Abulkasym Ferdöwsiniň paýhasly setirlerinden

Dünýädäki ähli zatlar unudylmagyň çaňy bilen örtülendir, diňe iki zat müdimi galýar: gahrymanyň işi we dananyň sözi.
Kim ömür sürüp, durmuşdan sapak almasa, oňa dünýäde hiç bir mugallym hiç zat öwredip bilmez.
Eger-de iş kämil ýerine ýetirilen bolsa, ol seni arşa göterer.
Eger seniň ýoluň dünýä akyl ýetirmäge ulaşdyrýan bolsa,...

Dowamy »

563 3
Edebiýat, 3 years ago


Iň güýçli hem bagtyýar ynsan

Bir oglan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe ýerleşýär. Muňa diýseň buýsanan kakasy günleriň birinde oglunyň ýanyna barýar. Oglunyň iş otagyna girse, ol jaýlaşykly oturan eken. Kakasy oglunyň ýerinden galmagyna maý bermän, salamlaşansoň, elini onuň egnine goýýar-da:
– Oglum, eýsem, dünýäde iň bagtyýar, iň güýçli adam kimkä?! – di...

Dowamy »

685 2
Edebiýat, 3 years ago


Enäniň öwüdi

Enäniň öwüdi

– Ejejan, men ýanýoldaşymyň bolşuna sabyr edip biljek däl. Ol büs-bütin özgerdi, maňa düşünesi gelenok, sylanok we mydama meniň bilen öýkeleşýär. Göwnüme bolmasa ol menden barha sowaşýar – diýip, ýaş zenan ejesiniň ýanynda zeýrenipdir.
– Gyzym, ýogsa-da ony özüň sylaýaňmy? Oňa düşünjek bolýaňmy? – diýip, ejesi gat...

Dowamy »

630 5
Edebiýat, 3 years ago


Dünýäniň iň beýik şahyrlary

Russiýada dünýäniň iň beýik şahyrlary barada pikir soralyşyk geçirildi. Pikir soralanlar şahyrlar Aleksandr Puşkini (78%), Mihail Lermontowy (43%) we Sergeý Ýesenini (37%) iň beýik şahyrlar hasapladylar. Beýik şahyrlaryň sanawynda Wladimir Maýakowskiý (14%) Aleksandr Blok (10%), N.A.Nekrasow (8%), Anna Ahmatowa (7%), Marina Swetaýewa (6%), Fýodor T...

Dowamy »

620 9
Edebiýat, 3 years ago


Altyn hakynda

1. Altyn dünýäde meşhur metallaryň biri bolup, maddy baýlygyň we gymmatlygyň nusgasy hökmünde müňlerçe ýyl bäri hyzmat edip gelýär. Ol häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň esasy hasaplanýar, sebäbi bu metal poslamaýar, hemişe gymmatyny saklaýar we önümçilikde giňden ulanylýar.
2. Gadymy grekler altyny suw bilen Gün şöhlesiniň garyndysy, inkle...

Dowamy »

723 3
Edebiýat, 3 years ago


Wi fi

Salam dostlar!!! tp-link wi-fi-y skryty edipdik, indi sol adyny yazsak girenok, paroly hem onkisinde durdy, nadip duzetse bolar? Bilyaniniz bolsa teswirde yazyn.

Dowamy »

776 7
Tehnologiýa, 3 years ago


Nowruz baýramynyň taryhy

Orta Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar halklarynda müňýyllyklardan bäri bellenilýän gadymy baýramlaryň biri Nowruzdyr. Pars dilinden terjime edeniňde “Täze gün” diýen manyny berýän bu baýram türkmen halkynyň milli mirasyna, däbine-dessuryna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir. Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde onuň...

Dowamy »

568 3
Edebiýat, 3 years ago


Konfusiniň dana pähimlerinden

Bilime üç sany ýol alyp barýar: pikirlenmegiň ýoly — bu iň asylly ýol, öýkünmegiň ýoly — bu iň aňsat ýol we tejribäniň ýoly — bu iň muşakgatly ýol.

Sabyryň gutarýan ýerinde çydamlylyk başlanýar.

Diňe özüniň nadanlygyny aňyp, bilim gözleýänlere akyl ber.

Bagt — adamlaryň saňa düşünýän wagty, uly bagt — sö...

Dowamy »

698 3
Edebiýat, 3 years ago


Futbol täzelikleri: «Beşiktaş» «Galatasaraýyň» ozalky futbolçysy bilen gyzyklanýar

Türkiýäniň futbol çempionatynyň iň ýokary ligasy bolan Spor Toto Super ligada çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri «Beşiktaş» şol bir wagtyň özünde täze möwsüm üçin transfer gepleşiklerini hem geçirýär. Italiýa metbugaty «Beşiktaşyň» bir döwürde «Galatasaraýyň» hem köýnekçesini geýen goragçy Koraý Günter bilen gyzyklanýandygyny habar berdi.

Dowamy »

563 0
Sport, 3 years ago


Futbol täzelikleri: “Real Madrid” 2 ýyllyk arakesmeden soň 17-nji gezek çärýek finalda

UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de iki çärýek finalçy belli boldy. Kubogyň iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda gazanan 1-0 hasabyndaky ýeňşinden soň, “Atalantadan” öz meýdançasynda hem üstün çykmagy başardy. 3-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “Real Madrid” Çempionlar ligasynyň taryhynda 17-nji gezek çärýek finala çykdy. “Reala” ýeňiş getiren go...

Dowamy »

575 0
Sport, 3 years ago


Sport täzelikleri: Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar

Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi, britaniýaly boksçular Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri iki duşuşyk geçirmek barada ylalaşyk gazandylar. 31 ýaşyndaky Joşua WBA, IBF hem-de WBO ugurlary boýunça, 32 ýaşly Fýuri bolsa WBC ugrundan çempionlyk guşagyny goramak üçin iki gezek ringe çykarlar. Duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri öňümizdäki günlerde k...

Dowamy »

610 0
Sport, 3 years ago


Futbol täzelikleri: “Mançester Sitiniň” 100-nji goly, Guardiola Mourinodan öňe geçdi

UEFA Çempionlar ligasynda çempionlygyň dalaşgäri “Mançester Siti” Wengriýada oýnan duşuşygynda “Borussiýa M” toparyny 2-0 hasabynda ýeňdi. Birinji duşuşyk hem Puşkaş Arena stadionynda oýnalypdy we iňlis kluby 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Ýeri gelende aýtsak, “Liwerpul” hem şu stadionda oýnan iki duşuşygynda-da başga bir nemes kluby “Leipsigi” 2-0...

Dowamy »

564 0
Sport, 3 years ago


Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellendi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Röwşen Muhadow bellenildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Röwşen Muhadow 1961-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda dünýä i...

Dowamy »

724 6
Sport, 3 years ago


Messiden 2 gol we 2 rekord

«La Liganyň» 27-nji hepdesiniň ýapylyş oýnunda «Hueska» toparyny kabul eden Kataloniýa klubynda meýdança çykan Lionel Messi «Barselona» lybasynda 767-nji oýnuny oýnady we Hawiniň rekordyna hyzmatdaş boldy.

Ispaniýanyň metbugatynda: «Messi bilen oýnamak, köp zatlary paýlaşmak diýseň begendirdi. Bu rekordy täzelän futbolçynyň Lionel Me...

Dowamy »

651 4
Sport, 3 years ago


Dünýä habarlary

Elektroulag bazary ösýär. Elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy ABŞ-dan öňde durýar. Bu görnüşli senagat önümleriniň satuwy 264% ýokarlandan soň öňegidişlik gazanyldy. Geçen ýyl ABŞ 322 müň elektroulagy, Germaniýa bolsa, 395 müň elektroulagy satdy. HHR elektroulag bazarynda öňdebaryjy ýurt bolmagynda galýar. Tutuş dün...

Dowamy »

609 2
Täzelikler, 3 years ago


Alergiýanyň öňüni nädip almaly?

Häzirki sepgit döwründe howanyň üýtgemegi, şeýle-de agaçlaryň gülläp, tebigatyň janlanmagy bilen, käbir adamlarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan he...

Dowamy »

573 4
Täzelikler, 3 years ago


Ýulduz Jumabaýewa «altyn» medalyna mynasyp boldy

2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda mynasyp derejede çykyş eden türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa özüniň altyn medalyna mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň mynasyp bolan altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda...

Dowamy »

748 1
Sport, 3 years ago


Haalanddan yzly-yzyna 3 rekord

“Borussiýa Dortmund” Çempionlar ligasynyň 16-njy tapgyrynda meýdançada “Sewilýany” kabul etdi we onda 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň 35-nji we 54-nji minutlarynda gol geçiren norwegiýaly oýunçy Erling Haaland rekord täzelemegi başardy. Şeýlelikde ýyldyz oýunçy Çempionlar ligasynyň taryhynda 20 pökgi geçiren iň ýaş oýunçy bold...

Dowamy »

622 1
Sport, 3 years ago


Magtymguly - Turgul diýdiler

“TURGUL !” DIÝDILER
(Düýş)

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,
Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.
“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,
Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana:

Dowamy »

557 2
Edebiýat, 3 years ago


Futbol täzelikleri: Ruslan Mingazow «Kaspiniň» düzümine goşuldy.

Türkmen ýarym goragçysy Ruslan Mingazow karýerasyny Gazagystanyň «Kaspiý» futbol toparynda dowam etdirer. Topar erkin agent hökmünde topara goşulan 29 ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

1979-njy ýylda Aktau şäherinde döredilen «Kaspiý» futbol topary Gazagystanyň premýer-ligasynda çykyş edýär. Bu topar Gazagys...

Dowamy »

611 1
Sport, 3 years ago


Eziz han barada

1919-njy ýylyñ ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykarýarlar. „ Ýüregimden atyñ ! – ol barmagy bilen kükregini görkezýär hem-de : -- ýöne musulmançylyga laýyk jaýlañ diýip,han olardan towakga edýär.Eziz han özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuñ jellatlary-da haýran galýarlar. Eziz han kim bolup...

Dowamy »

586 2
Edebiýat, 3 years ago


Futbol täzelikleri: "Barselona" finala çykdy

«Barselona» topary ​​Ispaniýa Korol kubogynyň ýarym final oýnunda «Sewilýany» öz Kamp Nou stadionynda kabul etdi. Duşuşyk 3-0 hasabynda tamamlandy. Bu duşuşykda «Sewilýany» 3:0 hasabyna ýeňen «Barselona» kubok ugryndaky oýnuň ilkinji finalçysy bolmagy başardy.

«Barselona» ýarym finalyň ilkinji oýnunda 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar b...

Dowamy »

597 2
Sport, 3 years ago


Degişme

Mugallym öz okuwçylaryny ýygnap, ýadygärlik surata düşjek bolýarmyş.

– Pikir edip görüň, çagalar! Ýene-de birnäçe ýyldan siz bu surata seredip, mekdep günlerini ýatlarsyňyz.

«Ine, bu synpdaşymyz Meretdurdy. Telekeçi boldy. Bu bolsa Jeren. Çaga lukmany bolup işleýär…».

Şol wagt yzdan degişgen okuwçynyň se...

Dowamy »

941 5
Edebiýat, 3 years ago


Ýürek haçan dynç alýar?

Adamyň beden agzalary bolan iki sany gulakdyr göz we agyz bir gezek öz aralarynda haýsynyň köp dynç alýandygy barada gürrüň edipdirler.

— Biz daş-töweregimizde goh-galmagal bolmasa, asudalyk, rahatlyk bolanda dynç alýarys — diýip, iki gulak hem aýdypdyr. — Biz haçan-da hojaýynymyz uklanda dynç alýarys — diýip, gözler dillenipdirler.<...

Dowamy »

819 4
Edebiýat, 3 years ago


Aşgabat şäheriniň taryhy

Aşgabat şäheri gadymdan oturymly ozalky Ashabat obasynyň ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň ýanwarynda Ashabat çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken.
1881-nji ýylyň 6-njy maýynda Zakaspiý harby bölüminiň üstüne Ahal sebitini goşup, 1982-nji ýylda Zakaspiý oblasty döredilýär. Täze oblasty edara etmek şu ýerdäki ha...

Dowamy »

702 4
Täzelikler, 3 years ago