Türkmen ýarym goragçysy Ruslan Mingazow karýerasyny Gazagystanyň «Kaspiý» futbol toparynda dowam etdirer. Topar erkin agent hökmünde topara goşulan 29 ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

1979-njy ýylda Aktau şäherinde döredilen «Kaspiý» futbol topary Gazagystanyň premýer-ligasynda çykyş edýär. Bu topar Gazagystan-2020 çempionatynda dokuzynjy orny eýeledi. Topara serbiýaly hünärmen Srjan Blagoýewiç tälim berýär.

Bahreýniň iň meşhur topary bolan «Al-Muharrak» Mingazowa gyzyklanma bildirýändigi hem habar berlipdi. R.Mingazow: «Köp adamlar Bahreýn bilen nähili? Näme boldy? Bu soraga gysga jogap bereýin. Men ol ýerden maşgala ýagdaýym sebäpli gitmeli boldum we ýolbaşçylardan rugsat bermegini haýyş etdim. Indi resmi taýdan «Kaspiý» toparyna geçýärin, mähirli garşylanyňyz we ynamyňyz üçin sag boluň. Soňky ýyllarda öýe beýle ýakyn däldim. Maşgalama birleşmegine umyt bar. Gazagystan we Türkmenistan hemişe dogan halklardyr, esasanam Mangistau sebitinde. Goldawyňyz üçin hemmäňize sag bolsun aýdýaryn!»

Mingazowyň soňky topary Karagandanyň «Şahtýory» bolup, ondan öň bir ýyl «Irtyşda» bolupdy. Futbolçynyň geçen möwsümdäki netijesi — 14 oýun, 3 gol we 2 asist. «Transfermarkt» web sahypasy futbolçynyň bahasyny 500 müň ýewro diýip çaklaýar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir