Meşhur “Kalmar oýny” serialynyň amerikan spin-offy resmi taýdan önümçilige goýberildi. Kino we telewizion pudagy birleşiginiň maglumatlaryna görä, “Kalmar oýny: Amerika” atly taslama 2026-njy ýylyň fewralynda Los-Anjelesde düşürilip başlanar. Netflix entek tesmi taýdan tassyklamady, ýöne önümçilik maglumat bazasynda awtorlaryň düzümi eýýäm görkezilen. Režissýor hökmünde Dewid Finçer çykyş eder, asyl serialy dörediji Hwan Don Hek bolsa prodýuser bolar. Ssenarini “Matilda” mýuzikliniň awtory Dennis Kelli ýazar. Aktýorlar düzümine hakyky serialyň üçünji möwsüminiň ahyrynda peýda bolan Keýt Blanşett hem girdi. Gysgaça beýana görä, spin-off koreý serialynyň amerikan görnüşi bolar, wakalar hem şol bir dünýäde ýaýbaňlanar, ýöne “oýunlaryň Amerikada nähili geçirilýändigini” görkezer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 45 minutes ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir