19-njy noýabrda Adalat köşgünde halkara standartlaryň çäklerinde milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – rowaçlygyň, ösüşiň we demokratiýanyň dabaralanmasy» atly bu çäre Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Mejlisi, Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, şeýle hem ýurduň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guraldy. Dialoga ýurtda işleýän kazyýet işgärleri, milli parlamentiň deputatlary, ylmy işgärler we halkara guramalaryň wekilleri, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň bilermenleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň global parahatçylyk we durnuklylyk tertibini berkitmek üçin birnäçe täze teklipleri öz içine alýan strategik pozisiýasyny beýan etdiler. Türkmenistan BMG Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk – parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly maddany goşmak barada başlangyç bilen çykyş etdi. Häzirki ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy ösdürmek maksady bilen, ýurt Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksini işläp taýýarlamak üçin Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti boýunça Bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Parahatçylygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistan BMG Baş Assambleýasyna 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi hem teklip etdi. Bu, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 43 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir