyn-da?! Ukym tutup alyp barýa-da. Ertirden başlap ejemiň sapaklaryna has gowy taýýarlanyp başlaýyn onsoň—diýip, gyzym maňa özelendi.
Iki oduň arasynda galdym. Bir tarapdan gyzyma ýüregim awaýardy, emma beýleki bir tarapdan aýalymyň aýdýanlarynyň hem jany bardy. Aýperi hut ejesine arkaýynlanyp, öý işini edesi gelenokdy. Birinji gezekde geçirimlilik etseň, soňy bilen gyzymyň bu häsiýete endik etjegi ikuçsuzdy.
—Hany, ýarym sagatjyk ýene goşgyny gaýtalaly, eger şondan soň ýat tutup bilmeseň, ejeňe haýyş edäýerin-dä...
Ataly-gyz bolup ýene goşgyny okamaga başladyk. Ýarym sagadyň dowamynda gyzym zordan üç bendi ýat tutmagy başardy. Ozalam işden aryp gelemsoň, gereginden artyk ýüke ejizläp ugradym. Goňşy otaga bardym. Gyzym hem yzymdan galanokdy.
—Goşgynyň üç bendini-hä ýat tutduk. Bolmazmy şo?—diýip, aýalymdan soradym.
—Her bent üçin bir baha. Bäş bent üçin bäşlik, dört bent üçin dörtlük, üç bent üçin bolsa üçlük. Gyzyňdan sora, eger üçlüge razy bolsa, onda ýerine geçsin-de, ýatybersin.
—Ýo-ok, üçlüg-ä razy dä-äl—diýip, Aýperi ejesiniň jogabyna garşy boldy.
—Beýle bolsa, baryny ýat tut-da onda—diýip, aýalym gyzyma sesini gataltdy.
—Beh, seň öz çagaňa şeýle ýowuzdygyňy birinji gezek görýän-aý—diýip, aýalymyň bolşuna ör-gökden geldim.
—Talap hemmelerden deň tutulmalydyr, şuny bek biliň. Gyzym bolsa-da, eglişik bolmaz.
Resmi äheňde pert-pert aýdylan bu sözler çagalarymyň ejesiniň dilinden däl-de, olaryň mugallymynyň dilinden çykypdy. Şundan soň gyzymyň elinden tutdum-da, otagdan çykdym.
Aýperi menden netije bolmajagyny bilip, has ýokarrakdan tutup görmegi makul bilen borly. Ol gözlerini ýyldyr-ýyldyr edip, maňa pikirini aýtdy:
—Kaka, kaka, atama haýyş etdirip görsek näder? Şonda-ha ejem «ýok» diýip bilmez oňa.
Gyzymyň bu mekir pyrryldagyny asla unamadym.
—Ataňa bolgusyz zatlar üçin azar beriji bolaýma—diýip, men onuň al-petinden aldym. —Ýör, goşgyň yzyny ýat tutaly.
Biz ýene ataly-gyz bolup goşgy okamaga başladyk. Özüne indi hiç hili eglişigiň bolmajagyna düşünen Aýperi birneme tijendi. Sähel salymyň içinde ol goşgyny tutuşlygyna ýat tutdy.
—Hany, indi iň soňky gezegem goşgyny boýdan-başa ýatdan aýdyp ber, gyzym—diýip, Aýperä ýüzlendim.
Gyzym bäş bent goşgyny sakynman, boýdan-başa ýatdan labyzly aýdyp berdi.
—Berekella, gyzym, berekella—diýip, häliden bäri bizi keseden synlap oturan aýalym Aýperiniň ýanyna gelip, onuň başyny sypady. —Ynha, indi sen bäşlige mynasyp baha gazandyň.
Bu sözler hem enäniň sözüdi, hem mugallymyň.

#Eziz Geldimyradow.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir