ŞERT
(Hekaýa)
Setdar pişigiň gulagy ýalyjak kagyza ýene bir ýola göz aýlady. Aýalynyň ýazyp beren sanawyndaky almaly-goýmaly zatlaryň hemmesi alnypdy. Bazarlyk işler bitipdi. Indi öýe gaýdybermelidi. Goşlaryň ýeňilräklerini ogluna tutduryp, agyrraklaryny özi alyp, bazaryň daşky derwezesine ýönelenem şoldy welin, Mekan onuň synyndan çekdi:
—Kaka, maňa ho-ol tigri satyn alyp beräý-dä...
Oglunyň sözüne Setdar sägindi. Bazary bezäp duran seteran goýlan tigirleriň arasynda Mekanyň görkezeni has hem kaşaňdy. Setdar birbada kürtdürdi-de, ýaýdanybrak gürledi:
—Onsuzam goşumyz köp-ä, oglum. Indiki gezek gelemizde alaýarys.
—Bolýa-la, kaka, «indiki gezek» diýdigiň, almajaklygyň-a ol... Bilýän-ä seň bu sözüňi. —Mekan boýnuny burup, özelendi. —Alyp beräý-dä...
—Eger saňa alsam, öýe baramyzsoň, Döwran hökman goh turzar. Ejeňem körpe oglunyň arkasyny alar.
Mydama özüne basdaşlyk edip ýören jigisiniň adynyň agzalmagy Mekanyň sustuny peseltdi.
—Ýöne oň tigri bar-a, kaka.
—Tigir sende-de bar-a, oglum.
—O tigir indi kiçi bolýa. Men eýýäm on ýaşadym. Daýawragyny süresim gelýä. Dostlarymyňam köpüsi indi daýaw tigir münýä.
Oglunyň halys özelenip durmasyna Setdar dözmedi. Seteran goýlan tigirleriň ýanyna bardy. Mekan hem kakasynyň yzyna eýerdi.
—Ýöne, oglum, meň bir şertim bar—diýip, Setdar oglunyň görkezen tigrini synlap durşuna Mekana ýüzlendi.
—Näme şertiň bolsa, razy, kaka...
—Beýleki tigriňi hökman jigiňe bermeli borsuň.
—Bolmanda-da ony indi süresim ýok. Döwran sürübersin—diýip, Mekan saýlan tigrine eýýäm münüp durşuna aýtdy.
Setdar satyjy bilen tigriň bahasyny hasaplaşdy. Söwdalary oňan ataly ogul öýlerine gaýtdy. Täze tigirli bolanyna Mekan begenmek begenýärdi. Ýöne oglanjygyň şatlygy uzaga çekmedi. Mekan tigrini derwezeden içeri salan badyna, howluda oýnap ýören Döwran ejesine tarap ok bolup atyldy. Özem sesiniň ýetdiginden aldygyna gygyrýardy:
—Eje-e!!! Aý, eje-e!!! Kakam Mekana tigir alyp beripdi-ir... Maňa bolsa almandyr.
Döwranyň gyk-bagy Mekanyň keýpine sogan dogrady. Ol kakasyny arka tutunjak bolup, oňa naýynjarlyk bilen bakdy. Setdaryň welin bu wagt kalbynda harasat gopýardy. Indi basdaş ogullaryny nädip ylalaşdyryp borka?!
Döwranyň galmagalyna Göwher hem içerden çykdy. Uly oglunyň saklap duran tigrini görüp, myrryhy atlandy:
—Kakasyna kömekçi bolsun diýip, ýanyna goşup goýbersem, derrew özjagazyny biläýipdir büý-ä... Men seni tigir almaga iberdimmi bazara? Kakaňa kömekleş diýip ugratdym-a...
—Bolýa-la, Göwher, çagaň göwnüne degmesene—diýip, Setdar aýalyna basalyk boldy.
—Ýeri, saňa näme gerek?! Ullakan adam ahyry. Bularyň basdaşdygyny bilip dursuň-a! Aralary bäş ýaşam bolsa, biri-birine basdaş! Aldyňmy, ikisine-de deň al-da...
—Muň ýaly tigri sürerden Döwran heniz balaja. Şoň üçin, goý, Mekanyň öňki tigrini alsyn-da, häzirlikçe oňaýsyn ol. Mekan janam şoňa garşy bolup durasy ýok, şeýle dälmi, oglum?!—diýip, Setdar Mekana bakdy.
—Hawa, öňki tigrimi Döwran alaýsyn.
—Ýo-ok...—diýip, Döwran çürt-kesik garşy çykdy. —Maňa köne zat gerek däl. Täzesini alyp beriň. Özem edil Mekanyňky ýaly bolsun.
—Ýöne sen entek bu tigri sürüp bilmersiň ahyry—diýip, Mekan inisiniň bolşuna gaharlandy.
—Häzir sürüp bilmesemem, ýuwaş-ýuwaş öwrenerin—diýip, Döwranam öz diýenini tutup, ýeň bermedi.
—Bu häsiýetiň-ä bolmaýa, oglum—diýip, Setdar Döwranyň başyny sypady. —Agaňa basdaşlyk etme. Gaýta oň tigrini alsaň, sende ikisi bolýar ahyry. Dogry dälmi? Mekanda biri, sende bolsa, ikisi.
Kakasynyň teklibi Döwrany imrindirdi.
—Bolýa. Ýöne tigriniň üstüne topunam bersin. Şonda dawa etmäýin—diýip, Döwran şert goýdy.
—Hany, ilki agaňy yrjak bolup göreli-dä. Razy bormuka ol?!—diýip, Setdar uly oglunyň ýüzüne äňetdi.
Döwranyň dileýäni ýöne-möne top däldi. Hatda mekdepde uly synpyň oglanlarynyň oýnaýan topundan hem gowudy. Iki aý mundan öň bu topy kakasy doglan gününe alyp beripdi. Inisiniň bu şerti Mekany otdan alyp, suwa sokdy. Ol birsellem köwşüniň burnuna seredip, sesini çykarman durdy. Eger razy bolmasa, inisiniň täze alan tigrine dawasyny goýmajagyny bilibem, bialaç ylalaşdy.
—Aý, bor-da, goý, alaýsyn—diýip, Mekan nägile hüňürdedi.
Mekan bu sözi agzyndan sypdyranyndan, Döwran ylgawyny ýazdyrman, topy alyp geldi.
—Indi razy bolduň gerek?!—diýip, Setdar nekirtläp sorady.
—Meň bilen top oýnajagyna-da söz bersin—diýip, Döwran şertiniň üstüne şert goşdy.
Mekanyň bu wagt dostlaryna täze alan tigrini görkezesi gelip, ýüregi böküp durdy. Şonuň üçinem ol inisiniň soňky şertine-de göwünjeň razylyk berdi:
—Bolýa, bolýa, oýnaýaryn. Ýöne indiberi şertiňi bes et.
Şundan soň Mekan tigrine mündi-de, howludan çykyp, dostlarynyň ýanyna howlukdy. Röwşen bilen Durdy obanyň içinde tigir sürşüp, aýlanyp ýördi. Mekanyň täze tigrini görüp, dostlaryň ikisi hem ýerli-ýerden onuň mahabatyny ýetirdiler.
—Meňkidenem gowusyny alypsyň-ow—diýip, ilki bilen Röwşen gözügidijilik bilen aýtdy.
Tigriň öwgüsini ýetirmekde Durdy hem kem galmady.
Dostlarynyň taryply sözlerine Mekan monça boldy. Ol täze tigrine münüp, Röwşendir Durdy bilen birsalym ýaryşdy.
Dostlar tigir sürüp, obanyň ol çetine zymdyrylyp gitdiler. Soň ýene yzlaryna dolandylar. Edil şol wagt olaryň öňünden Döwran çykdy. Ol eýýäm Mekanyň ozalky tigrini münüp ýördi.
—Öňki tigriňi Döwrana beräýipsiň-ow?—diýip, Röwşendir Durdy Mekandan soradylar.
—Hawa.
—Döwran, ýör, senem biz bilen ýaryşsaň?!—diýip, Röwşen oňa teklip etdi.
Döwran başyny ýaýkady. Soňam Mekana ýüzlendi:
—Ýör, öýe. Meň top oýnasym gelýä.
—Soň bararyn, täze tigrimi sürmäge goý-a—diýip, Mekan inisine igendi.
—Meň bilen top oýnamaga gitjek däl-dä, onda? Şeýlemi?
—Hawa. Edil häzir-ä gitjek däl.
—Ejem bilen kakamyň ýanynda söz bereniň ýadyňdan çykaýdymy?
—Ýadymdan çykanok. Ilki täzeje tigrimi sürüp, keýpden çykaýyn, soň seň bilen top oýnamaga barsam-baraýaryn—diýip, Mekan inisine içýakgyç jogap berdi.
—Ýok, meň edil şu wagt top oýnasym gelýä—diýip, Döwran kejine tutdy. —Senem hökman meň bilen howluda top oýnarsyň.
—Meň-ä şu wagt seň bilen top oýnasym gelenok, dostlam bilen tigir süresim gelýä. —Mekan şeý diýdi-de, tigrini sürüp, köçäniň aýagujuna bakan at saldy.
Mekanyň yzyna Röwşendir Durdy hem eýerdi. Döwran bolsa tigrini sürüp, öýüne bardy. Derwezeden girip-girmänem, uly ili bilen waýkyrdy:
—Eje-e, kaka-a... Hana, Mekan sözünde-de duranok, meň bilen top oýnajak däl diýýä... Eger şeýtjek bolsa, onda maňa-da edil şoňky ýaly tigir alyp beriň!
—Almalam däl ekeniň-dä şol tigri—diýip, Göwher Setdara igendi. —Özüň bulaşdyrdyňmy, bar, indi git-de, özüňem çöz.
Setdar içip oturan çaýyny goýup, köçä çykdy. Obanyň syrgynynyň aňry çetinde tigir sürüp ýören oglanlara bakan elini bulaýlady. Mekan kakasynyň özüni çagyrýandygyny aňdy. Ol tigrini öýüne bakan burdy.
—Oglum, sen maňa bazarda näme söz beripdiň?
—Tigrimi hökman jigime berjekdigime söz berdim. Hana, Döwran sürüp ýör-ä ony.
—Meň bilen top oýnamaga-da söz berdiň-ä sen!—diýip, Döwran Mekanyň alkymyna dykylyp bardy. —Ýa-ha meň bilen top oýnarsyň, ýa-da şu tigri maňa berersiň.
Döwranyň tigrinden aslyşmasy Mekanyň ýüregini gopdurdy. Hamala, tigri elinden hemişelik gidip barýana döndi.
—Bolýa, bolýa. Oýnaýaryn-how seň bilen top. —Şeý diýip, Mekan tigrini howla saldy-da, Döwran bilen top oýnamaga başlady.
Iki doganyň ýaş tapawudy görnetin bildirýärdi. Mekan inisinden hem-ä bäş ýaş uludy, üstesine-de süňňi iridi. Döwranyň welin, tersine, müçesi kiçidi. Oýun iki tarap üçinem gyzykly däldi. Ýöne şonda-da Mekan-a ähdinden dänmejek bolup, jigisini güýmeýärdi, Döwranam basdaşlyk edip, agasyna kejeşip top kowalaýardy.
—Ýadadym-laý—diýip, ahyry Döwran top oýnamasyny goýdy.
—Onda men-ä tigir sürmäge gidäýjek—diýip, Mekan inisine boýnuny burup özelendi.
—Aý, gitseň, gidäý. Ýöne çalt gelgin. Kän eglenme. Birden ýene top oýnasym gelse, özüňi gözledip ýörme.
Mekan inisinden idin alansoň, guş bolup uçdy. Ýene-de täzeje tigrine münüp, köçä çykdy-da, obanyň içinde sürüp, keýpden çykdy. Ýöne hezillik uzaga çekmedi. Öýleriniň deňine ýetiberende, Döwran goltugyna top alyp, öňünden çykdy.
—Ýör, top oýnaly.
Mekan hyrçyny dişläp, tigrini howla saldy-da, ýene inisi bilen top oýnamaga başlady. Ýene öňki ýagdaýdy. Mekanam, Döwranam bu oýundan maza alyp bilenokdy. Şonda-da şeýle ýagdaý ýene birki ýola gaýtalandy.
Inisiniň özüne basdaşlyk edýänine Mekan düşünýärdi. Ol ahyry çydaman, kakasynyň ýanyna baryp, arzyny aýtdy:
—Kaka, Döwran halys günüme goýanok. Tigir sürmäge köçä çykan badyma, dessine eline topy alyp, öýe çagyrýa. Meň welin top oýnasym gelenok, täzeje tigrimi sürüp, lezzetini göresim gelýä. Aýdaý-da Döwrana, kaka. Şu günlükçe azar bermäýsin-dä...
—Oglum, şert — şert bolýandyr. Ähdiňde durmagy başar. Ýap-ýaňy iniň bilen top oýnamaga biziň öňümizde şert etdiň ahyry. Şertiňe ejeň şaýat, men şaýat. Beren wadaňa heniz bir sagadam geçenok. Eýýäm sözüňden dänjek bolup dursuň. Şert diýilýän zat oýunjak däldir, oglum. Şertiňi bozsaň, il-gün näme diýer? Dünýäde iň erbet zat lebziňi ýuwutmakdyr. Şert ulam bolsa, kiçem bolsa, şertdir. Tüweleme, özüňem goç ýigit bolupsyň. Goç ýigitler bolsa şertiniň yzynda durýandyr.
Kakasynyň sözlerine Mekan müýnli halda başyny aşak saldy. Şertini bozmajak bolubam, inisi bilen top oýnamaga gitdi.
Döwran bilen top oýnamagyň hiç bir babatda gyzygy ýokdy. Ol hatda topuň yzyna-da eýerip bilenokdy. Derrew ýadaýardy. Mekan welin Döwran bilen howluda top oýnanyndan, gidip dostlary bilen tigir sürenini gowy görýärdi. Ol inisine höre-köşe edip, özüne rugsat bermegini sorady. Emma Döwran ýeň bererli däldi. Islese-islemese, gepini gögerdesi gelýärdi.
Ahyry Mekan şu gün tigrini asla sürmezligi öz ýanyndan şert etdi. Sebäbi tigrine münüp, köçä çykdygy, inisi ýöriteläp, ony aňtaýardy. Mazasyz top oýnandan, gowusy, tigir sürmekden geçip, telewizora güýmenenini kem görmedi.
Agasy köçä tigirli çykmansoň, Döwran hem oňa «top oýnaly» diýip aslyşyp durmady. Gaýta ol Mekanyň öňki tigrine münüp, howlynyň içinde sürüp, keýpden çykdy.
Tomus bolansoň, gün ir dogýardy. Mekan ertesi gün saba bilen turup, tigrini alyp, köçä gitdi. Obanyň köçelerinde aýlanyp, hezilini gördi. Tigir sürüp ýadansoň, öýe gelip, ýerine geçip gyşardy.
—Eýtjek-beýtjek, garaz, tigriňi sürjek-dä—diýip, Setdar oglunyň bolşuna ýylgyrdy.
—Dagy nädeýin? Ýogsa Döwran «top oýnaly» diýip yzymdan aýrylanog-a... Meň welin oň bilen asla top oýnasym gelenok. Tigrimi süresim gelýä... Kaka, bolmasa, sen Döwrana düşündiräý-dä, birki gün maňa azar bermäýsin-dä...
—Birki günden özem bizar bor. Sen näme, näbeletmi oňa? Kejine gaýtsaň, beterine tutýar-a... Ejeňem derrew körpe oglunyň tarapyny çalyp başlar.
Ýöne Döwranyň basdaşlygy birki günden uzaga çekdi. Mekanyň welin täzeje tigrinde dostlary bilen ýaryşyp oýnasy gelýärdi. Her gün daň bilen turup, inisinden bukdaklap obanyň içinde tenha-täk özi ygyp ýöresi gelenokdy.
Kakasyndan netije bolmajagyny bilensoň, Mekan ejesine ýalbardy.
Oglunyň säher bilen turup, inisine bildirtmän, tigir sürüp ýörenini Göwher hem bilýärdi. Emma basdaş çagalaryny nädip ylalaşdyrjagynyň ebeteýini tapyp bilenokdy. Döwran has kiçidi. Lälikdi. Edil häzir-ä oňa ýalbaranyň bilen netije çykjak däldi. Arkan gaýyşjakdygy görnetindi. Şonuň üçin Göwher Mekanyň başyny sypady:
—Hany, oglum, ýene birki gün gaýrat et, oňa çenli ýadabam goýar-la. Ýogsa-da, özüň haýyş edip göräýmezlermi, jigiň-ä ol. Çynyňy etseň, belki, ugruny taparsyň.
Ejesiniň aýdanlaryny makul tapyp, Mekan jigisine ýalbardy. Kejeşip, özüni ýöne yzarlap ýörmesini bes etmegini haýyş etdi.
—Onda kakam maňa-da edil seňki ýaly tigir alyp bersin, onsoň saňa «top oýnaly» diýip hijem azar bermäýin—diýip, Döwran çözmesi has kyn bir gep tapdy.
—Ýöne sen öňi-soňy o tigri sürüp bilmeýäň-ä, boýuň kiçi ahyry—diýip, Mekan inisine özelendi. —Men saňa hatda öňki tigrimiň üstüne topumam berdim-ä, razy bolaý-da...
—Ýok, meňem seňki ýaly tigirli bolasym gelýä.
Edil özüniňki ýaly tigir Döwrana-da alnyp berilmese, onuň şol bir heňiniň näçe güne çekjegi belli däldi. Tomusky dynç al
şyňam soňky aýydy. Okuw başlansoň, tigir sürmäge eliň kän degmejegi-de bellidi. Bu çatak ýagdaýdan çykalga tapmak üçin Mekan her hili ýol agtaryp görýärdi. Ahyry onuň serine üýtgeşik bir pikir geldi. Agşam saçak başyna jemlenip, tagam iýlip bolnansoň, Mekan kakasyna ýüzlenip, matlabyny aýtdy:
—Kaka, gel, Döwrana-da edil meňki ýaly tigir alyp bereli-le.
—Hawa, hawa, alyp beriň—diýip, Döwran içip oturan çaýynam goýup, agasynyň teklibine monça boldy.
—Entek iniň sürüp bilmejek tigri üçin çykdajy etmek nämä gerek, oglum?—diýip, Setdara derek Göwher jogap berdi.
—Size çykdajy etdirjek bolýanam ýok. —Şeý diýip, Mekan goňşy otaga gitdi. Salym geçmänem kiçijik gapjyk bilen dolanyp geldi. Gapjygyň içinden şakyrdap duran pullary kakasyna uzatdy. —Me, kaka, şu puly al-da, Döwrana meňki ýaly tigir alyp ber!
Mekanyň uzadan puly tigriň bahasyndan hem artykdy.
—Munça puly nireden aldyň, gyýuw, sen?—diýip, Göwher geň galyp, gözlerini tegeledi.
—Arada, on ýaşym dolanda, atam bilen enem gelip, hersi «Ýüz ýaşa, oglum» diýip sowgat berdi.
Mekanyň diýýäni hakykatdy. Ejesidir kakasynyň doglan gününde oňa pul sowgadyny berenleri Setdaryň ýadyndady. Oglunyň sowgat berlen puly özüne uzadyp durmasyna Setdar dözmedi. —Hany, puluňy ýygna, oglum—diýip, ol Mekana ýüzlendi. —Döwrana seňki ýaly tigri diňe seň ýaşyňa ýetende alyp bererin. Ondan bärde bolmaz oňa.
—Onda sen şu puly özüňe al. Goý, tigri özümiň satyn aldygym bolsun... Minnet çekmekden halys ýadadym, kaka. Döwran ýörite kejime gaýdyp, tigrimi sürdürmejek bolup, zol yzyma düşüp ýör. Tigirli boldugymam däl. Goý, doglan günüme berlen pul sende durubersin, Döwrana-da meňki ýaly tigir alasyň gelse-hä al, almasaňam, özüň bil...
On ýaşly oglanjygyň uly adamyňky ýaly hereketleri Setdaryň bokurdagyny doldurdy. Ol Mekanyň indi näçe gün bäri jigisinden gaçyp, daň bilen tigir sürüp ýörenini bilýärdi. Oňa, dogrusy, ýüregi hem awaýardy. Şonuň üçin meseläni häziriň özünde çöp döwen ýaly etmek gerekdi. Setdar saçagyň başynda gözüni oýnakladyp oturan körpe ogluna ýüzlendi:
—Döwran jan, men indi näçe gün bäri synlap gelýän welin, sen agaňa ýersiz ýere azar berýäň. Munyň bolanok, köşek...
—Maňa-da Mekanyňky ýaly tigir alyp beriň, onsoň oňa azar bermämi goýaryn—diýip, Döwran dodajygyny kemşertdi.
—Mekanyňky ýaly tigri ýaşyň ýetende alyp bererin. —Şeý diýip, Setdar agras gürledi. —Eger indiden beýläk akyllyja oglanjyk bolmasaň, agaň ýaşyna ýeteňde-de oňky ýaly tigir alyp bermerin. Üstesine, häziriň özünde topuňam yzyna alaryn, agaň öňki tigrinem. Düşündiňmi?
Kakasynyň beýle äheňde gürlemeginden susty basylan Döwran haraý gözläp, ejesine mölerip seretdi. Emma Göwher bu gezek körpesiniň arkasyny almady:
—Kakaň dogry aýdýa, Döwran jan. Ýersiz-ýere dawalaşsaň, menem tarapyňy tutup durman.
Ejesiniň hem arka durmajagyny bilensoň, Döwran başyny aşak saldy. Ýygrylybam, zordan dillendi:
—Bor-da onda...
Jigisiniň bu sözlerine Mekanyň ýüzi ýagtylyp gitdi.
—Me, oglum, puluňy al-da, gowuja ýygşyryp goý—diýip, Setdar oglunyň uzadan puluny yzyna berdi. —Ýöne işim bitdi diýip, uzakly günläp tigir sürüp, köçede-de gezme. Wagtynda öýe ýygnan. Ejeňe özüňi gözletme.
—Bor, kaka—diýip, Mekan kakasyndan puluny alyp, gapjygyna saldy-da, ony goňşy otaga ýygşyrmaga gitdi.
—Bolsa-da, ahyry çözäýdik bulaň dawasyny—diýip, Göwher körpe ogly hem saçagyň başyndan turup gidensoň, Setdara ýüzlendi. —Lälik oglumyza gowy sapak boldy öýdýän?!
—Bu waka biziň hemmämize-de sapak boldy—diýip, Setdar aýalyna köpmanyly jogap berdi.
Eziz GELDIMYRADOW.

Edebiýat, myspaser tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir