18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar instituty – IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäre IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihansy bilen bilelikde gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Maslahata Türkmenistanyň we Fransiýanyň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Mýanmadaky ilçisi hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Kristian Leşerwi, IRIS-iň ylmy işgäri Sami Ramdani, IRIS-iň ylmy müdiri Emmanuel Linskot, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Çaryýew çykyş etdiler. Rektor Gülşat Ýusupowa öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini, onuň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýändigini aýtdy. Ol Fransiýa bilen bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, türkmen ýaşlarynyň fransuz diline bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny, medeni merkezleriň işiniň netijelidigini belledi. Şamuhammet Çaryýew Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen we fransuz medeni gatnaşyklarynda ruhy köpri bolup çykyş edýändigini, iki halkyň arasynda ynsanperwer gymmatlyklary berkidýändigini nygtady. Ilçi Kristian Leşerwi çykyşynda Türkmenistanyň Fransiýanyň Merkezi Aziýa boýunça syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini, şeýle hem bilim we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ähmiýetini belledi. Maslahatyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada kitaplar, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirler görkezilen giňişleýin sergi gurnaldy. Myhmanlar görkezilen maglumatlaryň ýokary medeni we ylmy derejesini nygtadylar. Çäre milli türkmen aşhanasynyň tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.