KÖR SÖÝGI

Birinji bölüm

Sadap böwrüne dürtülen dek, tisginip oýananda, daň saz berip, töwerek gowy ýagtylypdy. Muňa gyzyň ýüregi aşak gaçana döndi. Gözlerini töwerege aýlady. Öňküje ýerinde goluny ýassanyp, düşeksiz-ýassyksyz uklap ýatan Sylaba nazary düşende, huşy ýerine geldi. Hasanaklap, gupbaly tahýasyny gözledi. Ony geýensoň, ýene öňküsi dek edip, ak ýüň ýaglygy maňlaýyna daňdy. Çabydyny, ýüň jorabyny geýdi. Kemsinmekden hem jany ýanmakdan ýaňa saňňyldady. Gaharyna Sylaby it alan sanaja dönderesi geldi. Häzir özüniň il öňünde masgara boljakdygy ýadyna düşende, gahardan gaňşyrawugy tütäp, gözlerine ýaş aýlandy. Düşeginiň gapdalyna çökdi-de, başyna kürtesini atdy. Soňam syrkyldap aglamaga başlady. Onuň sojamasyna Sylap hem oýandy. Ol ýüz-gözüni sypaşdyryp, gözlerini çerreldip, Sadaba seretdi. Ýigidiň eginleri barha sallanýardy. Özem ýygrylyp, bir gysyma dönüp barýardy. Gözlerinde dünýäniň aladasy jemlenipdi.
—Men indi näme edeýin!—diýip, Sadap eňräp oturyşyna pessaý ses bilen nalady. —Daň atyp gidipdir... Indem meni «Düşegi arassa çykypdyr» diýip, it masgarasy ederler... Arassa adym ile ryswa bolar...
Sylap uludan dem aldy.
—Hiç zady gaýgy etme sen, Sadap!—diýip, misli ölüm habaryny aýdýan dek, ol gussaly gepledi. —«Biderek däp-dessurlaryňy edäýmegin» diýip, ejeme tabşyrypdym men. Düşek barlamaga hiç kim gelmez!
—Gelinmände-de, indi ile gürrüň bolnar!—diýip, Sadap ýene aglady. Bütin ömründe ynsanyň il öňündäki sylagynyň neneň boljagyny kesgitläp berjek bu üýtgeşik hem hiç wagt gaýdyp şu günküsi dek bolup dolanmajak gijäniň baky ýitirilenine ol ýanyp, kül boldy. —Il ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de bilýä. Men indi neneň edeýin?!
Sylap Sadabyň agysyna dözmedimi ýa-da onuň bolup oturyşy gaharyny getirdimi-nämemi, ýerinden turdy-da, gapa tarap ýöneldi...
***
Sadap bilen Sylabyň toýy hem iliňkiden üýtgeşik bolmady. Kemem bolmady, artygam. Adaty, döwrebap türkmen toýy boldy. Ýöne birje zat üýtgeşik boldy: öňki toýlaryň ählisinde agzyna suw alan dek oturyp gidýän kolhozyň başlygy Baba aga söz sözledi. Ba-aý, onuň gepläýşini dagy diýseňiz-läň! Sylaby asyl ýerde-gökde goýmady.
—Sylap ýaly gowy ogul dünede ýokdur!—diýdi.—Şeýle ogly söen gyzam bagtlylaryň bagtlysy bolmalydyr—diýdi. Özem hut toýda, uly iliň öňünde özüniň basym pensiýa gitjekdiginem aýtdy. Bir gezek aýdany bilenem goýman, telim öwra gaýtalady.
Toýda ýene bir bolan üýtgeşiklik: kolhozyň on iki brigadasynyň brigadirleriniň ählisi orta çykyp, tans etdi. Olar «Ј-ä»-sine goýman, orta Sylabam çykardylar. Ýogsa Sylap orta çykmajak bolup, garşylyk görkezme keminem goýmady. Barybir çykardylar. Brigadirler daşyna tegelendiler. Sylap ortada galdy. Ol soňra şeýle bir tans etdi welin, heý, goýaýyň. Ömür ýygrylyp ýören Sylap şeýle tans edip bilýändir öýdüp, hiç kimem pikir edenokdy. Oňa seredip, hemmeler haýran galdylar. Içlerini çekdiler.
Sylap tans edip durşuna Sadaba tarap birsyhly ýylgyryp seredýärdi. Sadabyň bagtlylygyndan, şatlygyndan bökjekleýän ýüregi kükregini ýaraýyn diýýärdi. Ol şol pursatda ýerinden turaga-da, uly iliň öňünde: «Sylap ja-an! Sen bolmadyk bolsaň, men neneň ederdim! Men seni söýýä-än!» diýip gygyrasy gelýärdi. Ony töwerekdäki gözlerden gabanýardy. Göwnüne bolmasa, tansa seredişip, töwerekde aý berip duran ulugyzlaram armanly nazarlary bilen Sylaby iýip barýan ýalydylar. Şu gün, gelnalyjy gelmeziniň öň ýany hem, ol şeýdip, baý, darygyp-da! Öz wagtynda gelenem bolsa, Sadabyň göwnüne bolmasa, gelnalyjy gaty gijä galýan ýalydy. Sylap özünden gaçyp, nirädir bir ýerlere gidäen ýaly duýulýardy. Howsala düşüp, darykmakdan ýaňa ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy.
Gelnalyjy bilen gelen gelin-gyzlar urduryp öe girenden, onuň intizar gözleri märekäniň içinden Sylaby gözledi. Jigisi Bibiniň ýany bilen özüne tarap eli gülli gelýän Sylaby görende, begenjinden gözlerine ýaş aýlandy. Ýüregi gopup gitdi. Ýigit gelip, özüne gül uzadanda, tas: «Geldiňmi, Sylap jan, gelmezmikäň öýdüp gorkdum!» diýipdi. Zordan saklanaýdy.
Sylap Sadaba güli berip, özünem goltuklap çykardy. Şonda söýgüli ýigidiniň gataňsy elleri ilkinji gezek öz gollaryna galtaşanda, Sadap tok urana döndi. Galpyldydan ýaňa bütin endamyna garynja goýberilen ýaly bolupdy...
...Gapdaldaky hyşy-wuşular Sadaby pikirlerden saplady:
—Seret oň tans edäýşine! Heý, şol ýygra Sylap diýip kim aýdar?!
—Aşgabatda okap gelen oglan-da!
—Görsene gyz, ony, tüýs «Ere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýenleri-dä. Ýygrylan bolup ýörş-ä tans etjege meňzänok.
—Aý, bu okuwçylarda oýun köpdür!
Tans gutaryp, Sylap ýerine geçensoň, Sadabyň ýüregi birneme ynjaldy. Şondan soň kän oturtman, gelin bilen ýigidi öe ugratdylar. Sylabyň ýakyn dostlary üýşüp, ädik çykardyp, guşak çözdürdiler. Şondan soň bolsa hemmeler çykaryldy. Jaýda diňe iki juwan galdy. Sylap gapynyň golaýragynda çöküp, ýanyna küldany süýşürdi. Çilim otlandy.
Sadaby galpyldy barha basmarlaýardy. Ol özi üçin täsin syr bolup görünýän üýtgeşik durmuşyň çetinden girilmeli pursadyň golaýlanyna tolgunyp-tolgunyp, özüni ynandyrmaga çalyşýardy. Birdenkä-de, nämüçindir, aglasy gelýärdi. Gözleriniň alny ümezläp, gaňşyrawugy tüteýärdi. Birdenem uludan dem alyp, bagtdan püre-pür nazarlaryny gyzyl kürtäniň yşyndan jyklap, Sylaba gönükdirýärdi... «Ine, ahyr-a maksadyma ýetdim. Başyma gyzyl kürte atyp, seň öýüň törüne geçdim» diýip, Sadap çilim kükedip barha agraslanýan Sylaba seredip oturyşyna içini gepledýärdi...
Bu öýüň törüne geçýänçä, Sylabyň ugrunda gören güzaplary onuň göz öňünden birin-birin geçdi...
***
Ese-boýa galyp, Sylap ýigit dagy bolmady. «Tüýs çynar ýaly» diýilýänlerden boldy. Onuň nurana keşbem, salykatlylygam köplere «gaýra dur» diýýärdi. Ýigidiň adam dilden-dile geçýärdi, agyzdan-agza. Obada ony sylamaýan ýokdy. Ady mydama «Sylap jandy».
Ýigidiň ýekeje kemi bardy. Ol ýaşynyň eýýäm otuza golaý at salýandygyna seretmezden, öý-işik boluberenokdy. Ýogsa onuň ýaňyja burnunyň aşagy garalyp ugran wagtyndan bäri klasdaş gyzlary daşyndady. Pelesaň kakýardylar. Kökenek bolýardylar. Beýleki klaslardanam ýigidiň hyrydary ýetikdi. Gyzlar sapak wagtam, ýolda-yzda-da nämedir bir zady bahanalap, onuň bilen gürleşjek bolup çyr-çytyrdylar. Ýöne Sylabyň welin, bu zatlar piňine-de däldi.
Onuň dymmalygyndan içini-bagryny tütedip, başga kişilere çykyp giden gyzlar kän boldy.
Sadap hem Sylabyň ugrunda ýürek-bagryny kebap edip aý-gününi geçirýänleriň biridi. Ýöne onuň ýigide göz dikişi üýtgeşikdi. Kalbynda berk ynamy bardy. Hamala, kimdir biri onuň gulagyna «Sylap seňki» diýip, çawuş çakyp duran ýalydy. Ýigidiň öz ykbalyndan aýrylyp gitmejegine özüni birsyhly ynandyrasy gelýärdi.
Sadap Sylabyň klasdaşam däldi. Ikisiniň üç-dört ýaş aratapawudy bardy. Ýöne goňşy ýaşaýardylar. Sadap soňky klaslardaka, Sylap eýýäm okuwyny gutarypdy. Sylapsyz mekdebe onuň gatnasy gelenokdy. Keýpsizlik tä sapak gutarýança gyzdan ara açanokdy. Sylaby hemmelerden gabanýardy. Ýolda-yzda Sylaba lak atýan gyzlary göräýdigi, olaryň saçlaryny ütäesi gelýärdi. Ýigidiň daşyna öz deň-duş oglanlary üýşüberse-de, Sadap halanokdy. Göwnüne bolmasa, ýigitler Sylabyň ünsüni özünden sowýan ýalydylar. Käteler ol Sylabyň öňünden çykagada: «Men seni janymdan eziz görýän, Sylap! Başga gyza göwün bereniňi eşidäýsem, ýüregim ýarylar» diýäesi gelýärdi. Ýöne gyz ejaby muňa ýol berenokdy.
Öýde wagtam gyzyň iki gözi goňşularyndady. Goňşy ýigidi synlap, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Häli-şindi bir zady bahanalap, goňşulara baryp gaýdýardy. Sylabyň ejesi Sabyr daýzanyň özüne: «Sadap jan» diýip ýüzlenmesi gyza lezzet berýärdi. «Ejesi-hä gowy görýä, ol ogluna-da diýenini etdirer» diýip, gyz bu mylaýymlykdan özüçe many çykaryp, öz göwnüni hoşlaýardy. Şeýle pikir öwrende, gyzyň ýüregi aram tapýardy.
Orta mekdebi gutaryp, Sylap Aşgabada okuwa gidende, düne Sadap üçin dowzaha döndi. «Wah, gowy görýänimi bir duýduryp galaýmaly ekenim. Kim bilýär, indi ol şäherden birini tapsa-da ahmal!» diýip, gyz häli-şindi arman çekdi. Sylabyň gyz jigileri Bibidir Bilbiliň ýanyna tikin işini alyp barardy. Şonda Sylap hakda agzajak bolup, telim öwra synanyşdam. Ýöne her sapar gürrüň gozgamagyň ebeteýini tapman gaýdýardy. Bäş ýyl gyz üçin tükenmez wagta döndi.
Her näme-de bolsa, Sylap Aşgabatdan gelinli dolanmady. Ol bäş ýyllyk okuwy arka atansoň, oba gaýdyp geldi. Sylap gelensoň, oba her hili gürrüňler ýaýrap ugrady:
—Ony kolhoza başlyk bellejek bolanmyşlar. Ýöne Sylap razy bolmanmyş. «Birneme tejribe toplaýançam, brigadir boljak» diýenmiş—diýşip, häli-şindi onuň tarypyny ýetirdiler.—Şumadyň birtopar adamy-ha başlyklygy diläbem alawersin. Sylap jan beýle adamlardan däldir. Göwni pesdir-le onuň.
Ýigidi öwdüklerisaýy Sadabyň ýüreginiň ody beter lowlaýardy. Misli üstüne ýag damdyrylýan ýalydy. Sylaba bolan söýgüsi kükregi ýarara getiripdi. Ýigit bolsa dymyp ýördi.
Ahyry gyz çydamady. Hat ýazdy. Nijeme ýyl bäri ýürekde berç alan sözler kändi. Olar kagyz ýüzüne ýalyn bolup geçdi. Hatyny ýazyp bolup, gyz gysymynda ýylan saklaýan dek bolup, daşaryk çykdy. Hemmeler uklapdy. Açyk tomus asmanyndan Aý şugla saçýardy. Ýyldyzlaryň şöhlesi misli aladaly gyz ýüreginiň tisginişi kimin, çalaja titräp durdy.
Sadap ýüregini bökdürip, kän garaşdy. Goňşularynyň daşarsynda gymyldaýan jandar ýokdy. Çyralary öçükdi. Töwerek imi-salady. Hatda Sadaba öz ýüreginiň dükürdisem eşidilip durdy. Gözüni gyrpman, goňşy öe bakyp oturyşyna Sadap: «Wah, görünmedem-dä» diýip, ahmyr bilen pikir öwürýärdi. «Bir garasyny görkezsedi!»
Daşardaky tagta sekiniň üstünde kimdir biri ýatyrdy. Ýöne Sadap onuň kimligini bilip bilmedi.
Ol diýseň kän oturdy. Daňdana golaý ejesi Abat daýza çykdy.
—A gyz, näme işleýäň bu ýerde?—diýip, Abat daýza jaýyň düýbünde çugutdyryp oturan gyzynyň ýanyna baryp, howsala bilen pyşyrdady.—Kakaň göräýse nätjek?!
Öňem göwün maksadyna ýetip bilmän oturan Sadap gahar bilen ejesiniň ýüzüni aldy:
—Daş edewersin! Kakam görende näme, gyz! Indi arassa howada oturmagam bolanokmyşmy?! Içeriniň yssysyna çydar ýalymy, gyz! Bolşuň dagy nähili seň!
Abat daýza howsala düşer ýaly zadyň ýoklugyna göz ýetirip ynjalansoň, Sadap bolsa gaýdyp ejesi özüni yzarlamasyn diýen niýet bilen ýene hüňürdäp galdy:
—Toba! Daş edewersin! Öz öýüňde otyrkaňam bir howsala düşmek bor oguşýa!
Garaz, Sadabyň gijeki niýeti amal bolmady. Ol ukusyzlykdan ýaňa gözlerini pökgerdip, säher bilen işe ugrady. Ýolda-yzda Sylaby garawullady. Gyz maksadyny çyna tutupdy. Eger ýigit ýedi ýoluň üstünde yzyndan ýetäýse-de, onuň bilen gürleşmekçidi. Indi Sadaby töweregiň gep-gürrüňem çekindirip duranokdy. Söýgi derdi bar zady owarram edip barýardy.
Hatyny Sylaba bermek üçin Sadaba günortan amatly pursat tapyldy. Öýlän başga karta geçmelidi. Ýöne Sadap güýmeň-samaň edip, paýyny wagtynda bolmady. «Siz nahara gidiberiň, men şuny bolman gitmäýin» diýip, ol joralaryndan galdy. Otagy boldy edilen ýerleri gözden geçirip ýören brigadir Sylap Sadabyň bir özüniň işläp ýörenini geň gördümi-nämemi, onuň ýanyna ýöneldi. Brigadir bolsa-da, gyz-gelinleriň ýanynda görünmegi kän bir halamaýan Sylabyň özüne tarap gaýtmagy Sadaby galpyldatdy... «Ýa özüniňem söz aýtma niýeti barmyka?» diýip, şatlykdanmy, tolgunmadanmy, on iki süňňi bilen gagşady. Misli üşütme tutýan ýalydy.
Sylap, hamala, golaýlaşaýsa, çeňňege düşüriläýjek ýaly, taýak atymlykda badyny saklady. Ellerini owkalap durşuna Sadaba ýüzlendi:
—Goňşy, arma-da!
Sadap onuň öz adyny tutman, «goňşy» diýip ýüzlenmesini näler halamady. Gaşlaryny çytdy. Zordan:
—Bar bol!—diýip seslendi.
—Gyzlardan galypsyň welin...—diýip, Sylap töweregine ýaltaklap durşuna sypaýy gepledi.—Paýyňa ýetişmedik bolsaň, öýlän gyzlardan haýyş ederis-de, köplenişäeris! Gaýdyber arkaýyn!
«Munuň söz aýdanyndan-a geçeýin-de, kowmasa razy bolaýyn!» diýip, Sadap kalbyna hem kine, hem gahar duýgusyny aralaşdyryp, pikir öwürdi. Ol:
—Sylap!—diýende, ýigitden garaşany çykmanlygy zerarly tas aglapdy. Sesi endiräp gitdi:—Men bilgeşländen galdym häzir!
Ýigit mydama gussaly gözlerini tegeledi:
—O näme üçin?
—Seň üçin!—diýip, Sadap barha dogumlandy. Soňam başyna daňan ak, gülli ýaglygynyň çowuna çigen agşamky hatyny eline aldy-da, Sylaba tarap golaýlady.
Gyzyň elindäki kagyzy gören ýigit seslenmän durup bilmedi:
—Näme, düzetmeli dokument barmydy?
Gyzyň huşy başyndan uçdy. Ol dogumly ädimläp geldi-de, haty Sylabyň eline tutdurdy.
—Häziriň özünde oka-da, maňa jogap ber!—diýibem ýigitden birki ädim beýläk çekildi. Özüni ýere goýberdi. Keşiň gyrasynda oturyp, ýer dyrmalap ugrady. Ýüzüni aşak salyp, hatyň okalaryna garaşdy.
Sylap haty basym okap çykdy. Soňam ony gysymynda mynjyratdy. Jübüsinden çilim bilen otluçöp çykaryp, ilki çilim otlandy. Çilimiň tüssesini burugsadyp goýberensoň, otluçöpi täzeden ýakdy-da, Sadabyň hatyna degirdi. Haty elinde saklap gowy ýakdy. Barmaklarynyň arasynda saklap duran iň soňkuja böleginem ýere taşlady. Ýene otluçöp çyzyp, ýere gaçan bölejiginem ýakdy. Gara köýük bolup ýatan kagyzyň üstünden brezent ädigi bilen gum sürdi. Şondan soň bolsa, sesini çykarman, Sadapdan daşlaşmak bilen boldy. Onuň mydama-da aladaly, ünjüli ýüzüne gara bulut çöken ýaly boldy. Gussaly gözleri has-da gaýgyly bakdy. Eginleri sallanýan ýalydy. Јdim ädişi «Aýaklaryndan daş asyldymyka?» diýdirýärdi.
Bu bolşy synlap, Sadabyň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. Depesinden asman basyp gelýän dek darykdy. Birdenem Sylabyň aýagy bilen süren gumlaryny eli bilen eýläk-beýläk syryp, hatynyň gara köýük küllerini gysymlady-da, eginlerini silkip aglap ugrady. Agysynyň arasynda-da kimdir birine hasabat berýän ýaly: «Meni ýigrenýän eken, ýigrenýän eken» diýip, sesiniň ýetdiginden zarynlap, öwran-öwran gaýtalady.
Şu wakadan soň olar biri-birinden gaçmak bilen boldular. Sylab-a Sadabyň gözüne görünmejek bolýardy, Sadabam Sylabyň. Ýöne öz hatyny ýakany üçin gyz ýigidi ýigrenmedi. Gaýtam söýgüsi beter gaýnady. Diňe kemsindi. Özüniň söýülmänine kemsindi. Söýgüsiniň kabul edilmänine ýanyp-bişdi. Ýigidiň gözüne görünmeden gaçsa-da, Sadap Sylaby göz astyndan synlaýardy. «Barybir, söýýän, ömrüm ötýänçä söerinem!» diýip, içinden ýigit bilen gepleşýärdi. «Meni söýmän aljak gelniňem neneň-niçik boljakdygyny görerin! Meniň söýşüm kimin seni hiç kimem söýmez!»
Aý ötdi, gün ötdi. Sylap hiç kime öýlenmedi. Ýöne oba ol hakda has aýylganç gürrüňler ýaýrap ugrady.
—Sylabyň öýlenerlik ýagdaýy ýokmuş ýaly-la!—diýşip, indiki gürrüňi pyşyrdaşyp aýdyşýardylar. Oňa hemmeleriň ýüregi awaýardy.—Çynar ýaly ýigit! Heý, şeýle-de betbagtlyk bolarmy!
Oňa bolan gynançlaryny adamlar süýji dilleri bilen ýerine salaýjak bolýardylar. Indi onuň «Sylap jan» adynyň yzyndanam her kim «balam, inim, agam» diýip ýüzlenýärdi. Onuň diýenini iki gaýtalatman bitirmäge ylgaýardylar. Hatda käbir ýukaýüregräkler brigadiriň diýjek zadyny diýmänkä, öňünden aňyp, onuň göwnüni götermäge jan çekýärdiler.
Adamlaryň beýle hoşamaýlyklary ýigidiň ýygralygyny barha artdyrýardy. Ol indi diňe gelin-gyzlardan däl, beýleki adamlaryň-da gözünden daşrakda bolanyny kem görenokdy. Öýünde öz otagyndan çykmazdy. Toý-tomga kän barmazdy. Ýöne, her zadam bolsa, sylagly adam sylagly bolýar. Dostlary ony ýalňyz galdyranokdylar. Üsti günde depeşekdi. Käte onuň diýenine bakman, ony toýa-da äkidýärdiler, üýşmeleňlere-de.
Bu bolýan gürrüňleriň birine-de Sadap ynananokdy. «Gybatlardyr-da» diýip, göwnübir pikir öwürýärdi. Ýöne käteler özüniň hatyny otlan ýigidiň bolşuny ýatlap, birden ýüregi höpleýärdi. «Aý, ýok, ýalan gepdir» diýibem, ýene öz pikiriniň garşysyna gidýärdi.
Günleriň bir güni Sylabyň kakasy Gurban aga Sadabyň kakasy Myrat agany ýanyna çagyrdy. Kakasynyň ýörite çagyrylmagy Sadaby iňkise goýdy. «Meni soraýjakmykalar?» diýip, ilki öz aladasyny orta atyp oýlandy. Soňundanam: «Aý, ýok, meni sorajak bolsalar, ilki özleri gudaçylyga gelerdiler, türkmende beýle düzgün ýok ahyr» diýip, öz pikiriniň garşysyna gitdi. «Ýa-da Sylap üçin gudaçylyga gitmeli maşgalanyň maslahatyny etjekmikäler?». Soňky tapan pikiri gyzyň ýüregini höpletdi. «Hut şeýledir» diýip gaýga batdy. Aglamjyrady. «Garamaňlaýdyryn-leý men...». Şeý diýibem, ol maňlaýyna telim ýola ýumruklap goýberdi.
Tä kakasy Sylaplardan dolanyp gelýänçä, aýagy oda bişen towuk kimin, iki ýana zowzuldady ýördi. Kakasy gelip, çaý soraýsa, aşhana gitmeli bolup, özüniň gep-gürrüňi eşitmän galaýmak gorkusy bilen bir çäýnek çaýam demläp, basyryp goýdy.
Myrat aga yzyna gijäniň ýarynda köwlendi. Gapydan girip barýarka-da, ol Sadaba ýumuş buýurdy:
—Gyzym, düşeklerimi ataweri, ýataýyn men...
Sadap edaly gepledi:
—Bolýa, kaka... Çaýam-a demläp goýupdym...
—Aý, ýok, çaý meýlim ýok—diýip, Myrat aga içki jaýa geçensoň jogap gaýtardy.—Olarda çaý içme keýpinden çykdyk.
Sadabyň ejesi Abat daýza bilesigelijilik bilen adamsyna ýüzlendi:
—Goňşular nämä çagyrypdyrlar? Eýgilikmi?
Myrat aga bir çete labyryny goýberip, ynjalykly ornaşyp durşuna birbada özbaşyna hüňürdedi:
—Ha-aý... Ogul bolsa-da, gyz bolsa-da, ile-güne meňzeş, ibalysyny berewersin...
—Näme, bir bolmasy iş bolupmy?—diýip, Abat daýza ýene howlukmaç sorady.
—Aý, şü... Sylap heläk edýä olary—diýip, Myrat aga ýene açyk bir zat pyşgyrybermedi.—Gurban-a, hakyt, sakgalynyň agy bilen aglap otyr! Heý, toba!
—Be... Sylap jan bir edepli ýigit ýaly-la?—diýip, Abat daýza gürrüňiň tükelini eşitmäge howlukdy.—Daşyndan-a adam ynjytjak ýigit däl ol...
Myrat aga agras gepledi:
—Adam ynjytmasa-da, ene-atasyny ynjydýa şo. Meň-ä juda gaharym geldi oňa. Gaty görenem bolsa, biljek däl, gaharyma birki agyz diýmänem durmadym.
Abat daýza elini ýakasyna ýetirdi:
—Hih, çal! Birdenikgä agramly söz aýdyp, kişiň çagasyna ýigrenji bolup ýörmäweri sen. Ne işiň iliň dawasyna goşulyp!
Myrat aga gaharlandy:
—Janyň ýanýa-how, janyň ýanýa! Ak sakgally atasyna ýüregi awanok oň. Betligem-ä gowy däl welin, gaty ýuwaşlygam ibaly zat däl eken! Ne «hä» diýýä, ne «hawa». Otyr lal bolup!
—Näme Gurban aga dagy öeräýsek diýýärlermi ony?—diýip, Abat daýza adamsyny gepiň ugruna kowdy.
—Öermelisin-ä ony birmahallar öermelidi—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—Adamzat nesli ýöremeli ahyr... Gurban goňşy bir salykatlyrak ýeri göz astyna alyp ugraýsam diýip sala salýar welin... teý, sesi çykmasa näme o näteňenälediň!
Abat daýza ýakasyna elini ýetirdi:
—Hakyt, ýeke sözem diýenokmy?
Myrat aga başyny ýaýkady:
—Eger-eger...
—Toba tagsyr, toba tagsyr—diýip, Abat daýza ýakasyny towlam-towlam edip oturyşyna, adamsyny öz ugruna kowdy.—«Ere bakandan, ýer gorkar» diýenleri-dä!
—Geplemän iç ýakýan eken ol—diýip, Myrat aga dowam etdi.—Tüýs soky daşyň bar-da! Beýle dymmadan-a eline taýak alyp, düwläp duranam müň paý gowudyr. Häk, Gurban goňşy oňaranok-da. Eliňe degerliräk zat al-da, geç-dä daşyna!
—Heý, wi... aý, oglan!—diýip, Abat daýza Myrat aganyň bu sözlerine öz daşyna geçilip barylýan dek bolup gygyrdy.—Urup bolmaz-a ony. Uly adam ahyry indi. Ile ýolbaşçy bolup ýör-ä!
Myrat aga gahar bilen elini silkip goýberdi:
—Aý, goýsan-aý senem, heleý... Özi ulam bolsa, hakyly kiçiniňkiçe-de ýok eken şoň!
Adamsynyň gaharynyň gelenini duýdumy-nämemi, Abat daýza:
—Heýlemi!..—diýdi-de, gaýdyp sesini çykarmady.
—Gurban goňşyňkam aňsat däl—diýip, Myrat aga özbaşyna hüňürdedi.—Uly şeýdip, öňlerini baglap otursa, kiçileriniňem bagty açyljak däl-ä... Goňşyň Sylapdan soňky çagalaram öý-işik borluk derejä ýetipdirler... Bazary sowulmanka, olaram ile goşmaly.—Şeý diýip, Myrat aga sözüne birneme dyngy berdi. Soň ýene dowam etdi.—Menem halys gaharyma çydaman: «Sen-how, köşek, lal bolmasaň, ataňa bir zat diý ahyr, beýdip soky daşy ýaly bolup oturma!» diýip gygyrdym.
—Heý-wi!..—diýip, Abat daýza ýene ellerini ýakasyna ýetirdi.—Heýem, iliň çagasyna şeý diýerlermi?!
—Diýjek!—diýip, Myrat aga onuň sözlerini agzyndan kakyp aldy.—Gaty gitse, beterräginem diýerin! Gurban goňşy bilen nije ýyl bäri agyryşman-ynjaşman, dogan ýaly bolup gatnaşyp otyrys. Atasyny käeden çagy onuň çagalaryna käemäge hakym bar meňňem. Onsoňam, asyl Gurban goňşyň özem meni hut Sylaba birki agyz diýdirmek üçin çagyran eken...
Abat daýza baş atyp, pessaý ses bilen makullady:
—Hüm... Asyl şeý diýsene...
—Hawa...
—Eri, onsoň, Sylap seň diýeniň bilen bir gepe gulak saldymy?
—Islänimiz-ä çykmady ondan...—diýip, Myrat aga ýene gepiň netijesini aýtmaga howlukmady.—Ýöne dil-ä açdy.
—Näme diýdi dil açyp?—diýip, Abat daýza howlukdy.—Heý, pyşgyran zady boldumy?
—Boldy—diýip, Myrat aga uludan dem aldy.—«Men rugsat berýän, kiçileri öerip-çykaryberiň» diýdi.
«Hih!» edip, Abat daýza içini çekdi:
—Daş edewersin! Indi utanmajakmyka... şo syraty bilen... Toba-toba, gulak eşitse-de, göz bir görmäwersin! Ogul berse-de, gyz berse-de, ibalysyny berewersin!
Şundan soň Sadabyň ejesi-kakasynyň ikisem dymdy. Ses-üýn çykmady. Içerde çyra öçdi. Sadap eline işini alyp, gabatdaky jaýda çökdi. Gulagyny ejesi dagynyň ýatan jaýyndan aýyrmady. Diňşirgendi oturdy. Birhaýukdan soň çalaja açyk duran gapydan Abat daýzanyň ýeriň aşagyndan eşidilýän ýaly hüňürdisi geldi:
—Men saňa bir zat aýdaýyn weli, çal, eger bir ýerde diliňden sypdyrsaň-a... hijimize abraý-a bolmaz!
—Ýak, senem, heleý!—diýip, Myrat aga gaharly hüňürdedi.—Şu ömre çenli tanarçarak bolansyň-la meni!
Abat daýza pessaý pyşyrdy bilen Sadabyň eşidip ýören aýylganç gürrüňini gaýtalady:
—Şoň öýlenerlik ýagdaýy ýok ýaly-la, çal!
Bu habar Myrat aganyň gulagynyň düýbünde top atylan ýaly etdi. Ol:
—Eý-ho!—diýip, seslendi.—Ýak, heleý, seňňem tapyp ýören zatlaň-ňaýt!—diýibem, bu habara ynanasynyň gelmeýänini duýdurdy.—Heý, şeýle-de bir zat bormy!
—Aýallar aýdýa—diýip, Abat daýza sözüni tassyklamak üçin janykdy.
—Aýallar aýdýan bolsa, dogrudyr—diýip, Myrat aga kinaýaly gepledi.—Aýallar nädürs zat aýtmaz!.. Pahaý-da welin... Tapyp ýören zatlaryna sered-ä bularyň!
—Eger çynym, ynanaý, çal!—diýip, Abat daýza barha janygyp, ýene delil gözledi.—Diňe aýallar däl, hemmelerem diýýä!
Myrat aga azmly gepledi:
—Kim diýse-de, sen lal bol! Goňşy bolup otyrys. Bizden çykanyny bilseler, goňşular näder!.. Haý, akylsyz heleý! Il ugruna yňyp ýörme. Ilde-günde aýdan-diýen kän bolar!
Abat daýza gaýdyp sesini çykarmady. Myrat aga soňra özbaşyna hüňürdedi:
—Be... Bendäniň çagasy asyl lal-jimler bolup otyr diýýän-le... Ýa bi gepleň aňyrsynda bir zatlar bar bolaýmasyn...
Şunuň bilen Sylaply gürrüň tamam boldy.
Gürrüňlerden ýaňa Sadabyň kellesi gum dykylana döndi. Sylap hakda diýilýän gepler onuň gaharyny getirdi. Bu diýilýän zatlara onuň birjigem ynanasy gelenokdy. «Ilde-günde görip kän, bir garaýüregiň tapyp ýören zadydyr-da, onuň köp wagtlap öýlenmän ýöreni üçin aýdaýandyrlar» diýip, öz-özüni ynandyrmaga çalyşdy.
Kolhozçy gyzlaryň arasynda bolsa, ýene Sylap hakda täze gürrüň ýaýrady:
—Sylap okaýarka, bir gowy gyz bilen halaşanmyş. Ýöne ol gyz biwepa bolup çykanmyş. Sylabam ony şeýle bir gowy görenmiş welin, indi hut şol gyza meňzeş gyzy tapýança öýlenjek dälmiş—diýşip, gyzlar erteki aýdyşýan dek bolup, täze gürrüňe barha gyzýardylar.
Hatda bu gürrüň ýaýrandan soň, Sylaba göwün ýüwürdýän gyzlar ýene onuň alnyndan bezenip-beslenip çykmaga-da başladylar.
Gurban aga-da uly oglunyň agzyna gaýdyp aňkarylmady. Sylapdan kiçi çagalarynyň öermelisini öerdi, çykarmalysyny çykardy.
Sadap bolsa yşkyň heserinden saralyp-soldy. Nä alaçlar etjegini bilmän urunýardy. Gijeler kirpigini kirpigine gatman çykýardy. Oba gyzynyň ýüreginde çyn söýgi at salýardy!
Günleriň bir güni Sadap ýüregine daş baglap, Sylabyň çykan jigisi Bibiniňkä gitdi. Ýüzi kül urlan ýalydy, solukdy. Eginlerinden daş asylan dek, agras dem alýardy. Onuň gamaşyp duran ýüzüni görüp, Bibiniň sussy basyldy.
—Eýgilikmi, Sadap, ýüzüň-gözüň salyk-la?—diýip, ol myhmany öe girmänkä howlugyp sorady.
Sadap gepi birbada nämeden başlajagyny bilmedi. Haslap-haslap zol uludan dem aldy. Keçe dyrmalady. Ýüzi lap-lap gyzdy. Özüniň düşüp ýören gününe kemsinip, dodaklary tirpildedi. Gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Onuň bu bolşy Bibiniň zähresini ýardy. Ol ýüregini howladyp, Sadabyň eginlerine ýapyşdy:
—Ýa öýde bir bolmasy iş boldumy, Sadap?
Bibiniň gorkudan tegelenen gözlerini görensoň, Sadap özüniň telek iş edenini duýdy. Aglap, Bibini gorkuzanyna öz-özüne käýindi. Özüni dürsedi.
—Sen howsala düşme!—diýip, gözýaşlaryny süpürip oturyşyna agras gepledi.—Öýde bar zat gül ýaly. Men öz günüm üçin aglaýan...
Bibi uludan dem alyp, beýläk çekildi:
—Wah-eý, saglyk bolsa bolýa-la gyz! Galan zadyň alajy bor-la. Öýde bir bolmasy iş ýüze çykaýdymyka diýip, zähräm ýaryldy.
Sadap pessaý ses bilen ýene öňki diýenlerini nygtady:
—Ýok-la... Öýde imi-salalyk...
Şeý diýibem, ol eginlerini silkip, ýene uludan dem aldy. Ara dymyşlyk düşdi. Birhaýuk dymyp oturanlaryndan soň, gürrüňi Bibi gozgady.
—Hany, aýt-da nämä gynanýanyňy, Sadap!—diýip, ol Sadabyň ýüzüne seretdi. Özüne aýdyljak habaryň gyza diýseň agram salýanyny duýdy. Sebäbi Sadap zol hyrçyny dişläp, ýüzüni gyzardyp otyrdy. Birsyhly keçe dyrmaýardy.—Çekinme-de aýdyber...
—Wah, aýtmasam-a, ýüregim ýarylyp barýa—diýip, Sadap agzyndan ýalyn çabratdy.—Kime aýtjagymam bilemok...—Şeý diýip, ol biraz dymdy. Soň ýene dowam etdi. —Gyzlaram näme, näçe jora bolsaňam... Joraňam jorasy bar-da... Biri-birine derrew ýetiräýýärler...
—Wah, hawa-da, keseki keseki bolaýýa-da—diýip, Bibi Sadabyň diýenlerini makullady.—Hernäçe jorasyrasalaram... Ýa-da şu zamanyň jorasynda-da derek ýokmy-nämemi... Syryňy saklamag-a kyn...
—Hawa-da—diýip, Sadap baş atdy.—Menem şoň üçin senden haraý isledim, Bibi... Öz doganyň bolansoň...
Bibi Sadabyň bu sözlerinden gürrüňiň Sylap hakda boljakdygyny aňdy. Ýüregi höpläp, boz-ýaz boldy. Sylap sebäpli bir oňaýsyzlyk ýüze çykaýdymyka diýen pikir serine geldi. Sadabyň habarynyň soňuny eşitmäge howlugyp, howsala bilen sorady:
—Näme, Sylap bir bolgusyzlygyň gyrasynda görnäýdimikä?!
—Wah, ýok-la... Sylap bolgusyzlygyň gyrasynda görünmez-le—diýip, Sadap zol uludan dem alyp oturyşyna pessaý gepledi.—Edepsizligi men edýän...
Sadabyň soňky sözlerine Bibi geň galdy.
—O nähili? Sen nämäniň edepsizligini edýämişiň, gyz?!—diýip sorady.
Sadap dilinden sözleriň neneňsi sypanynam duýman galdy:
—Men Sylaby gowy görýän, Bibi!
Sadabyň beýle habar aýtmagyna Bibi bütinleý garaşmadyk bolarly. Ol Sadabyň gözlerine seredip ýylgyrdy:
—Wiý! Ondanam bir edepsizlik bormy?!—Sadabyň juda agras keşbinden çekindimi ýa-da başga sebäbemi, nämüçindir, şundan soň Bibiniňem ýüzi agras sypata geçip, ol uludan dem aldy.—Wah, doganymy gowy görýäniň-ä gowy-la, Sadap jan—diýibem nämedir bir zatlar aýtmaga çemlendi.
Sadap Bibiniň näme diýjek bolýanyny aňan bolmaga çemeli. Ellerini silkip, onuň sözlerini böldi:
—Men edepsizlik etme kemini goýmadym, Bibi! Sen durmuşa çykmandyň... men şol wagtlar oňa hatam ýazdym... Saňa-da diýmäge utandym-da... hut öz elim bilenjik özüne berdim.—Bibi demini alman diňleýärdi. Sadap, hamala, bu zatlary doly aýtmaga güýjüniň ýetmezinden çekinýän dek, çalt-çalt gepläp dowam etdi.—Ol bolsa haty okady-da, otlady... Sesini çykarmanam, yzyna dolandy. Men ol hakda il-günüň diýýän zatlaryna-da ynanamok. «Il agzyny bogup bolmaz» diýipdirler...
Bibi Sadaby ilkinji gezek görýän dek, gözlerini çüýjerdip, oňa tiňkesini dikip, bir salym oturdy. Soň onuň gözleriniň alny ümezläp, ýaňaklaryndan ýaş damjalary yzly-yzyna togalandy. Sylaplaryň maşgalasyna-da ýigit hakda il arasyna ýaýran gepler ýeten bolarly, Bibi Sadapdan: «Il ol hakda näme diýýärmiş?» diýip soramady. Gözüniň ýaşlaryny sylyp oturyşyna nalap:
—Wah, şol öý-işik bolup, ile goşulsa, başga armanymyzam ýok. Ýeköýliniň horazy ýaly bolup ýör welin... biz-ä ölüp bilemzok... Ejem-kakam-a şondan ýaňa halys iki büküldiler...
Sadap barha dogumlandy:
—Sen oňa meniň özüni gowy görýänimi bir aýdyp ber... Her zadam bolsa, doganyňdyr... Belki, düşünişersiň...
—Wah—diýip, Bibi janyýangynly gepledi.—Aýtmasyn-a aýdaryn welin... Diňlese diýsene şo... Asyl, öý-işik meselesinde dil ýaranog-a ol. Şeýdip bagyr-öýkenimize gan öýýä-dä!
Sadap özüne ejir berýän başga aladasyny ýaňzytdy:
—Ýa onuň halaýany barmyka?!
Bibi ýene bir belli zat aýtmady:
—Nä bileýin-dä! Bar bolsa, barlygyny duýduraýmal-a! Kakam pahyr dag-a ol ýeriň aňry ujundan gelin getirse-de, öňüne çöp atjak däller...
Sadap turmakçy boldy:
—Men gaýdaýyn, Bibi... Gyz bolup, oglana habar ibermek gowam-a däl welin... her zadam bolsa, sen onuň bilen gürleşip gör... Meniň ony sulhumyň alýany çyn...
—Bolýa, hökman gürleşeýin—diýip, Bibi söz berip galdy.
Sadap şol günüň ertesi Bibiniň ýanyna habaryny eşitmäge geldi. Ýöne Bibi ony begendirmedi.
—Onuň-a şol bir bolşy, diňlänogam—diýip, Sadaba sowuk habary ýetirdi.
Sadap Bibiniňkiden kellesine taýak degen ýaly bolup gaýtdy. Ýaşaýyş onuň üçin gyzyksyz bir zada öwrülip barýan ýalydy. Bar zada kejebesi darygýardy. Gabadyndan ötüp-geçip duranlaryň «gurgunmysyny-da» onuň ýüregine düşüp barýardy. «Göni geçiberenlerinde bolmaýarmyka?!» diýip, özi bilen saglyk-amanlyk soraşyp geçýänlere gaharlanýardy. Onuň hiç bir zada ünsüni sowman, pikirini böldürmän, ýüreginiň sedasyna diň salyp gidesi gelýärdi. Beýnisinde birsyhly: «Näme etsemkäm?» diýen sowal at çapýardy. «Indi nä alaç edeýin?» diýip, dodaklaryny müňküldedip, öz-özüne sowal berýärdi. Öz-özi bilen gürleşip barýardy. Ýöne bu sowallara jogap tapmaga onda güýç-kuwwat ýokdy. Onuň göz öňünden Sylap birje salym-da aýrylanokdy. Ýigidiň mydama aladaly, gamgyn nazarlaryny ýere dikip, çilim kükedip barýan keşbi gyzyň göz öňünde surat bolup galypdy. Ol pikir elegini her näçe elese-de, Sylap bilen çalşyp boljak ýigidi, özi üçin Sylabyň ornuny tutjak oglany hakydasyna getirip bilenokdy. «Sylapsyz ýaşamaly bolsam, ýaşajagam däl!» diýip, ol bir gün aýgytly pikire geldi. Sebäbi ol Sylapsyz ýaşaýşy göz öňüne getirip bilenokdy. Sylabyň öýünden özünden başga gyzyň girip-çykjagyna Sadap özüniň döz getirip bilmejekdigini bilýärdi.
Üstesine-de, Sadaplaryň gapysynam sawçylar yzly-yzyna kakýardy. Ejesi-kakasy her sawçy gelende, gyzyň daşyna geçip, bolmajysyny bolýardylar. Ýalbarýardylar, käeýärdiler, düşündirýärdiler... Ýöne, barybir, gelen sawçylar yzyna ugradylyp durdy... Bu ýagdaýyň hem uzak dowam etmejekdigine Sadap aňryýany bilen göz ýetirýärdi. Ejesidir kakasynyň günleriň bir güni özleriniňkini gögertjekdigini duýýardy. Şonuň üçinem maý barka, Sylaba niýetine düwen zatlaryny diýip galmak isleýärdi.
Ol her gije Sylaby daşarda ýekeräk görmek üçin peýläp başlady. Oňa-muňa güýmenen bolup, tä goňşy öýde çyra öçýänçä, daşarda köwlendi. Gözlerini goňşulardan aýyrmady. Tomsuň aý aýdyň gijeleriniň birinde hem oňa Sylaba sataşmak miýesser etdi. Obada toý boldy. Agşamlyk hemmeler bagşy diňlemäge gitdi. Sylap bilen Sadapdan başga jemende galmady. Sylap gapydaky agaç sekiniň üstünde ýassyga ýanbaşlap, täze gazetleri gözden geçirýärdi. Amatly pursada garaşyp, ýüregini eline alyp ýören Sadap öýler gowy çolaransoň, sallanjyrap, goňşulara ugrady. Ýüzüne gazet tutup, öz oý-pikirleri bilen başagaý bolup oturan Sylap birbada gyzyň tagta sekä golaýlaşanynam aňşyrmady. Sadap özüne üns berilmese-de, sekiniň bir gyrasynda çökdi. Aýaklaryny sallap oturdy. Sylaby içgin synlady. Oňa seretdigisaýy gözleriniň alny ümezledi. Ýamanlykda tutulan dek, galpyldady. Ýüregi böküp-böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Sen meni näme üçin halaňok?» diýip, gyz Sylaba seredip oturyşyna oňa sessiz ýüzlenýärdi. Şu sowal beýnide gaýtalandygysaýam gözýaşlar owany dolduryp barýardy. Birdenem gözüň owasy ýaşdan püre-pürlendi-de, damjalar gyzyň ýaňaklaryndan ýol ýasap gaýtdylar. Gyz aýalary bilen ýüzüni süpürip, uludan dem aldy. Onuň haşşyldysyna Sylap tisginip gitdi. Elindäki gazetini bir çete oklap, göze ilmez çaltlyk bilen ýerinden zöweldi. Sadabyň gelenini aňşyrmanyna geň galdymy ýa-da gyzyň sessiz gözýaş döküp oturmasyna aljyradymy, birbada näme diýjeginem bilmedi.
—E-he... S... Sadap...—diýip, sakawlady. Soňam birden özüni ele alyp, çalt-çalt gepledi.—Sadap? Kim göwnüňe degdi?
Sadap geplemedi. Ýigide balkyldap duran pyýala gözlerini dikip oturyşyna, birsyhly dymdy. Zol uludan dem alyp, aýalaryny ýüzünde gezdirýärdi.
—Sadap, saňa näme bolýar?—diýip, Sylap ýene pessaý ses bilen sorady.
Gyzdan ýene jogap bolmady. Şol bir bolşuny saklap, sessiz dymdy.
—Birden... kakaň dagy göräýse... gelşiksiz bolaýmasa...—diýip, Sylap töwerege ätiýaçly garanjaklady.
Ýigidiň bu sözlerine Sadabyň dili açyldy. Ol gandaryny gören dek bolup, gaharyny dişleriniň arasyndan syzdyrdy. Agzyndan ýalyn çabrady:
—Kakam şuş-şu wagtjyk gelip, etimi çişe düzäýsedi!
Gyzyň gahary Sylaby aljyratdy. Ol näme diýjegini bilmedi.
—Beý diýmesene, beý diýmesene—diýip, aljyraňňy gaýtalady.—Uruş-sögüş gowy däl, Sadap!
—Beterräk zadam diýerin men!—diýip, Sadap indi gözýaş dökmesini bes edip, gahardan saňňyldady.—Men saňa ýekeje zat aýtmaga geldim... Şony eşit... Soň bihabar galyp, arman çekme!—Şeý diýip, Sadap Sylaba tarap nazar aýlap goýberdi. Sylap gyzyň ýüzüne-de seredenokdy. Gülli keçäniň üstüne oklanan gazetlere bakyp otyrdy. Gyz dowam etdi.—Men özümi öldürjek, Sylap!
Şu sözden soň Sylap başyny galdyrdy-da, Sadaba nazar aýlady. Sesi howsalaly çykdy:
—O näme üçin? Beýtmek bolmaz ahyry!
—Men özümi seň üçin öldürjek!—diýip, Sadap okunyň nyşana degenini aňyp, barha dogumlandy.—Özünem «Meň ölümime Sylap günäkärdir» diýip ýazyp gitjek!
Sylap uludan dem aldy. Çep eli bilen maňlaýyny tutdy:
—Meni beýle betbagt edip gitmek saňa nämä gerek boldy, Sadap? Men saňa näme ýamanlyk etdim?!
—Sen gowy oglan bolup doglupsyň! Ana, şol seň maňa ýamanlygyň!—Sadap şeý diýip, uludan dem aldy.—Aşa gowulygam ibaly zat däldir, bilseň!
—Betbagt bolup doglanyň üçin diýsene!—diýip, Sylap maňlaý saçyny penjeledi. Dem alanda, eginleri silkinip gitdi.—Betbagt bolsaň, hemmeler saňa ýagy bor eken...
Sadap birden «sen-men» ýok, sekiden düşdi-de, hasanaklap, Sylabyň gabadyna baryp, ýere dyzlaryny diräp çökdi. Ellerini serip, ýene aglamjyrady:
—Men seniň bagtyňy açaýyn, Sylap! Ýöne meni başga ýigidiň gapysyndan girip-çykmaga mejbur etme! Sensiz ölerin men, ölerin... Alla kessin, ölerin... Beýdip äsgermezlik edip, gyz ýüzümi gyzardyp durmasana! Ejemem-kakamam meni indi uzak saklajak däller...
Sylap ýerinden turdy-da, beýläk geçdi. Soňam sekiden düşüp, köwşüni geýdi. Öe girip gitdi. Çilim alyp çykdy. Daşky gapynyň bosagasynda oturdy-da, çilim otlandy. Ajy tüssäni birnäçe gezek işdämenlik bilen sordy. Soran tüssesini agyz-burnundan burugsadyp goýberensoň, aýagyndaky ala-mula matadan tikilen şypbygynyň burnuna seredip dymdy. Uludan dem aldy. Çiliminiň külüni kakyp goýberdi-de, Sadaplaryň öýüne tarap göz aýlady. Ýene pessaý ses bilen gyza ýüzlendi:
—Biri görse, aýyp bor, Sadap! Tursana. Beýdip bir oturmasana... Haýyş edýän...
Gyz öz bolşunyň edepsizligini duýdumy ýa-da Sylabyň sözüni ýykmak islemedimi, ýerinden galdy. Köýneginiň gum basan ýerlerini kakyşdyryp, ýene sekä geçip, aýaklaryny sallap oturdy. Özüniň bolşuny aklajak boldumy-nämemi, nalynjyrady:
—Şu bolşumyň aýypdygynam bilýän, Sylap! Gyz bolup oglanyň üstüne atylmagyň türkmen gyzy üçin ölüm bilen barabardygynam bilýän! Sen meni edepsizligim üçin bagyşla! Gaty görme! Ýöne men nädeýin... başgany ýüregim almasa... nädeýin!
—Öýüňize bar, Sadap—diýip, Sylap şol bir pessaý hörpde gepledi.—Soň bir gün işde gürleşeris... Kakaň dagy görse...
Sadap Sylabyň sözüni kesdi:
—Ýok!—diýip, dogumly aýtdy.—Görüp geçsin kakam. Şu gijeden ýekeje sagadam aňry geçmen! Ýa ölüp dynjak... Ýogsa-da aýt bir belli gep!
—Eger men «seni halamok» diýsem näme?—diýip, Sylap gyza sowal berdi.
Sadap tok urana dönüp, ýerinden zöweldi.
—Beý diýmäweri!—diýip, ýalbaryjy gepledi.—Duran ýerimde ýüregim ýarylar!—Şeý diýip, Sadap ýene Sylaba tarap ädim urdy.
—Otur, otur—diýip, Sylap elini öňe uzadyp gepledi.—Eriňde oturaweri... Şonda-da düşünişeris!
Sadap ýene sekide çökdi-de, sesine alada çaýdy:
—Ýa-da başga halaýanyň barmy, Sylap?
—Eger bolaýsa nädersiň?!—diýip, Sylap onuň sowalyna sowal bilen jogap berdi.
—Başymy alyp giderin mundan—diýip, Sadap ahmyrly gepledi.—Barybir giderin. Seniň bilen başga bir gyzyň tirkeşenini görenimden... ölenimi müň paý gowy görýän!
Şundan soň Sadap dymdy. Birhaýuk oturybam, gepini ýene öňküje nyşanasyna gönükdirdi:
—Barybir, gidäýsemem, «Sylabyň sözümi ýykanlygy, göwnüme degenligi üçin gidýän» diýip ýazyp giderin!
—Şeýt, şeýt—diýip, Sylap çekip bolan çiliminiň galyndysyny bir çete pitikläp goýberensoň, keýpsiz gepledi. —Meni ile masgara et!..
—Men-ä seniň gowy görýän gyzyňam ýokmuka diýýän!—diýip, Sadap ýigidiň taryna kakyp görmek isledi.
Sylap geň galdy:
—O näme üçin beýle netijä geldiň?
—Eger bar bolsa, bu çaka öýlenip dynardyň-a!
Sylap ýene dymdy. Sadap goşa örüm saçlaryny oýnap, aýaklaryny hallanladyp oturyşyna gepini berkitdi:
—Meniň bilen şeýdip oturmaga gorkýan bolsaň, men gaýdaýyn! Ýöne ejeň dagyny bize ibermäge söz ber! Eger halaýan gyzyň ýoklugy çyn bolsa, söz ber!
Sylap agras gepledi:
—Adam bilen oňşup ýaşaşmak ony daşyndan gowy gören ýaly däldir, Sadap! Gowuja pikirlen! Söýginiň gözi kördür, ol adamy hemme zadyň üstünden eltip biler!
—Oňşaryn! Etimi çişleseňem, oňşaryn!—diýip, Sadap Sylabyň özüne tarap birneme ýykylyp ugranyna göz ýetirip özelendi.—«Öl» diýseň, ölerin, «gül» diýseň, gülerin! Ynanaý maňa, Sylap!
—Saňa meniň bilen ýaşaşmak kyn düşäýmese...—diýip, Sylap bir depen ýerini depdi.—Gowy oglan kän ahyry!
—Kyn düşmez, Sylap!—diýip, Sadap barha janykdy.—Kyn düşse-de, çydaryn! Meniň üçin dünede senden özge gowy oglan ýok. Düşünýäňmi sen şoňa?!
Sylap başyny aşak salyp dowam etdi:
—Maşgalanyň abraýyny saklamak üçin... uly gaýrat gerekdir, Sadap! Sen heniz durmuş görmedik gyz! Saňa bu wagt ýaşaýyş juda ýeňil görünýändir... Ýöne durmuş göz öňüňe getirişiňden bütinleý başga zatdyr, bil şuny, Sadap!
—Men hiç zadam biljek däl!—diýip, Sadap ýene kesirligine tutup ugrady.—Ýaşamaga razy bolsaň-a, men seni her edip-hesip edip bagtly etmäge söz berýän... Ýogsa-da hälki diýenlem...
—Be... nätdiň-aý—diýip, kyn ýumuş buýrulan çaganyň bolşy ýaly Sylap ýüz-gözüni eňşetdi.—Garaz, seniň meň bilen bir öýden girip-çykjagyň çyn-ow, Sadap!
Sadap gaýdyp oňa jogap bermedi-de, ýerinden turup, öýlerine ugrady. Gidip barýarka-da, yzyna gaňrylyp:
—Iň soňky gün ertir. Eger ejeň dagy gudaçylyga barmasa, birigün gölegçi gitmeli bolarsyň. Sözüm sözdür!—diýdi.
Gyz gitdi. Sylap şol oturyşyna saçlaryny penjeläp galdy. Pikire batyp, birhaýuk oturdy. Birdenem onuň ýadyna arada kolhoz başlygy Baba aga bilen raýkoma gidişi ýadyna düşdi. Şonda olary oba hojalyk bölüminiň müdiri çagyrypdy. Müdir Baba agadan Sylap hakda kän öwgüli sözleri eşidenden soň: «Maşgalaň barmy?» diýip, Sylaba ýüzlenipdi. Onuň heniz öýlenmändigini eşidibem başyny ýaýkapdy-da: «Hany, dogrujaňy aýt ýa-da aýrylyşaýdyňmy?! Ýigidi ýokarrak işe çekjek bolsalar, maşgala ýagdaýyna-da-ha seredýändirler» diýipdi. «Hökman öýlenmek gerek» diýşip, soňra Baba aga bilen müdir ikisi Sylaba ýerli-erden igenipdiler.
Şu zatlar ýadyna düşende, Sylap ýeňil dem aldy. Onuň üçin durmuşyň iň bir kyn meselesi çözülen ýaly boldy. Eger biri şeýdip üstüne atylaýmasa, onuň özüniň-ä entek-entekler gyza sözem gatyp bilmejegi çyndy. «Özi şeýdip durka, gel, ejemi iberip göräeýin-le. Soňky gün ýolbaşçylaryň ýanynda-da dili gysga bolmaryn» diýip pikir öwürdi-de, şol günüň ertesi Sabyr daýza bilen Gurban agany Abat daýzalara sözaýdyjy iberdi...
Begenjinden ýaňa Sabyr daýzanyň erni bir ýere gelenokdy. Ýyrş-ýyrş edip, bijesi çykan ýalydy. Gurban aganyňam öňki gamaşyp duran ýüzi ýokdy. Rahat dem alýardy.
Abat daýza bilen Myrat aga birbada goňşularyny ýöne çaýlaşmaga gelendir öýtdüler. Göwünlerinde hiç hili pikir bolmansoň, Abat daýza hatda hut myhmanlaryň ýanynda oturan ýerinden:
—A gyz, Sadap! Çaý-suw getireweri! Näme bu gün bukuljyrap alaýdyň, görülmän ýören adamlar barmy bu ýerde!—diýip, çirkin sesi bilen gyzynyň üstüne-de gygyrdy.
Ejesi hernäçe gohlasa-da, Sadap eli çäýnekli içerik girmedi. Aşhana baryp, çaý oturtdy, demledi. Käsedir süýjüleri taýýarlady. Ýöne olary içerik eltmedi. Özem begenjinden uçaýjak bolýardy. Ýüregi eýýäm arzuwly pursatlara telwas urýardy. Hyýalynda özüni Sylabyň ýanynda duýýardy.
Gyzyndan derek bolmansoň, hyklap-çoklap ahyry Abat daýzanyň özi daşaryk çykdy. Ýene Sadaba azgyryldy:
—A gyz, näme ýöne bukuljyrap alaýdyň?! Ýaşynýanyň barmydy?
Sadap bagtyýar ýylgyrdy. Soňam ejesine wäşilik bilen jogap berdi:
—Ýaşynýanym bolmasa-da, ýaşynjagym-a bar, eje!
Gyzynyň bu sözleri Abat daýzany depesinden daş düşene dönderdi. Onuň gözleri hanasyndan çykara geldi.
—Hä?..—diýip, sesini süýkdürdi. Aljyrap, eline alan çaýly çäýnegini ýere gaçyrdy. Çäýnek pagyş-para boldy-da, bugaryp duran çaý töwerege saçalanyp gitdi. Muňa Abat daýzanyň zähresi ýaryldy. Gyzgyn çaýyň öňünden aýagyny zordan çekip ýetişdi. Köýneginiň öl bolan etegini sypaşdyrdy.—Wah-wah-eý... Bi artyp nädäýdi gyz...
Ejesiniň bolşuna Sadap jakgyldap güldi:
—Eňillik boljakdyr, eje! Daş döwülse, ýeňillik bormuş-a!
Ömür gaşy çytyk gyzynyň bu gün jakgyldap durmasyna Abat daýza haýranlar galdy. «Muny ne döw çaldyka?» diýip, içinden pikir öwürdi. Gyzyna ýumrugyny çenäp, janyýangynly gepledi:
—Kelläň bir ýerindemi seň?! Diýýän gepleňňi gulaklaň beri eşidýärmi?!
Sadap ýene ýylgyrdy:
—Näme üýtgeşik zat diýenmişim men?
—Täze çaý oturt!—diýip, Abat daýza gyzyna buýruk berdi. Soňam özbaşyna hüňürdedi.—Tapdyň ýaşynjak adamyňy!
«Ejem dagy bir ýoknasyzlyk edip, goňşularyň göwnüne degäýmesin» diýen ätiýaç bilen Sadap ýene agras sypata girip, pessaý ses bilen ejesine ýüzlendi:
—Eje, Sylabyň ejesi dagynyň sözüni ýykaýmaň!
—Ј-ä?!—Edip, Abat daýza gyzynyň bu sözlerine öňküdenem beter öweldi. Gözleri tegelenip, birbada dili tutuldy. Näme geplejeginem bilmedi.
Sadap ejesine diýjegini diýensoň, aşhanadan çykyp gitdi. Iň tördäki kiçijik otagyna baryp, el işine ýapyşdy.
Abat daýza iki eli bilen ýakasyny ebşitläp tutdy-da, gözlerini depesine dikdi.
—Heý, toba!—diýip, sesini süýkdürdi.—Adam pahyr ölmese, herki zady görüp-eşitjeg-ow! Bu näme gep boldugyka indi?!
Ol çaýdanam ellibizar bolup, içerik myhmançylyga gelen goňşularynyň ýanyna atylyp bardy. Demi-demine ýetmän haslady. Içindenem birsyhly «Toba-toba, ol Sylap diýen bendä il-gün nämeler diýenok! Ýa Sadabyň bi zatlardan habary ýokmuka?!» diýip pikir öwürýärdi. Birdenem goňşularyna gaharlanýardy: «Ogullaryndan nalaýan-a özleri, indem beýdip gelmeleri nämekä?!»
Abat daýza näme edýäninem bilmän, göni Sabyr daýzanyň pete-pet maňlaýynda çommaldy-da, sesine howsala çaýdy:
—Siz habarly geldiňizmi, goňşy?
Abat daýzanyň gelen myhmana birden zoňtar sowal beribermesi Myrat aga üçin gelşiksiz duýuldy. Ol gözlerini alardyp, aýalyna ýüzlendi:
—Јh-eýt... Bolşuň nähil-ow seň! Heý, türkmençilikde gele-gelmäne-de bir myhmany howlukdyrarlarmy! Çaý-suw äberiber bakaly... Habarly gelnen bolsa, habaram aýdylar-da, elbetde...
Näme üçindir şu pursat Abat daýza goňşularynyň öz gyzyna sözaýdyjy gelmesine kemsindi, aglasy geldi. Bu ýagdaýy basymjak adamsyna-da duýdurasy gelip, ýüregi çat açyp barýardy. «Olar bize gudaçylyga geläýipdirler» diýip, sesiniň ýetdiginden möňňüriberesi gelýärdi. Ýöne zordan dilini dişläp saklanýardy. Ol adamsy özüne azgyrylansoň, edepsizlik edenini bilip yza çekildi. Myhmanlardan çeträk sowlup oturdy. Keýpsiz halda ýer dyrmalap ugrady.
Abat daýzanyň sowalyny jogapsyz goýmagy birhili gördümi-nämemi, Sabyr daýza «Sen başla» diýen terzde adamsynyň ýüzüne seretdi.
Gurban aga ardynjyrady:
—Biz-ä habarly gelendiris, goňşy...
—Habaryň bolsa gowy zat—diýip, Myrat aga Gurban aganyň ýüzüne seretdi.—Aýdyp otur, eşideli, goňşy.
—Bi kesir oglumyz-a ahyr dil açandyr, Myrat goňşy—diýip, Gurban aga begenjini gizläp durman ýyrşardy.—Ilkiler-ä geplemän ýüregimizi ýard-aý... Ýa seňňem käemäň täsir etdimi-nämemi şoňa...
—Kim ol?—diýip, Myrat aga gürrüňiň Sylap hakda barýanyny duýsa-da, birbada aňmaýandan boldy. Soňam birden huşuna gelen kişi bolup gepledi.—Hä, bi Sylapmy? Tüweleme, dil açawersin!
—Hawa, dil açdy—diýip, Gurban aga ýene öňki sözüni gaýtalady. Soňam habaryny aýtdy.—«Şü, goňşulaň gyzy Sadaba baryp göräýseňiz» diýdi...
Bu habar Myrat aga üçinem duýdansyz «wäh!» diýlen ýaly boldy. Ol gözlerini tegeläp, aýalyna seretdi. «Be...Sylap hakda il-günüň çykaryp ýören gepi nire, bi, gudaçylyk gürrüňi nire!» diýip, içinden pikir öwürdi. Onuň içki pikirini Abat daýza-da aňdy. Ýöne ýene-de myhmanlaryň ýanynda ýoňsuz gep eşidäýmeginden çekinip, sesini çykarman saklandy. Dilini dişledi. Myrat aga-da goňşulara näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Bu ýagdaýdan Sadabyň habarlydygyny-däldigini bilmek üçin Gurban aganyň taryna kakyp görmek isledi:
—Indi bi işlere zorluk zamanasy ýok, goňşy. Meseläni nähili çözmeli bolsa, gyzyň özi biler-dä... Siz-ä gözümiz ýetik... Nije ýyl bäri agyryşman-ynjaşman, goňşy otyrys...
Sabyr daýza ara düşdi:
—Sadap jan-a razymyş. Öň ikisi gürleşikli ýaly-la?!
—Sylap bilenmi?—diýip, Myrat aga bolýan gürrüňlere haýran galyp sorady.
—Hawa—diýip, Sadap daýza arkaýyn gepledi. Ýöne muň üçin Sadap janyňam göwnüne degip durmaň. Ýaşlardyr-da...
Myrat aga bu wagt goňşularyna belli bir zat diýmän goýberdi. Gyzy bilen gürleşmekçidi. Ýöne Abat daýza oňa Sadaba-da zat diýdirip durmady.
—Iliň diýýän gepi ýalandyr, ýogsa ýigit öýlenmäge razy bolmazdy!—diýip, Abat daýza öz pikirini orta atdy.—Sylabyňam, goňşularyňam adamçylygam erbet däl, gyzyňam razy.
Goňşularyny gowy görüp duransoň, Myrat aga-da gaýşaryp durmady. Ine, şeýdibem, Sadapdyr Sylabyň toýy tutuldy...

Edebiýat, myspaser tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir