10 döwlet 6G ulgamynyň ösüş ýörelgelerini ylalaşdy. Finlýandiýa öňdebaryjy

Finlýandiýa we ýene dokuz ýurt maglumatlary geçirmegiň 6G torunyň esasy ösüş ýörelgelerini ylalaşyp, olary ýörite jarnamada görkezdiler. Bu barada 27-nji fewralda Barselonada Mobile World Congress-iň geçirilmegi bilen baglylykda respublikanyň Ulag we aragatnaşyk ministrligi habar berdi diýip, TASS belleýär.
Jarnama Finlýandiýa bilen bilelikd...

Dowamy »

287 0
Tehnologiýa, 1 year ago


20 sany Xiaomi we Redmi smartfony 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda HyperOS-a çenli täzelenme alar

Xiaomi kompaniýasy täze HyperOS operasiýa ulgamyna çenli täzelenme aljak smartfonlaryň sanawyny hödürledi. Oňa 20 sany Xiaomi we Redmi smartfony, şeýle hem iki sany planşet girýär. Täzelenmeler 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda başlar. Bu barada GSMArena habar berýär.
HyperOS-y aljak enjamlaryň resmi sanawy aşakdakylar:
Xiaomi 12
...

Dowamy »

261 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Lenovo suratkeşler üçin dury ekranly noutbuk çykardy

Hytaýyň «Lenovo» kompaniýasy «MWC 2024» sergisinde dury ekranly noutbugynyň konseptini tanyşdyrdy.
Tanyşdyrylan enjam dolulygyna dury bolmaga ukyply displeýe eýedir, şeýlelikde, ulanyjy ekranyň aňyrsyndaky zatlary hem görüp biler. Kompýuter bilen işlenýän wagty durulygyň derejesini sazlap bolýar.
Enjam 720 piksel durulykly 17,3 dýuýml...

Dowamy »

255 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Honor ChatGPT funksiýasy bolan noutbugy görkezdi

Barselonada geçirilýän «Mobile World Congress (MWC) 2024» tehnologiýa sergisiniň çäklerinde «Honor» kompaniýasy emeli aň funksiýalary bolan täze «MagicBook 16 Pro» flagman noutbugyny tanyşdyrdy.
«Honor MagicBook 16 Pro» «Nvidia RTX 4060 GPU» we 32 GB operatiw ýat bilen utgaşdyrylan kuwwatly «Intel Core Ultra 7 155H» prosessory bilen işleýär....

Dowamy »

234 0
Täzelikler, 1 year ago


Beýik Britaniýada Jorj Maýkla bagyşlanan şaýy pul çykaryldy

Beýik Britaniýanyň korollyk zikgehanasy merhum britan aýdymçy Jorj Maýkla bagyşlanan kolleksion şaýy pullaryny çykardy.
Şaýy puluň öň tarapynda Jorj Maýklyň meşhur Günden goraýan äýneklerini geýen portreti bar. Şaýy puluň arka tarapynda Beýik Britaniýanyň koroly Karl III-niň portreti şekillendirilipdir. Korollyk zikgehanasy altyn, kümüş we a...

Dowamy »

249 0
Täzelikler, 1 year ago


​ Toyota Corolla eýýäm 25 ýyl bäri dünýäde ykjam awtoulag satuwynyň sanawynda öňdebaryjydyr

Toyota Corolla 25 ýyl bäri satuwlar boýunça öňdebaryjy bolup, ykjam awtoulag bazarynda esasy ornuny saklamagyny dowam etdirýär diýip, Focus2Move habar berýär.
2023-nji ýylda bu modeliň 1,1 million nusgasy satyldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 0,1% köp. Iň ýakyn bäsdeşi Honda Civic 468 573 awtoulag satyp, Toyota-dan iki esse yzda galdy.
...

Dowamy »

264 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Freddi Merkýuriniň Londondaky rezidensiýasy 35 million ýewro satuwa çykaryldy

Britaniýaly sazanda we aýdymçy, «Queen» rok toparynyň öňki aýdymçysy Freddi Merkýuriniň rezidensiýasy auksionda satuwa çykaryldy. Bu barada «Bloomberg» habar berýär.
Bellenilmegine görä, onuň Londondaky rezidensiýasy 30 million funt sterlinge (35 million ýewro) satuwa çykaryldy. Häzirki wagtda rezidensiýanyň eýesi sazandanyň ýakyn dosty Meri...

Dowamy »

232 0
Täzelikler, 1 year ago


Xiaomi 50 MP kameraly kuwwatly Pad 6S Pro planşetini hödürledi

Hytaýda geçirilen giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde «Xiaomi» kompaniýasy «Pad 6S Pro» flagman planşetini görkezdi.
Täze önümde 3K durulykly, 144 Hz şekiliň täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 900 nit bolan 12,4 dýuýmlyk IPS displeýi ornaşdyrylypdyr. Displeýiň taraplarynyň gatnaşygy 3:2-ä deňdir. Planşetiň sesi «Dolby Atmos» t...

Dowamy »

279 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Jo Hart karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi

Şotlandiýanyň «Seltik» toparynyň 36 ýaşly derwezebany Jo Hart 2023/24-nji möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.
«Jo ajaýyp karýerany başdan geçirdi we tomusda karýerasyny tamamlanda onuň futboly örän küýsejekdigini bilýärin. Futbolda eden ähli işleri üçin Jo uly öwgä we gutlaga mynasypdyr. Ol, elbetde, «Seltik» we umumy...

Dowamy »

293 0
Sport, 1 year ago


Huawei suwdan goragly we emeli hemra aragatnaşygy bolan Pocket 2 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy

«Huawei» kompaniýasy iki eplenýän «Pocket 2» smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Täze önüm 2690x1136 piksel durulygy, 120 Hz çenli uýgunlaşdyrylan şekil täzeleniş tizligi we iň ýokary ýagtylygy 2200 nit bolan 6,94 dýuýmlyk çeýe OLED displeýi bilen üpjün edildi. «Huawei» kompaniýasynda bellenilmegine görä, damja şekilli «Xuanwu» ber...

Dowamy »

274 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Messi Maýkl Jordandan öňe geçip, ABŞ-nyň iň meşhur türgeni boldy

Sport gözlegleri bilen meşgullanýan SSRS kompaniýasy häzirki wagtda “Inter Maýamide” çykyş edýän argentinaly futbolçy Lionel Messiniň ABŞ-da iň meşhur türgendigini habar berdi. Bu barada gazeta.ru belleýär.
Kompaniýa her çärýek 12 ýaşdan uly janköýerleriň arasynda pikir soraşma geçirýär. Messi pikir soraşmada ýeňen ilkinji futbolçy boldy. Ol...

Dowamy »

313 0
Sport, 1 year ago


PFL vs. Bellator: Ferreýra bary-ýogy 21-nji sekuntda Beýderi nokauta gidirdi

24-nji fewraldan 25-nji fewrala geçilen gije Er-Riýadda (Saud Arabystany) PFL vs. Bellator ýaryşynyň çäklerinde iki guramanyň çempionlary Raýan Beýder bilen Renan Ferreýranyň arasynda agyr agramda söweş geçirildi. Bu barada meteratings.ru belleýär.
Söweş Ferreýranyň birinji raundyň 21-nji sekuntynda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bile...

Dowamy »

320 0
Sport, 1 year ago


Alymlar ýylanlaryň ýüzlerçe görnüşiniň zäherine garşy madda tapdylar

Halkara alymlar topary ýylanlaryň 384 görnüşiniň ölüm howply zäherine garşy ählumumy madda tapdylar. Özboluşly açyş barada makala Science Translational Medicine žurnalynda neşir edildi diýip, esquire.kz habar berýär.
Alymlar öz gözleglerinde beýlekiler bilen bir hatarda şa kepjebaşyny we gara mambany öz içine alýan aspidler maşgalasyna aýrat...

Dowamy »

263 0
Täzelikler, 1 year ago


“Sezar” baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýylyň ýeňijisi “Aşak gaçyşyň anatomiýasy” boldy

Fransiýanyň Kinematografiýa sungaty akademiýasy Sezar baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. 49-njy baýrak gowşurylyş dabarasy 24-nji fewralda Parižiň “Olimpiýa” teatrynda geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär.
“Aşak gaçyşyň anatomiýasy” atly pajygaly film alty baýraga, şol sanda baş baýraga mynasyp bolup, ynamly ýeňiş gazandy.
“...

Dowamy »

260 0
Täzelikler, 1 year ago


Alymlar 200 terabaýt sygymly CD disk döretdiler. Şeýle diskleriň biri 2000 sany Blu-ray diskiniň ornuny tutýar

Şanhaýly alymlar 1,6 petabaýt maglumat saklamaga ukyply optiki CD disk döretdiler. Bu adaty Blu-ray diskinden 16000 esse uludyr. Şeýle diskleriň hyzmat ediş möhleri 50 ýyldan 100 ýyla çenlidir diýlip, «Nature» žurnalynda ýerleşdirilen makalada bellenilýär.
Tehnologiýanyň syry bir plýonkada ýüzlerçe gatlak maglumatlar ýerleşdirilen planar 3D...

Dowamy »

300 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Mercedes-Benz täze kaşaň Mythos ulaglaryny döreder

Germaniýanyň awtoulag ägirdi «Mercedes-Benz» «Maybach» modellerinden has eksklýuziw we gymmat boljak täze premium derejeli «Mythos» kysymly ulaglaryny çykarmaga taýýarlyk görýär diýip, motor1.com habar berýär.
«Mersedes-AMG SL» awtoulagynyň esasynda dörediljek täze kysymly ulaglaryň ilkinjisi 2025-nji ýylda çykar. Ol özboluşly dizaýny, kaşaň...

Dowamy »

265 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Windows-yň fotoredaktorynda Photoshop-yň neýroulgam bozgujynyň analogy peýda boldy

«Microsoft» «Windows 10» we «11-däki» «Photos» ykjam goşundysy üçin täze «Generative Erase» funksiýasyny yglan etdi. Emeli aň esasynda işleýän bu gural suratlardan islenmeýän zatlary bary-ýogy birnäçe gezek düwmä basmak arkaly aýyrmaga mümkinçilik berýär diýlip, kompaniýanyň sahypasynda bellenilýär.
Şuňa meňzeş aýratynlyk «Photoshop» program...

Dowamy »

286 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Obameýang Falkaonyň rekordyny täzeläp, Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy

«Marseliň» hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýang Ýewropa ligasynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy. 34 ýaşly gabonly futbolçy ýaryşda 31 gezek tapawutlanyp, Radamel Falkaodan öňe geçdi. Bu barada Sports.ru portaly ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Obameýang ýaryşyň pleý-off tapgyrynyň «Şahtýora» garşy jogap duşuşygynda...

Dowamy »

297 0
Sport, 1 year ago


Microsoft täzelenmelere gabat gelýän ähli PK-da Windows-y mejbury täzelär

Microsoft ähli gabat gelýän personal kompýuterleri Windows 11 23H2 wersiýasyna çenli awtomatiki täzeläp başlady. Ilkinji nobatda Windows 11 ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän gurluşlar täzelener diýip, iGuedes belleýär.
Näsazlyklar düzedilenden soň, täzelenme täze OS bilen bölekleýin gabat gelýän kompýuterler üçin elýeterli bolar. Netij...

Dowamy »

315 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Alymlar midiýany we ýüpek gurçugyny ulanyp, hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny tapdylar

Phohan ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Günorta Koreýa) alymlary hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ol midiýadan we ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan gemostatiki serişdä esaslanýar diýip, Small žurnalynyň gözlegine salgylanýan Phys.org ýazýar.
Bu material midiýanyň beloklaryndan we ýüpek fibrin...

Dowamy »

238 0
Täzelikler, 1 year ago


THR: “Gladiator 2”-niň býujeti iki esse artyp, 310 million dollara ýetdi. Prodýusserler nägile

“Gladiator”-yň sikweliniň býujeti 165 million dollardan 310 million dollara çenli ýokarlandy we Paramount Pictures-iň ýolbaşçylarynyň arasynda “görlüp-eşidilmedik nägileligi” döretdi.
The Hollywood Reporter-iň çeşmeleri filmiň 49 günlük surata düşürilişiniň bahasynyň 250 million dollardanam azdygyny, Golliwudda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan no...

Dowamy »

253 0
Täzelikler, 1 year ago


Iňlis alymlary hassanyň öz öýjüklerinden transplantasiýa üçin derini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny döretdiler

Surreý uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary deri transplantatlaryny 3D çap etmek üçin täze tehnologiýany döretdiler. Ol gubkalary elektrofibrizasiýa etmek usulyna esaslanýar, bu jelatin we polikaprolakton ergininden üç ölçegli gurluşlary döretmäge mümkinçilik berýär diýip, Nanomaterials žurnalyndaky gözlege salgylanýan University Of Surrey ýa...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletin...

Dowamy »

254 0
Täzelikler, 1 year ago


"Liwerpul" "Çelsini" ýeňip, onunjy gezek Liganyň Kubogyny eýeledi

Angliýanyň ligasynyň Kubogynyň finalynda «Liwerpul» Londonyň «Çelsi» toparyny ýeňdi.
Duşuşyk Londondaky «Uembli» stadionynda geçirildi. Duşuşygyň esasy wagtynda ýeňijini kesgitlemek başartmady. «Liwerpul» goşmaça wagtda «Çelsiden» has takyk boldy. 118-nji minutda goragçy Wirjil wan Deýk topy derwezä ibermegi başardy.
«Liwerpul» klubuň...

Dowamy »

298 0
Sport, 1 year ago


Google Chrome-da emeli aň esasynda işleýän tekst ýazmaga kömek edýän funksiýa peýda boldy

«Google Chrome» brauzerinde emeli aň arkaly tekst ýazmaga kömek edýän «Help me write» funksiýasy peýda boldy. Bu barada gazeta.ru «TechCrunch» neşirine salgylanyp habar berýär.
Ilkibaşda bu funksiýa «Gmail» hyzmatynyň içinde elýeterlidir, onuň kömegi bilen elektron hatlary ýazmak mümkindi. Indi täze ulgam brauzeriň içinde işleýär we islendik...

Dowamy »

266 0
Tehnologiýa, 1 year ago