SÜLÇI SOLTANOWYŇ IKINJI ÖÝLENIŞI
(Başdan geçirmeler powesti)

Ine, indi bir hepdäniň içidir, onuň kelle döwüp oturyşy. Hernäçe pikir öwürse-de, kelebiň ujy tapylyberenokdy. «Näme etmeli? Nämeden başlamaly?» diýen sowallar onuň beýnisini edil gurçuk kimin iýýärdi.
Içeri işler bölüminde oňa uly ynam edildi. Uly başlygyň hut özi onuň arkasyna kakyp, haýyş etdi. Başlygyňam bu iş baradaky aladasy çökder bolmaly. Zol-zol uludan demini alýardy, gaýga gidýärdi.
—Gaýrat et, Soltanow! Sen biziň ýalňyz umydymyz!
«Iň uly başlygyň şeý diýip durka, nädip buýrulan işden ýüz öwürjek! Özüňi gereksireden bolup, arkan gaýyşmak uslyp dälmidir?!» diýip, sülçi Garaş Soltanow alyn saçlaryny penjeläp, hyrçyny dişläp durşuna, äpişgeden gök öwsüp ugran baglara nazaryny dikip, oýlanmagyny dowam etdirýärdi. Ýöne her näçe oýlansa-da, nämeden başlajagyny bilenokdy.
Ol baglara seredip ýadansoň, yzyna öwrülip, özüni oturgyja goýberdi. Haşlap, uludan dem aldy. Öňünde ýatan «Delonyň» ýüzüne nazaryny dikip, eýýäm telim sapar okan ýazgylaryny gözden geçirdi. «Jenaýat iş nomeri» diýip, ýazgylary hetjikläp okady. «Jemile Dawudowanyň jenaýat işi...»
Daşyndaky ýazgylary bölüp-biçip, okap bolansoň, jenaýat işi baradaky «Delonyň» gatlaryny agdaryşdyrmaga durdy. Ilkinji sahypalarda ýerleşdirilen suratlary synlady. Öň näçe synlanam bolsa, gyzyň «Delodaky» suratyndan misli jadylanan dek, gözlerini aýryp bilmedi. Gyzyň ýüz keşbi hut elde çekilen ýalydy. Onuň ýaly owadan gyzy sülçi Garaş Soltanow şu ömrüne heniz görmändi. Ýogsa ýaşy-da kyrka golaýlap ýördi. Bu ýaşa çenli geçilen menzil, göterilen ýük, sataşylan adamlar az däldi. Owadan-owadan zenanlara-da sataşylypdy. Ýöne bu jenaýat işine sebäpkär gyz ýaly näzenini sülçi Garaş Soltanow hiç bir ýerde görmändi. Henizem gyz surata hut özi ýaly owadan düşmändi. Onuň özüni ilkinji sapar görende, sülçi Garaş Soltanow misli demi tutulan dek, gepläbem bilmändi. Dili doňana döndi. Diňe gyza seredip-seredip, soňam kameradan çykyp gaýdyberipdi. Häzir ol gyzyň ýanyna ýene gitmelidi. Ýa-da onuň özüni şu ýere getirtmelidi. Bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanowyň ýüregi misli ýarasyndan basylýan dek, jigläp-jigläp gidýärdi. Ýok, sülçi gyza aşyk bolmandy. Nädip aşyk bolsun! Birinjiden-ä, gyz ýaňyja on dokuz ýaşynyň içinde, sülçi Soltanow bolsa eýýäm kyrkyň ökjesini basjak bolup ýör. Ol öz gyzy ýaly ýaş maşgalany söýüp bolar öýdüp, ýatsa-tursa, pikir öwürýän adam däl. Ikinjidenem, Garaş Soltanow-a sülçi. Onda-da şöhraty eýýäm etrabyň çägine dolan, ençeme sylag-hormata eýe bolan sülçi. Eýýäm ençe gün bäri etrabyň içeri işler bölüminiň iş gozgamagy boýunça gözenegiň aňyrsynda saklanýan Jemile Dawudowa bolsa, jenaýatkär. Onsoň, heý Garaş Soltanow özi hakda: «Sülçi Soltanow jenaýatkäre aşyk bolupdyr» diýen habaryň döremegini islärmi?! «Hudaý saklasyn!» diýip, bu zatlar ýadyna düşende, sülçi Garaş Soltanow ör-gökden gelip, pikir öwürdi. «Bir kemim şoldy!».
Günälenýän Jemile Dawudowa hakda ýatlanda, sülçi Soltanow iki eli bilen kellesini tutup, başyny ýaýkaberýärdi. Ol owadan, melek ýaly gyzjagaz iki adamynyň janyna kast edipdir. Şol jebir çekenleriň birem sülçi Soltanowyň şägirdi. Merkezde bilim alyp gelen oglan. «Ýaňyja işe başlapdy, bende» diýip sülçi Soltanow ýene hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soň nazaryny Jemile Dawudowanyň gapdalynda goýlan suratda egledi. «Şirmyrat!» diýip pyşyrdady. «Adyňa görä bolmadyň-a sen. Sen nähili daýawjadyň! Göreşmeli bolaňda hiç kesden pes oturmazdyň-a. Şol batyrlygyň bilen mitrik ýaly, çepiksije gyzdan asgyn gelipsiň. Oňa janyňy aldyrypsyň».
Soňra sülçi Soltanow ýene «Delonyň» sahypasyny agdaryp, onuň beýleki tarapynda ýerleşdirilen surata seretdi. Bu synlaýan suratdaky ýigit hem kiçi-girim pyýada däldi. «Bu ýigidem-ä ejiz zat däl» diýip, öňem ençe sapar beýnisinde aýlan pikirine sülçi Soltanow ýene dolandy. «Nädip çöp ýaly gyza özüni öldürtdikä?»
Sülçi Soltanowy öň hiç bir waka haýran galdyrmaýardy. Ähli zady durmuşyň bir hadysasy diýip kabul edýärdi. Ýöne bu gezek özüne ynanylan jenaýat işi ony aldym-berdime salýardy. «Eý, Hudaý-eý!» diýip, ol her gezek «Delony» gözden geçiren halaty gaýtalaýardy.
Geň galmaz ýalam däldi. Sülçi Soltanowyň öňünde ýatan jenaýat işiniň döremeginiň sebäpkäri Jemile Dawudowa bar bolan maglumatlara görä, iki gezek durmuşa çykypdyr. Ýöne oňa öýlenen ýigitleriň ikisem toý gijesi öldürilipdir.
Şaýadam ýok, fakt-da. Iki sany garry-ha eýýäm nije gündür, içeri işler bölüminiň öňünde: «Gyzymyzda ýazyk ýok, ony goýberiň» diýip, uwlap otyr. Gyz bolsa, dymýar. «Men günäkär däl» diýen sözden başga sözem aýdanok.
«Bu bolan zatlar üçin seniň-ä özüň günäkär, jigi!» diýip, sülçi Garaş Soltanow «Delonyň» sahypasyny ýene yzyna açyp, öz şägirdi Şirmyrat Myradowyň suratynda nazarlaryny egledi-de, pikir öwürdi. «Gitdiň-de, jenaýatkäri söen bolduň. Ile aýtman, oňa öýlenjek bolduň. Ine-de, söýgiň üçin alan almytyň! Juwan ýaşyňda gitdiň bakyýete».
Hawa, şeýle boldy. Bir gün içeri işler bölümine dat-perýat edip, bir naçar ene bilen garry ata başy açyk, aýagy ýalaňaç ylgap geldi. Agşam toý tutandyklaryny, ýöne ol gijeden ogullarynyň öli çykandygyny olar zordan düşündirdiler.
Garrylar aglaşyp duransoň, şol wagt başga hiç zady anyklap bolmandy. Işe milisiýa goşulmaly boldy. Sülçi Garaş Soltanow şol wagt uly jenaýat işi bilen meşguldy. Şol sebäpli, peýda bolan waka bilen meşgullanmak sülçi Soltanowyň şägirdi Şirmyrat Myradowa tabşyryldy.
Garry ene-atanyň arzasy bilen jenaýat işi gozgaldy. Jenaýat işiniň «Delosy» döredildi. Şirmyrat toý ýerine gidip, jebir çekeniň suratyny aldyrdy. Şirmyradyň «Deloda» galdyran ýazgylaryna görä, durmuşa çykan gyz bolan Jemile Dawudowany öýlenýän ýigidiň hossarlary toý gününiň daňdany urup-urup, öýüne kowupdyrlar.
Jebir çekeni ekspertiza barlagyndan geçirenlerinden soň, Şirmyrat halypasy Soltanowa: «Işi ýapaly, bu ýerde hiç hili jenaýatkärçilik ýok» diýip, ýalbaryp ugrady. Sebäbi ekspertizanyň görkezmegine görä, ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir.
—Bu ýerde gyzyň näme günäsi bar!—diýip, Şirmyrat özelenipler ýalbarypdy. Şeýle bir ýalbarypdy welin, Garaş Soltanow henize çenli özüne beýle ýalbaran adamy görmändi. Şirmyrat Myradow ellerini owkalap, ýöne onuň yzyna düşüp ýördi. Oturmaga-da goýanokdy, turmaga-da.
«Indi, görüp otursam, sen şol wagt ol gyza aşyk bolan ekeniň, Şirmyrat!» diýip, sülçi Soltanow suratdan özüne ýylgyryp bakyp oturan şägirdi bilen hyýalynda gepleşdi. «Iň bolman, oňa öýlenjegiňi bize bir duýdurmaly ekeniň. Biz saňa beýtmäge ýol bermezdig-ä!».
Sülçi Soltanow gynansa-da, şägirdiniň ykbaly şeýle bolupdy. Şirmyrat eýtdi-beýtdi, «Toý tutan ýigidiň ýüregi ýarylyp ölüpdir» diýip, jenaýat işini önümçilikden ýatyrtdy. Soň onuň edip ýören işini kim bilsin! Daşyndan syn edeniňde, ol öz işi-aladasy bilen bolup ýördi. Buýrulan işi edýärdi. Hiç kime hiç zat aýtmaýardy. Diňe ýekeje gezek halypasynyň ýanynda öýlenýän ýigidiň ölmeginde günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň juda görmegeý gyzdygyny agzapdy. Jemile Dawudowa öýlenýänini bolsa halypasyndan-da, öz ene-atasyndan-da gizläpdi. Şirmyradyň şeýtmesi hem sülçi Soltanowy geň galdyrdy. «Näme üçin beýtdikä?» diýip, hernäçe oýlansa-da, sülçi Soltanow pikir ýumagynyň uşlybyny tapyp bilmedi. Bu ýerde bir sebäbiň bardygy welin, düşnüklidi. «Eger sebäp bolmasa, öýlenersiň-de, eneň-ataňa duýdurmazmyň!» diýip, sülçi Soltanow içinden öz pikirlerini makullady. Bar gaharyny suratdan çykarjak bolýan dek, günäkärlenýän Jemile Dawudowanyň suratynyň üstünden ýumrugyny inderip goýberdi. Soňam dişleriniň arasyndan syzdyryp, gahar bilen pyşyrdady: «Men entek ähli zadyň sebäbini sen gyzjagaza aýtdyraryn! Јhli zadyň!».
Şirmyradyň ölümi boýunça-da ekspertiza şol bir görkezmäni berdi: «Ýüregi ýarylypdyr!»
«Beh» edip, sülçi Soltanow ekspertiza ynam etmän, gaharly seslendi. Göwnüne çiglik gidip, ekspertiza til kakdy. Şirmyrat Myradowyň ölümi bilen bagly berlen netijä ynam etmeýändigini duýdurdy.
—Nije ýylyň içi ahyry ikimiziň bile işleşip gelýänimize. Biz ýat adamlar däl-ä!—diýip, ekspert gelin trubkada gaty görýändigini mese-mälim duýduryp gepledi.—Şu çaka çenli-hä meniň seni aldan ýerim ýokdy. Ala-böle, bu gezek men näme üçin ýalan sözläýin!
Gaharyna ekspert gelniňem göwnüne degenini sülçi Soltanow diňe gelniň öýkeli sesinden soň aňdy.
—Bagyşla! — diýdi-de, trubkany ýerinde goýdy.
«Delony» ýapyp, ýene kabinetinde eýläk-beýläk gezmeledi. Soň ilkinji ýogalan ýigidiň hossarlary bilen hut özi gidip, gürleşip görmegi niýet edindi. Ýene «Delony» açyp, olaryň adresini gördi. Çakylyk hatyny ibermekçi boldy. Soň goýbolsun etdi. «Wakanyň bolan ýerine-de syn edeýin» diýip, içini gepletdi-de, jebir çeken ýigidiň öýlerine tarap ýola düşdi.
Ýogalan ýigidiň hossarlary kän eken. Howluda gaýda-gaýmalaşyk ýetikdi. Çagalar jagylda-juguldy. Içeri işler bölümine arz edip, aglap gelen garry är-aýaly sülçi Soltanow derrew tanady. Garry goja-ha pil sapy bejerip otyrdy. Garry aýal bolsa, howludaky üzüm dalbarynyň aşagyna atylan keçäniň üstünde agtyklarydyr gelinleri bilen çaý içýärdi.
—Salawmaleýkim!—diýip, sülçi Soltanow bürünç reňk çalnan derwezeden ätländen salam berdi.—Şalarowlaryň öýümi şü?
Goltugy gara papkaly sülçä hemmeler üşerilişip seretdiler. Garrylar onuň salamyny aldylar. Gelinler ýygrylyşdylar.
—Geleweri—diýip, garry goja elindäki pil sapyny goýup, ýerinden galdy.—Edil özüdir. Gel, geçiber!
—Geçip oturjak däl, men işli—diýdi-de, sülçi Soltanow özüniň näme maksat bilen gelenini aýtdy. —Men sülçi. Ýadyňyzda bolsa, siz öňräk arz edip barypdyňyz... bölüme...Ogluňyz üçin...
—Men seni tanadym, oglum—diýip, goja onuň ýanyna gelip, mürähet etdi.—Hany, ýör, öe gir. Arkaýyn gepleşeli. Sen Hanjar jan sebäpli gelen bolmaly.
Aýallar ýuwaşjadan ses edip ugradylar.
—Iner balam-eý, çynar balam-eý!—diýip, garry aýal sesini has batlandyrdy.
Goja olara azgaryldy:
—Goýuň-aýt sesiňizi!
Goja şeý diýenden howla ýene ümsümlik aralaşdy.
—Biler bolsaňyz, siziň ogluňyzyň öýlenen şol gyzyna ýene bir ýigit öýlendi—diýip, sülçi Soltanow hemmelere eşitdirip gepledi.—Has dogrusy, biziň işgärimiz ol.
—Häk, ýer ýuwudan! —diýip, garry daýza sögündi.—Meň oglumyň nädip ölenini öwrenjek diýip, soň hem ol gyzy gazamada ibermän goýan ýer ýuwudanmy?!
—Bi dünede ýok adama sögünmäň, daýza!—diýip, sülçi Soltanow uludan demini aldy. —Onuňam ykbaly edil siziň ogluňyzyňky ýaly boldy. Ol hem öýlenen gijesi ýogalypdyr.
Sülçi Soltanow şeý diýenden aýallar ellerini ýakasyna ýetirip, içlerini çekdiler:
—Hih!
—Eý-ho! O nähili beýle bolaýdy?—diýip, goja-da gözlerini gyrpyldydap, geň galdy.
—Meň oglumy öldürenleri tapyşmaga derek işi ýapyp goýany üçin, soňam kümsüklik edip, özi ol gyza öýlenendir!—diýip, garry daýza ýumrugyny howada galgatdy.—«It alyna gelen gurt alyna-da geler» diýipdirler-ä!
—Hany, gyjalaty goýaly daýza! —diýip, sülçi Soltanow garry aýaly köşeşdirmäge synanyşdy. —Çynlakaý, gürrüň edeliň. Bu ýerde bir syr-a bar! Özem biziň işgärimizem edil siziň ogluňyz ýaly, ýüregi ýarylyp ölüpdir.
—Ýüregi ýarylar-da bir topar banditi üstüne çozdursa!—diýip, garry daýza gaharyndan açylyp bilmän, ýene gygyrdy.—Urup ýarandyrlar onuň ýüregini. —Şeý diýip, gykylyklansoň, garry daýza ýene aglamjyrady.—Waý, balam-eý!. Endam-jany gökdür gören bolsaňyz, meň balam-a şeýdip, it ýenjen ýaly ýenjipdirler...
—Men siziň ogluňyzy görmedim, daýza—diýip, sülçi Soltanow müýnli gepledi.—Işdedim ol wagt. Siziň ogluňyzyň işi ýogalan işgärimize tabşyrylypdy. Ýöne ýürek sebäpli ölýänleriň endam-jany urulmasa-da, göm-gök bolýar.
—Ilki şaňňyrdap, äpişge döwüldi—diýip, gepe goja-da goşuldy.—Јpişgeden kimdir biri giren bolmaly. Јpişgäniň şaňňyrdysy şeýle bir ýiti çykdy welin, misli, ullakan daş bilen urlan dek, wagşyldap ses etdi. Goňşy-golamlara çenli eşidip, ylgap geldiler.
—Şol wagt men toýda halys ýadap, ymyzganan ekenim—diýip, garry daýza-da ýerinden turup, sülçi Soltanowyň goja bilen duran ýerine geldi.—Oguljygym: «Waý! Eje!» diýip, çirkin gygyrdy. Men şu ýaşyma çenli heniz adamyň beýle gykylygyny eşidip göremok. Gyzam gygyrdy. Onuňam sesi içiňden geçip barýardy. Edil mekejiniň böwrüne pyçak sokulýan ýaly... Barymyz öe ylgadyk. Gapyny döwüp açdyk. —Garry daýza ýene aglamjyrady. —Oguljygymyň eýýäm boljagy bolupdyr. Göm-gök bolup, serlip ýatyrdy. Gyzam bir çetde çaşan bolup ýatyr...
Sülçi Soltanow garry daýzanyň sözüni böldi:
—Çaşan bolup ýatyrmydy ýa-da hakykatdanam çaşypmydy?
—Hakykatdan çaşan bolsa-da ahmal—diýip, garry daýzanyň ýerine goja jogap berdi.
Garry daýza azgyrylyp, gojanyň ýüzüni aldy:
—Çaşan däldir, çaşan kişi bolandyr. Ony hiç kim galdyrmandyr. Soň özi turupdyr.
—Näçeräk wagtdan galdy ýerinden?—diýip, sülçi Soltanow sorady.
—Kim oňa seredipdir!—diýip, hamala, garşysynda duran sülçi däl-de, oglunyň başyna ýeten gyz ýaly, garry daýza ýene gahara atlanyp, ellerini kelemenletdi.—Biz ony urup-urup, äpişgeden okladyk. Özi turup, öýlerine gidipdir.
—Urýan wagtyňyz, gyz duýdumy urulýanyny?—diýip, sülçi ýene daýzanyň sözüni böldi.—Ýa siz özüni bilmän ýatany uruberdiňizmi?
—Oglumyň perýady bilen o zatlar meniň ýadymda galmandyr—diýip, kempir gahar bilen ellerini daldalatdy. Soňam adamsyna igenip ugrady.—Asyl-a şu günäkär. Şu äpişgä demir gözenek et diýe-diýe, dilim syryldy gitdi. Göwnüňe gara getirme diýipjik içimi çüýretdi. Sen göwnüňi ak tutaňda näme, ilde her hili göwni gara köpkä!
—Men nä bileýin-äý beýle-beýle zatlaň boljagyny!—diýip, goja ýüzüni aşak saldy.
—Onsoňam, men ol ganjygy ogluma almakçy däldim—diýip, garry daýza ýene dowam etdi.—«Ogluň göwnüni syndyrma, söenini alyp ber» diýip, günüme goýmadygam sensiň! Şeýdip, oguljygymyň işini gördüň-eý—diýip, garry daýza ýene aglamjyrady.
—Men nä bileýin beýle zatlaň boljagyny—diýip, goja ýene hüňürdedi.
—Ol owadan gyz-a, näme üçin ogluňyzyň oňa öýlenmegine göwnemediňiz?—diýip, sülçi Soltanow garry daýzadan sorady.
—Men ol gyz oglumy öldürer-ä öýtmeýädim. Ikilik eder-de, oglumy ýakar öýdýädim—diýip, garry daýza baş ýaýkady.— Sebäbi ol şeýle görmegeýdi... Başga zatlar bolar öýdüp kelläme-de gelenokdy. Aýratynam beýle-beýle zatlar... Beýle zatlar boljagyny bilsem, ol gyzy ogluma asla ýanaşdyrjak däl-ä men.—Garry daýza sözüniň arasyny kesdi.—Şol gyzy gören pursadymdan, ýüregim birhili tisgindi durdy. Ol şeýle owadanam bolsa, ony hiç ýüregim çekmedi.
—Ene ýüregi-dä! Öňünden syzypdyr—diýip, goja uludan dem aldy.
—Ogluňyzyň hiç kim bilen duşmançylygy ýokmudy? Belki, ogluňyzdan ar almak üçin arman çekeniň biri şeýdendir ony?
—Ýok, oglum hiç wagt biri bilen uruşdym-sögüşdim diýmezdi—diýip, garry daýza jogap berdi.—Beýle, toýy wagty öldürer ýaly derejedäki duşmany bolan bolsa, ony bizem bilerdik. Oglumy öldüren kimem bolsa, gyzyň tanşy bolmaly! Belki, gyzy öň aljak bolup, arman çekip ýöreniň biridir.
—Aýak yz-zat barlanmadymy?
Garry daýza ýene hüňürdedi:
—Ol iberen bendäňiziň aýak yz ýadyna düşmedi. Derrew işi ýapmak bilen bold-a. Gyzy görüp, aňkasy aşan bolmaly ol bendäniňem. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň.
Goja-da ýene gepe goşuldy:
—Aýak yz-a bolanam bolsa, bilner ýaly bolan däldir. Otaga näçe adam girip-çykd-a milise gelýänçä. Depeşek boldy.
—Onda-da äpişgede, äpişgäniň daş ýüzünde yz-a galyp bilerdi—diýip, sülçi Soltanow durup ýadady-da, bir çetde goýlan agaçlaryň üstüne labyryny goýberdi. Goja-da onuň ýanynda oturdy. Garry daýza bolsa erjellik bilen aýak üstünde durmagyny dowam etdi. Soltanow ýene pikirini aýtdy.
—Diýmek, Şirmyrat barlagy doly geçirmändir. Ýogsa äpişgäniň gabsalarynda el yzlary-da bolaýmaly. Häk, ýaş oglan-da...
—Men-ä, dogrusyny aýtsam, inim, öe keseden adam gelendir öýdemok—diýip, goja agras gepledi.—Sebäbi toýa gelen ýaşulularyň daşarda, ojagyň başynda oturanlary-da bardy. Olar-a äpişgeden giren-çykany duýmandyrlar.
—Giren-çykan saňa girip-çykjagyny aýdar durarmy!—diýip, garry daýza ýene gaharyna gaýnap başlady.
Goja-da ýeň bermedi:
—Goňşularam ylgaşyp geldiler-ä derrew. Şolaram giren-çykany gördük diýenoklar.
Garry daýza öz diýenine tutdy:
—Girip-çykjak adam seň goňşulaň öňünden ylgap çykasy ýok, çal. Јpişgeden bökenden bukulandyr ol bag-sagyň garaňkysyna!
—Entek bu işi gowy öwrenmeli—diýip, sülçi Soltanow garry är-aýalyň özara jedelini köşeşdirmäge synanyşdy.—Juda gowy öwrenmeli iş bu. Göwne degişmäň, belki, bu ýerde has düýplüräk zat bardyr.
—Wah, sebäbini bilseňiz, biziň üçinem kem däl-le—diýip, goja özelendi. Soňam ol uludan dem alyp, sülçi Soltanowyň eliniň üstüne damarlak ellerini goýdy.—Näme diýsene, hanym, kempir üstüme näçe jabjynyp gygyrsa-da, men bir zat aýdaýyn saňa. Bela şol gyzyň özünde bolaýmasa. Ol däli bolaýmasyn?
—Däli bolsa, oglumyz duýmazmydy ony! Näçe wagt söýüşdi, ol gyz bilen! —diýip, garry daýza ýene adamsynyň garşysyna gidip gepledi.—Onsoňam, däli bolanda näme! Oglum şol mitrik ýalyjak ganjyga eýgertjek ogulmydy! Nähili daýawdy!
—Adam dälirän halaty oňa şeýle bir güýç gelýändir, sen heý, goýaý! —diýip, goja pikirinden dänmedi. —Men bu bolan betbagtçylygy diňe şol gyzdan görýän. Öe del adam gelen bolmaly däl. Özem kä kişiniň däliligi nikada açylýandyr, şony biliň. Onsoňam, eger şol gyz sag bolsa, onuň biziň oglumyz bilen toý tutanyna ýaňy iki aýa golaý wagt geçdi ahyry. Ol bolsa ilkinji adamsynyň ýasyny tutmagyň ýerine, ýene siziň işgäriňize-de barmakçy bolupdyr.
Gojanyň bu diýenlerini makul gördümi-nämämi, gaýdyp garry daýza adamsy bilen dawa tutmady.
—Tob-eý, daş edewersin!—diýip, ýakasyna birki gezek tüýkürdi-de, elleri bilen ýakasyny towlap-towlap tutdy. —Daş edewersin, tüf-tüf! Musulman bendesine sataşmawersin şoň ýaly zat.
Keçede oturan gelinlerem, ekabyrrak gyz agtyklaram garry daýzanyň hereketini gaýtalap, ýakalaryna tüýkürdiler.
Sülçi Soltanow ýigidiň toý gijesi bolan jaýyny, döwlen äpişgeleri görüp yzyna dolandy. Elbetde, äpişgä täze aýna oturdylypdy.
Sülçi Soltanow bir bada gojanyň pikiri bilen ylalaşman durmady. Ýöne gapdaldan: «Eger däli bolsa, Şirmyrat ony duýar-da. Ol hem kemakyl ýigit däldi. Däli gyza öýlenmezdi» diýen pikir döräp, onuň aňyny garjaşdyrdy.
Onsoňam, ol gyzyň bolup oturyşy dälä meňzänokdy. «Eger gyz däli bolmasa, onda Şirmyradyň ölümine näme sebäp bolduka?» diýip, sülçi Garaş Soltanow birdenem pikirini üýtgedýärdi. Bu hakda bilýän diňe üç adam bardy. Bir-ä günälenýän Jemile Dawudowanyň özi. Birem onuň garry ene-atasy.
«Gürrüňi ilki haýsysyndan başlasamkam?» diýip, sülçi Soltanow oýa batdy.
Ol merhumyň hossarlary bilen hoşlaşyp gaýtdy. Işine sowulmady. Dynç alyp, nepesini durlamak üçin öýüne gitdi.
Gijesi bilen pikir öwürse-de, sülçi wakanyň sebäbiniň uşlybyny tapyp bilmedi.
Irden iş ýerine gelenden, ol günälenýän Dawudowany öz ýanyna soraga getirmeklerini buýurdy.
Iki sany milisiýa işgäriniň öňüne düşürilip getirilýän gyz kabinete girende sülçi Garaş Soltanowyň göwnüne bolmasa, içeri öňküden-de ýagtylan ýaly boldy. Sülçi gyzyň nurana keşbini näme bilen deňejegini bilmedi. Özem onuň adam öldürmekde aýyplanýandygyna garamazdan, sülçi gyzyň göwnüne degmek islänokdy. Oňa gaty-gaýrym zat hem diýesi gelenokdy. Hat-da ony gözenegiň aňyrsynda saklaýanyna-da şu pursatda gynandy. Gyz diýseň mähirli, kömege mätäç görünýädi.
Gyzyň gözlerinde gahar-da ýokdy, ýigrenç-de. Ol gözler jenaýat edýän adamyň gözleri kimin oýnaklamaýardy. Ol gözlerde ummasyz gussa bardy. Gyzyň gaýgy-hasrat çekýäni mese-mälim bildirýärdi. Özem zol-zol uludan dem alýardy. Onda ajy ykbala sataşyp, takdyra kaýyl bolmagyň alamaty bardy. Ol göz astyndan sülçiniň kabinetini nazardan geçirýärdi.
—Siz boş—diýip, sülçi Soltanow milisionerlere rugsat berdi.
Ol kabinetinde gyz bilen ikiçäk galdy. Biraz salym eýläk-beýläk gezmeledi. Gyza sereden wagty, näme üçindir, ýüregi jigläp-jigläp gidýärdi.
Sülçi Garaş Soltanow ýerine geçip oturdy-da, Dawudowanyň üstünden gozgalan jenaýat işiniň kitabynyň sahypalaryny açyşdyrdy. Soňam gyza ýüzlendi:
—Saňa agramlyrak söz aýtmaga-da dilim baranok, jigim. Sen sebäpli bolsa, iki sany ne gözel ýigidiň ömür tanapy üzüldi...
—Iki däl, üç —diýdi-de, gyz sülçi Soltanowy aňkaryp galmaga mejbur etdi.
Gyzyň bu habary sülçi Garaş Soltanow üçin top atylandan enaýy bolmady.
—Näme diýdiň? Üç?—diýip, ol misli düşünmedik ýaly, gaýtalap sorady. Soňam elini jenaýat işiniň kitabyna patladyp goýberdi. — Bu ýerde ýazylyş-a iki ýigit.
Gyz ýene-de gysgadan pert jogap berdi. Özem diýseň mylaýym gepleýärdi:
—Onuň üçin men günäkär däl.
—Diýmek, sen iki däl-de, üç adamy öldüripsiň-dä?—diýip, sülçi Garaş Soltanow ýene gyzdan geň galyp sorady.
—Men hiç kimi öldüremok—diýip, gyz şol bir mylaýym hörpüni saklap jogap berdi.
—O nähili öldüreňok?—diýip, sülçi Soltanow hem geň galyp, hem birneme gaharlanyp gepledi.—Özüň-ä ölen iki däl-de, üç adam diýýäň. Ýene-de olary öldüreniňi boýun alaňok.
—Öldüremok-da! —diýip, gyz gözlerini balkyldadyp, sülçi Soltanowa seretdi.—Etmedik işimi neneň boýun alaýyn men?
—Sen öldürmedik bolsaň, olar nädip ölüp bilýä?—diýip, sülçi Soltanow sesini batlandyranyny özem duýmady. —Ölüpdir-ä bir topar ýigit!
Gyz sesini has peseltdi:
—Öldüler-dä, men näme edeýin?
Sülçi Soltanow endigi boýunça stola ýumrugy bilen ýelmedi-de, gygyryp ugrady:
—Nädip öldüler? Nädip? Sen şony aýt maňa!
Gyz uludan dem aldy:
—Men ony aýdyp biljek däl!
—O näme üçin aýtmarsyň sen?—diýip, sülçi Soltanow şol bir badyhowalygy bilen dowam etdi. —Men «Men-men» diýip, döşüne kakyp ýören ýigitlerem bilbil kimin saýradandyryn. Senem saýradaryn, eşidýäňmi, gyzjagaz!—Sülçi Soltanow ýerinden turup, ellerini balagynyň jübülerine sokdy-da, eýläk-beýläk gezmeledi.—Gyz maşgala halyňa, özüňi urduryp dursaň-a ýagşy däl, jigi. Iň gowusy, bu bolan zatlaryň nähili bolanyny öz erkiňe aýdaý. Aýtmasaňam, men ony barybir aýtdyrjagyma söz berýän!
—Men hiç zat aýtman!—diýip, gyz düneden gidip barýan adamyň ahmyry bilen sülçä ýene nazar salyp goýberdi. —Öldürseňizem aýtman.
—O näme üçin? —diýip, sülçi Soltanow gyzyň oturgyjynyň ýanyna öz oturgyjyny getirip goýdy-da, oňa ýakyn oturdy. Gaharyny birneme ýuwudyp geplemäge çalyşdy. Sowukganly bolmak üçin özüne agram saldy.—Sen bilýäňmi, jigim, jenaýaty ýaşyrsalar ýa-da ony aýtmakdan boýun gaçyrsalar nähili jeza berýärler, hä?
—Nähili jeza berilse, berlibersin!—diýip, gyz ýan bermedi.—Barybir men hiç zat aýtman.
—Sen ol ýigitleň ölümine gynanaňokmy?—diýip, sülçi Soltanow indi başga hörpden gopup başlady.
—Gynanmanmy!—diýdi-de, gyz gözlerine ýaş aýlap, bokurdagyny doldurdy. Biraz salym gepläp bilmän oturdy. Birhaýukdan soň pyşyrdady.
—Durmuşa çykan ýigidi ýogalanda kim gynanmaz?
Gyzyň gözýaşlary hem-de soňky sözleri sülçi Soltanowy birneme oýlanmaga mejbur etdi. Ol ýerinden turup, kabinetiň içinde gezmeledi. Soň äpişgäniň ýanyna baryp, ýene daşaryny synlamaga durdy. Günälenýän gyz hakda pikir öwürdi: «Gepi-söz-ä ýerinde. Kemakyl gyz-a däl ýaly. Ýöne bi näme üçin Şalarowyň ýyly hem geçmänkä Şirmyrat bilen toý tutduka? Eger baran ýigidini birazajyk sylan bolsa-ha, beýtmeli däldir bi gyz. Ýa kellesi, dogrudanam, gaty bir ýerinde-de dälmikä munuň?»
Sülçi Soltanow içki pikirini daşyna çykardy. Gyza ýüzlendi:
—Sen Şalarowy gowy görýämidiň?
—Ýok—diýip, gyz sülçi Soltanowy ýene geň galdyrdy.
—Onda näme üçin oňa durmuşa çykmaga razy bolduň?
—Onuň özi meni gowy görýärdi.
—Ol gowy görýä diýip, öz sulhuň almasa-da, oňa çykaýdyňmy?
—Menem ile goşulmaly ahyry!
—Belki, öz sulhuň aljagam sataşar-da? Sen ederini-goýaryny bilmeýän gyza-ha meňzemeýän ýaly-la?
—Men diňe bir ýigidi halapdym—diýip, gyz aşak bakyp, uludan dem aldy.—Ilkinji sapar durmuşa çykan ýigidimi... Hiç bir ýürekde-de iki adam ýerleşmez.
—A sen bolsaň, Şirmyrada-da barmaga razy bolupsyň. —Sülçi Soltanow şeý diýip, gyzy içgin synlady.
Gyzyň ýüzi gyzaryp gitdi:
—Muňa onuň özi günäkär.
—O nähili özi günäkär? Sen razy bolmasaňam, ol seni özi bilen durmuş gurmaga mejbur etdimi?
—Umuman, başda şeýleräk boldy. Ýöne soňy bilen oňa çykmaga meniň özümem razy boldum. Sebäbi milisiýa işgäri bolansoň, men oňa bil baglapdym...
—Näme babatda?
—Başyma düşen hupbatdan dyndarar öýtdüm. Kömek eder öýtdüm. Ol juda batyrdyr, hiç bir zatdan gorkmaýandyr öýtdüm...
Gyzyň bu gürrüňleri sülçi Soltanowyň pikiriniň düýpleýin üýtgemegine itergi boldy. Ol şu pursatdan başlap, gyzyň durmuşa çykan ýigitleriniň ölmeginde diňe bir gyzyň özüni günäläp goýmagyň ýalňyşlyk boljakdygyna düşündi. Aýratyn hem, onuň milisiýa işgäri Şirmyrada bil baglanyny eşidensoň, sülçi Soltanowda şeýle pikir güýjedi.
—Seniň başyňda näme alada bar bolsa, aýt, Jemile!—diýip, sülçi Soltanow ýene onuň gaşyna geçip oturdy. —Men saňa kömek edeýin. Ýöne beýdip, bizi köseme-de, aýt. Seniň toýlaryňy kim bulady? Ýigitleri kim öldürdi?
—Men indi hiç kime ynanamok—diýip, gyz başyny aşak saldy-da, ýene uludan dem aldy.—Men indi maňa hiç kimiň kömek edip bilmejekdigini bilýän.
—Beý diýme. Belki, men saňa, hakykatdanam, kömek ederin, Jemile—diýip, sülçi Soltanow janygyp aýtdy. —Ynan maňa. Men adam öldürýänleriň näçesini tutupdym!
Gyz sülçi Soltanowyň bu sözlerine-de ynanmady. Özem: «Ynanamok» diýen terzde birsyhly başyny ýaýkady.
—Eger sen maňa hakykaty aýtmasaň, onda men ýigitleri seniň özüň öldüripsiň diýen çaklama gelmeli bolýaryn—diýip, sülçi Soltanow ýene sesini gataldyp ugrady.—Sen näme üçin maňa ynam edeňok? Men milisiýa işgäri ahyry! Uly-uly bandalary-da tutupdym men!
—Şirmyradam milisiýa işgäridi—diýip, gyz ahmyrly gepledi.—Men oňa diýseň bil baglapdym. Bagtymy açar öýdüpdim.
—Ol tejribesiz, ýaş. Ýaňyja işe başlady. Seniň bilen baglanyşykly iş ilkinji işi onuň. Men bolsam, nije külpetleri başdan geçiren adam.
Gyz dymdy. Sülçi Soltanowa hiç hili jogap bermedi.
—Sen Şalarowa öň bir ýigit bilen durmuş gurjak bolanyňy aýtdyňmy? Ol saňa öýlenmänkä, seniň öň durmuşa çykan ýigidiň ýogalanyny bilipmidi?
Gyz başyny ýaýkady.
—Näme üçin aýtmadyň?—diýip, sülçi Soltanow geň galdy.
—Nämä gerek?—diýip, gyz biparh jogap gaýtardy.
—Aýdan bolsaň, belki, üýşenerdi.
—Men başyma düşen erbet wakanyň ýatlanmagyny islemedim. Ol aýylganç waka gaýtalanaram öýtmedim.
—Hymm...—edip, sülçi Garaş Soltanow biraz salym dymdy. —Seniň ilkinji gezek durmuşa çykan ýigidiň kim?
—Kuwwat.
—Ony hem ýogalansoň, doktor barladymy?
—Bilmedim—diýip, gyz eginlerini gysdy.—Meni onuň hossarlary: «Aýagyň düşmedi» diýip, urup-enjip, şol wagt kowup goýberdiler. Biz hatda şol waka sebäpli enem-atamyň dogduk obasyny taşlap, göçüp gaýtmaly bolduk. Masgara bolduk. Hem ýogalan ýigidiň gahary gaýnap duran hossarlary bizi günümize goýmadylar. Haýbat atdy durdular.—Gyz ýene gözlerine ýaş aýlady.—Men sebäpli ejem-kakamam kösendi...
—Ol waka bilen milisiýa gyzyklanmadymy?
—Ýok. Belki, olar milisiýa ýüz tutan däldirler...
Sülçi Garaş Soltanow ýene oturgyjyny süýräp, iş stolunyň başyna geçdi. Eline ruçka aldy-da, gyza ýüzlendi:
—Hany, sen onda maňa ilkinji durmuşa çykan ýigidiň salgyny bir ber bakaly.
Gyz sülçi Garaş Soltanowyň ähli sowallaryna jogap berdi. Sülçi Garaş Soltanow gerekli faktlaryny alansoň, ýene gyzyň uguny ýekelemäge synanyşdy:
—Jemile, ine, görýäňmi, men seniň köp sözleriňi kitaba-da ýazamok. Saňa günälenýän hökmünde-de ýüzlenemok. Edil doganyň ýaly gepleşýän.
—Taňryýalkasyn—diýip, günälenýän Jemile Dawudowa onuň sözlerini böldi.
—Ýok, sen maňa taňryýalkasyn aýtma-da, gerekli zady aýt, jigim—diýip, sülçi Garaş Soltanow mümkin boldugyndan gyz bilen ýumşak hörpde gepleşmäge synanyşdy.—Üç adamy öldürene nähili ýowuz jezanyň garaşýanyny-ha sen bilýänsiň. Näme etjek il üçin öz üstüňe şeýle ýowuz ykbaly alyp? Iň gowusy, sen maňa dogryňy aýt, ýigitleri kim öldürdi?
—Men öldüremok şolary—diýip, gyz şol bir sözüni gaýtalady.
—Eger boýun almasaň, onda kimiň öldürenini aýtmaly bolarsyň!
—Onam aýdyp biljek däl.
—Näme üçin?
—Aýtsam meniň özüm öldürilerin.
—Aýtmasaň, barybir, ýigitleriň ölümini senden görerler, Jemile. Barybir ýene seň başyňda ölüm jezasy bar-a.
—Ýigitleri meniň öldürenimi ilki subut etmeli bolarsyňyz-a.
—Subut etmek nämä gerek ony! Toý gijesi öýlenýän ýigitleň ýanynda durmuşa çykýan gyzdan başga adam bolup bilmez-ä! Dogry dälmi?
—Siz sülçi. Toý gijesi ýigit bilen gelniň ýanynda başga-da adamyň bolup biljek-bilmejeginem anyklamaly siz. Ol siziň borjuňyz.
—Diýmek, siziň durmuş toýlaryňyzyň ählisinde siziň ýanyňyzda üçünji birem bolupdyr-da? Şeýlemi?
—Men hiç zat aýdyp biljek däl—diýip, gyz ýene şol bir sözlerini gaýtalady. —Şeýle betbagtam bolsam, meniň ýagty jahan bilen hoşlaşasym gelenok... Şeýle bir ýaşasym gelýä... Ölüm ýadyna düşmeýän adam kän bir ýaşaýşyň gadyrynam bilip durmaýan eken. Ölümiň ýakynlaýanyny duýaňda welin...
«Munuň akyl-a juda ýerinde!» diýip, sülçi Soltanow gyzyň akyl-parasaty hakda oýlandy. Gyzyň soňky sözlerinden özüçe gerek manyny aldy. «Diýmek, bu ýerde üçünji adam hökman bolaýmaly» diýip, özüniň sülçülik tejribesine salgylanyp, pikir öwürdi. Ýumagyň ujy tapylan dek, begendi. Gapyny açyp, milisioner ýigidi çagyrdy-da, günälenýän Jemile Dawudowany alyp gitmegi tabşyrdy. Günälenýän Jemile Dawudowa alnyp gidiljek wagty özelenip, sülçi Soltanowa ýalbardy:
—Meni öe goýberäýiň-dä, dogan! Garaňky jaýyňyzda maňa diýseň kyn düşýä!
Gyzyň naýynjar keşbine sülçi Soltanowyň ýüregi awaman durmady. Ýöne şeýle-de bolsa ol haýbat üçin sesini gataltdy:
—Ýogalanlara aňsatmy? Olaryň hossarlaryna aňsatmy?
—Hany, ýöre!—diýip, milisioner ýigit gyza azm urdy.
Gyz aglamjyrap, gapa ýöneldi.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir