«La Liganyň» 27-nji hepdesiniň ýapylyş oýnunda «Hueska» toparyny kabul eden Kataloniýa klubynda meýdança çykan Lionel Messi «Barselona» lybasynda 767-nji oýnuny oýnady we Hawiniň rekordyna hyzmatdaş boldy.

Ispaniýanyň metbugatynda: «Messi bilen oýnamak, köp zatlary paýlaşmak diýseň begendirdi. Bu rekordy täzelän futbolçynyň Lionel Messi bolmagy meniň üçin ajaýyp zat we buýsanç. Futbol taryhynyň iň gowy oýunçysynyň «Barselona» lybasyny iň köp çykyş eden bolmagy oňat zat.» diýip, Kataloniýa toparynda 1998-nji we 2015-nji ýyllarda oýnan öňki futbolçy Hawi aýtdy.

«Kamp Nou» -daky oýnuň 13-nji minutynda garşydaşynyň derwezesine top geçiren Messi, soňky 13 möwsümde Ýewropanyň esasy bäş ligasynda 20 pökgi geçiren ilkinji oýunçy boldy.

2004-nji ýylyň ahyrynda ilkinji gezek topar formasyny geýen 33 ýaşly Messi «Barselona» üçin 660 pökgi geçirdi we iň köp gol salan klub oýunçysy boldy.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir