Şowly çykan filmler hakda ony döretmäge gatnaşan artistler bilen söhbet etmek ýakymly täsirleri galdyrýar. Biz golaýda sözbaşa çykarylan adybir filmiň baş gahrymanlarynyň biri Tatýana Moskalenko bilen bu kinonyň taryhy barada gürrüňdeş bolduk.

— Söhbetdeşligimizi kino sungatyna gelşiňizden başlaýsak nähili bolar?!

— Garşy däl. Meniň özüm Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda doguldym. Ol wagtlar men etrapdaky 54-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýardym. Şol ýyl mekdebimiziň çeper höwesjeňler topary welaýat derejesinde geçirilen bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, döwlet derejesinde geçirilýän çeper höwesjeňleriň festiwalyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 1969-njy ýylyň tomsudy. Aşgabadyň merkezi seýilgähiniň tomusky kinokonsert zalynda ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen ýaşlar yzly-yzyna çykyş edýärdiler. Çykyş etmek nobaty bize ýetdi. Men şol gezek gyzlar bilen köpçülikleýin tansdan başga-da, ýekelikde hindi tansyny ýerine ýetirdim. Bu tans «Ýuwaş gelne» tarap äden ilkinji ädimim boldy.

Şondan sähel salym geçenden soňra, tans toparymyzyň duran ýerine geýnüwli bir adam gelip: «Tanýany gözleýärdim!» diýdi. Maňa gözi düşübem: «Baý-bow, sen-ä gaty kiçijik ekeniň-ow!» diýdi-de, özüniň kinostudiýanyň režissýory Setdar Garajaýewdigini aýtdy. Ol täze surata düşürjek filminiň baş gahrymanynyň keşbi üçin gelin-gyz gözleýändigini, meniň ýanyma-da şonuň üçin gelendigini duýdurdy. Ertesi gün, başga-da birnäçe gelin-gyzlar bilen birlikde, synag üçin fotosurata düşürdiler.

Biz agşamlyk myhmanhana ýygnananymyzda, topar ýolbaşçymyz ýanymyza gelip, meniň ýerine ýetiren tansyma ýokary baha berlendigini, şol tans bilen Moskwada geçirilmeli çeper höwesjeňleriň Bütinsoýuz festiwalynyň jemleýji konsertinde çykyş etmelidigimi, şeýle-de respublikan festiwalynyň laureaty bolandygymy aýdyp, guwanç bilen gutlady. Yzly-yzyna aýdylan bu şatlykly habarlar juwan kalbymy joşdurypdy.

Şol günüň ertesi säher bilen turup, deň-duş gyzlar bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel ýerlerini synlamaga gitdik. Dolanyp gelenimizden soň welin, käýinç eşitmeli boldum. Çünki biz gidenimizden soňra, kinoçylar gelipdirler. Synaga alnan fotosuratlaryň içinde meniň keşbimi baş keşbe mynasyp görüpdirler.

Dogrymy aýtsam, munuň üçin gynanybam durmadym, sebäbi esasy arzuwym hasyl bolupdy. Men Moskwada çykyş etmäge hukuk gazanypdym.

Biz aýdym-saz toparymyz bilen etrabymyza dolanyp geldik.

Täze okuw ýyly başlandy. Men indi 9-njy synpyň okuwçysydym. 1969-njy ýylyň sentýabr aýynyň başydy. Etrabymyzyň medeniýet öýüniň ýolbaşçysy Jeren daýza aňyrdan alňasap gelşine: «Hany bol! Kinoçylar seniň yzyňdan ýörite gelipdirler. Biziň medeniýet öýümizde baş keşbe synag üçin aljaklar, ýör tizräk!» diýip aýtdy-da, meni yzyna tirkäp alyp gitdi.

Ynha, şeýlelik bilen, Aşgabatdan gelen meşhur kinooperator Osman Saparowyň synag üçin alyp giden kinoýazgysyny synlan režissýor Setdar Garajaýewiň ýolbaşçylygynda surata düşüriljek «Ýuwaş gelindäki» Selbiniň keşbine meni tassykladylar. Film 1969-njy ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda Aşgabadyň golaýyndaky Bagyr obasynda surata düşürilip başlandy.

Men şu gün — kinonyň tomaşaçylara ýetirileninden elli ýyldan gowrak wagt geçenden soňra, kino bilen baglanyşykly käbir zatlary tomaşaçylara ýetirmek isleýärin.

Bu ýagdaý şeýleräk bolupdy. Meni «Ýuwaş gelniň» keşbine tassyklanlarynda, ýaňy 15 ýaşymdadym. Daşoguzdan Aşgabada gelip, kino surata düşürilip başlanmazyndan öň, filmiň režissýory Setdar Garajaýew ýanyna çagyryp: «Sen şu mahal 15 ýaşyňda! Hakykatyna seredeniňde, biz seni gelniň keşbinde kino üçin surata düşürip bilmeýäris. Ikimiz bir zady gepleşeli, sen şu günden şeýläk pikiriňde 10-njy synpy tamamlan, özüň hem 17 ýaşyňy dolduran gyza öwrülmelisiň» diýdi.

Men şol günden başlap, hakykatdan-da, 17 ýaşly «ýuwaş gelin» boldum. Gysga wagtyň dowamynda kino düşmeli döredijilik toparynyň başy jem boldy. Bagyr obasynyň çagalary hakykatdan-da, toý ýerine gelýän ýaly, topar-topar bolup gelýärdiler. Şolaryň arasynda bir oglanjyk ähli zatlary aýratyn yhlas bilen synlap, ol zatlar özi üçin goýlan ýaly, döredijilik topary bilen hem ozaldan tanyş ýaly, özüni şeýle erkin alyp barýardy.

Oglanjyk režissýor Setdar Garajaýewiň hem gözüne ilipdir. Ol Janmyradyň keşbi üçin öz ogluny göz astyna alyp, ony kino düşüriljek ýere öwrenişsin diýip, ençeme wagtlap ýanynda saklap ýören eken. Režissýor bagyrly oglanjygyň hakyky Janmyrat bolup biljekdigine göz ýetirenden soňra, öz ogluny öýüne ugradýar.

Bu filmde meniň bilen Janmyratdan başgasy ozal halk arasynda tanalýan artistlerdi. Kinoda gülmeli ýeri-de, aglamaly ýeri-de bolýardy. Ýadyňyzda bolsa, gaýynenemiň taýýarlap goýan tut ýapraklaryny eşek iýýändir. Men muny agzym ýaşmakly bolansoň, gaýynatama aýdyp bilmeýärin. Hereketlerim bilen düşündirjek bolýaryn, başa baranok. Ahyrynda-da aglap durşuma elime çöp alyp: «Eşek ýapraklary iýýär» diýip, ýere ýazýandyryn. Ynha, şu pursatlary surata düşürmeli bolanda, asyl gözümden ýaş çykmasa näme! Ähli döredijilik işgärleri elinde baryny edýärler, bolanok. Gaýynatam Şamyrat aganyň (artist Şükür Kulyýew) meni aglatjak bolup edýän hereketlerine gaýta gülkim tutýar. Aglap bilmeýändigime, hatda gözümden ýekeje damja ýaşyň akmaýandygyna gahary gelen bolmaly, režissýorymyz grimçini ýanyna çagyryp: «Şunuň gözüne derman damdyryň!» diýdi. Heniz çaga ekenim-dä. Derman damdyrylsa gözüm asla görmez diýen gorky şobada süňňüme ornady. Edil şol wagt gözümden paýrap akýan ýaşlary saklap-da bilmedim, saklajak-da bolmadym. Diňe operator Osman Saparowyň gözlerindäki şatlyk gözýaşlaryny görüp galdym.

Kino alnyp başlanmazynyň öň ýanynda režissýor meni kinonyň edebi esasy bilen doly tanyşdyrdy. Gelniň oturyşy-turşy, gaýynenä, gaýynata sylag-hormaty, umuman, türkmen maşgalasyndaky däp-dessurlary düşündirip başlady. Men oňa ýüzlenip: «Siz gaty arkaýyn bolaýyň, sebäbi biziň duldegşir goňşymyz türkmen maşgalasy, edil şu edebi esasda beýan edilişi ýaly, olar hem gaýynene, gaýynata, olaryň-da agzy ýaşmakly gelni, işleýän ogullary bar, diňe bir tapawudy, olaryň gelni lukman däl» diýdim.

Biz goňşularymyz bilen şeýle gowy gatnaşardyk. Olar palaw taýýarlasa, biziň ählimiz olaryň tagta sekisinde, ejem bir tagamly zat taýýarlasa, goňşymyzyň çagalary bizdedi.

Ynha, şol günler goňşymyza täze gelin geldi. Gelniň geýnişi, onuň gaýynlaryny görende, derrew ýaşynmak bilen bolşy, adamsyny görendäki garaýşy, bizi görendäki mähirliligi, mylaýymlygy meniň aňyma ýazylypdyr. Belki, şol gelinden alan göreldelerim oýnan keşbimiň has ynandyryjy bolmagyna täsir edendir.

— Filmde Jemşidiň ejesiniň — Maral daýzanyň keşbi, onuň sadalygy, ynanjaňlygy sizde nähili täsir galdyrdy?!

— Men tomaşaçy hökmünde her sapar «Ýuwaş gelne» tomaşa edenimde, gaýyneneme — Maral daýza ýüregim awap gidýär. Diýmek, ol öz keşbini ussatlarça janlandyryp bilipdir.

Biz filmi surata düşürip başlamazymyzdan öň, Setdar Garajaýew: «Bu kinonyň şahyranalyga ýugrulan degişme äheňindedigini unutmaň!» diýip, gaýta-gaýta nygtardy.

— Siz on bäş ýaşyňyzda şular ýaly ajaýyp keşbi janlandyryp, tomaşaçylaryň söýgüsini kemsiz gazandyňyz. Orta mekdebi tamamlanyňyzdan soňky durmuşyňyz hakda bilmegem gyzykly bolardy.

— Mugallym bolmak meniň çagalykdan arzuwymdy. Şol arzuwyma hem ýetdim. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili bölümine okuwa girdim. Aşyklar şäheri Aşgabat meni öz göwün söýenime sataşdyrdy. Men hazarly ýigit bilen durmuş gurdum. Taňrym bize bir ogul, bir gyz berdi.

Zähmet ýolum edara işleri bilen baglanyşykly boldy. 1991-nji ýyldan bäri öz söýgüli kärim bolan mugallymçylyk kärini dowam edip gelýärin. Mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary, mekdep müdiri ýaly dürli wezipelerde işledim. Indi 8 ýyl bäri Hazar şäherindäki 3-nji orta mekdepde mugallymçylyk edýärin. Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy, dünýä derejesinde pikir ýöredip bilmeklerini gazanmak — döwrümiziň talaby. Şonuň üçin hem okadýan okuwçylaryma ähli yhlasymy siňdirýärin.

Gyzym Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny tamamlap, Hazar şäherinde zähmet çekse, oglum Russiýa Federasiýasynyň Döwlet ykdysadyýet uniwersitetini tamamlap, öz şäherimizde işläp ýör...

Naryman Jumaýewiň powesti esasynda surata düşürilen bu filmiň režissýory Setdar Garajaýewi, kompozitory Durdy Nurymowy, operatory Osman Saparowy, Şamyrat aganyň keşbini janlandyran Şükür Kulyýewy, Maral ejäniň keşbini döreden — Aýsoltan Berdiýewany, Jemşidiň keşbini janlandyran — Seýitgulyýewi, Janmyradyň keşbini janlandyran Azat Gulmämmedowy, şeýle-de filmiň şowly çykmagynda zehinlerini gaýgyrmadyk artistler Durdy Saparowy, Nabat Geldiýewany ýatlamak meniň üçin elmydama ýakymly.

Hawa, «Ýuwaş gelin» kinosy öz döwründe Russiýa, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan ýaly ýurtlaryň teleýaýlymlarynda yzygiderli görkezildi. Film halkylygy, durmuşdaky wakalary degişme äheňinde berip bilendigi bilen tomaşaçyny özüne çekýär. Kinonyň baş gahrymany — Selbi bolsa, türkmen tomaşaçylarynyň hemişelik söýgüli gelnine öwrüldi. Şol bir wagtda sungatyň halklary ysnyşdyrmakdaky gymmaty onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Amangeldi HYDYR,
suratkeş.

Sorag-jogap, myspaser tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir