Gerek däl maňa

“Oturşy bir, köňli aýry”
Gardaş gerek däl maňa,
Syrym ile ýaýyp ýören
Syrdaş gerek däl maňa.
Köseneýin ýekelikden,
Goý, kösesin durmuş meni,
Ýyly mährine çoýmaýan
Bibaş gerek däl maňa.

Bigäne mähir gandyrmaz,
Bil özüňkiň gadyryny.
Keseki ojak ýylatmaz,
Hergiz unutma şuny!
Özgäniň müň ýyly sözi
Birje ýylgyrtmaz meni,
Ýaryň ýakyşyndan aýry
Ataş gerek däl maňa.

Bi durmuşdyr, dert berende
Saralaýyn, solaýyn.
Ýöne mydam öz ojagmyň
Gapdalynda bolaýyn.
Öz öýümde aglaýyn men,
Öz öýümde diňeýin.
Kesekiniň ojagyndan
Suw-aş gerek däl maňa.

Çagyrsa-da uzak ýollar,
Istemerin, galaýyn.
Şat bolsam-da, hor bolsam-da,
Şu diýarda bolaýyn.
Watanymyň waspyn sözläp,
Mährin saza salaýyn,
Gaýry ilden, gaýry ýurtdan
Bir joş gerek däl maňa.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir