Tesla 2025-nji ýylda Roadster sportkaryny çykaryp başlamagy meýilleşdirýär

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylda ikinji nesil Roadster elektrik sport awtomobiliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Ilon Mask aýtdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.
“Şu gün biz täze Tesla Roadster-iň dizaýn maksatlaryny düýpgöter üýtgetdik. Önümçilik taslamasyny taýýarlamak işleri ta...

Dowamy »

256 0
Tehnologiýa, 1 year ago


1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany iki esse artdy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) saýtynda ýerleşdirilen beýana görä, 1990-njy ýyldan bäri semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany ulularyň arasynda iki esse we çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda dört esse artdy. Dünýäde bir milliarddan gowrak adam bu keselden ejir çekýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Şeýle-de, täze gözlegde 2022-...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, 1 year ago


Ronaldunyň yzyndan: Messi Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnady

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylyň dünýä çempiony Lionel Messi taryhda Instagram-da 500 mln abunaçy ýygnan ikinji adam boldy. Ol Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony Kriştianu Ronaldunyň üstünligini gaýtalady diýip, gazeta.ru habar berýär.
Häzirki wagtda Ronaldu bu sosial ulgamda i...

Dowamy »

252 0
Täzelikler, 1 year ago


Politico: Ýewropanyň 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro talap etdi

Politico gazetiniň habaryna görä, Ýewropadaky 32 metbugat kompaniýasy Google-dan 2,1 milliard ýewro tölemegini talap edip, arza berdi. Arza berijiler korporasiýany sanly mahabat bazarynda esasy orny eýeleýändiginden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplaýarlar diýip, Politico gazeti ýazýar.
Olaryň sözlerine görä, Google-yň syýasaty sebäpli maha...

Dowamy »

224 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Samsung 800 MB/s çenli tizlikli microSD ýat kartyny görkezdi

«Samsung Electronics» «SD Express» interfeýsi bilen enjamlaşdyrylan mikroSD ýat kartyny yglan etdi. Ol rekord derejede 800 MB/s çenli maglumat geçiriş tizligi bolan dünýäde şeýle görnüşdäki ilkinji önümdir.
«SATA» interfeýsi bolan adaty SSD diskleriniň tizliginiň 600 MB/s-den geçmeýändigi we adaty «UHS-1» derejeli ýat kartlarynyň tizliginiň...

Dowamy »

235 0
Tehnologiýa, 1 year ago


OnePlus iki operasion ulgamly we prosessorly gibrid sagady görkezdi

«OnePlus» iki çip we iki operasion ulgamy bolan «Watch 2» gibrid akylly sagady tanyşdyrdy.
«Dual Motor» tehnologiýasy iki çipi we operasion ulgamyny birleşdirýär: «Wear OS» esasly kuwwatly «Snapdragon W5» we «RTOS» bilen üpjün edilen energiýa tygşytlaýan «BES2700». Şeýle hem sagadyň işleýşine 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogapkärdi...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, 1 year ago


Meizu 21 Pro smartfony kompaniýanyň çykarjak iň soňky smartfony bolar

Hytaýyň Meizu kompaniýasy 29-njy fewralda Meizu 21 Pro flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşynyň geçiriljekdigini anons etdi. Bu barada Gizmochina portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Meizu 21 Pro smartfonynyň üstündäki işler heniz kompaniýa iş ugruny smartfonlardan emeli aňa gönükdirjekdigi barada yglan etmezden öň başlandy. Fewral a...

Dowamy »

266 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Italiýada aýaklary gowşak adamlar üçin ekzoskelet köpçülikleýin satuwa çykarylar

Italiýada gowşak ýa-da düýbünden atrofirlenen myşsalary bolan adamlar üçin robotlaşdyrylan ekzoskelet döredildi. Bu barada «MedicalXpress» habar berýär.
«TWIN» diýlip atlandyrylan ekzoskelet Milanda geçirilen metbugat maslahatynda tanyşdyryldy. Ýörite hereketlendirijiler hassalara dyz we but bogunlaryny epmäge kömek edýär. Enjam ädimiň uzynl...

Dowamy »

267 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Sony “Kola” bilen “Pepsiniň” arasyndaky gapma-garşylyk barada film surata düşürer

Sony Pictures studiýasy doly metražly Cola Wars filmi üçin hukuk gazandy. Kartina 1980-nji ýyllarda ABŞ-da bolup geçen Coca-Cola bilen Pepsi brendleriniň arasyndaky göreş barada gürrüň berer. Bu barada film.ru habar berýär.
Kartinanyň ssenariýasyny Jeýson Şuman (“Akapulko” serialy) we Ben Kuin (“Ulaglar 3”) ýazar. Filmiň heniz režissýory we...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, 1 year ago


Toyota tizligi geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany täze ulagy yzyna çagyrýar

Toyota awtomatiki geçiriş korobkasynyň näsazlyklary sebäpli 280 000 sany Tundra, Sequoia we Lexus LX 600 ýaly pikaplary we wnedorožnikleri yzyna çagyrýar. Awto.ru-nyň habar bermegine görä, bitarap ýagdaýa geçirilende awtoulaglar hereketini dowam etdirip bilýär, bu bolsa heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Kompaniýa programma üpjünçil...

Dowamy »

261 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Skarlett Ýohansson doly metražly filmiň režissýory hökmünde ilkinji gezek çykyş eder

Meşhur amerikaly aktrisa Skarlett Ýohansson ilkinji gezek özüni doly metražly filmiň režissýory hökmünde görkezip, “Eleonora Beýik” filmini surata düşürer. Ol bu film üçin eýýäm artistleri hem jemledi diýip, esquire.kz habar berýär.
Filmiň baş gahrymany iň gowy jorasynyň ölüminden soň özüni ele almaga synanyşýan 90 ýaşly Eleonora Morgenşteýn...

Dowamy »

249 0
Täzelikler, 1 year ago


Windows 11 bilen işleýän kompýuterler ulanyjynyň sesinde gürlemegi öwrener

«Microsoft» kompaniýasy «Speak for me» atly sesli diktor tehnologiýasynyň üstünde işleýär, ol saýlanan teksti tebigy sesde, şol sanda ulanyjynyň sesinde aýdyp biler. Bu barada «Windows Latest» portaly habar berýär.
Täze ulgam entek ulanyjylar üçin elýeterli däl, ýöne operasion ulgama üýtgetmeleri girizip, funksiýany açyp bolýar. «Speak for m...

Dowamy »

270 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Bugatti Bolide trek giperkary taryhdaky iň uly tormoz bilen üpjün edildi

«Bugatti Bolide» trek giperkary rekord derejede uly tormozlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu barada gazeta.ru «Motor1» neşirine salgylanyp habar berýär.
Täze ulagyň tormoz ulgamy «Brembo» kompaniýasynyň işläp düzüjileri tarapyndan döredildi. Mehanizmiň netijeliligi «Formula 1» awtoulaglaryndaky gurluşlar we ýaryş maksatly sport prototipleri bilen...

Dowamy »

266 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Win Dizel “Forsažyň” soňlanyp biljekdigine yşarat etdi

Win Dizel sosial ulgamlarda “Forsaž-11-iň” franşizanyň iň soňky filmi boljakdygyna yşarat etdi. Bu barada daily.afisha.ru belleýär.
“Biziň “Forsaž” babatynda ssenariýaçylar we tutuş topar bilen hepdelik duşuşygymyz tamamlandy. Bu beýik final diňe bir soňlanma däl, bu biziň bilelikde döreden ajaýyp maşgalamyzyň baýramçylygydyr. Siz maňa buýsa...

Dowamy »

259 0
Täzelikler, 1 year ago


180 Mp periskoply Honor Magic6 Pro flagman smartfony tanyşdyryldy

«Honor» kompaniýasy «MWC 2024» sergisinde «Magic6 Pro» flagman smartfonynyň halkara nusgasyny tanyşdyrdy.
«Honor Magic6 Pro» 2800x1280 piksel durulykly, 120 Hz täzeleniş tizligi we 5000 nit ýagtylygy bolan 6,8 dýuýmlyk OLED ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda bu smartfon üçin rekord görkezijidir. Enjamyň işleýşine «Snapdragon 8 Ge...

Dowamy »

254 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Magtymgulynyň golýazmalary hakynda dokumental filme Britan kitaphanasynyň wekilleri gatnaşar

Magtymguly Pyragynyň golýazmalary bilen içgin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekilleriniň Beýik Britaniya saparyny gurnamak meýilleşdirilýär. Bu barada ýakynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ý.Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar b...

Dowamy »

239 0
Täzelikler, 1 year ago


Nokia arassa nol zyňyndylara ýetmek maksadyny 10 ýyl çaltlaşdyrar

Finlýandiýanyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Nokia Corp. 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň arassa nol görkezijisini (net zero) gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada MarketWatch-a salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.
Öň, kompaniýa bu maksada 2050-nji ýyla çenli ýetmekçidi.
Şol bir wagtyň özünde, Nokia öz işini k...

Dowamy »

274 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Wengriýanyň parlamenti täze prezidenti saýlady

Wengriýanyň parlamenti häzire çenli Konstitusiýa kazyýetiniň başlygy bolan Tamaş Şuýoky ýurduň täze prezidenti hökmünde saýlady. Ol döwlet Baştutany wezipesinde işinden çekilen Katalin Nowagyň ornuny çalşar. Bu barada TASS habar berýär.
Täze prezidentiň saýlanmagy parlamentiň saýtynda açylyşy ýaýlyma berlen ýazky sessiýanyň birinji gününde g...

Dowamy »

251 0
Täzelikler, 1 year ago


Dünýäde iň güýçli pasportlaryň reýtingi düzüldi

Passport Index global reýtingine görä, şu ýyl iň güýçli pasport adyny BAE-niň pasporty aldy. Ol erkin hereket görkezijisi boýunça 179 bal gazandy. Bu barada Finprom.kz habar berýär.
Erkin hereket görkezijisi wizasyz baryp boljak, şeýle-de geleniňde wiza, eTA we elektron wiza (üç günüň içinde bermek bilen) alyp boljak ýurtlaryň sany boýunça k...

Dowamy »

260 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýewropada ýylyň awtomobili belli boldy

Ženewa awtosalonynda Ýewropada “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň netijesi jemlendi. 2024-nji ýylda ýeňiji Renault Scenic E-Tech krossoweri boldy. Bu barada Car of the Year bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň resmi saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Renault Scenic E-Tech emin agzalarynyň ses bermeginde 329 bal gazandy, 58 emin agzasyn...

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, 1 year ago


2023-nji ýylda dünýäde awtomobil satuwynyň netijeleri: Toyota ýene-de lider

2023-nji ýylda iň köp satylan awtomobil brendleriniň reýtinginde henizem Toyota öňdebaryjy bolmagyny dowam edýär. Ol yzygider 14-nji ýyl birinji orny eýeleýär diýip, ixbt.com habar berýär.
Reýtingde BYD 9-njy orna çykdy. Focus2move agentliginiň täze hasabaty dünýäniň 159 bazarynda täze ýeňil awtomobilleriň hasaba alnyşy baradaky maglumatlary...

Dowamy »

263 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Motorola we Lenovo birnäçe enjamy dolandyrmaga ukyply guraly bilen enjamlaryň arasyndaky serhetleri ýok edýär

MWC 2024-de Motorola we Lenovo kompaniýalary dürli enjamlardaky wezipeleriň arasynda ondan-oňa geçmegi aňsatlaşdyrýan Smart Connect guralyny yglan etdi diýip, Engadget habar berýär.
Smart Connect arkaly ulanyjylar enjamlaryň arasynda mazmuny ondan-oňa, meselem, podkasty telefondan planşete barmagy ýüzünden bir ýüzdürmek bilen geçirip bilerle...

Dowamy »

269 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Messi, Holand we Jokowiç sport “Oskaryna” dalaş edýär

Sport “Oskary” diýlip atlandyrylýan abraýly Laureus baýragyna dalaşgärler belli boldy. Sekiz nominasiýada dalaşgärleriň sanawy guramaçylyk komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi diýip, RBK habar berýär.
Baýragyň gowşurylyş dabarasy 22-nji aprelde Madridde geçiriler. Ýylyň iň gowy türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, 1 year ago


Aýa gonan “Odisseý” moduly işini bes edýär

23-nji fewralda Aýa gonan amerikan kosmos enjamy Nova-C (“Odisseý”) şowsuz gonandygy sebäpli öz işini bes edýär. Bu barada South China Morning Post neşirine salgylanyp, RBK habar berýär.
LRO orbital enjamynyň suratlaryna görä, “Odisseý” göz öňünde tutulan ýerden, takmynan, 1,5 km uzaklykda – Aýyň günorta polýusyndan 300 km uzaklykda ýerleşýä...

Dowamy »

304 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Figure AI robotlaryň hakyky şertlerde adamlar üçin howply we kyn işleri nähili ýerine ýetirýändigini görkezdi

2021-nji ýylda Google-yň öňki inženerleri tarapyndan döredilen Figure AI başlangyjy gumanoid robotlaryny hakyky iş şertlerinde synagdan geçirip başlaýar diýip, Hi-Tech habar berýär.
Işläp düzüjiler tarapyndan ýerleşdirilen wideoda Figure 01 robotlarynyň zawodda wezipelerini nähili ýerine ýetirýändigi görkezilýär. Robotlar bir işi ýerine ýeti...

Dowamy »

291 0
Tehnologiýa, 1 year ago