20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýörite wekili Ju Hýon Bek bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» Sammitine taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli alyp barýan işlerini bellemek bilen, taraplar dürli ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem diplomatlar Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.