Bir oglan ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe ýerleşýär. Muňa diýseň buýsanan kakasy günleriň birinde oglunyň ýanyna barýar. Oglunyň iş otagyna girse, ol jaýlaşykly oturan eken. Kakasy oglunyň ýerinden galmagyna maý bermän, salamlaşansoň, elini onuň egnine goýýar-da:
– Oglum, eýsem, dünýäde iň bagtyýar, iň güýçli adam kimkä?! – diýip, sowal berýär. Ol öz ýanyndan “Elbetde, kaka, dünýäde iň güýçli adam sensiň” diýen jogaba garaşýar. Emma ogly äwmezlik bilen:
– Dünýäde iň bagtly hem-de güýçli adam men – diýip, jogap berýär. Alan jogabyndan lapykeç bolan kakasy, otagdan çykmak bilen bolýar. Gapa ýönelensoň, yzyna öwrülip, sowalyny ýene-de gaýtalaýar. Emma bu gezek oglundan:
– Dünýäde senden güýçli adam bolmaz, kaka! – diýen sözleri eşidip, biçak hoşal bolýar we ogluna garap:
– Ýaňyja-da sen dünýäde iň bagtyýar we güýçli ynsan men diýipdiň. Eýýäm, pikiriňi üýtgedäýdiňle?! Munuň sebäbi näme?– diýip, geňirgenýär. Şonda ogly kakasyna garap:
– Kaka, ýaňy seniň eliň meniň egnimde durdy. Şonda men seniň barlygyň üçin özümi dünýäde iň güýçli adam saýdym. Häzir bolsa, meniň egnimde seniň berdaşly elleriň ýok. Şonuň üçin perzendi hakynda gije-gündiz alada edýän adam hökmünde, dünýäde iň güýçli adam sensiň – diýip, jogap berýär.

Salamyň gudraty

Bir ussa doňdurma öndürýän kärhanada işleýän eken. Günleriň birinde iş wagty ahyrlaberende, ol ätiýaçdan äpet sowadyjylary barlamak üçin ýeke-ýekeden olaryň içine girip, göz aýlap başlaýar. Şol barmana-da biriniň içine girende, gapy daşyndan ýapylaýýar. Ýanyna hiç-hili guralyny almadyk ussa gapyny açjak bolup, näçe çytraşsa-da, bar azaby biderek bolýar. Ähli işgärler hem öýlerine gaýdan eken. Aradan ep-esli wagt geçýär. Sowukdan ýaňa ol kişiniň essi aýylyp, özüni ýitirip ugranda, garawul gelip, ony halas edýär. Birnäçe günden soň hälki ussa aýak üstüne galyp işe çykýar. Dessine halasgärini tapyp, sagbolsun aýdansoň, özüniň halas edilmegine näme sebäp bolandygy bilen gyzyklanýar. Garawul oňa şeýle jogap berýär:
– Şu ýerde uzak ýyllardan bäri işläp gelýärin. Şol geçen döwrüň içinde ençeme adam bu kärhanadan girip-çykdylar. Ýöne, adatça, irden işe gelenlerinde senden başga meniň bilen salamlaşyp, gaýdanda-da hoşlaşýan adama gabat gelmedim. Şol günem hemişe bolşy ýaly, siz irden işe geleniňizde meniň bilen mähirli salamlaşypdyňyz. Ýöne nämüçindir iş gutaransoň, wagty bilen gara bermediňiz. Onsoň göwnüme guman gitdi-de, ähli ýeri gözläp ugradym. Her-nä, çöregiň bitin eken.

Gazet maglumatlary

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir